Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Iki döwletiň Baştutanlary doganlarça salamlaşyp, birek-birege saglyk hem-de bagt baradaky hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançlygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Abdulla Güle gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-türk gatnaşyklarynyň däp bolan gadymy dost-doganlyk, özara düşünişmek we ynanyşmak esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Ýokary we Hökümet derejesinde ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine mynasyp baha bermek bilen, taraplar ägirt uly ykdysady kuwwatlyklarda bolşy ýaly, iki ýurduň halklarynyň köpasyrlyk taryhy, ruhy we medeni umumylyk binýady esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ylalaşdylar.
Türkmenistanyň uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady strategiýasy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ýokary tehnologiýalaryň we innowasion işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň onuň möhüm ugry bolup durýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň daşary ýurt işewürleri bilen ýola goýulýan özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan geljegi uly maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga isleg bildirýän türkiýeli hyzmatdaşlary ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga çagyrdy.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen Liderine hemişe sabyrsyzlyk bilen garaşylýan Türkiýä sapar bilen gelmäge çagyrdy. Şu jähetden türk halkynyň doganlyk türkmen halky bilen ýola goýýan dostlukly gatnaşyklaryna örän gadyr goýýandygy we onuň döredijiligiň hem-de ösüşiň ýolunda gazanýan üstünliklerine şatlanýandygy bellenildi.
Söhbetdeşler gürrüňdeşligiň ahyrynda iki halkyň dostluk gatnaşyklarynyň we döwletleriň özara peýdaly hyzmatdaşlygynyň Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň okgunly ösüşiniň bähbidine mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.