Ï Bir ykbally zenanlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bir ykbally zenanlar

view-icon 592
Murgap sebitiniň ýaşäýjylary Orazbibi Çaryýewa, Ogulgerek Gylyjowa we Täjigül Welihanowa bir günde – 1-nji iýulda doguldylar. Şu tomusda Ogulgerek we Täjigül özleriniň ýüzünji doglan günlerini bellediler, Orazbibi bolsa olardan 11 ýaş uly. Beýleki ýaşytdaşlary ýaly olaryň ykballary hem köp babatda meňzeşdir.

Orazbibi Çaryýewa Wekilbazar etrabynyň Mülkbürki obasynda ýaşaýar. Onuň adamsy Çary Orazmyradow 1942-nji ýylyň başynda urşa gitdi. Ondan gelýän her bir habara uzak garaşylýardy. Soňra bolsa ondan hat gelmesi hem kesildi. Urşuň gutarmagyna bir ýyl galanda maşgala watan goragçysynyň mertlerçe wepat bolandygyny bildi. Watan goragçysy Rumyniýada Günorta Ploýeştide jaýlanypdyr.

Baýramaly etrabynyň Agaýusup adyndaky geňeşliginde ýaşaýan Ogulgerek Gylyjowanyň adamsy Gylyç Goşaýew urşa meýletin gitdi. 1943-nji ýylyň dekabr aýynda garyndaşlary esgeriň Belarusyň Polesýe diýen ýerinde wepat bolandygy baradaky habary aldylar.

Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy Täjigül Welihanowa hem öz ýoldaşy Welihan Myradowy urşuň ilkinji günlerinde urşa ugratdy. Üç aýdan soňra ol öz söweşjeň ýoldaşlary bilen şatlygyny paýlaşdy – söweş meýdanlaryndan uzak bolan tylda onuň ogly Ýazgeldi dünýä indi. Ýöne esgere ogly bilen didarlaşmak nesip etmedi. 1942-nji ýylyň dekabr aýynda esger Pskowyň etegindäki doganlyk mazarynda jaýlanyldy.

Nähili kyn hem bolsa esgerleriň ýanýoldaşlary ekin meýdanlarynda hem, öýde hem öz işlerine hötde gelýärdiler. Olar uzak gijeler, beýleki obadaş zenanlary ýaly, esgerler üçin urşa ugratmak üçin ýüň jorap örýärdiler, beýleki ýyly egin eşikleri ýygnaýardylar, keçe basýardylar, egin-eşikleri tikýärdiler. Ir säher bilen bolsa ýene-de – ekin ekmek, otag etmek, hasyly ösdürip ýetişdirmek we ony zaýasyz ýygnamak üçin ekin meýdanlaryna gidýärdiler.

Orazbibi Çaryýewa, Ogulgerek Gylyjowa we Täjigül Welihanowa dagy öz agtyklaryna we çowluklaryna nähili durmuşda ýaşandyklary barada täsirli gürrüň berýärler.Olar bolsa öz gezeginde ak saçly mährem eneleri uly üns we ýyly mähir bilen gurşap alýarlar. Biziň döwletimiz urşuň yzynda galan zenanlar barada ýakyndan we uly aladalary edýär.