Ï Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlaryň işewürlerini we resmi wekillerini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlaryň işewürlerini we resmi wekillerini kabul etdi

view-icon 587
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Ykdysady syýasat baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary W.Týulpanowyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen rus wekiliýetiniň agzalaryny kabul etdi. Wagt tapyp kabul edendigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirmek bilen, myhmanlar RF-nyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler. Russiýaly parlamentariler pursatdan peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutladylar we berk jan saglyk, bagt, ýurduň hem-de halkyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde RF-nyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny ýollap, Türkmenistan birek-birege hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan däbe öwrülen döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine we hemmetaraplaýyn giňeldilmegine ägirt uly ähmiýet berýär diýip belledi.

Duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn, şeýle hem abraýly halkara we sebitleýin düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösýän däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň tagallalary netijesinde soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belläp, Türkmenistanyň Prezidenti we myhmanlar esasy ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de amala aşyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtadylar.

RF-niň wekiliýetiniň agzalarynyň belleýşi ýaly, parlamentara hyzmatdaşlygy oňyn, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, russiýaly parlamentarileriň türkmen kärdeşleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da berkitmäge çalyşýandygy beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we russiýaly myhmanlar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki işde birek-birege täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin gatnaşdy.

* * *

Şu günüň ikinji ýarymynda Aşgabatda bolmagyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň geňeşiniň ykdysady syýasat boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary W.Týulpanowyň baştutanlygynda Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi, şol ýerde iki dostlukly ýurduň parlamentleriniň işiniň çäklerinde bilelikdäki gatnaşyklar babatda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garaldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň hökümet wekiliýetiniň düzüminde Aşgabada gelen dostlukly ýurduň daşary işler ministri Konstantin Grişenkony, energetika we kömür senagaty ministri Ýuriý Boýkony hem-de dostlukly ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Wiktor Maýkony kabul etdi.


Myhmanlar pursatdan peýdalanyp türkmen döwletiniň Baştutanyny doglan güni bilen gutlap, Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň türkmen Lideriniň adyna iberen mähirli gutlaglaryna goşuldylar. Bellenilişi ýaly, Ukrainanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň, ilkinji nobatda, BMG-niň, ÝHHG-niň we GDA-nyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Ukrain tarapynyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň martynda bu ýurda bolan sapary strategiki hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, özüniň ukrainaly kärdeşine gutlag sözlerini aýtdy we Türkmenistanyň hem uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz giňeltmäge aýratyn üns berýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ägirt uly kuwwaty we ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, ähli esasy ulgamlarda üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özüniň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny giňeltmek baradaky strategiýany gyşarnyksyz durmuşa geçirýän Türkmenistanyň baý serişdeler goruny hem-de ukrain bazarynyň tebigy gazyň iberilmegine islegleriniň has artýandygyny nazara almak bilen nebitgaz toplumynda uly mümkinçilikler açylýar.

Myhmanlar hoşlaşanlarynda, türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, döwlet Baştutanymyza bagt, jan saglyk we berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmekde üstünlikler arzuw etdiler.

Duşuşyga Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Şewelýow gatnaşdy.

* * *

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Ýokary Radasynyň Türkmenistan bilen parlamentara gatnaşyklary baradaky deputatlar toparyny kabul etdi. Topara Pawel Ungurýan ýolbaşçylyk edýär.


Ukrainanyň Ýokary Radasynyň wekilleri türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden we mähirli gutladylar hem-de Türkmenistanyň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlara hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Ukraina bilen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ukrainanyň Ýokary Radasynyň deputatlar toparynyň baştutany Pawel Ungurýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, milli bähbitler hem-de iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp guralýan netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge Türkmenistanyň we Ukrainanyň özara gyzyklanma bildirýändigini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri we myhman esasy ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýan medeni-ynsanperwerlik ulgamda türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alyşdylar. Türkmen döwletiniň Baştutany we myhman iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmakda deputatlara möhüm orunyň degişlidigini nygtap, parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti we Ukrainanyň Ýokary Radasynyň Türkmenistan bilen parlamentara gatnaşyklary boýunça deputatlar toparynyň ýolbaşçysy hoşlaşanlarynda, dostlugyň we özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň hem-de taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek isleginiň berk binýadyna esaslanýan türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň umumy bähbitlere laýyklykda geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

* * *

Günüň ikinji ýarymynda Ukrainanyň parlament wekiliýeti Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi. Şol ýerde döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň ýollary barada jikme-jik gürrüň edildi. Parlamentara gatnaşyklaryny gyşarnyksyz ösdürmek bolsa şol hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Nebitgazsenagatçylar birleşmesiniň geňeşiniň başlygy Ýuriý Şafranigi kabul etdi.


Myhman pursatdan peýdalanyp, milletiň Liderini doglan güni bilen gutlap, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, bagt, türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlikler, rowaçlyk we egsilmez gujur-gaýrat, Türkmenistanyň gülläp ösmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Dostlukly ýurduň işewür toparlary bilen ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy şol hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar.

Umumy bähbitlere gabat gelýän köp ýyllyk oňyn gatnaşyklaryň geljegini we olary işjeňleşdirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategik bolan ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berildi. Türkmenistan we Russiýa bu pudagyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hem-de bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak boýunça anyk çäreler hakynda türkmen döwletiniň Baştutanyna habar bermek bilen, myhman özlerini ynamdar hyzmatdaşlar hökmünde görkezen iri rus kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda iş gerimini giňeltmek isleýändigini tassyklady. Türkmen bazarynda daşary ýurt işewürleri üçin örän oňaýly şertler döredildi. Şunuň bilen baglylykda, russiýaly hyzmatdaşlaryň häzir eýe bolan öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tejribesini çekmek, önümçilige ornaşdyrmagyň, şeýle hem bilim ulgamynda gatnaşyklary giňeltmegiň, hususan-da, Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin işgärleri taýýarlamaga ýardam bermegiň geljegine aýratyn üns berildi.

Milletiň Lideri we myhman hoşlaşanlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ilerlejekdigine we iki dostlukly ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam berjek täze bilelikdäki taslamalaryň amala aşyryljakdygyna ynam bildirdiler.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Žil Remini kabul etdi.


Işewür türkmen döwletiniň Baştutany bilen salamlaşyp, wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ž.Remi pursatdan peýdalanyp, milletiň Liderini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady, berk jan saglyk hem-de ýurduň we halkyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köp taraply işinde üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tüýs ýürekden aýdylan arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Fransiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň birini Türkmenistanda görmäge örän şatdygyny nygtady, şol kompaniýa bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.

“Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň belleýişi ýaly, iri fransuz işewürliginiň Türkmenistana artýan gyzyklanmasy köp babatda biziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depgini we döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen şertlenendir. Şunuň bilen baglylykda, Žil Remi öz kompaniýasynyň dürli ugurlar boýunça, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, senagat hem-de raýat gurluşygynda, aragatnaşyk hem-de elektronika ulgamynda, konsalting hem-de ekspert hyzmatlarynda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeldilmegi maksat edinýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda “Sifala” Türkmenistanda ynanylan taslamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Žil Remi wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanyna ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, “Sifalyň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny hem-de geljekde bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

* * *

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Russiýanyň iri “Kamaz” kompaniýasynyň ýolbaşçylary – “Kamaz” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogonini, “Kamaz FTС Сorp” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Sergeý Tkaçenkony we “Kamaz FTС Сorp” kompaniýasynyň direktory Artur Muraşkini kabul etdi.


Işewürler wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdiler hem-de pursatdan peýdalanyp türkmen döwletiniň Baştutanyny doglan güni bilen gutladylar we döwlet ösüşiniň ähli bellenilen maksatnamalaryny hem-de türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän, häzirki döwrüň giň möçberli meselelerini çözmegi maksat edinýän möhüm halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw eden Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň gutlag hatyny gowşurdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň wepaly dostlaryna we ygtybarly hyzmatdaşlaryna görmäge hemişe şatdygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň uly möçberli wezipeleriniň çözülýändigini nygtady. Milletiň Lideri Russiýa Federasiýasynyň dünýäniň esasy ýük awtomobillerini öndürijileriniň hatarynda öňbaşçy orny eýeleýän iri awtomobil korporasiýasy bilen gatnaşyklaryň köp ýyllyk oňyn tejribesine ýokary baha berip, bütin dünýä meşhur kysymdaky ýokary hilli tehnikanyň mundan beýläk-de Türkmenistana iberilmegine gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň esasy ägrt uly awtomobil kärhanasynyň ýolbaşçylary soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, bilelikdäki tagallalar netijesinde özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň düýpli bähbitlerine, durnukly ösüşiniň wezipelerine laýyk gelýän täze kuwwatly itergä eýe bolandygyny kanagatlanmak bilen nygtadylar.

Myhmanlar ýokary ynam üçin çäksiz hoşallyk bildirip, özleriniň Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan berlen tabşyryklary abraý bilen ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine hem-de ýurtda ýaýbaňlanan uly möçberli özgertmeler maksatnamalaryna mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Sistema” paýdarlar maliýe korporasiýasynyň açyk paýdarlar jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygy Wladimir Ýewtuşenkowy kabul etdi.


Belli rus paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti bilen mähirli görşüp, türkmen Liderini doglan güni bilen mähirli gutlady we berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan möhüm we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutany mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň we ylmy-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär diýip nygtady. Bu babatda köp ugurlarda ýöriteleşdirilen iri rus korporasiýasy bilen gatnaşyklar örän netijeli bolup durýar diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany we Russsiýanyň telekommunikasion korporasiýasynyň ýolbaşçysy ýakyn geljek üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar, özara bähbitli işewür gatnaşyklary giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. W.Ýewtuşenkow ozal gazanylan ylalaşyklaryň ilerleýşi hakynda habar berdi we netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda täze tekliplerini beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda myhman özüniň ýolbaşçylyk edýän korporasiýasynyň Türkmenistany geljegi uly we ygtybarly işewür hyzmatdaş hasaplaýandygyny, onuň bilen öz tejribesini we dürli pudaklarda öňdebaryjy tehnologik işläp düzmelerini paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Winçi Konstrukson Gran Prože” belli fransuz kompaniýasynyň prezidenti jenap Alen Bonnony kabul etdi.


Türkmen döwletiniň Baştutany bilen salamlaşyp, myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga dörelilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we jan saglyk, abadançylyk hem-de Türkmenistanyň gülläp ösüşiniň we tutuş adamzadyň hatyrasyna alyp barýan iri möçberli işlerinde täze uly üstünlikler arzuw etdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň halkara gurluşyk bazarynda öňdebaryjylaryň biri bolan “Winçi” belli fransuz kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň çäklerinde jenap Alen Bonno kompaniýa tabşyrylan taslamalaryň ilerledilişi hem-de türkmen Lideriniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, türkmen paýtagtynyň merkezinde bina edilýän Türkmenistanyň Hökümetiniň binasynda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy hakynda habar berildi. “Winçiniň” ýolbaşçysynyň ynandyrmalaryna görä, kompaniýa öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirer.

Türkmen bazarynyň uly geljegi hem-de bu ýerde daşary ýurt işewürligi üçin döredilen amatly şertler barada aýtmak bilen, myhman gazanylan netijeli tejribe esasynda hem-de ýurtda geçirilýän iri möçberli durmuş - ykdysady özgertmeler nukdaýnazaryndan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine özüniň gyzyklanmasyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynam bildirilýändigine buýsanýandygyny aýdyp, Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin bar bolan ähli mümkinçiliklerini peýdalanmaga taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Thales” kompaniýasynyň wise-prezidenti Mişel Rikari kabul etdi.


Jenap Mişel Rikar pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, türkmen döwletiniň ähli durmuş ulgamlarynda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler dünýäniň işewürleriniň, şol sanda “Thales” kompaniýasynyň çalt depginlerde ösýän döwletleriň biri bolüp durýan Türkmenistan bilen özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmasynyň artmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belli fransuz kompaniýasynyň wekiline mähirli gutlaglary we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr we gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak bilen ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berýändigi nygtady. Ygtybarly hyzmatdaşlaryň biri hökmünde tanalýan “Thales” kompaniýasy bu ugurda öňdebaryjylaryň biri bolmak bilen, onuň bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplanyldy.

Duşuşygyň barşynda giň gerimli özgertmeleri uly üstünlik bilen amala aşyrýan Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi hakynda pikir alşyldy. Söhbetdeşler raýat awiasiýasy hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem Türkmenistanyň Milli emeli hemrasyny döretmek boýunça fransuz kompaniýasyna ynanylan taslamany amala aşyrmagyň barşyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Emeli hemrany 2014-nji ýylda älem giňişligine çykarmak göz öňünde tutulýar.

Duşuşygyň ahyrynda fransuz kompaniýasynyň wekili döwlet Baştutanyna wagt tapyp kabul edendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, “Thalesiň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine tüýs ýürekden buýsanýandygyny hem-de bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur “Dresser-Rend” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny-kompaniýanyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory jenap Winsent R.Wolpeni hem-de kompaniýanyň işewürligi ösdürmek boýunça wise-prezidenti Iwo Leoneni kabul etdi.


Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutladylar we türkmen döwletiniň Baştutanyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, şeýle hem türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

“Dresser-Rend” kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory jenap R.Wolpe dünýäniň iri işewür toparlarynyň, hususan-da, Ýewropanyň işewürleriniň Türkmenistana gyzyklanmasynyň barha artýandygyny aýdyp, munuň özi ýurduň ägirt uly ykdysady kuwwaty, şeýle hem türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän açyk gapylar we özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasaty bilen şertlendirilendir diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň möçberli gatnaşyklara hemişe taýýardygyny nygtap, senagatyň okgunly ösmeginiň milli ykdysadyýetiň ýokary önümçilik tehnologiýalaryna we häzirki zaman enjamlaryna bolan isleginiň artmagyny şertlendirendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz biz ösen bazar ykdysadyýetli, innowasion tehnologiýalara eýe bolan we senagatyň köp pudaklary üçin önümleri iberýän Fransiýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga uly üns berýäris diýip belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda ýangyç-energetika toplumynda, has takygy, gazulag düzüminiň desgalaryny häzirki zaman kompressorlary bilen üpjün etmek, degişli abatlaýyş-hyzmat ediş binýadyny döretmek babatda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we “Dresser-Rend” kompaniýasynyň ýolbaşçylary birek-birege üstünlik arzuw edip, umumy bähbitlere laýyklykda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Çalyk Holding” kompaniýalar toplumynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi


Myhman döwlet Baştutany bilen salamlaşyp, duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi, şeýle hem pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli hem-de tüýs ýürekden gutlap, türkmen Liderine berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan jogapkärli hem-de köptaraply işinde üstünlikler arzuw etdi.

Işewür söhbetdeşligiň barşynda kompaniýa ynanylan taslamalaryň durmuşa geçirilişi hakynda döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Ahmet Çalyk türkmen bazarynyň örän geljegi uludygyny nygtap, ýurtda döredilen maýa goýum ýagdaýynyň halkara işewür toparlarynyň Türkmenistana barha artýan gyzyklanmasyny şertlendirýär, bu ýerde milli ykdysadyýeti düýpli döwrebaplaşdyrmagy, kuwwatly senagat düzüminiň döredilmeginiň, durmuş ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirmegi göz öňünde tutýan iri özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär diýip belledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň öz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli işewür hyzmatdaşlyk etmek üçin hemişe açykdygyny nygtap, häzirki wagtda ýurdumyzda ýaýbaňlanan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryň netijeli gatnaşyklary giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak üçin örän amatly şertleri döredýändigini belledi. Bu uly möçberli meýilnamalar dürli maksatly köp sanly täze desgalary gurmagy göz öňünde tutýar, olar ähli ölçegleri boýunça ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Ahmet Çalyk döwlet Baştutanyna wagt tapyp kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi we öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen ygtybarly hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny iş ýüzünde subut etmäge taýýardygyna hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur “Engin Grup” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Engin Kaleni kabul etdi.


Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlady we milletiň Liderine berk jan saglyk hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, ata Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we mähirli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän “Engin Grup” kompaniýasynyň dokma senagatynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak ulgamynda iri bilelikdäki taslamalaryň birnäçesini üstünlikli durmuşa geçirendigini, pagta egriji we dokma fabrikleriniň hem-de toplumlarynyň birnäçesiniň gurluşygynyň potratçysy bolandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Myhman döwlet Baştutanymyza “Engin Grup” kompaniýasynyň işine ýokary baha berendigi üçin hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän konsorsiumynyň Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyna buýsanýandygyny we bu netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde işewür döwlet Baştutanymyza ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan bellikleriniň we teklipleriniň ählisiniň hökmany suratda geljekki işlerde göz öňünde tutuljakdygyna ynandyrdy.

Engin Kale bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem türkmen Lideriniň başyny başlan, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşjakdygyny nygtady.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi.


Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türk işewüri pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de türkmen Liderine berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köp ugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we mähirli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň işewür hyzmatdaşy bolup gelýän “Polimeks” kompaniýasynyň tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmaga uly goşant goşandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Döwlet Baştutanyna kompaniýanyň işine beren ýokary bahasy we bildiren ynamy üçin hoşallyk bildirip, Erol Tabanja Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan ähli wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen, “Polimeksiň” öz tejribesini we kuwwatyny giňden ulanmaga taýýardygyny aýtdy. Duşuşygyň barşynda işewür milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa kompaniýa ynanylan birnäçe taslamalaryň amala aşyrylyşy hakynda hasabat berdi. Türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny hem-de bu ýerde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemegi üçin oňaýly şertleriň döredilendigini belläp, “Polimeksiň” kompaniýasynyň prezidenti ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyna gurulýan ähli desgalarda işeriň ýokary hilli alnyp barylmagyny tabşyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda işewür milli Liderimizi “Polimeks” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlygyna buýsanýandygyny we geljekde öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalayrna gyşarnyksyz eýerjekdigine ynandyrdy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Renaissance Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy we “Renaissance Сonstraction” kompaniýasynyň prezidenti Huseýin Awni Akwardary kabul etdi.


Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar we milletiň Liderine berk jan saglyk hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň, türkmen döwletiniň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikler arzuw etdiler.

Döwlet Baştutanymyz kompaniýanyň ýolbaşçylaryna gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de “Renaissance Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge saldamly goşant goşýandygyny belledi.

“Renaissance”-niň ýolbaşçylary geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň eýeleýän ornuny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, hormatly Prezidentimize durmuş-medeni we senagat maksatly desgalary gurmak boýunça kompaniýa ynanylan taslamalaryň durmuşa geçirilişi we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler.

Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda ýola goýlan, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirip, bu ulgamda öňdebaryjy gazanylanlary we innowasion tehnologiýalary çekmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, “Renaissance Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçylary türkmen hyzmatdaşlaryna bar bolan tejribesini we mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardyklaryny aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi we bildirýän uly ynamy üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mundan beýläk hem öz üstlerine alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar we türkmen Lideriniň başyny başlan özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “NATA Holding” kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Namyk Tanyky kabul etdi.


Holdingiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutany bilen salamlaşyp we wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady we bagt, abadançylyk hem-de döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan we döwlet durmuşynyň ähli möhüm ugurlaryny gurşap alan ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik esasynda gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, şol sanda giň möçberli milli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan türkiýeli işewürler bilen hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman “NATA Holdingiň” gurluşyk we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagynyň hasabyna ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu jähetden Namyk Tanyk özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň uly tejribesini we hyzmatlaryny teklip etmäge taýýardygyny aýtdy we işjeň gatnaşyklary ýola goýmak babatda anyk teklipleriň birnäçesini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türk hyzmatdaşlarynyň gatnaşyklara jogapkärli çemeleşýändigini makullap, türkmen tarapynyň dostlukly ýurduň kompaniýalarynyň pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryna we bilelikdäki taslamalara gatnaşmagyna degişli tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda “NATA Holdingiň” ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanyny ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň uzakmöhletleýin gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýaniň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýany kabul etdi.


Myhman işiniň juda köpdügine garamazdan, wagt tapyp kabul edendigi üçin we türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, milletiň Liderini doglan güni bilen gutlady hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň hem-de Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdoganyň tüýs ýürekden ýollan gutlaglaryny ýetirdi we berk jan saglyk, Türkmenistanyň gazananlaryny has-da artdyrmaga, ýurduň halkynyň abadançylygyny gyşarnyksyz ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli döwlet işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini nygtap, Türkiýäni özüniň hakyky dosty, ygtybarly hyzmatdaşy we sebit hem-de halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň köpüsini çözmekde pikirdeş hasaplaýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany we myhman iki ýurduň hem netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, ýokary derejedäki we hökümetara derejesinde, şeýle hem yzygiderli geçirilýän işewürlik maslahatlarynda, duşuşyklarda hem-de sergilerde baglaşylan ylalaşyklaryň gadymy dostluk we köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem berkidilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Medeni-gumanitar ulgamda hem giňelýän gatnaşyklaryň netijeliligi aýratyn bellenildi. Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda şu hepdede üstünlikli geçen Medeniýet günleri munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Şunuň bilen baglylykda, ägirt uly ykdysady kuwwata, şeýle hem iki doganlyk halkyň taryhy taýdan emele gelen ruhy we medeni umumylygyna daýanýan däp bolan türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ylalaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýan hoşlaşanlarynda, birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mütewellioglu gatnaşdy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Panaseýa Biotek” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory, Hindi-türkmen dostluk jemgyýetiniň müdiriýetiniň agzasy Sandip Jaýny we Hindi-türkmen dostluk jemgyýetiniň prezidenti Gopinat Menony kabul etdi.


Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirdiler hem-de Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutladylar hem-de berk jan saglyk, abadançylyk we türkmen halkynyň eşreti üçin alyp barýan uly möçberli işinde üstünlikler arzuw etdiler. Dostluk jemgyýetiniň wekilleriniň belleýşi ýaly, Hindistan türkmen döwleti tarapyndan ýöredilýän, ýurduň Bitaraplyk derejesine hem-de ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegi maksat edinýän türkmen Lideriniň döredijilikli başlangyçlaryna esaslanýan parahatçylygy üpjün ediji syýasatyny hemmetaraplaýyn goldaýar.

Milletiň Lideri hindi işewürine we Hindi-türkmen dostluk jemgyýetiniň baştutanyna hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Hindistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berýändigini nygtady, şol gatnaşyklarda dürli pudaklarda bilelikde iş alyp barmagyň köp ýyllyk üstünlikli tejribesi bar.

Duşuşygyň barşynda özara hormat goýmak we ikitaraplaýyn peýdalylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek barada gyzyklanyp pikir alşyldy. Hususan-da, “Panaseýa Biotek” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazaryna gatnaşmagyny giňeltmegi maksat edinýändigini aýtdy hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan uly möçberli maksatnamalara gatnaşmak, şol sanda saglygy goraýyş ulgamy üçin hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Milletiň Lideri hyzmatdaşlyga işewür, oňyn çemeleşýändigi üçin kompaniýanyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, Hindistanyň derman öndürýän kompaniýsynyň köp ýyllyk işinden kanagatlanýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny doly döwrebaplaşdyrmagyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagyny özgertmegiň möhüm taraplarynyň biridigini nygtap, bu ugurda mundan beýläk-de özara gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellendi. Bu babatda Hindi-türkmen dostluk jemgyýetiniň ägirt uly ornunyň bardygy nygtaldy, onuň işi iki halkyň arasyndaky medeni gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilendir.