Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa hökümetiň agzalarynyň käbiri, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleri, şeýle hem birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine döwlet durmuşynyň we welaýatlary ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bilen bagly meseleler girizildi.
Türkmenistanyň Prezidenti göni wideoaragatnaşyga Lebap, Ahal, Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň häkimlerini yzygiderlikde çagyrdy. Olar özlerine ynanylan sebitlerde işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň meýdanlarynda dowam edýän galla oragynyň depginleri we beýleki oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdiler. Welaýatlaryň ýolbaşçylary şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler, hususan-da, medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň gurluşygy, şeýle hem Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy hakynda hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti göni wideoaragtnaşyga ilki Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowy çagyrdy, ol milli Liderimize welaýatda işleriň ýagdaýy we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde welaýatda galla oragynyň üstünlikli tamamlanandygy barada habar berildi. Welaýatyň häkimi şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryny ösdürmek boýunça özgertmeler maksatnamalarynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler, Lebap welaýatynyň kitaphanasynyň taslamasyna döwlet Baştutanymyzyň girizen düzedişleriniň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, möhüm oba hojalyk möwsüminiň-galla oragynyň netijelerine kanagatlanma bildirdi. Lebap welaýatynyň ilatyny galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi bilen ýene-de bir gezek gutlap, hormatly Prezidentimiz olara berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw etdi. Soňra milli Liderimiz welaýat häkimine şu gün hasyl toýuny uludan tutup, edermen we gahryman babadaýhanlara öz gutlagyny ýetirmegi tabşyrdy.
Gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki işleriň alnyp barylýandygyny belläp, milletiň Lideri bu ugurda işleri, şol sanda gowaçany öz wagtynda suwarmak, goşmaça iýmitlendirmek, şeýle hem zyýan beriji mör-möjeklere, ýagny zyýankeşlere garşy göreşmek boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" möhümdigini belläp, döwlet Baştutany welaýatda gurulýan dürli maksatly desgalarda işleri berk gözegçilikde saklamak boýunça görkezmeleri berdi. Täze okuw ýylynyň başlanmagyna az wagtyň galandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okuw ýylyna çenli welaýatyň ähli mekdeplerinde abatlaýyş işlerini doly tamamlamagy, şeýle hem täze gurulýan mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygynda işleriň depginini güýçlendirmegi we olaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şu günler howanyň örän yssydygyny göz öňünde tutup, döwlet Baştutany şeýle hem ýerlerde ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmek we ýangynyň öňüni almak boýunça anyk çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowdan olaryň ýerine ýetirilişi hakynda sorady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýygnalan gallanyň saklanyşy, gowaçalara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ekin dolanyşygyna geçmek bilen baglanyşykly zerur işleriň geçirilişi, kabul edilen Maksatnama laýyklykda, welaýatyň ilatynyň arassa agyz suw bilen üpjün edilişi, şeýle hem Oba Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen gyzyklandy. Mundan başga-da milli Liderimiz täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde mekdepleri abatlamak boýunça alnyp barylýan işleriň talaba laýyk ýerine ýetirilmelidigini, häzirki günlerde howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini aýdyp, welaýatyň çäklerinde şu wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen içgin gyzyklandy.
Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow welaýatda alnyp barylýan işler, hususan-da, ýygnalan dänäni göwnejaý saklamak boýunça düzülen maksatnama, şeýle hem oba Milli Maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim şu günler sebitde dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy we welaýatyň çäklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işleriniň üpjün edilmelidigi barada welaýatyň häkimine anyk tabşyryklary berdi. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowy çagyrdy we ondan welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, ýerlerde ekin dolanyşygyna geçmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de Oba Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada jikme-jik hasabat sorady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylyna çenli welaýatyň ähli mekdeplerinde abatlaýyş işlerini doly tamamlamak, täze gurulýan mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygynda işleriň depgini, howanyň yssydygyny nazarda tutup, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny üpjün etmek, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy.
Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow öz hasabatynda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, ýygnalan gallany göwnejaý saklamak boýunça alnyp barylýan işler, gowaça ideg etmegiň barşy, şeýle hem welaýatyň çäginde, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy barada habar berdi. Mundan başga-da, häkim sebitde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegňi barşynda Balkan welaýatynyň durmuş-ykdysady düzümini toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen işleriň yzygiderli alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi we sebitde bu işleriň depginini güýçlendirmek boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz welaýat boýunça ýygnalan galla hasylynyň kada laýyk saklanylmagynyň örän wajypdygyna ünsi çekip, bu işler bilen bir hatarda gowaça ideg etmek, dökün bermek, ony suwarmak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmak, şeýle hem welaýatda haýal etmän ekin dolanyşygyna geçmek boýunça durmuşa geçirilýän möhüm işler bilen içgin gyzyklandy.
Mundan başga-da, milli Liderimiz kabul edilen Milli Maksatnama laýyklykda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işiň netijeliligini ýokarlandyrmak, sebitiň çäklerinde ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek babatdaky işleri sazlaşykly guramak boýunça işleriň barşy barada sorady.
Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Hususan-da, häkim welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri, mekdepleriň täze okuw ýylyna taýýarlanylyşy hem-de ilatyň durmuş derejesini üpjün edýän zerur işleriň geçirilişi barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýat boýunça meýilleşdirilen işleriň ählisiniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi esasy talap bolup durýar diýip belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde gurulýan desgalaryň ýokary hilli we öz wagtynda gurlup gutarylmagyna yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Mary welaýatynda iş saparynda bolýan A.Ýazmyradowy we Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowy çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz welaýatda ýygnalan galla hasylyny göwnejaý saklamak, gowaçalara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, şeýle hem welaýatyň çäginde ekin dolanyşygyna geçmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler bilen içgin gyzyklandy.
Hormatly Prezidentimiz sebitde Oba Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek we täze okuw ýylynyň başlanmagyna az wagtyň galandygyny ýatlatmak bilen, ähli mekdeplerde abatlaýyş işleriniň barşy, şeýle hem ýangyn howpsuzlygynyň berjaý edilişi baradaky sowallar bilen häkime ýüzlendi. Şeýle hem milletiň Lideri welaýatyň çäklerinde ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek işleriniň ýagdaýy, milli maksatnamany durmuşy geçirmegiň çäklerinde gurluşyk işleriniň depgini, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda sorady.
Wise-premýer A.Ýazmyradow şu ýyl ýygnalan gallany zaýasyz saklamak, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy, ýerleriň ekin dolanyşygyna girizilmegi bilen baglanyşykly alnyp barylýan çäreler hakynda hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, sebitiň çäklerinde gurulýan desgalaryň ýagdaýy, olaryň hili hem-de ulanmaga bermek möhletleriniň berjaý edilişi babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini aýdyp, bu babatda sebitde zerur bolan guramaçylyk işleriniň degişli depgininiň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz A.Ýazmyradowa ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, gowaçalara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli düzümleriň utgaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Ol paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ýerde gurulýan desgalar, ulag, aragatnaşyk we ýaşaýyş-durmuş düzüminiň işini gowulandyrmaga, paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmaga gönükdirilen çäreler, şeýle hem şäherde arassaçylygy we tertibi üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häzirki zaman Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini kemala getirmek meseleleriniň üstünde jikme-jik durup geçdi we paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler işiniň depginlerini ýokarlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda şäheriň abadançylygyna, desgalaryň degişli derejede saklanmagyna, köçeleriň arassaçylygyna we yşyklandyrylyşyna aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňky ýyllarda düýpli özgeren Aşgabat diňe bir gözel şäher bolmak bilen çäklenmän, eýsem, adamlaryň ýaşamagy üçin örän oňaýly bolan dünýä şäherleriniň birine öwrülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan desgalarda, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynda işleriň ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklamagy hem-de gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi.
Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly edilen işler barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew hasabat berdi. Ol gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzda ýollary abatlamak, şeýle hem Aşgabat-Türkmenbaşy ulag ýolunyň gurluşygy hakynda hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýoluň Arçman-Türkmenbaşy böleginde alnyp barylýan işler, hususan-da, gurluşyk materiallary we tehnika bilen üpjünçiligiň ýagdaýy hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýol-gurluşyk kärhanalarynyň, hususan-da, asfalt zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny, ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen yzygiderli çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Alnyp barylýan ýol-gurluşyk işleriniň depginleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda gurulýan ýollary öz wagtynda ulanmaga bermek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Milli Liderimiz şeýle hem ulgamyň işini has-da kämilleşdirmegiň we ulag tehnikasynyň netijeli peýdalanylmagyny we degişli ýagdaýda saklanmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.
Wideoşekilli maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň binagärlik keşbini gowulandyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň abadan durmuşy, oňaýly ýaşamagy we netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi özgertmeler maksatnamasynyň esasy maksady bolmagynda galýar diýip belledi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň dokma senagaty ministri A.Babaýewa çagyryldy. Ol gözegçilik edýän ulgamynyň kärhanalarynda işleriň ýagdaýy hem-de pudagy döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan işler hakynda hasabat berdi.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly ulgamlarynyň biri bolup durýan dokma senagatyny ösdürmäge döwletimiziň ägirt uly maýa goýumlaryny goýýandygyny belläp, pudagy depginli ösdürmegi üpjün etmek maksady bilen, göwnejaý çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmek üçin ägirt uly şertleriň bardygyny nygtap, häzirki wagtda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini mundan beýläk-de giňeltmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarow ýurdumyzyň bank edaralarynyň işi we olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Milletiň Lideri hasabaty diňläp, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de bank – maliýe ulgamyna giňden ornaşdyrmagyň, bu ulgamyň işgärleriniň hünärini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Bu babatda döwlet Baştutany banklaryň işini kämilleşdirmegiň hem-de bank edaralaryny hünärli işgärler bilen üpjün etmegiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.
Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýew göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatyň barşynda döwlet Baştutanyna özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminiň alyp barýan işleri, şol sanda garamagyndaky düzümleriň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler, şeýle hem ministrligiň buýurmasy boýunça gurulýan täze desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Söwda ulgamynyň çalt depginlerde ösdürilmeginiň, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň ýurdumyzyň okgunly ykdysady ösüşiniň aýdyň görkezijileriniň biri bolup durýandygyny belläp, milletiň Lideri degişli ulgamyň kärhanalarynyň we edaralarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda netijeli işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän öz harytlarymyzyň öndürilişini we sanawuny yzygiderli artdyrmak, şeýle hem içerki bazarlarda daşary ýurt harytlaryny ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply türkmen önümleri bilen çalşyrmaga ýardam etmek boýunça degişli çäreleri görmek üçin dürli harytlaryň eksportunyň we importunyň deňagramlylygyna yzygiderli seljerme geçirmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz söwda we hyzmatlar ulgamyny has-da kämilleşdirmek meselesine degip geçmek bilen, paýtagtymyzyň we tutuş ýurdumyzyň bazarlaryndaky ýagdaýy hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Olarda nusga alarlyk düzgün-tertip we alyjylara hyzmat etmegiň ýokary derejesi üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow özüniň gözegçilik edýän nebitgaz toplumy, himiýa senagaty we balyk hojalygy pudaklarynda iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagynyň barşy hakynda hasabat berdi. Wise-premýer, hususan-da, ýaňy-ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Balygy ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek boýunça önümçilik toplumynyň işe girizilendigi, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň buýurmasy boýunça ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda gurulýan beýleki desgalarda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi.
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmakda bu pudaklaryň möhüm orun eýeleýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we senagat kuwwatynyň artdyrylmagy şu günüň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri ýurdumyzda balyk senagatynyň häzirki zaman önümçilik düzümini döretmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Munuň özi sarp ediş bazarynda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam etmelidir. Bu bolsa Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew göni wideoaragatnaşyk arkaly hasabat berdi. Ol gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi. Wise-premýer, hususan-da, ýaş türkmenistanlylaryň tomusky dynç alyş günleriniň guralyşy, ýurdumyzyň dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalar üçin döredilen şertler barada hasabat berdi, şeýle hem milletiň Liderine täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk hakynda jikme-jik habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere tomusda çagalaryň guramaçylykly dynç almagyny üpjün etmek, dynç alyş günleriniň gyzykly we mazmunly bolmagy, ýaş nesliň gözýetiminiň giňelmegine ýardam edýän dürli bäsleşikler bilen baýlaşdyryp, olarda täze bilimlere bolan hyjuwy, ene topragynyň tebigatyna bolan söýgi, ata Watanyna buýsanç duýgularyny ösdürmek boýunça ähli görülýän çäreleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde geçirilýän abatlaýyş işlerini çaltlandyrmagyň wapjypdygyna ünsi çekip, okuw mekdeplerinde bilim bermegiň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, mugallymlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin degişli şertleri döretmäge jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiz abatlaýyş işleriniň takyk tertibini düzmegi we bellenilen möhletlerde ýokary hilli we gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada görkezme berdi. Täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygynda iş depginlerine hem-de olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegine gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýdyp, milli Liderimiz ösüp gelýän nesil baradaky alada biziň döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galar diýip belledi.
Milli Liderimiz maslahatyň jemini jemläp şu gün garalan ähli meseleleriň möhümdigini belledi. Bu meseleler ata Watanymyzyň bagtyýarlyk döwründe mundan beýläk-de okgunly ösmegi we halkymyzyň abadan, mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara işlerinde we öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.