Ï Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

view-icon 590
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Krasnodar ülkesinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyk zerarly Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine gynanç hatyny iberdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz öz hatynda gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.