Şu gün ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda, paýtagtymyzyň, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimliklerinde “Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli maksatnamalary bagtyýarlyk döwrüniň ruhlandyryjy çeşmesidir” atly dabaraly maslahatlar geçirildi.
Maslahatlar milletiň Lideri tarapyndan döwletimiziň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň we durmuş syýasaty ulgamlarynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmäge bagyşlandy. Olaryň işine degişli düzümleriň ýolbaşçylary, esasy hünärmenleri, önümçiligiň öňdebaryjylary hem-de zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar, olar döwlet Baştutany tarapyndan milli özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň giň möçberli özgertmeleriň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüji ýolbaşçylygy netijesinde içeri we daşary syýasatda ajaýyp üstünlikleri gazanandygy hem-de öňe ägirt uly böküş edendigi çykyşlarda bellenip geçildi.
Türkmen Lideri milli bähbitleri ýurdumyzyň ösüşiniň esasy ileri tutulýan ugry hökmünde jar edip, jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli taraplaryny doly täzelemäge, döwletimizi döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler syýasatyny geçirmek bilen bir hatarda, täze milli maksatnamalary öňe sürüp, seçilip alnan ýoluň dogrudygyny her gün we her sagat anyk işler arkaly subut edýär. Şol maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy demokratik ösüşleriň giň ýoluna atarýar.
Biziň ýurdumyz döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň düýpli we hemmetaraplaýyn gaýtadan guramagyň ilkinji nobatdaky wezipelerini çözmek bilen, diňe iri desgalary däl, eýsem täze şäherçeleri, şäherleri, tutuş etraplary hem gurmak, täze tarp ýerleri özleşdirmek bilen, özgertmeleriň seçilip alnan ýolundan ynamly gadam urýar. Bularyň hemmesi beýik özgertmeleriň tapgyrlary bolmak bilen, Türkmenistany gülläp ösýän döwlete öwürmekden ybaratdyr, şonda ähli raýatlaryň durmuşy, zähmeti we döredijiligi üçin zerur şertler üpjün edilendir.
Häzirki zaman durmuş-ykdysady, inžener-tehniki we ulag - aragatnaşyk düzümlerini döretmek boýunça ägirt uly, toplumlaýyn işleriň depginleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda barha artýar. Uzakdaky obalara hem täze durmuş gelýär, şol obalar bütin ýurdumyz bilen bilelikde özgerýär.
Bularyň ählisiniň aňyrsynda ýurdumyza ýolbaşçylyk etmegiň we ony üçünji müňýyllykga ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarmak baradaky jogapkärçiligi öz üstüne alan ynsanyň ägirt uly zähmeti, gujur-gaýraty, erk-islegi ýatyr. Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow nazaryýeti we iş tejribesini, taglymlary, tejribäni hem-de meýilnamalary birleşdirip, mundan beýläkki döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we mümkinçiliklerini aýdyň belledi. Munuň özi ilkinji nobatda jemgyýetimizi ruhy taýdan jebisleşdirmekden ybaratdyr, şonsuz milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, demokratik hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak mümkin däldir. Ynsanyň abadançylygy, onuň bähbitlerini we hukuklaryny goramak şol özgertmeleriň esasy maksadydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeler durýar, olaryň üstünlikli çözülmegi täze taryhy tapgyryň maksatlarynyň belent ruhuna, dünýädäki abraýynyň artmagyna laýyk gelmelidir.
Maslahatlarda çykyş edenler ileri tutulýan maksatnamalary we taslamalary dowam etdirmekde biziň ruhubelent döwrümizde netijeli, döredijilikli, aň-düşünjeli zähmet, tutuş ýurdumyzyň halk hojalygyny döwrebaplaşdyrmak üçin iň gowy şertleri döretmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly ornuny hem-de çäksiz aladasyny belläp geçdiler.
Maslahatlara gatnaşyjylar milletiň Lideri tarapyndan öňe sürlen wezipeleriň möhümdigini nygtap, türkmen jemgyýetiniň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne syýasy taýdan berkän hem-de kämilleşen ýagdaýda gadam urandygy barada biragyzdan pikire geldiler. Munuň üçin Türkmenistanyň Prezidentine çäksiz hoşallyk bildirip, olar türkmen ykdysadyýetini we jemgyýetini ýokary derejä çykarmak hem-de täze eýýamy ägirt uly döredijilik ruhy göterilişi we üstünlikleri bilen beslemek boýunça döwlet Baştutanynyň maksatnamalaýyn maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli güýçlerini we bilimlerini hem-de ukyplaryny sarp etjekdiklerine ynandyrdylar, şol maksatlar türkmen halkynyň ägirt uly döredijilik kuwwatynyň aýdyň subutnamasy bolar.
Ruhy taýdan alnanda bolsa, biziň jemgyýetimiziň agzybirligi hem-de milletiň Lideri bilen bitewüligi we jebisligi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli asylly başlangyçlary biziň beýik işleri amala aşyrmaga ymtylmalarymyzyň özeni bolup durýar.
Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly drama teatrynda täzeden goýlan “Magtymguly” operasynyň ilkinji gezek görkezilmegi ýurdumyzyň medeni durmuşynda ähmiýetli waka boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu oýnuň hormatly tomaşaçysy boldy, türkmen opera sungatynyň gaýtadan dikeldilmegi bolsa milli Liderimziň ady bilen baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täzeden goýlan operany sahnalaşdyrmaga goşan goşantlary üçin artistlere minnetdarlyk bildirip, bu ýere ýygnananlary şanly baýramçylyk-- Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli gutlady we türkmen döwletiniň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyzyň teatrlarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de olaryň işini kämilleşdirmek, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna bagyşlanylan baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, “Ýurdumyzyň teatrlarynyň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak hakyndaky” karara gol çekendigini yglan etdi. Şol karara laýyklykda ýurdumyzyň teatrlarynyň her birine Türkmenistanyň Prezidentiniň haýyr-sahabat gaznasyndan 50 müň amerikan dollary berilýär.
Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly drama teatrynda bolan dabarada döwlet Baştutanynyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň teatrlarynyň ýolbaşçylaryna pul serişdeleri, şeýle hem gaýtadan neşir edilen “Görogly” eposynyň täze neşiriniň nusgalary gowşuryldy.
Şu dabara gatnaşyjylar medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge Türkmenistanyň Prezidentiniň şeýle aýratyn üns berýändigine ruhlanyp, milletiň Liderine medeniýet we sungat işgärleriniň, şol sanda teatrlaryň işgärler toparlarynyň döredijilikli zähmeti we durmuşy üçin amatly şertleri döretmek hakynda yzygiderli üns berýändigi we alada edýändigi üçin milletiň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Türkmen jemgyýetiniň ruhy ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan köp müň ýyllyk milli medeniýetimiziň ruhy genji-hazynasyny baýlaşdyrmak üçin berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz öňlerinde goýlan wajyp wezipeleriň ählisine abraý bilen hötde gelmek üçin öz başarnyklaryny hem-de joşgunyny sarp etjekdiklerine döwlet Baştutanyny ynandyrdylar.
Şu günüň beýleki wakalaryna syn bermek bilen, ýurdumyzyň iň oňat ussat we höwesjeň aýdym-tans toparlary, meşhur aýdymçylarynyň, teatr artistleriniň hem şu dabaralar mynasybetli ajaýyp, joşgunly aýdym-sazlary we ruhubelent şygyrlary ýerine ýetirendiklerini belläp geçmek gerek.
Şu gün Türkmen döwlet gurjak teatrynda geçirilen “Bagtyýarlyk döwrüniň bagtly çagalary” atly sahnalaşdyrylan dabarada hem ata Watanymyza, mähriban Arkadagymyza, türkmen halkynyň bagtyýarlyk eýýamyna, iň oňat umytlaryň we belent taglymlaryň amala aşýan döwrüne bagyşlanan aýdym-sazlar ýaňlandy.
Türkmenistanyň Baş drama teatrynda häzirki eýýamy we onuň döredijilik islegini wasp edýän “Sahawat derýasy” atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy.
Daşogzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda we Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda hem baýramçylyk çykyşlary guraldy.
Şu gün agşam paýtagtymyzyň “Ylham” seýilgähinde uly baýramçylyk konserti boldy, şol ýerde “Talyp joşguny-2012” atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu ýere ýygnananlara ýaş başarjaňlaryň joşgunyny eçilmek bilen höwesjeň talyp çeperçilik toparlarynyň, halk döredijiligi toparlarynyň we aýdymçylaryň gatnaşmagynda ajaýyp aýdym-saz maksatnamasy hödürlendi.
Şu günler jaý toýlaryny tutmaga bu wakalaryň arasynda aýratyn orun berildi. Bir tarapdan, jaý toýuny tutmak hemişe durmuşyň täze tapgyryna tolgunyp garaşmak we onuň başlanmagy, täze mümkinçilikleriň açylmagy bilen baglanyşyklydyr. Başga bir tarapdan bolsa, baýramçylyk jaý toýlarynyň gezekleşip gelmegi şanly seneleriň ählisiniň hormatyna geçirilýän dabaralaryň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, Türkmenistanyň ösüş we abadançylyk ýolunda öňde goýlan wezipeleri maksada okgunly çözüp, öz ösüşinde bir pursat hem säginmeýändigini ýene-de bir gezek görkezýär.
29-njy iýunda, Aşgabatda, 10 ýyl Abadançylyk şaýolunyň ugrunda has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň 18-siniň, 600 orunlyk orta mekdepleriň 2-siniň we çagalar baglarynyň 2-siniň, şeýle hem Saglyk öýüniň we beýleki täze desgalaryň açylyş dabarasy bolar.
Täze gurluşyk desgalary häzirki zaman binagärliginiň ajaýyp nusgasy we ýaşamak, zähmet çekmek hem-de dynç almak üçin oňat şertlerden ybarat bolmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşi, kuwwatly durmuş-ykdysady şerti üçin hem esas bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtaýar. Biziň gurýan binalarymyzyň ählisi ýokary derejede özüne çekiji we oňat hilli bolmalydyr, sebäbi biz adamlar, olaryň abadan we bagtly durmuşy üçin gurýarys diýip, milletiň Lideri belläp geçýär. Öz halky barada şunuň ýaly düýpli alada edýändigi, zähmet çekmäge hem-de dynç almaga ajaýyp şertleri döredýändigi üçin döwlet Baştutanyna ildeşlerimiz tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Şol gün Baş drama teatrynda, Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly drama teatrynda, Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynda, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda, Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda, şeýle hem Lebap we Balkan welaýatlarynyň döwlet teatrlarynda bu dabara bagyşlanan döredijilik çykyşlary bolar. Olar oňat lybaslara bezelen edebi-sazly çykyşlary, oýunlardan parçalary özünde jemleýän baý döredijilik maksatnamasyny tomaşaçylara hödürlär.
Mundan başga hem, paýtagtymyzdaky “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezleri türkmen estradasynyň meşhur artistleriniň çykyşlary bilen göwünleri galkyndyrar, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda hem baýramçylyk dabaralary geçiriler.