Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Senagat ministrligi garamagyna berilýän edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň sanawyny bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi. Türkmenistanyň Senagat ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynda ýyllyk kuwwaty 60 müň tonna pagta arassalýjy kärhananyň çäginde täze önümçilik bölüminiň taslamasyny düzmek we gurmak barada şertnamany, gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň iýul aýynda başlap, desgany 2015-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly we taýýar edip tabşyrmak şertinde;
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýyllyk kuwwaty 90 müň tonna pagta arassalaýjy kärhananyň çäginde täze önümçilik bölüminiň taslamasyny düzmek we gurmak barada şertnamany, gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň iýul aýynda başlap, desgany 2013-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly we taýýar edip tabşyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Ahal welaýatyny 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Meýilnamasy;
Balkan welaýatyny 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Meýilnamasy;
Daşoguz welaýatyny 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Meýilnamasy;
Lebap welaýatyny 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Meýilnamasy;
Mary welaýatyny 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Harby lukmançylyk fakultetini;
Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we taktikasy, Harby meýdan terapiýasy, Harby meýdan hirurgiýasy, Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikolagiýa kafedralaryny açmak bellenildi.
2012-2013-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet apparatynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak okuwlaryna (okuwyň möhleti bäş aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;
2012-2013-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň kommersiýa arbitražy boýunça döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak okuwlaryna (okuwyň möhleti dört aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;
2012-2013-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz- özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;
2012-2013-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna diňleýjileri kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibi tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Senagat ministrligi garamagyna berilýän edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň sanawyny bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi. Türkmenistanyň Senagat ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň energetika pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Energetika ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
* * *
"Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny", “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bilim ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmek, ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksada okgnuly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, häzirki zaman enjamlaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy, şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzy senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen uly möçberli özgertmelere esaslanýan ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ylym ulgamyny has-da ösdürmek, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy”, şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
* * *
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek işini kämilleşdirmek, dalaşgärleriň zehin başarnyklaryny has-da çuňňur öwrenmek hem-de “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda girişde goşmaça döredijilik we hünär häsiýetli synaglar geçirilip bilinjek ýokary hünär bilimi boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlarynyň (hünärleriniň) sanawy, şeýle hem girişde goşmaça döredijilik we hünär häsiýetli synaglar geçirilip bilinjek orta hünär bilimi boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlarynyň (hünärleriniň) sanawy tassyklanyldy.
* * *
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny has-da ösdürmek, "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda" göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň orta hünär bilimli hünärmenlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda degişli ministrliklere we pudak edaralaryna öz garamagynda hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän orta hünär okuw mekdeplerini bellenen tertipde döretmäge ygtyýar berildi. Degişli ministrlikler we pudak edaralary Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde tabynlygynda döredilen orta hünär okuw mekdebiniň Tertipnamasyny 1 aý möhletde taýýarlamaga we bellenen tertipde tassyklamaga, orta hünär mekdebiniň okuw meýilnamalaryny 1 aý möhletde taýýarlamaga we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamak üçin bermäge, orta hünär okuw mekdebinde hünärmenleri hünärleriň aýratynlyklaryna laýyklykda 2-2,5 ýyllyk bilim maksatnamalary boýunça taýýarlamaga we okuwlary 2012-2013-nji okuw ýylyndan başlamaga borçly edildi.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurdumyzyň ýaş nesliniň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek hem-de olaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerine 2012-2013-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara sowgat bermek üçin, 71464 sany “Lenowo IdeaPad S110” kysymly netbuk komýuterini satyn almak barada “JIANGSU GUOTAI LITIAN ENTERPRISES CO., LTD” hytaý kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
* * *
"Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny" üstünlikli durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny hem-de ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärlikler ulgamyny maksatlaýyn ösdürmek, halkymyza medeni hyzmat etmegiň usullarynyň, milli baýramçylyklary, dabaralary guramagyň hiliniň we many-mazmunynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli medeni mirasymyzy has çuňňur öwrenmek we ony gorap saklamak, şeýle hem ýurdumyzyň milli syýahatçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri netijeli amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasy, şu maksatnamany amala aşyrmagyň meýilnamasy tassyklanyldy.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişiniň köpugurlylygyny üpjün etmek, mineral-çig mal serişdeleriniň gaýtadan işlenilişini çuňlaşdyrmak, himiýa önümlerini öndürmek boýunça işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we balyk hojalygy pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasy tassyklanyldy.
* * *
“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzda uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň netijesinde nebit önümleriniň möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna bu toplumda nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän ELDAD-HT-7 desgasynyň gurluşygyny doly tamamlamak barada Niderlandlar Patyşalygynyň “Alliance Engineering and Construction B.V.” kompaniýasy bilen şertnamany işlere 2012-nji ýylyň iýul aýynda başlap, desgany 2014-nji ýylyň iýul aýynda doly taýýar edip, tabşyrmak şertinde öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
* * *
Ýurdumyzyň himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem “Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumyny gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda çykaran 10802-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti bilen Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda çykaran 10802-nji kararyna laýyklykda Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumyny gurmak barada “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Belarus Respublikasynyň “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýetleriniň arasynda 2010-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda baglaşylan 01/2010 belgili şertnama, kali ý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumynyň gurluşygynyň bir bölegini maliýeleşdirmek üçin Belarus Respublikasynyň maliýe edaralaryndan alynmaly 150 million amerikan dollary möçberdäki karzyň ýerine Türkmenistanyň banklarynyň şol möçberdäki karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilmegi bilen baglylykda taslama boýunça goşulan baha üçin salgydyň möçberiniň artýandygy sebäpli, şertnamanyň umumy bahasyny 1 milliard 126 million amerikan dollaryna ýetirmek barada goşmaça ylalaşygy baglaşmaga, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň serişdeleriniň hasabyna 150 millon amerikan dollary möçberinde “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky bilen 4 ýyl ýeňillikli döwri bolan 10 ýyl möhlete, ýyllyk 5 göterim bilen karz ylalaşygyny baglaşmaga ygtyýar berildi.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” ýerine ýetirmek hem-de pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek we pagtany gaýtadan işleýän pudagyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmenpagta” döwlet konsernine Britan Wirgin adalarynyň “Engin Group Consorcium S.A.” kompaniýasy bilen Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhananyň hem-de onuň ähli daşarky we içerki inžener üpjünçilik ulgamlarynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada şertnamany, gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň iýul aýynda başlap, desgany 2015-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly we taýýar edip tabşyrmak şertinde;
Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynda ýyllyk kuwwaty 60 müň tonna pagta arassalýjy kärhananyň çäginde täze önümçilik bölüminiň taslamasyny düzmek we gurmak barada şertnamany, gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň iýul aýynda başlap, desgany 2015-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly we taýýar edip tabşyrmak şertinde;
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýyllyk kuwwaty 90 müň tonna pagta arassalaýjy kärhananyň çäginde täze önümçilik bölüminiň taslamasyny düzmek we gurmak barada şertnamany, gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň iýul aýynda başlap, desgany 2013-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly we taýýar edip tabşyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ulaglar we aragatnaşyk toplumyny çalt depginler bilen ösdürmek, ýurdumyzyň ilatynyň ýokary hilli ulag we aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de pudagy has-da döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny", “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmenistanyň Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasy”, şu maksatnamany amala aşyrmagyň Meýilnamasy tassyklanyldy.
* * *
"Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna" laýyklykda, ýurdumyzda ulaglar pudagyny, şol sanda milli raýat awiasiýamyzy ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, raýat awiasiýasyny täze, döwrebap tehnikalar bilen yzygiderli üpjün etmek, şeýle hem ýolagçylara edilýän hyzmatlary we awiasiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy” tassyklanyldy.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek we ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasy, şu ulgamlary ösdürmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin Meýilnamasy tassyklanyldy.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, sebitleýin maýa goýum işjeňligini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
Ahal welaýatyny 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Meýilnamasy;
Balkan welaýatyny 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Meýilnamasy;
Daşoguz welaýatyny 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Meýilnamasy;
Lebap welaýatyny 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Meýilnamasy;
Mary welaýatyny 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolan bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek, okatmagyň häzirki zaman täze usullaryny işläp düzmek, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň hem-de harby edaralarynyň lukmançylyk gulluklary üçin ýokary hünär bilimli harby lukmanlary taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň bellenen işgär sanynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde:
Harby lukmançylyk fakultetini;
Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we taktikasy, Harby meýdan terapiýasy, Harby meýdan hirurgiýasy, Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikolagiýa kafedralaryny açmak bellenildi.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny çalt depginler bilen ösdürmek we öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak hem-de halkara standartlaryna laýyk gelýän, bäsleşige ukyply önümçilikleri döretmek arkaly azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasy, şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda 2012-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet topary 2012-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulýet taýdan ýolbaşçylyk etmeli we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramaga borçly edildi. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talaba laýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmek tabşyryldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda 2012-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2012-nji ýylyň 9-njy iýuly—24-nji awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek tabşyryldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda 2012-2013-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet apparatynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwlaryna (okuwyň möhleti iki ýyl) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;
2012-2013-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet apparatynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak okuwlaryna (okuwyň möhleti bäş aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;
2012-2013-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň kommersiýa arbitražy boýunça döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak okuwlaryna (okuwyň möhleti dört aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;
2012-2013-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz- özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;
2012-2013-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna diňleýjileri kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibi tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäginde 2008-2011-nji ýyllarda gurulmagy göz öňünde tutulan binalaryň, desgalaryň we inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyklaryny doly tamamlamak hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýokarda agzalyp geçilen Kararyň çäginde 2008-2011-nji ýyllarda gurulmagy göz öňünde tutulan binalaryň, desgalaryň we inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygyny doly tamamlamak boýunça welaýatlaryň Iş meýilnamasy tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hem-de “Türkmengallaönümleri” assosiýasiýasynyň başlygy galla önümleri kärhanalaryny gurmak boýunça daşary ýurt kompaniýalarynyň alyp barýan gurluşyklary bilen ýerinde tanyşmak üçin, 2012-nji ýylyň 8-9-njy iýuly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde gulluk iş saparynda bolar.