Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki dostlukly döwletleriň baştutanlary birek-birek bilen mähirli, doganlarça salamlaşyp, gadymdan bäri ruhy hem-de taryhy umumylyk bilen baglanyşykly bolan türkmen hem-de özbek halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän, üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegi hakynda söhbetdeşlikde pikir alyşmaga, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara we sebitleýin syýasatyň käbir jähetlerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
Islam Karimow türkmen Liderini ýakynda bellenip geçilen 55 ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlady, bagt, saglyk we ýurduň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ýolunda üstünlikler arzuw etdi. Söhbetdeşlikde Özbegistanyň goňşy Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Türkmenistan bilen gatnaşyklar köp asyrlyk dostlugyň, ynanyşmagyň we özara goldaw bermegiň mäkäm esasynda gurulýar.
Milletiň Lideri mähirli gutlag üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda türkmen tarapynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlygyň we özara düşünişmegiň iň oňat däplerinde üstünlikli ösdürilýän netijeli gatnaşyklary gyşarnyksyz artdyrmaga türkmen tarapynyň uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halky öz ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklara hemişe sarpa goýýar, olar bilen hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini häzirki wagtda köp babatda sebitdäki amatly syýasy – ykdysady ýagdaý kesgitleýär.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky mizemez dostluk hem-de özara düşünişmek gatnaşyklaryna Türkmenistanyň üýtgewsiz ygrarlygyny nygtap, ikitaraplaýyn erk-isleg we soňky ýyllarda edilýän tagallalar netijesinde döwletara gatnaşyklaryna kuwwatly ösüş depgininiň berlendigini, munuň bolsa ony täze, özara bähbitlere laýyk gelýän belentlige çykarmaga mümkinçilik berendigini nygtady. Şunda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna köp babatda halkara syýasatynyň birnäçe meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygynyň ýa-da gabat gelýändiginiň, ýola goýlan oňat syýasy gatnaşyklaryň hem-de halkara derejesinde birek-biregi goldamagyň ýardam edýändigi bellenip geçildi.
Özbek tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Islam Karimow döwletara hyzmatdaşlygynyň derejesine ýokary baha berip, geljegi uly ugurlaryň birnäçesinde ony işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diňe bir iki doganlyk ýurtlaryň däl, eýsem, tutuşlygyna alnanda, bütin sebitiň rowaçlanmagyna hyzmat etjek täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üstünlikli hyzmatdaşlygyň köp ýyllyk tejribesine hem-de bar bolan ykdysady kuwwata daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň netijeli usullarynyň biri hökmünde bellenildi.
Iki döwletiň baştutanlary sebitleýin hyzmatdaşlygyň meselelerine degip geçmek bilen, bar bolan meseleleri çözmäge, şol sanda abraýly guramalaryň we düzümleriň çäklerinde işjeň gatnaşyklar arkaly çözmäge ylalaşylan, bir bitewi çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Prezidenti häzirki döwrüň ýiti meselelerini çözmegiň anyk ýollaryny dünýä teklip eden, BMG-niň durnukly ösüş boýunça ýakynda geçirilen “Rio+20” atly bütindünýä sammitinde beýan edilen Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Araly halas etmek şol meseleleriň biridir. Aralyň suwunyň çekilmegi bolsa kenarýakasyndaky we golaýdaky ýurtlaryň durnukly ösüşine zyýanly täsir edýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklaryna hemmetaraplaýyn hem-de giňişleýin häsiýeti bermäge çalyşýandyklaryny tassyklap, deňhukukly, özara peýdaly esasda guralýan uzak möhletli hyzmatdaşlyga tarap alnan umumy ugra ygrarlydyklaryny beýan etdiler.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Islam Karimow hoşlaşanlarynda, iki doganlyk ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, mizemez dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklary bilen berkidilen türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de gyşarnyksyz pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.