Daşoguzyň 2-nji ýöriteleşdirlen gurluşyk müdirliginiň (ÝGM) toparlary ýurduň demirgazyk sebtinde bilim, ýaşaýyş we durmuş ähmiýetli desgalaryň onlarçasyny gurýarlar.
S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň S.Rozmetow adyndaky geňeşlikde 640 orunlyk täze orta mekdebiň binasynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Okuw otaglary ýerleşjek iki gatly binalaryň bäşisi guruldy. Otaglar okatmagyň iň täze tehniki serişdeleri, multimediýa we kompýuter enjamlary bilen üpjün ediler. Bu ýerde tejribe sapaklar üçin okuw barlaghanalary, zähmet okuwy üçin ussahanalar, maslahatlar, sazçylyk we sport zallary, kitaphana we naharhana gurular. Şeýle hem sport zalynyň binasy guruldy. Binanyň içki jaýlarynyň bezeg işleri alnyp barylýar, ýyladyş, lagym we suw üpjünçilik ulgamlary çekilýär. Mekdebiň çäklerinde ylgaw geçirilýän ýodajykly sport meýdançasy, üsti açyk woleýbol we basketbol meýdançalary, tennis korty ýerleşer.
Şeýle hem Daşoguzyň 2-nji ÝGM toparlary her biri 320 orunlyk bolan orta mekdepleri Daşoguz şäheriniň Oguzhan köçesinde, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky weBoldumsaz etraplarynyň merkezlerinde gurarlar. Köneürgenç etrabynyň „Pagtaçy“ daýhan birleşiginde 280 orunlyk mekdebiň gurluşygy alnyp barylýar. Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň merkezinde 160 orunlyk çagalar bagy, 100 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy Köneürgenç etrabynyň „Maslahat“ daýhan birleşiginde alnyp barylýar.
Welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky, Gurbansoltan eje adyndaky, Akdepe we Köneürgenç etraplarynyň etrap keselhanalarynyň binalarynyň durkuny täzelemek işleri tamamlanyp barýar. Olarda içki jaýllaryny we binalaryň öň taraplaryny düýpli abatlamak işleri geçirildi, ýyladyş ulgamynyň, inžener-tehniki kommunikasiýalaryň durky doly täzelenildi.
Daşoguz şäherinde Ruhnama köçesiniň ugrunda ähli amatlyklary bolan iki sany dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy 2-nji ÝGM bölümleri tarapyndan alnyp barylýar. „Nowruz-2“ ýaşaýyş etrapçasynyň çäklerinde 360 orunlyk täze sport mekdebiniň ajaýyp binasynyň boýy barha belende galýar. Ony şu ýylyň dekabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.