Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly saýlanan eserleriniň nobatdaky bäşinji jildi çapdan çykdy. Bu kitapda 2011-nji ýylda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli babatlarynda amala aşyrylan maksatlar, ýetilen sepgitler, geçirilen özgertmeler barada gürrüň berilýär. Kitap mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygynyň bellenilen ýylynda döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşlaryny, ylmy makalalaryny, söhbetdeşliklerini, gutlaglaryny we ýüzlenmelerini öz içine alýar, olar ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň röwşen ýoly bilen öňe barýandygyna şaýatlyk edýän köpsanly maglumatlary özünde jemleýär. Täze kitap gadymy türkmen topragynda bolup geçýän düýpli özgertmeler, milletiň Lideriniň döwletimiziň ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösmegi, ruhy-medeni taýdan rowaçlanmagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagy üçin görýän çäreleri baradaky gymmatly maglumatlar çeşmesidir.
Kitaba hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň neşiriň içinden eriş-argaç bolup geçýän esasy pikiri, ýurdumyzyň Prezidentiniň turkmen halkynyň güýjüne we mümkinçiliklerine bolan berk ynamy giriş bolup hyzmat edýär:
“Garaşsyz ösüşiň 20 ýylynyn içinde biziň ýurdumyzyň bir wagtlar yzagalak bolanlygyndan ösen häzirki zaman döwletine öwrülmek babatda öňe tarap ägirt uly böküş edilendigine garamazdan, bize öňde örän köp işleri ýerine ýetirmek garaşýar... Bize öňde ajaýyp açyşlar, beýik işler we uly üstünlikler garaşýar! Biz özümize, öz mümkinçiliklerimize ynanýarys! Men öz halkyma, onuň belent we mizemez ruhuna, biziň ählimiziň bilelikde barha jebisleşip, eziz Türkmenistany has-da özgertjekdigimize, öz ajaýyp, bagtyýar geljegimizi gurjakdygymyza pugta ynanýaryn”.
Täze neşir “Beýik ýeňişleriň estafetasyny dowam etdirmek bilen” diýen giriş bilen açylýar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletiň ykdysady taýdan gülläp ösmegini, jemgyýetiň ruhy-medeni ösüşini we durmuş abadançylygyny üpjün etmeklige, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly özgertmeler maksatnamalaryna giňişleýin syn berilýär.
Neşirde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 111 işi ýerleşdirilipdir. Olar türkmen döwletiniň Baştutanynyň köpugurly işlerini, durşy bilen halkyň iň ýokary bähbitlerine – Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmaga, raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, durmuş abadançylygyny berkarar etmäge gönükdirilen syýasatynyň ugurlaryny açyp görkezýär.
Neşir möhum ylmy-resminama hem-de ynamdar maglumat çeşmesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň onda ýerleşdiren işleri ýurdumyzyň ylmynyň, aýratyn-da Türkmenistanyň iň täze taryhynyň, syýahatşynaslygynyň we jemgyýetçilik ylmynyň mundan beýläk-de döredijilikli ösdürilmegi üçin nazaryýet we amalyýet taýdan uly ähmiýete eýedir. Kitap milletiň Lideriniň taglymlaryny we syýasatyny, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri düşündirmekde-de, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde-de, olarda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde-de, raýatlyk jogapkärçiligi duýgusyny pugtalandyrmakda-da örän ähmiýetlidir, çünki neşiriň her bir setiri, döwlet Baştutanymyzyň her bir pikiri Watana bolan çuňňur söýgä, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna we däplerine, onuň şu güni we ertiri barada hakyky alada ýugrulandyr.
Ýygyndy 2011-nji ýylda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen şanly wakalar barada söhbet açýan we olaryň dürli öwüşginli ösüşini aýdyň görkezýän suratlar bilen bezelipdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlanan eserleriniň bäşinji jildi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasynyň hünärmenleri tarapyndan çapa taýýarlanypdyr. Kitap türkmen we rus dillerinde neşir edilipdir. Bu bolsa ony diňe bir biziň ýurdumyzyň okyjylaryna däl, eýsem, daşary ýurtly okyjylara-da elýeterli edýär. Kitap häzir iňlis dilinde-de çapa taýýarlanýar.