Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 683
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalarynyň käbiriniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda Türkmen döwletini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary we meseleleri, welaýatlarda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem degişli düzümlerde işleriň ýagdaýy we Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wideoşekilli iş maslahatynda göni aragatnaşyga ilki Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy. Ol welaýatda işleriň ýagdaýy, hususan-da, gowaça ideg etmek boýunça işleriň barşy hakynda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek, welaýatlarda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek we berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen kabul edilen 2012-2016-njy ýyllarda Ahal welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan il-ýurt ähmiýetli çäreler barada hasabat berdi. Häkim döwlet Baştutanyna pagta ýygyjy tehnikany, awtoulaglary ýygym möwsümine taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada habar berdi. Welaýatda täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty ähli ugurlar boýunça ösdürmegiň gaýragoýulmasyz meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belläp, gowaça edilýän idegiň we pagta ýygymyna görülýän taýýarlygyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny we möwsümiň bellenilen möhletlerde tamamlanmalydygyny hem-de ýokary hilli geçirilmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutany pagta ýygymy möwsümine az wagtyň galandygyny ýatladyp, gowaça ideg etmek boýunça işler, şeýle hem ähli tehnikany pagta ýygym möwsümine taýýarlamak bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

Täze pagta ýygym möwsüminde ýokary görkezijileri gazanmak ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň öňünde durýan esasy wezipedigini belläp, hormatly Prezidentimiz häkime oňa taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri, degişli düzümleriň işini utgaşdyrmagy, oba hojalyk tehnikasyny netijeli peýdalanmagy, geljekki hasyly degişli ýagdaýda saklamak we hasyl daşalanda ýitgä ýol bermezlik boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselä degip geçmek bilen, milli Liderimiz häkime 1-nji sentýabra çenli welaýatyň ähli okuw mekdeplerinde degişli abatlaýyş işlerini doly tamamlamak üçin bu meseläni ýörite maslahatlaryň gün tertibine girizmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany täze mekdepleriň we mekdebe çenli edaralaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmagyň, olary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermegiň möhümdigini aýtdy.

Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda öz hasabatyny häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy baradaky habardan başlady. Hususan-da, häkim häzirki döwürde pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işleri, şol bir wagtyň özünde gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan iýmitlendirmek, suwarmak bilen baglanyşykly çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsüminiň guramaçylykly ýola goýluşy, bu ýerde gurulýan binalardaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem welaýatyň beýleki ýerlerinde gurulýan desgalar barada aýtdy.

Welaýatda gurulýan durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň ýagdaýyna degip geçmek bilen, milli Liderimiz Awazada tomusky dynç alyş möwsüminiň guralyşyna aýratyn üns berilmelidigini belledi we bu ýerde ýurdumyzyň raýatlarynyň hem-de daşary ýurtlularyň oňaýly dynç alyp bilmekleri, saglygyny berkitmekleri üçin zerur şertleriň döredilişini hemişe üns merkezinde saklamalydygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim hasabatynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde gowaçalara agrotehniki kadalara laýyk ideg etmek we oba hojalyk tehnikalaryny pagta ýygym möwsüme taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem kabul edilen Milli maksatnama laýyklykda welaýatyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, mundan başga-da welaýatyň çäginde bar bolan umumybilim berýän mekdeplerinde abatlaýyş işlerini täze okuw möwsümine çenli doly gutarmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ulgamynda derwaýys möwsüm bolan pagta ýygymyna ýokary derejede we guramaçylykly girişmek hem-de ony öz wagtynda tamamlamak bilen baglanyşykly işleriň hemişe üns merkezinde durmalydygyny belledi we häzirki döwürde gowaça meýdanlarynda pagtanyň göwnejaý hasylynyň ýetişýändigini nazarda tutup, olara ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň hiliniň ýokary bolmalydygyny belledi. Oba hojalyk tehnikalaryny ýygyma hem-de ýygnalan hasyly daşamaga doly taýýar etmelidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýygnalan hasylyň talaba laýyk saklanmagy, ýitgä ýol berilmezligi, welaýatyň pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamasyna abraý bilen hötde gelmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň durmuş ulgamy bilen baglanyşykly düzümlerinde alnyp barylýan işleriň, hususan-da, mekdepleri täze okuw ýylyna taýýarlamagyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow özüniň hasabatynda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda habar berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleri, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymyny gysga wagtyň içinde, ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, häzirki wagtda welaýatda gowaça ideg etmek, dökünlemek boýunça agrotehniki çäreleriň toplumyny ýokary hilli geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny pagta hasylyny ýygnamaga we daşamaga doly taýýar etmek barada anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidlentimiz kabul edilen maksatnama laýyklykda welaýatda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, mekdepleriň täze okuw ýylyna taýýarlyk meselesini göwnejaý çözmek bilen baglanyşykly işleriň gyssagly ýerine ýetirilmelidigini aýtdy.

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowy çagyrdy. Häkim sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, gowaçalara ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem welaýatyň gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ol welaýatda pagta ýygymyna taýýarlyk işleriniň barşy baradaky hasabatynyň çäklerinde, oba hojalyk tehnikalaryny ýygym möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynda pagta ýygymyny öz wagtynda hem-de ýokary derejede geçirmek barada aýtmak bilen, meýdanlarda bol hasylyň ýetişýändigini belledi we ýetişdirilen hasyly ýitgisiz hem-de öz möhletinde ýygnamak bilen baglanyşykly işleriň ýokary derejede guralmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek, olaryň bellenen möhletde we ýokary hilli gurlup gutarylmagyny üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutany göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Ol paýtagtymyzda gurluşyk işleriniň ýagdaýy, Aşgabady toplumlaýyn abadanlaşdyrmak, şäheriň ulag-aragatnaşyk üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça ýörite meýilnamanyň durmuşa geçirilişi hem-de durmuş häsiýetli beýleki çäreleriň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutany uly möçberli binagärlik – şähergurluşyk maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak boýunça paýtagtymyzda geçirilýän işleriň depginlerini ýokarlandyrmaga, şäher ilaty üçin häzirki zaman amatlylyklary döretmek meselelerine ünsi çekip, Aşgabatda gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmak hem-de türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda hökümetiň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler hakynda hasabat berdi, şeýle hem 21-nji iýulda bellenip geçilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe we şol senä bagyşlanylan çärelere görülýän taýýarlyk hakyndaky habar hem aýdyldy, şol çäreleriň hatarynda halkara sergisi we ylmy maslahat bar. Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde täzelenen Mollagara şypahanasynyň açylyşy hem bolar, şol şypahanada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda düýpli durkuny täzeleýiş işleri geçirildi hem-de täze bejeriş binalary guruldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, milletimiziň saglygyny pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Döwletimiz geljekde-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de kämilleşdirmäge we hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda boljak halkara sergisinde we ylmy maslahatda Türkmenistanyň saglygy goraýşynyň, şeýle hem dünýäniň lukmançylygynyň gazanan üstünlikleriniň aýdyň beýan edilmelidigini belläp, meýilleşdirilen ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti durky täzelenen Mollagara şypahanasynyň açylmagyna degişli meselä geçip, birnäçe keselleri bejermek üçin baý tebigy serişdeleri bolan bu özboluşly şypahananyň täzelenmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady. Bütin dünýä meşhur sagaldyş edarasynyň giňeldilmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binyadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi türkmenistanlylaryň şypahana bejergisine bolan zerurlyklarynyň has doly kanagatlandyrylmagyna hem-de bu ýere daşary ýurtly myhmanlaryň köp sanlysyny çekmäge ýardam etjekdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz täzelenen şypahana toplumynyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowanyň hasabaty diňlenildi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze “Bereket” myhmanhanasynyň hem-de Balkan welaýatynda Mollagara şypahanasynyň täze gurlan we durky täzelenen binalarynyň açylyş dabarasyna taýýarlanan medeni çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyza halkara möçberindäki iri waka-GDA-nyň sungat ussatlarynyň şu ýyl Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Mary şäherinde geçiriljek konsertine görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Milli Liderimiz habary diňläp, Hazar deňziniň kenarynda geçiriljek medeni çärelere, şeýle hem medeni-durmuş maksatly möhüm desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlygyň meselelerine degip geçmek bilen, şol çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde, aýratyn çeperçilik ruhunda, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuna kybap gelýän döredijilik ylhamy bilen geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ähli halkara derejeli medeni wakalary hem-de garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanynyzyň beýleki döwletler bilen halkara gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrjak GDA-nyň sungat ussatlarynyň bu konsertini geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada görkezme berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewi çagyrdy. Wise-premýer ýurdumyzda gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalar, paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde binalaryň we ýollaryň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, täze binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagy, olaryň inženerçilik ulgamlarynyň we beýlekileriň gurulmagyny öz içine alýan gurluşyk taslamalarynyň toplumlaýyn amala aşyrylmagyny üpjün etmek bilen ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň düzümlerini has-da ösdürmegiň möhümdigini aýtdy.

Welaýatlarda gurulýan desgalaryň hiline berk gözegçilik etmegiň we olary ulanmaga bermegiň möhletlerini berjaý etmegiň möhümdigi barada nygtamak bilen,milli Liderimiz bu babatda kemçiliklere ýol berilmeli däldigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz täze desgalary gurmak we bar bolan desgalaryň durkuny düýpli täzelemek bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, wise-premýere gurluşyk materiallaryny öndürmek we peýdalanmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary R.Seýitkulyýew çykyş edip, gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem öz garamagyndaky pudaklaryň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek, olary döwrebaplaşdyrmak, tehnikalaryň üstüni häzirki zaman ulaglary bilen yzygiderli ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, köp ugurly ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmek ýurdumyzyň ykdysady, maýa goýum, üstaşyr, serişdeler kuwwatyny amala aşyrmagyň möhüm şerti bolup durýar diýip belledi. Döwletimiz bu ulgamyň tehnologik üpjünçiligine hemmetaraplaýyn üns berýär diýip nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere bu pudagyň kärhanalarynyň işini degişli derejede üpjün etmek boýunça gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Pudagy dünýä ülňüleriniň ýokary derejesine çykarmak üçin bolsa innowasion çemeleşmeler we işleriň takyk meýilnamasynyň berjaý edilmegi möhüm bolup durýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer ýakynda tassyklanylan “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň” çäklerinde durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetleriniň şu ýylyň 19-njy iýulynda boljak nobatdaky bilelikdäki mejlisiniň gün tertibi hakyndaky habar hem aýdyldy, şol mejlise gatnaşmak üçin türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly depginini kanagatlanmak bilen belledi, şol hyzmatdaşlyk köp ugurlar boýunça, şol sanda Ýaponiýanyň önüm öndürijilerinden Türkmenistanyň depginli ösýän ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda isleg bildirilýän kuwwatly awtoulag, gurluşyk we beýleki ýöriteleşdirilen tehnikany ibermek boýunça üstünlikli ösdürilýär.

Häzirki wagtda özara peýdaly türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy täze anyk mazmun bilen baýlaşýar diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek babatda ýakyn bäş ýyllykda bellenilen ähli meýilnamalary doly möçberde ýerine ýetirmegiň zerurdygy hakynda söz açyp, innowasion tehnologiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak, şeýle hem ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini aýratyn belledi.

Soňra döwlet Baştutany göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewi çagyrdy, ol özüne ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy hakynda we milletiň Lideriniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy hakynda hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, garamagyndaky guramalarda geçirilýän işler Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli hem-de öz wagtynda durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Önümleri paýlaşmak hakyndaky şertnamalara berk laýyklykda nebit we gaz çykarmak, geologiýa-gözleg işlerini we geologiki agtaryşlary geçirmek we beýleki ugurlar boýunça taslamalar amala aşyrylýar. Dünýäniň abraýly guramalary we esasy kompaniýalary bilen ýangyç-energetika toplumynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny” üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreleriň görülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Nebit we gaz çykarylyşyny artdyrmak, ýangyç serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de tutuşlygyna alnanda, ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak häzirki tapgyrda pudagyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelerdir diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri wise-premýere anyk tabşyryklaryň birnäçesini, şol sanda täze nebitgazly meýdançalary çalt abadanlaşdyrmaga, täze nebit we gaz ýataklaryny agtarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we buraw işlerini işjeňleşdirmäge, ýangyç-energetika toplumyna häzirki zamana tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga degişli tabşyryklary berdi.

Şu günki göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşanlaryň hemmesi 7-nji iýuldan 16-njy iýul aralygynda dynç almaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

Döwlet Baştutany göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň jemini jemläp, Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, onuň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna ýardam eder diýip belledi.

Döwlet Baştutany iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.