Ï Täze etrapça gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze etrapça gurulýar

view-icon 827
Paýtagtymyzyň günortasynda “Parahat-7” etrapçasynyň ilkinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlanýar. Bu ýaşaýyş toplumy Aşgabat emeli derýasynyň arka tarapynda Baba Annanow köçesiniň ugrunda emele geldi. 2011-nji ýylyň awgust aýynda başlanan bu giň gerimli gurluşygy Türkmenistanyň gurluşyk ministrliginiň “Aşgabatgurluşyk” we “Arkaçgurluşyk” önümçilik birleşikleri amala aşyrylýar.

Tiz wagtda umumy meýdany 9 gektar tutjak ýaşaýyş toplumynyň ikinji we üçünji tapgyrlarynyň gurluşygy başlanar. Bu jaýlaryň toplumlary Ýunus Emre we Alty Garlyýew köçelerine çenli uzar. “Parahat-7” etrapçasynyň meýdanynda umuman 148U görnüşine çenli kämilleşdirilen dokuz gatly ýaşaýyş jaýlaryň 22-si gurlar. Olarda 1-4 otagly jaýlar bolup, bu bolsa iki müň sany rahat , ýokary amatlykly otaglardyr.


Şeýle hem etrapçada 500 orunlyk mekdep we her biri 140 orunlyk bolan iki sany çagalar bagy gurlar. “Parahat-7” etrapçasynyň çäklerinde çagalar we sport meýdançalaryny , medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin meýdançalary, ulag duralgalarynyň ondan gowragy, kömekçi elektrik beketleriniň 6-syny, nasos, ýyladyş jaýlaryny gurmaklyk göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem bu ýerde söwda toplumy we iki sany köp gatly ulag duralgasy gurlar.

Ilkinji nobatda ulanylmaga beriljek dokuz sany ýaşaýyş jaýynyň eýýäm dördüsi göçüp gelmäge taýýar edildi. Gerek bolan kommunikasiýalaryň ählisi doly taýýar edilip, elektrik energiýasynyň, gazyň, suwuň berilmegi guraldy, liftleri , lagym we ýyladyş ulgamlaryny ulanmak boýunça göýberiş-sazlaýyş işleri geçirildi. Täze jaý eýeleri iýul aýynyň birinji on günliginde bu ýerde jaý toýuny toýlarlar.

Ýene-de iki sany jaý tabşyrylmagyň öňisyrasynda dur. Häzirki wagtda bu ýerde ýaşaýyş üçin gerek bolan kommunikasiýalaryň ählisini barlamak boýunça jemleýji çärelere badalga berildi. Ilkinji tapgyryň ýaşaýyş jaýlary awgust aýynda doly ulanylmaga berler.

Gelejekde “Parahat-7” toplumynyň gurluşygy tamamlanandan soň, “Parahat-7/2”, “Parahat-7/3” etrapçalarynyň gurluşygyna başlamak göz öňünde tutulýar. Bu üç sany täze etrapça umumylykda 23 gektar meýdany eýelär.