Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününiň 55 ýyllygyna gabatlanylyp neşir edilen täze kitap “Milli Lider” diýlip atlandyrylýar.
Täze neşirde täze taryhy eýýamyň – berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşykly beýik özgertmeler, hoşniýetli işler we ajaýyp üstünlikler eýýamynyň özboluşly surat ýyl ýazgysy görnüşindäki köp sanly suratlar jemlenendir.
Suratly neşiriň giriş bölüminde Türkmenistan – Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän, täsin tebigaty we tebigy baýlyklary gadymy taryhy we medeniýeti bolan, özygtyýarly dünýewi döwlet hakynda gürrüň berilýär. Suratlar arkaly bu özboluşly tanyşlygyň çuňňur manysy bardyr, çünki hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşy we işi mähriban topragymyz, milletiň Lideriniň halkymyz baradaky oý-pikirleri, ata Watanymyzyň şöhratyny artdyrmak baradaky arzuwlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýle hem täze kitabyň döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyza we Türkmenistanyň halkyna wepalylyk kasamyny beýan edýän pursady şöhlelendirilen surat bilen açylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr.
Neşiriň ilkinji sahypalaryndan başlap, milletiň Lideri barada diňe bir döwlet işgäri hökmünde däl, eýsem, biziň her birimiz üçin ýakyn we gadyrdan adam hökmünde gürrüň bermek, döwlet Baştutanymyza çuňňur hormat-sarpanyň nyşany hökmünde halkymyz tarapyndan hormatly Prezidentimize Arkadag adynyň berilmeginiň çuňňur manysyny açyp görkezmek meýli duýulýar.
“Milli Lider” atly täze kitaba girizilen suratlar täze eýýamyň ruhuny şekillendirip, hormatly Prezidentimiziň köptaraply işini, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan, her bir türkmen raýatynyň abadançylygyna gönükdirilen özgertmeleri we okgunly ösüşi açyp görkezýär.
Täsin suratlar döwlet Baştutanymyzyň aýdan sözleri ýa-da teswirlemeler bilen utgaşdyrylýar. Olar türkmen, iňlis we rus dillerinde getirilýär. Suratlaryň köpüsi ilkinji gezek neşir edilýär.
Özboluşly surat ýyl ýazgysynyň ahyrynda ak mermerli türkmen paýtagty we garaşsyz türkmen döwletiniň geljegi bolan ýaşlar şekillendirilen suratlar ýerleşdirilipdir. Kitabyň iň soňunda ýerleşdirilen surat – 2012-nji ýylyň 17-nji fewralynda Maslahat köşgünde bolan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylar bilen düşen suraty hem halkymyzyň döwlet Baştutanymyzyň töweregine mäkäm jebisleşendigini görkezýär. Täze taryhy eýýamyň okgunly ösüşini, ynsanperwerlige ýugrulandygyny görkezýän bu suratyň aşagynda: “Berkarar ýurduň, bagtyýar halkyň Prezidenti hökmünde mähriban Watanyň has-da rowaçlanmagy üçin bize öňde uly işler garaşýar!” diýen sözler ýerleşdirilipdir.
“Milli Lider” atly täze suratly kitabyň Türkmenistanyň häzirki zaman taryhyna, garaşsyz türkmen döwletiniň ählihalk tarapyndan saýlanan Baştutanynyň – milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň işi bilen aýrylmaz baglanyşykly ägirt uly üstünliklere gyzyklanma bildirýän her bir adam üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanmadygy şübhesizdir.