Ï Lebaply gallaçylar hormatlanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebaply gallaçylar hormatlanyldy

view-icon 615
Şu gün Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren welaýatyň ekerançylarynyň görnükli zähmet ýeňşiniň hormatyna uly baýramçylyk dabarasy boldy. Ol welaýatyň häkimliginiň mejlisler zalynda bolan dabaraly ýygnak bilen başlandy. Şol ýere Amyderýa jülgesiniň ähli sebitlerinden iň oňat gallaçylar, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýygnandylar.

Dabaraly ýygnaga gatnaşyjylar milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ekerançylaryna, edermen gallaçylaryna Gutlagyny uly ruhubelentlik hem-de buýsanç bilen diňlediler. Gutlagda döwlet Baştutany Watan harmanyna ak bugdaýyň 350 müň tonnasyndan gowragyny tabşyryp, öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetiren Amyderýa jülgesiniň oba zähmetkeşlerini tüýs ýürekden gutlady. Gutlag şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Dabarada Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan azyklyk bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde iň ýokary netijeleri gazanan öňdebaryjy gallaçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Mundan başga hem şanly wakanyň hormatyna döwlet Baştutanynyň Buýrugy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligi tarapyndan bellenilen tertipde Lebap welaýatynyň häkimligine gullukda peýdalanmak üçin “Cadillac Escalade” kysymly awtomobil mugt berildi.

Lebabyň gallaçylarynyň adyndan dabarada çykyş edenler welaýatyň ekerançylarynyň zähmetine berlen ýokary baha üçin milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirip, gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň daýhanlara netijeli zähmet çekmek üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça döwlet Baştutanynyň hemmetaraplaýyn alada etmegi netijesinde mümkin bolandygyny nygtadylar. Häzirki galla möwsüminiň gahrymanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we türkmen halkynyň eşreti hem-de biziň mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna çekýän ýadawsyz zähmetinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Nygtalyp geçilişi ýaly, döwletimiz ekerançylary hemmetaraplaýyn goldaýar, olar ýokary öndürijiligi bolan oba hojalyk ekinleriniň naýbaşy tohumlary, mineral dökünler, dünýäniň önüm öndürijilerinden getirilen, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün edilýär we şunda döwletimiz ähli harajatlaryň ýarpysyny öz üstüne alýar. Soňky ýyllarda oba hojalyk önümleri üçin, ilkinji nobatda Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin strategiki ähmiýeti bolan däne we pagta üçin satyn alnyş nyrhlary yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Suwaryş, melioratiw ulgamlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygyna, öňdebaryjy agrotehnikany ornaşdyrmaga, ylmy işläp taýýarlamalara, ýurdumyzyň seleksiýasyny ösdürmäge, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, oba zähmetkeşleriniň zähmet hem-de durmuş şertlerini gowulandyrmaga hem uly üns berilýär.

Häzirki galla ýygnamak möwsüminiň gahrymanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, türkmen halkynyň eşreti we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin çekýän ýadawsyz zähmetinde täze uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra bu ýerde başyny başlaýjy hem-de ruhlandyryjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bolan täze taryhy eýýamyň fotosuratlarda beýan edilen ýyl ýazgysyndan ybarat bolan “Milli Lider” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze kitaba giren özboluşly suratlar ýurdumyzda bolup geçýän uly möçberli özgertmeleri aýdyň beýan etmek bilen, türkmen döwletiniň Baştutanynyň köp taraply işini görkezýär, şol özgertmeleriň maksady bolsa halkymyzyň we biziň her birimiziň abadançylygyndan ybaratdyr.

Dabaraly ýygnaga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Agşam şäheriň Görogly beg adyndaky seýilgähinde Lebap welaýatynyň gallaçylarynyň zähmet ýeňşine bagyşlanan uly baýramçylyk konserti boldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we türkmen paýtagtyndan sungat ussatlary, iň oňat döredijilik toparlary gallaçylaryň hem-de ajaýyp we giňden bellenýän baýramçylyk dabarasynyň köp sanly myhmanlarynyň öňünde aýdym-saz horeografiýa kompozisiýalary bolan konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler.