Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň Baştutany bilen salamlaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, abadançylyk we türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, iki halkyň arasyndaky gadymy dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady we Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň Hökümetiniň baştutany döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny, şeýle hem halkara we sebit syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Taraplar häzirki wagtda köp asyrlyk taryhy täze göterilişe eýe bolan iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, möhüm ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Hususan-da, soňky döwürde yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň, şeýle hem hökümetleriň we parlamentleriň derejesinde wekiliýetleri alyşmagyň ähmiýeti bellenildi.
Söhbetdeşligiň barşynda ynsanperwerlik ulgamy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri we Russiýanyň Hökümetiniň baştutany medeni we ylym - bilim gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini aýtdylar. Şunda taraplar özara gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini işe girizmäge we däp bolan özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjek täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtadylar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen döwletiniň Baştutany we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy geljekde hem oňyn döwletara gatnaşyklarynyň birek-birege ynanyşmak, açyklyk we özara düşünişmek häsiýetinde boljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk we üstünilkler, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.