Ï Täze jaýlaryň açarlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze jaýlaryň açarlary

view-icon 630
Türkmenbaşy şäherinde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy esasynda gurulan 24 otagly ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi.

Täze göçüp geljekler ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan iki, üç we dört otagly gowulandyrylan öýleriň açarlaryny eline aldylar. Ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan bu öýlerde otaglaryň beýikligi, girelgeleri giň, myhman jaýlary ýagty, ýatylýan otaglaryň rahatlygy we amatlylygy, şäheriň gözelligini we onuň daş – töweregini synlamak üçin balkonlary-adamlaryň rahat ýaşamagy üçin döredilýän amatlylyklary aýdyň görkezýär. Otaglarynyň sanyna garamazdan her bir öýde iki sany sanuzel we iki sany wanna otaglary göz öňünde tutulan. Häzirki zaman tehnikasy we diwara oturdylan mebelli oňaýly aşhana öý bikelerinde aýratyn begenç we buýsanç duýgularyny oýarýar.


Bu jaý Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň şu ýylyň başyndan tabşyran ikinji jaýydyr. Onuň birinjisi zawodyň işgärlerine ýarym ýyl mundan öň ýaşamak üçin berildi. Häzirki wagtda bolsa ýaşaýyş jaýyň üçünjisi gurulýar. Onuň gurluşygynyň tamamlanyp ulanylmaga berilmegi bilen bu ýerde nebitçiler üçin hemme infrastrukturasy bolan etrapça dörär. Dürmuş üpjünçiligi tehniki desgalardan başga bu ýerde pyýada ýörelýän ýodaly, dynç almak üçin meýdançaly, çagalar we ulular üçin niýetlenen oýun meýdançalary öz içine alýan ýaşyl zolak hem dörediler.