Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Baştutany bilen salamlaşyp, özüniň doglan güni mynasybetli düýn iberen gutlagy üçin W.Putine minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Russiýa bilen ýola goýulýan dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini belledi. Russiýa Türkmenistan üçin strategik ähmiýetli hyzmatdaş bolmak bilen, iki ýurduň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar netijelilige we sagdyn pragmatizme daýanýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri babatda pikir alşyldy. Döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini kanagatlanma bilen belläp, taraplar özara peýdaly gatnaşyklary giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ikitaraplaýyn meýilleri tassykladylar.
Milli Liderimiz Wladimir Putini özi üçin islendik amatly pursatda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda biziň ýurdumyzyň 2012-nji ýylda Arkalaşyga başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek GDA agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine giriziljek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin birek-birege hem-de Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Şeýle hem söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky taryhy taýdan emele gelen dostluk däplerine we ikitaraplaýyn hoşniýetli erke daýanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.