Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

view-icon 942
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşynda gazanylan netijeler ara alnyp maslahatlaşyldy, ýylyň ikinji ýarymynda ýurdumyzyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, birnäçe pudaklaryň we welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlarynyň diňleniljekdigini we olaryň alyp baran işleriniň netijeleri boýunça baha beriljekdigini we degişli çözgütleriň kabul ediljekdigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky meselelere geçdi. Döwlet Baştutanymyz N.Atagulyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekip, onuň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy H.Muhammedowyň üstüne ýükledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatymyzyň hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edilen maglumat-telekommunikasiýa ulgamynda giň gerimli taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar we bu taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär diýip belledi. Milli aragatnaşyk emeli hemramyzy älem giňişligine çykarmak, kosmos tehnologiýalaryny ösdürmek, esasy aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak we sebitleýin innowasiýa zolaklaryny döretmek ýurdumyzy ösdürmegiň has möhüm ugurlary hökmünde bellenildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Milli kosmos agentliginiň başlygy wezipesine A.Ataeýewi belläp, ony Döwlet energetika institutynyň rektory wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz bu Agentligi häzirlikçe ýerleşdirmek üçin paýtagtymyzda wagtlaýyn edara binasynyň beriljekdigini aýdyp, soňra onuň üçin täze binanyň gurulmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Döwlet energetika institutynyň rektory wezipesine H. Soltanow bellenildi.

Häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün edilen Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň täze binalar toplumyny ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçysy wezipesine M.Aşyrbaýewi belledi. Milli Liderimiz ýokary okuw mekdepde okuw-terbiýeçilik işleriniň ýokary derejede guralmalydygyny, uçurumlaryň bu institutda bilim alandygyna buýsanmalydygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutany wezipe bellemek bilen bagly Kararlaryň ýene-de birnäçesine gol çekdi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine B.Atamanow bellenildi.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň rektory wezipesine bu institutyň okuw işleri boýunça prorektory bolup işlän N.Kuliýew bellenildi.

G.Ezizowa işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.

Bu ýokary okuw mekdebiň täze ýolbaşçysy wezipesine A.Orazalyýewa bellenildi. Ol öň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň saglygy goraýyş bölüminiň müdiri wezipesinde işledi.

Türkmenistanyň Prezidenti B.Sähedowy pensiýa gitmegi sebäpli “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatdy. Onuň ornuna “Nesil” gazetiniň baş redaktory bolup işlän K.Rejepow bellenildi.

“Nesil” gazetiniň redaktory wezipesine bolsa A.Aşyrow bellenildi.

Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy A. Sarybaýew, Oba hojalyk ministri M. Baýramow, şeýle hem Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary A.Altybaýew eýeleýän wezipelerinden boşadyldy.

Konserniniň täze ýolbaşçysy wezipesine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Awtomobil ýollarynyň gurluşygy we ulanylyşy bölüminiň müdiri wezipesinde işlän P.Meredow bellenildi.

Oba hojalyk ministri wezipesine hormatly Prezidentimiziň Permany bilen R.Bazarow bellenildi. Ol ozal oba hojalyk ministriniň orunbasary, bu ministrligiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugynyň başlygy wezipesinde işledi. Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine “Türkmengallaönümleri” assosiýasynyň başlygy wezipesinden boşadylan Ý.Aşyrow bellenildi. Döwlet Baştutany bu assosiasiýanyň başlygy wezipesine Ý.Çaryýewi belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowa ýüzlenip birinji ýarym ýylyň jemleri boýunça welaýatyň birnäçe etraplarynyň däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň, şeýle hem obany özgertmek boýunça milli maksatnamada meýilleşdirilen işleriň hötdesinden gelip bilmändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti işde goýberen kemçilikleri üçin hem-de öz üstüne ýüklenen borçlara hötde gelip bilmändigi üçin Ahal welaýatynyň Altyn asyr, Baharly we Ruhabat etraplarynyň häkimleri D.Annamuhammedowy, J.Gulmyradowy, A.Guldurdyýewi degişlilikde eýeleýän wezipelerinden boşadyp, bu etraplaryň häkimleri wezipelerine G.Orazmämmedow, M.Porhanow bellenildi, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň häkiminiň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine etirmek B.Mämmedowyň üstüne ýüklenildi.

Şeýle nägilelikler Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowa hem bildirildi. Bu welaýatyň Esenguly we Bereket etraplarynyň häkimleri N.Araztuwakow we T.Gurbanow eýeleýän wezipelerinden boşadyldy.

Bereket etrabynyň häkimi wezipesine S.Ankarow bellenildi, Esenguly etrabynyň häkiminiň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek bolsa şu etrabyň häkiminiň orunbasary bolup işleýän A.Hajymuhammedowyň üstüne ýüklenildi.

Daşoguz welaýatynda eýeleýn wezipelerinden Boldumsaz we Akdepe etraplarynyň, şeýle hem Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkimleri – S.Öwezklyçew, G.Baýlyýew, B.Borjakow eýeleýn wezipelerinden boşadyldy. Olar döwlete däne tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny we obany abadanlaşdyrmak boýunça bellenilen meýilnamalary ýerine ýetirmediler. Bu etraplaryň ýolbaşçylarynyň wezipe borçlary häkimleriň orunbasarlary D.Baýdakowyň, M.Selginowyň we O.Muhaýewiň üstüne wagtlaýyn ýüklenildi.

Soňra döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Lebap welaýatynyň däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigine garamazdan, bu welaýatyň käbir etraplarynyň ýolbaşçylary öz wezipe borçlaryny oňarmaýarlar, şunuň bilen baglylykda Birata, Döwletli etraplarynyň we Seýdi şäheriniň häkimleri – Ç.Hojakulyýew, S.Rozynazarow, A.Wellekow eýeleýän wezipelerinden boşadyldy. Bu wezipelere degişlilikde A.Baýramgulyýew, A.Allaberenow, B.Ereşow bellenildi.

Mary welaýatynda işde goýberen kemçilikleri üçin hem-de öz üstüne ýüklenen borçlara hötde gelip bilmändigi üçin Altyn sähra, Baýramaly we Wekilbazar etraplarynyň häkimleri – Ç.Aşyrow, Ý.Bähbidow we M.Nepesow eýeleýän wezipelerinden boşadyldy.

Altyn sährä etrabynyň häkimi wezipesine D.Saparmyradow, Baýramaly etrabynyň häkimi wezipesine R.Beşerow bellenildi, Wekilbazar etrabynyň häkiminiň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine etirmek bolsa A.Çopanowyň üstüne ýüklenildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylara hasabat bermek üçin söz berdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň birinji ýarymyndaky netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijileri milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösýändigine şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň yanwar-maý aýlarynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi.

Hasabat döwründe bölek söwda haryt dolanyşygynyň möçberi 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 14,9 göterim, ilata edilen tölegli hyzmatlar bolsa 14,7 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 1,5 esse ýokarlandy.

2012-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 41,7 göterim köp boldy.

Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat bermek bilen, wise-premýer hasabat döwrinde salgytlaryň ähli görnüşleri boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda jikme-jik aýdyldy. Hususan-da, 2008-2011-njy ýyllarda welaýatlarda gurulmagy meýilleşdirilen binalaryň, desgalaryň we inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygyny doly tamamlamak boýunça Iş meýilnamasyny taýýarlamak hakynda habar berildi. Milli Liderimiziň buýrugyna laýyklykda şeýle hem 2012-2016-njy ýyllarda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasy we “Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak hakynda” Permanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Wise-premýer şeýle hem maliýe-ykdysady we bank ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler hakynda hasabat berdi.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň jemleri hakynda hasabaty diňläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň batly gadamlaryny saklamak maksady bilen ähli pudaklaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Ähli meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmakda maliýe-ykdysady we bank ulgamynyň edaralaryna möhüm ornuň degişlidigini belläp, milli Liderimiz “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi we bu resminamada göz öňünde tutulan ähli işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ýakyn döwür üçin möhüm wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň welaýatlaryny ösdürmek, ozaly bilen obalaryň häzirki zaman düzümini döretmek bilen bagly işler kesgitlendi diýip döwlet Baştutany belledi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" öz wagtynda ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

“2008-2011-nji ýyllarda gurulmagy meýilleşdirilen binalaryň, desgalaryň we inženerçilik ulgamlaryň gurluşygyn doly tamamlamak boýunça welaýatlaryň Iş meýilnamasyny tassyklamak hakynda” Buýrugyň we “Ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryny 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Meýilnamalaryny tassyklamak hakynda” Kararyň taslamalaryny makullap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olara gol çekdi we degişli ýolbaşçylara bellenilen meýilnamalaryň öz wagtynda amala aşyrylmagyna degişli gözegçiligi üpjün etmek bilen bagly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň möhüm wezipesi bolup durýar diýip bellemek bilen, milli Lederimiz “Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda” Permana gol çekdi we bu resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu çözgüdi mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Soňra şu ýylyň birinji ýarymynda halk hojalygynyň pudaklaryny ösdürmegiň jemleri baradaky hasabat bilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow çykyş etdi. Bellenip geçilşi ýaly, Türkmenistanyň 2012-2016-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler netijesinde milli ykdysadyýetimiziň hakykatda ähli ugurlarynda durnukly hem-de depginli ösüş göze ilýär.

Hasabat döwrüniň görkezijileriniň seljermesi elektrik energiýasyny, benzini, dizel ýangyjyny, kerosini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, sementi, magdan däl gürlüşyk materiallaryny, armaturany, plastmassalary we beýlekileri öndürmegiň möçberleriniň ýokary ösüşine şaýatlyk edýär. Tebigy gazy we nebiti çykarmakda hem ýokary depginler bellenilýär. Oba hojalygynda, gurluşyk ulgamynda hem-de ulag we aragatnaşyk pudagynda oňat görkezijiler gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hakykatda ähli pudaklarynda oňat netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanmak bilen belläp, olaryň durnukly ösüşini mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça ähli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Milletiň Lideri Statistika baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň esasy hasabat-statistiki merkeziniň wezipesini amala aşyrýan, statistiki we sosiologiki gözegçilikleriň esasynda resmi maglumatlary berýän döwlet dolandyryş edarasy bolup durýandygyny nygtap, häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryna we bildirilýän talaplaryna laýyklykda bu ugurda işi ýokary derejede guramagyň zerurdygyny belledi.

Soňra çykyş eden maliýe ministri D. Sadykow maliýe-býujet ulgamynda 2012-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda geçirilen işleriň jemleri, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda jikme-jik hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de döwleti ösdürmäge we raýatlarymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli ykdysady özgertmeleri ýurdumyzyň ykdysaydýetiniň durnukly ösdürilmegine ýardam edýär.

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 120,5 göterime, çykdaýjy bölegi 94,5 göterime deň boldy. Ýerli býujetiň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen ministri onuň girdeji böleginiň 123,4 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 96 göterim derejede berjaý edilendigini habar berdi. Şeýle hem Döwlet býujetiniň goralýan maddalarynyň, hususan-da, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň durnukly we öz wagtynda maliýeleşdirilendigi bellenildi.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda geçirilýän işler, şeýle hem “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasyny”, “Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny”, “Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny üslünlikli amala aşyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Döwlet býujeti pul serişdeleriniň umumy döwlet gaznasyny döretmegiň we peýdalanmagyň esasy maliýe meýilnamasy bolup durýar diýip, onuň ýerine ýetirilişine we býujet serişdeleriniň maksatlaýyn ulanylmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy. Ätiýaçlandyryş işini we gummatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň maksatnamalaryna degip geçmek bilen,

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we üstünlikli amala aşyrmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarow hasabat döwründe bank ulgamynyň edaralarynyň ýerine ýetiren işleri, bu ulgama häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, şeýle hem milli puluň hümmetini durnukly ýagdaýda saklamak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Merkezi bankyň ýolbaşçysy hasabat döwründe gelip gowşan serişdeleriň umumy möçberiniň meýilleşdirilen möçberinden 41 göterim, 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 59 göterim ýokary bolandygyny habar berdi.

Şeýle hem milli bank ulgamyny düýpli özgertmegiň çäklerinde ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, bank hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmäge, maliýe hasabatlylygyny halkara ülňülerine laýyk getirmäge, degişli maksatnama üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň görülýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ädilýän ädimleriň ähmiýetini nygtap, garaşylýan netijeleri gazanmagyň möhüm şerti hökmünde takyk we sazlaşykly işleriň ýola goýulmagynyň möhümdigini belledi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarowa we dokma senagaty ministri A.Babaýewa ýüzlenip, dokma önümleri babatda alyjylaryň isleglerini yzygiderli öwrenmegiň we seljermegiň möhümdigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda alyjylara harytlary möwsümlere laýyklykda hödürlemegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem dünýä bazaryndaky ýagdaýy, şol sanda ol ýa-da beýleki önüme bildirilýän islegleri we bahalaryň ýagdaýyny, hususan-da, pagtanyň bahasyny içgin öwrenmegi tabşyrdy. Munuň özi milli eksport syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ýardam eder. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gürrüňi dowam edip, bazar ykdysadyýetiniň möhüm ugry hökmünde häzirki zaman marketinginiň görnüşlerini, usullaryny we ýörelgelerini öwrenmegiň möhümdigini nygtady we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri B.Şamyradow çykyş edip, ýurdumyzda täze iş orunlaryny döretmek boýunça geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.

Ministr öz hasabatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda ilaty iş bilen üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda boş iş orunlaryny ýüze çykarmagyň meseleleri boýunça zerur çäreleriň görülýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda B.Şamyradow häzire çenli geçirilen işleriň barşynda boş iş orunlarynyň sanynyň takyk kesgitlenendigini, şol ýerleriň agramly böleginiň gurluşyk, energetika, oba hojalyk pudaklarynyň, nebit-gaz, şeýle hem söwda-senagat ulgamlarynyň paýyna düşýändigini habar berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ilaty iş bilen üpjün etmek, demografik howpsuzlygy we ilatyň durmuş goraglygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça ministrligiň üstüne möhüm wezipeleriň düşýändigini belledi. Mundan başga-da ministrlik zähmet ulgamyna gözegçilik edip, ilaty iş bilen üpjün etmäge ýardam etmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ykdysadyýetiň ady agzalan pudaklary üçin taýýarlanylýan ýokary hünärli işgärleriň sanyny artdyrmagyň möhümdigini belledi.

Ykdysadyýet we ösüş ministri B.Hojammämedow şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzda maýa goýum maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi hem-de "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmek hakynda hasabat berdi.

Bellenip geçilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi düýpli artdy. Şol maýa goýumlarynyň esasy bölegi senagaty toplumlaýyn ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge, şeýle hem durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirildi.

Milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2012-nji ýylyň birinji ýarymynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi ýyllyk meýilnamanyň 47,3 göterimine barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda bu görkeziji boýunça ösüş 131,2 göterim boldy. Hasabat döwründe durmuş maksatly desgalaryň 29-synda gurluşyk işleri tamamlandy, olar ulanylmaga berildi. Suw geçiriji ulgamlaryň 811 kilometri, awtomobil ýollarynyň 424,7 kilometri, gaz geçirijileriň 685,3 kilometri, elektrik geçiriji ulgamlaryň 1263,8 kilometri, telefon ulgamlarynyň 1426,8 kilometri çekildi, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň 264,1 müň inedördül metri guruldy.

Ministr welaýatlaryň senagat düzümlerini hemmetaraplaýyn ösdürmegi, innowasion esasda önümçilik düzümlerini giňeltmegi we tutuşlygyna alnanda, welaýatlary senagatlaşdyrmagy ugur edinýän işler barada hem hasabat berdi, munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, kuwwatly köp ugurly önümçilik ulgamyny kemala getirmek boýunça biziň ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan çäreleriň möhümdigini nygtady hem-de degişli meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meselesiniň üstünde durup geçip, ilkinji nobatda halkyň durmuşynyň ýokary derejesini we hilini üpjün etmegiň, welaýatlarda hem-de obalarda häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş düzümlerini döretmegiň onuň esasy wezipesi bolup durýandygyny belledi. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu giň möçberli maksatnamanyň ähli düzümleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtamak bilen ministre degişli tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa birinji ýarym ýylda gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilen işler hakynda hasabat berdi.

Hasabatyň barşynda ýurdumyzyň medeni mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, habar beriş serişdelerini we neşirýat işini hem-de kinematografiýasyny ösdürmek baradaky görülýän çäreler, milli mirasy goramak hem-de wagyz etmek baradaky iş, ilata mazmunly dynç alyş üçin şertleri döretmek we daşary ýurtlarda türkmen medeniýetine mynasyp wekilçilik etmek, şeýle hem Türkmenistanda beýleki döwletleriň medeniýet günlerini geçirmek barada aýdyldy. Bellenip geçilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet edaralarynyň 1254-si hereket edýär, raýatlara medeni babatda ýokary derejede hyzmatlar alnyp barylýar. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda täze “Magtymguly” operasynyň ilkinji gezek görkezilmegi ýurdumyzyň medeni durmuşynda ähmiýetli waka boldy.

Wise-premýer döwlet Baştutanyna ikinji ýarym ýyl üçin bellenilen çäreleriň – halkara sergileriniň, maslahatlarynyň we festiwallarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermegiň maksatnamasy hakynda hem habar berdi. Şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Şapak” kottejler toplumynyň açylyşy mynasybetli dabaralara, Galla baýramyna, şeýle hem halkara möçberindäki wakalaryna, ýagny GDA-nyň sungat ussatlarynyň şu ýyl Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Mary şäherinde geçiriljek konsertine, “Awaza – dostluk ülkesi” atly çagalar festiwalyna hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Kino günlerine we beýlekilere görülýän taýýarlyk hakynda habar berildi.

Döwlet medeni syýasatyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan “Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasy milletiň Lideriniň garamagyna hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň jemgyýetçilik guramalary, okuw we bilim mekdepleri, habar beriş serişdeleri bilen utgaşykly işlemeginiň we bir bitewi medeni giňişligi kemala getirmek, medeni gymmatlyklara we eşretlere deň derejede aralaşmagy üpjün etmek, döredijilik işini, zehinli ýaşlary goldamak we ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça strategiki maksatlary amala aşyrmakda olaryň ýakyn gatnaşykda işlemeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Milletiň Lideri döredijilik babatda hem, habar bermek babatda hem häzirki zaman tehnologiýalaryny bu ulgama has işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin göwnejaý şertleri döretmek babatda işleri utgaşdyrmagy üpjün etmegiň zerurdygy barada wise-premýere tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanymyz ähli halkara derejeli medeni wakalary we Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrjak beýleki çäreleri geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada hem görkezme berdi, şeýle hem milli baýramçylyklara bagyşlanylan dabaralarda döwrüň ruhy, türkmen halkynyň agzybirligi hem-de döredijilikli gujur-gaýraty aýdyň beýan edilmegi üçin mynasyp taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekip, medeniýeti ösdürmegi üpjün etmek baradaky ileri tutulýan çäreleri kesgitleýän şu maksatnama bilen raýatlary ruhy, ahlak hem-de estetiki taýdan terbiýelemek, olara milli we dünýä medeni mirasyna aralaşmak üçin zerur şertleri döretmek, medeniýet babatda halkyň bähbitlerini goramakda döwletimiziň jogapkärçiliginiň täze belentlige çykýandygyny nygtady. Bu babatda milletiň Lideri degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, şu maksatnamanyň yzygiderli durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda 2012-nji ýylyň birinji ýarymynda alnyp barylan işleriň netijeleri hakynda hasabat berdi. Döwlet Baştutanynyň garamagyna “Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” kararyň, “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” kararyň, “Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglarynda goşmaça döredijilik we hünär häsiýetli synaglar geçirilip bilinjek hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlarynyň (hünärleriniň) sanawyny tassyklamak hakyndaky” kararyň, “Ýurdumyzda orta hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek hakyndaky” kararyň taslamalary hödürlendi.

Wise-premýer şeýle hem 2012-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tassyklanan meýilnamasy, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça degişli döwlet toparynyň düzümi, şeýle hem 2012-2013-nji okuw ýyllarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy barada habar berdi.

Hasabatyň çäklerinde hasabat döwründe ylym we bilim edaralarynyň, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça uly işleriň alnyp barlandygy bellenildi.

Täze okuw mekdepleriniň sanynyň artdyrylmagynyň we olaryň işiniň kämilleşdirilmeginiň hasabyna ýetip gelýän okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine jemi 5766 adam, geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende 711 adam köp kabul ediler. Orta hünär okuw mekdeplerine 2012-nji ýylda kabul etmegiň sanyny 2011-nji ýyldaka garanyňda 1794 adam köpeltmek, ýagny 5765 adam kabul etmek teklip edilýär.

Ýurdumyzyň ylmyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Onuň innowasion häsiýete eýe bolmagyna, ylmy-tehniki we tejribe-konstruktorçylyk işläp taýýarlamalaryna aýratyn üns berilýär, ylmy-barlag işlerini giňeltmek, önümçilige we bilim ulgamyna öňdebaryjy ylmy-tehnologik tejribäni ornaşdyrmak, şeýle hem alymlaryň möhüm ylmy wezipeleri çözmäge goşýan goşandyna laýyklykda olaryň zähmetini höweslendirmek boýunça uly işler geçirilýär.

Hasabat döwründe ýurdumyzda iri halkara forumlarynyň, şol sanda maslahatlaryň, sergileriň we ekspedisiýalaryň altysy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň durmuşynda ileri tutulýan ugurlar bolan ylym, bilim we saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlary hemişe döwletiň üns merkezinde bolar diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere innowasion, bilim we ylmy-tehniki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze orta hünär okuw mekdeplerini döretmäge we olaryň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen, şeýle hem 2012-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek bilen baglanyşykly resminamalaryň birnäçesine gol çekip, döwlet mundan beýläk hem ylmy we bilimi ösdürmäge uly üns berer, türkmen ýaşlarynyň halkara ülňülerine laýyk gelýän bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döreder diýip belledi.

Milli Liderimiziň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurdumyzyň ýaş nesliniň döwrebap bilim terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek hem-de olaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen “Ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdeplerine 2012-2013-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylar üçin netbuk kompýuterlerini satyn almak hakynda” gol çeken Kararyny mejlise gatnaşyjylar el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynda—gurluşyk hem-de gurluşyk materiallary senagatynda, şeýle hem elektroenergetikada şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet maksatnamalarynda pudaklaryň öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň gurluşyk, energetika we senagat toplumlarynyň pudaklary tarapyndan zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Muňa 2012-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň görkezijileri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi boýunça hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önüm öndürilişiniň ösüş depgininiň 116,2 göterime deň bolmagy guwandyryjydyr.

Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginde 2012-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önüm öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 105,7 göterime barabar boldy. Hususan-da, sement öndürmek boýunça bu görkeziji 122,4 göterim, sozulan metal öndürmekde bolsa 136,7 göterime üpjün edildi.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça hasabat döwründe hojalyk hasaplaşygyndaky edaralaryň ýerine ýetiren işleri babatda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 109,1 göterim ösüş gazanyldy.

Aşgabat şäheri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen serişdeleriň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 125,8 göterime barabar boldy.

Energetika we senagat ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini bolsa 119,8 göterime deň boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda harytlyk önümiň, ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 117,4 göterime barabar boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk pudagynda oňyn ösüşleriň gazanylýandygyny belledi.

Ýöne ösüş depginini berkitmek we pudagy okgunly ösdürmek üçin guramaçylyk çärelerini pugtalandyrmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şol çäreler bolsa ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň ýokary derejesini gazanmak babatda toplumlaýyn çemeleşmäni üpjün etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz elektroenergetikanyň milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň energetika syýasaty senagatyň, oba hojalygynyň, durmuş ulgamynyň hajatlaryny doly kanagatlandyrmaga, şeýle hem beýleki döwletlere eksportuň möçberini artdyrmaga gönükdirilendir diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri welaýatlarda energiýany tygşytlamagyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ünsi çekdi. Munuň özi energetika desgalarynyň birnäçesiniň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak işlerini, önümçilige energiýany tygşytlaýan tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R. Seýitkulyýew şu ýylyň birinji ýarymynda gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilen işleriň jemleri we birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi.

Hökümetiň Baştutanynyň orunbasarynyň habar berşi ýaly, şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Demir ýol, Awtomobil ulaglary, Aragatnaşyk ministrlikleri, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy tarapyndan edilýän hyzmatlar babatda ýokary görkezijiler gazanyldy.

Hususan-da, geçen ýylyň alty aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende ýükleri daşamakda we ýolagçylary gatnatmakda ösüş depgini degişlilikde Demir ýol ulaglary ministrliginde 103,1 we 100,2 göterime, Awtomobil ulaglary ministrliginde 102,9 we 100,7 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda 129 we 110,2 göterime barabar boldy. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynda ýerine ýetirilen awiahyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 100,6 göterime deň boldy. Telekommunikasiýalar ulgamynda aragatnaşyk hyzmatlaryny etmekde hem ýokary görkezijiler gazanyldy.

Wise-premýer “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” we “Türkmenistanyň Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” kararlaryň taslamalaryny döwlet Baştutanyna hödürledi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynyň sazlaşykly işiniň Türkmenistanyň üstünlikli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän kesgitleýji şertleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şolara häzirki eýýamda ýükleri daşamagyň hem-de ýolagçylary gatnatmagyň hili we ygtybarlylygy babatda ýokary talaplar bildirilýär, munuň özi netijeli halkara hyzmatdaşlygyna, Orta Aziýanyň üstünden geçýän yklymüsti üstaşyr-ulag ugurlarynyň netijeli ulanylmagyna ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlarynyň milli ykdysadyýetimizi ösdürmekdäki artýan orny barada söz açyp, täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen peýdaly innowasion işläp taýýarlamalary hem-de özara tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kararlara gol çekip, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulag-aragatnaşyk düzümlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de bu ugurda Türkmenistanyň ilatyna edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek babatda bu maksatnamalaryň möhümdigine ünsi çekdi.

Öz nobatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýeriň habar berşi ýaly, 2011-nji ýylyň derejesine garanyňda şu ýylyň alty aýynda nebiti we gaz kondensatyny öndürmegiň ösüş depgini 107 göterime, tebigy we ugurdaş gazy öndürmegiň ösüş depgini 113,8 göterime barabar boldy. Şunda “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň möçberi 19,4 göterim artdy.

Nebit önümleriniň hatarynda awtomobil benzinini öndürmegiň 107,9 göterime, dizel ýangyjyny öndürmegiň 103 göterime, polipropileni öndürmegiň 112,5 göterime we suwuklandyrylan gazy öndürmegiň 127,4 göterime barabar ýokary ösüş depginleri üpjün edildi.

“Ttürkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça fosfor dökünini öndürmegiň möçberleri geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 20 göterim, tehniki ýody öndürmegiň möçberleri 3,5 göterim ýokarlandy.

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalary öz önümlerini çykarmagy durnukly artdyrýarlar.

Tutuşlygyna alnanda, nebitgaz toplumy boýunça alty aýda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň ösüş depgini 2011-nji ýyldaka garanyňda 182 göterime barabar boldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň alan girdejileri artdy.

Çykyşyň çäklerinde “Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we balyk hojalygy toplumyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň” taslamasy hakyndaky habar hem aýdyldy, şoňa laýyklykda 2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistan boýunça jemi gaz kondensaty bilen goşanyňda 55,9 million tonna nebit, 448,7 milliard kub metr gaz çykarmak bellenildi. Himiýa senagatynyň kuwwatlyklary, şol sanda Mary we Lebap welaýatlarynda karbamid hem-de kaliý dökünlerini öndürýän zawodlary gurmagyň, şeýle hem beýleki kärhanalaryň hasabyna ep-esli artar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Maksatnamany makullap hem-de degişli Karara gol çekip, şu möhüm resminamada bellenilen ähli meýilnamalary doly ýerine ýetirmegi üpjün etmegi ýangyç energetika toplumynyň ýolbaşçylaryndan talap etdi. Bu ýerde iri “Galkynyş” gaz känini we ýurdumyzyň çäklerinde açylan beýleki ýangyç ýataklaryny senagat taýdan çalt ulanmaga bermek, “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygyny, şeýle hem häzirki zaman nebitgazy gaýtadan işleýän we himiýa önümçilikleriniň gurluşygyny tamamlamak barada gürrüň barýar.

Maksatnamada bellenilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek energiýa serişdeleriniň çykarylyşynyň, gaýtadan işlenişiniň we daşary ýurtlara iberilişiniň möçberleriniň ep-esli artdyrmaga, dünýä bazarlarynda ýokary isleg bildirilýän nebithimiýa önümlerini çykarmaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutany nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek üçin daşary ýurtly maýa goýumlaryny işjeň çekmegiň zerurdygy barada söz açyp, innowasion tehnologiýalary hem-de häzirki zaman tehnikasyny ornaşdyrmagy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz oba hojalygy bilen bagly meselelere geçmek bilen Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe söz berdi. Ol ýurdumyzda däne hasylyny ýygnamak, onuň daşalyşy, düşürilýän ýerleri, şeýle hem bugdaý hasylyny saklamagyň ýagdaýy boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Bu ýagdaý her bir welaýat boýunça jikme-jik beýan edildi. Ýüze çykarylyşy ýaly, tutuşlygyna alnanda ýurdumyz boýunça ýygnalan däne käbir ýerlerde heniz açyk meýdanda saklanylýar. Etraplaryň birnäçesinde kabul ediş bölümlerinde dänäni saklamagyň kadalarynyň bozulmagy ýüze çykaryldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, kemçilikleri gysga möhletlerde düzetmek,ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine öz wagtynda eltmegi we gaýtadan işlemegi üpjün etmek, häzirki zaman ylmy talaplaryň we maslahatlaryň esasynda bugdaý hasylyny göwnejaý saklamak boýunça zerur çäreleri görmegi degişli ýolbaşçylardan talap etdi. Türkmenistanyň Prezidenti ekerançylyk meýdanynyň zähmetkeşleriniň, gallaçylaryň we mehanizatorlaryň halal zähmeti, maňlaý deri siňdirilip ýetişdirilen ak bugdaýy zaýasyz saklanylmagyna jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini nygtap, obasenagat toplumynyň bu ulgamlarynda ýörite gulluklaryň işini hil taýdan talaba laýyk guramagyň zerurdygyyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri däneçilikde, oba hojalygynyň beýleki pudaklarynda guramaçylyk işlerini kämilleşdirmek, welaýatlaryň daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklary berip, öňdebaryjy halkara tejribesini iş ýüzünde giňden ornaşdyrmaga degişli görkezmeleri hem berdi.

Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow döwlet Baştutanyna welaýatda şu ýylyň birinji ýarymynda geçirilen işleriň netijeleri, galla oragynyň jemleri hem-de gowaça we beýleki ekinlere ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Şeýle hem welaýatda gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, ilatly ýerleri agyz suwy we tok bilen üpjün etmek hem-de Obalary özgertmek boýunça Milli maksatnamany amala aşyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Bellenişli ýaly,ýakynda welaýatda ýol-ulag düzüminiň täze desgalary, balygy ösdürmek we gaýtadan işlemek boýunça önümçilik toplumy işe girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ösdürip ýetişdirmek boýunça işleriň örän gowşak guralandygyny belledi we netijeleriň pesdigine närazylygyny bildirip, welaýatyň döwlete däne tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmändigi, şeýle hem däne önümleri kärhanalarynyň gurluşygyna gözegçiligi gowşadanlygy üçin häkime berk käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutany ýygnalan dänäni degişli derejede saklamagy üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekip, ony gaýtadan işlemek, şeýle hem gowaça ideg etmek, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny has-da artdyrmak boýunça möhüm çäreleri görmek babatda görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çykyş etdi. Ol, hususan-da, ýurdumyzyň günbatar welaýatynda geçen 6 aýyň dowamynda öndürilen senagat önümleriniň umumy möçberiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 33,3 göterim ýokarlanandygyny habar berdi.

Oba hojalygy babatda aýdylanda bolsa, galla oragy tamamlanyp, häzir 5 müň gektar meýdanda ekilen gowaça ideg alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýakyn wagtda syýahatçylyk we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamlarynyň üstüni ýetirjek täze möhüm desgalaryň açylyş dabaralaryny geçirmäge ykjam taýýaryk görmegiň möhümdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk meselesine geçmek bilen, bu pudakda emele gelen ýagdaýa nägilelik bildirdi. Mysal üçin, pile öndürmek we däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalar ýerine ýetirilmedi, däne saklaýjylaryň gurluşygyna gözegçilik gowşadyldy. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutany Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowa berk käýinç yglan edip, ýol berlen kemçilikler gysga möhletlerde düzedilmese, onuň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy barada duýdurdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew şu ýylyň birinji ýarymynda welaýatda geçirilen işleriň jemleri barada, şeýle hem häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan çäreler hakynda hasabat berdi. Hususan-da, ol galla oragynyň jemleri, gowaça ideg edilişi barada, şeýle hem Obalary özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň durmuşa geçirişi hakynda habar berdi. Bu babatda demirgazyk welaýatyň ýolbaşçysy welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak barada görülýän çäreler, gurmak hem-de ulanmaga bermek bellenilen desgalarda işleriň ýagdaýy hakynda hem-de şol desgalarda işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça çäreler hakynda hasabat berdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häkimiň soňky ýyllarda welaýatyň birnäçe görkezijiler boýunça pese gaçmaga ýol berendigini belledi. Welaýatda däne we pile taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalar ýerine ýetirilmedi, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnama" laýyklykda galla önümleri kärhanalarynda alnyp barylýan işlere zerur gözegçilik amala aşyrylmaýar. Döwlet Baştutany wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmändigi, welaýatda geçirilýän işlere gözegçiligi gowşadangy üçin Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewe berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, işleri talaba laýyk ýola goýmasa, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.

Milletiň Lideri welaýatda oba hojalygyny ösdürmek üçin oňat şertleriň bardygyna ünsi çekip, eger ol edilen belliklerden degişli netije çykarmasa, ähli ugurlarda bildirilýän talaplara laýyklykda işi ýola goýmsa, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny häkime duýdurdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow öz nobatynda mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boýunça hasabat berdi, ol ýylyň birinji ýarymynda welaýatda geçirilen, şol sanda milli ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriň jemleri barada habar berdi.

Häkimiň habar berşi ýaly, 2012-nji ýylda bugdaý ekilen 175 müň gektar ýerden 357 müň tonnadan gowrak däne alyndy, däne taýýarlamak baradaky meýilnama 102,05 göterim ýerine ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda Lebap welaýatynyň ýolbaşçysy daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi we abadan durmuşy üçin ähli şertleriň döredilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, lebaplylaryň geljekde-de Watanymyzyň eşret üçin tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Hasabatyň çäklerinde häkim welaýatda tabşyrylan däne üçin kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigini hem habar berdi. Bugdaýyň täze hasylyny ýitgisiz saklamak üçin ähli zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda geljek ýylyň däne hasyly üçin tohumlar ýeterlik mukdarda taýýarlanyldy. Häzirki wagtda galla hasyly ýygnalandan soň boşan meýdanlarda nobatdaky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp we Lebap welaýatynyň gallaçylarynyň däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge üstünlikli hötde gelendiklerini kanagatlanmak bilen belläp, ekerançylara öňde ýene-de bir jogapkärli oba hojalyk möwsüminiň, ýagny “ak altynyň” hasylyny ýygnamagyň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri gowaça ideg etmek boýunça ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirmegiň, şeýle hem öňde boljak hasyl ýygnamak möwsümine göwnejaý taýýarlyk görmegiň möhümdigini görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatda gurulýan durmuş-ykdysady maksatly desgalarda işleriň barşyna, türkmenistanlylaryň durmuşynyň derejesini we hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, welaýatyň senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýän toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyny hem belledi.

Soňra Mary welaýatyny 2012-nji ýylyň birinji ýarymynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri hakynda hasabat bilen häkim K.Gurbanow çykyş etdi. Ol, hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde göz öňünde tutulan wezipeleri üslünlikli ýerine ýetirmek üçin welaýatda görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda durmuş desgalarynyň gurluşygyna we her etrapda durmuş-ykdysady düzümi döretmäge aýratyn üns berilýär. Welaýatyň ilatyny suw bilen durnukly we ygtybarly üpjün etmek boýunça işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen welaýatyň dürli etraplarynda suw arassalaýjy desgalary gurmak we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işler alnyp barylýar.

Welaýatyň oba hojalygynda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat bermek bilen, häkim hususan-da, şu günler welaýatda gant şugundyrynyň ekişiniň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny belledi. Şu ýyl bu ekin üçin 14 müň 900 gektar ýer bölünip berildi. Şeýle hem ekin dolanşygyna geçmek maksady bilen, aralyk ekinleriň ekilmeginiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, welaýatda däne ýygnamak we pile öndürmek boýunça işleriň guralyşyna nägilelik bildirdi. Netijede welaýatyň döwlet öňündäki degişli şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirilmedi, şeýle hem däne önümleri kärhanasynyň gurluşygyna gözegçilik gowşadyldy. Şunuň bilen baglylykda, häkime berk käýinç yglan edip, milli Liderimiz ýol berlen kemçilikleri gysga möhletlerde düzedip, işleri talaba laýyk ýola goýmasa, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende Türkmenistanda oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň we azyk senagaty tarapyndan çykarylýan azyk önümleriniň mçöberiniň ep-esli artandygy bellenildi.

Wise-premýer obasenagat ulgamynda işleriň ýagdaýy barada habar berip, ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleri, şol sanda galla oragy barada durup geçdi. Häzirki wagtda ekerançylar ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamak işini dowam etdirýärler. Şunuň bilen bir hatarda meýdanlar güýzlük ekişe taýýarlanylýar, mallar üçin ot-iýim taýýarlamak işleri dowam etdirilýär, gowaçalara ideg etmek, şol sanda hatarara bejergi geçirmek, ekinlere dökün bermek we suwarmak işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” kararyň we “Pagta arassalaýjy kärhanalary gurmak hakyndaky” kararyň taslamalary hödürlenildi.

Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny has-da ösdürmäge, oba hojalygyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga kuwwatly itergi berjek anyk çäreleriň toplumyny göz öňünde tutýan bu maksatnamalaryň möhüm ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Şol bir wagtyň özünde wezipe borçlaryny kanagatlanarsyz ýerine ýetirendigi we oba hojalyk pudaklarynda geçirilýän işleriň barşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa käýinç yglan edildi.

Dokma senagaty ministri A.Babaýewa pile öndürmek boýunça tabşyrygyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmänligi, şeýle hem pudaga gelip gowuşýan daşary ýurt pul serişdeleriniň möçberleriniň azalandygy üçin berk käýinç yglan edildi, döwlet Baştutany ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, işleri talaba laýyk ýola goýmasa, ministriň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.

Beýleki ýolbaşçylar babatda aýdylanda bolsa, olaryň işine pagta ýygymy möwsümi tamamlanandan soň baha berler diýip, milli Liderimiz belledi.

Oba hojalyk pudagyny netijeli we sazlaşykly ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A.Ýazmyradowa we S.Toýlyýewe, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti G.Mezilowa bir aý möhletiň dowamynda oba hojalyk pudagynyň gurluşyny kämilleşdirmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, biz häzir tebigy şertleri göz öňünde tutman, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şol bir ekinden deň derejede gowy hasyl aljak bolýarys. Ýurdumyzyň aýry-aýry sebitlerinde gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin ýeterlik mukdarda suwuň ýokdugy hemmämize mälimdir. Şeýle-de bolsa, bu ýerlerde ýylyň-ýylyna gowaça ekip gelýäris. Milli Liderimiz Balkan welaýatyny anyk mysal hökmünde getirdi, bu welaýat ir döwürlerden bäri ösen maldarçylyk pudagy bilen bellidir.

Bu ugurda iş alyp barmak üçin ýurdumyzyň Ylymlar akademiýsynyň hem, Oba hojalyk uniwersiteti bilen Oba hojalyk institutynyň hem ähli mümkinçilikleri bar. Alymlaryň gelen netijelerine eseslanyp, ýurdumyzyň gurak sebitlerini kesgitlemegiň, tohumçylyk çeçgi işi bilen düýpli meşgullanmagyň, ekinleriň biziň howa şertlerimize ýaramly we durnukly ýokary hasyl berýän tohumyny döretmegiň zerurdygyny kesgitlemegiň wagty bireýýäm ýetdi diýip milletiň Lideri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny dowam edip, biziň öňümizde halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen hökman çözmeli, birnäçe möhüm strategik wezipeler dýrýar diýip belledi. Gürrüň ilkinji nobatda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çig mal serişdelerine garaşly bolmagynyň derejesini azaltmak hakynda barýar. Ýurdumyzyň durnukly ösmegini, ykdysadyýetimiziň hil taýdan ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin gaýtadan işleýän pudaklarymyzy, senagaty, gurluşyk pudagyny, söwda ulgamyny ösdürmek, oňat hak tölenýän, ylymly-bilimli işgärleri talap edýän iş orunlarynyň sanyny artdyrmak gerek diýip milletiň Lideri aýtdy.

Döwlet Baştutany şu maksatlar üçin bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagynda “Türkmenistanyň Senagat ministrligini döretmek hakynda” Permana we “Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň meseleleri hakynda” Karara, şeýle hem “Türkmenistanyň Energetika ministrligini döretmek hakynda” Permana we “Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň meseleleri hakynda” Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Ýegeleýewe söz berilýär. Ol täze döredilen Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň düzümi hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, onuň düzümine dürli edaralaryň we kärhanalaryň 70-e golaýy, şol sanda Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň bölümleri we häzire çenli Energetika we senagat ministrliginiň garamagynda bolan “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni girer.

Umuman alanyňda amala aşyrylýan özgertmeler senagat pudaklaryny has-da ösdürmek, olaryň ýurdumyzyň jemi içerki önümine goşandyny artdyrmak, senagat kärhanalaryny dolandyrmagy we olaryň işini utgaşdyrmagy kämilleşdirmek boýunça bir bitewi döwlet syýasatyny geçirmäge ýardam etmelidir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, täze ministrligiň üstüne senagat ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek, bäsdeşlige ukyply, häzirki zaman enjamlary üpjün edilen önümçilikleri, şol sanda maşyn- we abzalgurluşyk önümçiliklerini döretmek, şeýle hem bar bolan kärhanalary halkara standartlarynyň derejesinde durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak, olary innowasion tehnologiýalara geçirmek boýunça möhüm wezipeler ýüklenilýär. Ministrligiň düzümine girýän pudaklaryň degişli abatlaýyş-hyzmat ediş binýadyny döretmek, şeýle hem hususy senagat kärhanalarynyň kuwwatyny berkitmek maksady bilen anyk ädimler kabul ediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B. Italmazowy Senagat ministri wezipesine, M.Artykowy bolsa Energetika ministri wezipesine belledi. Döwlet Baştutany kabul eden çözgütleri boýunça degişli resminamalara gol çekip, ýurdumyzyň senagat toplumyny has-da kämilleşdirmek boýunça öňde durýan işleriň möçberiniň uludygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylara maksatnamalaýyn çykyşy bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutany onda 2012-nji ýylyň birinji ýarymy üçin işleriň netijelerini häsiýetlendirdi hem-de döwleti we jemgyýeti okgunly ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeleriň birnäsesini kesgitledi.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, geçen ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramy bellenilip geçildi. 2011-nji ýyl ýurdumyzda ýigrimi ýylyň içinde ýerine ýetirilen işleriň jemleriniň jemlenen ýyly boldy. Mähriban halkymyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwletimiziň halkara derejesinde, şeýle hem syýasy we ykdysady babatda berk binýadyny döretmek boýunça öňde durýan wezipeleri abraý bilen netijeli durmuşa geçirdi we bu ugurda işler yzygiderli alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Oňyn özgertmeleri amala aşyrmak boýunça işler häzir barha giň gerime eýe bolup, täze ugurlary öz içine alýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 2012-2016-njy ýyllar üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda has çylşyrymly wezipeler göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň içerki ösüşini üpjün etmek boýunça hem biz köp işleri amala aşyrmaly. Bu işleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti has-da pugtalanar, çig mala esaslanýan ykdysadyýetimiz senagat pudaklaryna daýanýan ykdysadyýete öwrüler, ilatymyzyň hal-ýagdaýy düýpli gowulanar diýip, milletiň Lideri nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek baradaky meselä degip geçip, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, biz «Açyk gapylar» syýasatyny, dünýäniň dürli döwletleri, aýratyn hem, goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn, dostlukly gatnaşyklary has-da ösdüreris, dünýäde ýurdumyzyň tutýan ornuny pugtalandyrmagy dowam ederis diýip beleldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde 2012-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan syýasy we guramaçylyk çärelerine ykjam taýýarlyk görmegiň möhümdigi bellenildi.

Içerki syýasat barada aýdylanda bolsa, senagatyň, gurluşygyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň we beýleki esasy pudaklarynyň, şeýle hem kiçi işewürligiň hususy telekeçiligiň okgunly ösmeginiň hasabyna jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary depgininiň üpjün edilýändigini bellemelidiris.

Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýaramaz hadysalara garamazdan, biz iri halkara taslamalaryna hem, içerki taslamalara hem uly möçberde maýa goýumlaryny goýýarys we bu taslamalary üstünlikli amala aşyrmagy dowam edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şol taslamalaryň arasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek, Demirgazyk-Günorta demir ýoluny gurmak, ýangyç-energetika ulgamyndaky we beýleki ugurlardaky taslamalar bar.

Ak mermere beslenen paýtagtymyza öňküsi ýaly örän uly üns berýändigimizi bellemek isleýärin. Biz ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda bütin bir etrapçany ähli durmuş üpjünçilik ulgamlary bilen bilelikde dabaraly açyp, ulanmaga berdik we bu ugurda işler dowam etdirilýär diýip, milletiň Lideri nygtady.

Bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak meselesi Prezidentiň we Hökümetiň üns merkezinde bolmagynda galýar. Bular barada aýtmak bilen, milletiň Lideri ýurdumyzda ägirt uly gurluşyk taslamalary üstünlikli amala aşyrylýandygyny, bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin bize ýokary hünärli gurluşykçy inženerleriň, şeýle hem desgalaryň özboluşly, milli äheňdäki taslamalaryny taýýarlap biljek, ýokary taýýarlykly binagärleriň we dizaýnerleriň gerekdigini belledi. Şonuň ýaly-da, ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda işlejek ökde hünärmenler zerur bolup durýar. Biz bu wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, şu ýyl täze institutlary: täze binalar toplumynda ýerleşýän Türkmen döwlet nebit we gaz institutyny hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny açdyk diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamamyza laýyklykda, 2 milliard 247 million manatdan gowrak maýa goýum serişdeleri özleşdirildi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Ýurdumyzyň obalarynda ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem köp sanly mekdepler, hassahanalar, çagalar baglary, awtomobil ýollary, gaz we suw geçirijileri, elektrik üpjünçilik ulgamlary we beýleki durmuş maksatly desgalar gurlup, ulanmaga berildi.

Geçen ýarym ýylyň dowamynda ähli ýolbaşçylaryň, aýratyn hem, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleriniň aýry-aýry meseleleri çözmek boýunça netijeli işleri alyp barandyklaryny, ýörite okuwlary, tejribe sapaklaryny geçirendiklerini bellemek isleýärin.

Biz ilkinji gezek ýurdumyzyň welaýatlaryny 2012–2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Meýilnamalaryny işläp taýýarladyk we olary şu gün kabul etdik. Ýöne, indi ähli welaýatlaryň ýolbaşçylary şu ýylyň ikinji ýarymynda bu Meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmelidirler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe bu Meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Umuman, Maýa goýum maksatnamamyzyň durmuşa geçirilişine baha bermek üçin, ýurdumyz boýunça umumy bahasy 35 milliard 400 million amerikan dollaryna barabar bolan 1800-e golaý desganyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny we maýa goýumlarynyň möçberleriniň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 116,6 göterim artandygyny bellemek ýeterlikdir diýip, milletiň Lideri aýtdy. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň uly mümkinçilikleriniň bardygyna we entek doly ulanylmaýan mümkinçilikleriniň hem köpdügine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa, adalat ministri M.Garryýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini nygtady. Bu işleri diňe bir dowam etmek bilen hem çäklenmän, ýakyn ýyllar üçin göz öňünde tutulan maksatlardan ugur alyp, olaryň has anyk bolmagyny gazanmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary ýurdumyzyň we dünýäniň ykdysadyýetinde bolup geçýän özgermeleri anyk seljermelidirler, içerki bazarymyzda haryt bolçulygyny döretmek boýunça öz wagtynda netijeli çäreleri görmelidirler we bu ugurda bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmelidirler. Şonuň ýaly-da, bilelikdäki kärhanalary döretmegiň kanunçylyk meselelerini öwrenmek, eger zerur bolsa, maýadarlar üçin goşmaça ýeňillikleri göz öňünde tutmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şunda döwlet Baştutanymyz neşekeşlige garşy göreşmek boýunça kanunçylykda has berk düzgünleri göz öňünde tutmalydygyny, bikanun ýol bilen gazanylan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek ulgamynyň hem kämilleşdirilmelidigini, bu meselelerde halkara guramalary, aýratyn hem, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmelidigini nygtady.

Halkara Pul gaznasy ýaly abraýly guramalaryň wekilleri ýurdumyza gelip, amala aşyrýan özgertmelerimize baha berip, ykdysadyýetimiziň şu ýyl güýçli depginler bilen ösjekdigi barada häli-şindi aýdýan hem bolsalar, biz belent sepgitlere ýetmek üçin örän köp we tutanýerli zähmet çekmelidiris diýip, milletiň Lideri aýtdy. Şoňa görä-de, halkymyzyň taryhy we demokratik gymmatlyklaryny nazara alyp, döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işleri dowam etmelidiris. Şonuň bilen birlikde, şu ýylyň ikinji ýarymynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde uzak möhlete niýetlenen, toplumlaýyn maksatnamalarymyzy we özgertmelerimizi durmuşa geçirmek örän möhüm, ileri tutulýan ugurlar bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Biziň öňümizde örän möhüm çäräni  ýylyň ahyryna çenli Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek wezipesi durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtmak bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy O.Nyýazlyýewe, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa bu möhüm çärä düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem, biz 2013-nji ýylda öňümizde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna çenli Ýaşulular maslahatyny geçirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Mejlisiň başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, häkimlere, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geljek ýyl üçin kabul ediljek Döwlet býujetiniň üstünde häzirden işläp başlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri hem ýokary depginler bilen dowam etmegiň möhümdigini belläp, bu ulgamlaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri beýan etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmelere telekeçileriň, hususy pudagyň wekilleriniň has giňden çekilmelidigini nygtady. Şunda milletiň Lideri obada iş alyp barmagyň täze görnüşleriniň ornaşdyrmagynyň möhümdigni aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň, ykdysady toplumyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde hem anyk wezipeleri goýdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Ýegeleýewe, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine ýüzlenip, gurluşyk kärhanalarynyň we senagat pudagynyň kuwwatlyklaryny pugtalandyrmaga we giňeltmäge, gurluşyk pudagyna milli gurluşyk kompaniýalaryny, şol sanda hususy kompaniýalary we firmalary çekmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtady.

Netijede, binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny gazanmaly. Bu aýratyn hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky we Aşgabat şäherindäki gurluşyklara degişlidir. Täze okuw ýyly başlanýança, şeýle hem oktýabr aýynda bellenýän baş baýramymyz bolan Garaşsyzlyk baýramyna çenli tabşyrmak göz öňünde tutulan binalaryň we desgalaryň ählisiniň gurluşygy doly tamamlanmalydyr. Biz öňümizde duran baş baýramymyzy  ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyny uly dabara bilen belläp geçeris. Bu baýramy ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetip, uly üstünlikleri gazanyp, mynasyp garşylamalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlyk baýramyna düýpli taýýarlyk görüp, bu baýram mynasybetli oňat maksatnamalary işläp düzmegiň, teleýaýlymlarda bermek üçin gyzykly gepleşikleri taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, teatrlarda täze oýunlary goýmaly, zähmetsöýer halkymyzy wasp edýän ajaýyp eserleri, şol sanda sahna eserlerini we aýdym-sazlary döretmek möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, nebit we gaz geçirijilerini gurmak, täze nebit we gaz ýataklaryny açmak, olary özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri geljekde hem ýokary depginler bilen dowam etmek gerek diýip belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk serişdelerini, aýratyn hem, öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň, pudaga täze tehnologiýalary we Internet ulgamyny giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Ýurdumyzyň her bir ilatly ýeriniň aragatnaşyk, Internet ulgamy, ýolagçy ulag gatnawlary bilen doly üpjün edilmegini gazanmak möhümdir diýip, milletiň Lideri aýtdy. Demir ýol ulaglary we howa gatnawlary ulgamynda müşderilere hem-de ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer H.Muhammedowa we onuň gözegçilik edýän ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ilatymyzy ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri geljekde hem netijeli dowam etmegiň, ýurdumyzyň telekeçilerine giňden goldaw bermegiň, hususy gazetleri we žurnallary döretmek boýunça alnyp barylýan syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşyny tamamlamak bilen, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara 7-nji iýuldan 16-njy iýul aralygynda dynç almaga rugsat berýändigini we olaryň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, Arçmanda, Ýylysuwda we ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp biljekdiklerini aýtdy.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleriniň hem birnäçesine seredildi. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk we abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.