Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 714
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda şu ýylyň alty aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine, şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we olaryň işini has-da kämilleşdirmäge, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga degişli meseleleriň birnäçesine seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi geçirmek üçin Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň raýat goranyşy we halas ediş işleri Baş müdirliginiň binasyna geldi. Bu ýerde milli Liderimize ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew raport berdi.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna özleriniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän harby özgertmeler berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň asuda, abadan we döredijilikli durmuşynyň ygtybarly kepili bolup durýar diýip belledi. Şeýle hem Ý.Berdiýew döwletimiziň mizemezligini goramak we türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan belent wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhüm binýady bolan jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň alyp barýan işlerine ýurdumyzyň jemgyýetçilik ösüşini berkarar etmekde möhüm ornuň degişlidigini belläp, asudalygyň, abadançylygyň, halkymyzyň mundan beýläk-de jebisliginiň pugtalanmagy ýurduň rowaçlygynyň baş kepilidir, bu bolsa ösüş ýoly bilen üstünlikli hem-de okgunly öňe gitmegi şertlendirýär diýip belledi.

Soňra Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow ýurdumyzyň döwlet serhedinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak babatda alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň parahatçylygyň we dostlugyň serhedi bolmagy babatda hemmetaraplaýyn ýardam bermegiň asylly hem jogapkärli wezipedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzümlerinde alty aýyň içinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ol milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ussatlygyny barha kämilleşdirmek, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler hakynda habar berdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladasy bilen harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýşy üçin ýokary derejeli amatlyklaryň döredilýändigini nygtap, türkmen esgerleriniň ata Watanymyza we halkymyza mundan beýläk-de wepaly gulluk etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe düýpli ugurlary özünde jemleýän harby özgertmeleriň barşyna kanagatlanma bildirip, atalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirijiler bolan ýaş harby gullukçylary watansöýüjilik ruhda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Baş prokurory Ý. Ýazmyradow öz ýolbaşçylyk edýän düzüminde geçen alty aýyň dowamynda alnyp barylan işleriň netijeleri hakynda hasabat berdi. Ol öz hasabatynda döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň berjaý edilmegi ugrunda prokuratura edaralarynyň durmuşa geçiren çäreleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hukuk berkararlygyny üpjün etmek boýunça prokuratura işgärleriniň üstüne ýüklenen uly jogapkärçiligi belledi we kanunçylygyň berjaý edilşine berk gözegçiligi amala aşyrmak babatda alnyp barylýan işler boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra ýurdumyzyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýew özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminde geçen alty aýda alnyp barlan işleriň netijeleri, tutuş adamzat üçin howp bolan neşekeşligiň soňuna çykmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tassyk eden meýilnamasyny gyşarnyksyz durmuşa geçirmekden başga-da, ýöriteleşdirilen halkara düzümleri bilen ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmak gullugyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milletiň Lideri bu ugurda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, mundan beýläk hem halkara guramalary hem-de ýurdumyzyň ähli degişli gulluklary we edaralary, ýagny harby we hukuk goraýjy edaralary, bilim, saglygy goraýyş ulgamlary, jemgyýetçilik guramalary bilen häzirki döwrüň tutuş adamzat üçin bu ýowuz howpa garşy utgaşykly iş alyp barmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýerlerde hukuk tertibiniň bozulmalarynyň öňüni almak ugrunda Içeri işler ministrliginiň düzümlerinde durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutany ýurtda kanunçylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmeginde, raýatlaryň konstitusion hukuklaryny goramakda Içeri işler ministrligine möhüm ornuň degişlidigini nygtap, ministrligiň ähli düzümleriniň işiniň häzirki döwürde bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelmelidigini talap etdi hem-de degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew özüniň hasabatynda şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz kazyýet edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleriň örän jogapkärçiliklidigini aýdyp, ulgama ýokary hünärli işgärleri çekmek ýaly möhüm meselelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurtda kanunçylygyň berjaý edilişine gönüden-göni jogap berýän bu düzümde ak ýürekli, hemme taraplaýyn bilimli we kanunçylyk ýörelgelerine ygrarly hünärmenler işlemelidir

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri M.Garryýew ministrligiň geçen alty aýda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň oňyn häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, türkmen halkynyň bagtyýarlyk döwri bolan täze taryhy eýýamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilen hukuk özgertmeleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminde 2012-nji ýylyň birinji alty aýynda bitirilen işleriň netijeleri hakynda hasabat berdi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, ýurdumyzda uly möçberli gurluşyklaryň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly serhetüsti geçýän ýük akymynyň yzygiderli köpelýändigini nazara alyp, bu gullugyň borçlaryndan we ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan wezipeler barada degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisde Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, özüniň gözegçilik edýän düzüminiň işini has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu gullugyň alyp barýan işiniň derwaýysdygyny belläp, migrasiýa gullugynyň işgärleriniň sazlaşykly işi biziň ýurdumyza-- bütin dünýäde diňe bir ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri bilen däl, eýsem ajaýyp tebigy hem-de taryhy-binagärlik ýadygärlikleri bilen belli bolan Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly myhmanlaryň akymyny şertlendirýär diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň özygtyýarlylyk esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, ýurduň rowaçlyk we durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmegine ägirt uly goşant goşýan harby we hukuk goraýjy edaralaryň sazlaşykly işi üçin Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna minnetdarlyk bildirdi we ýurdumyzyň diňe goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinansyny üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly mundan beýläk-de harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin has amatly gulluk hem-de ýaşaýyş şertleriniň döredilmegine möhüm ähmiýet berjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamepdow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini tamamlap, bu düzümler boýunça geçen alty aýda bitirilen işlere umuman kanagatlanma bildirdi we mejlise gatnaşyjylarar berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mähriban Watanymyzyň parahatçylygynyň we rowaçlygynyň hatyrasyna öňde goýan wezipeleri çözmekde üstünlik arzuw etdi hem-de olar bilen hoşlaşdy.