Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toplumynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Myhman duşuşyk we köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, Türkiýäniň kompaniýalarynyň daşary ýurtly işewürleriň üstünlikli işlemekleri üçin ähli amatly şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny mundan buýana-da pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň “açyk gapylar” syýasatyny we özara bähbitler esasynda ýola goýulýan işjeň gatnaşyklary yzygiderli durmuşa geçirýändigini we esasan-da özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde tanadan we täze işläp taýýarlamalara ägirt uly ylmy we önümçilik mümkinçiliklerine eýe bolan daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen uzakmöhletleýin, deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmaga hemmetaraplaýyn çalyşýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz we myhman duşuşygyň barşynda energetika pudagyny ösdürmek boýunça ägirt uly özgertmeler maksatnamasyny hem-de onuň uly geljegini nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, işewür “Çalyk Holding” kompaniýasynyň türkmen paýtagtyny elektroenergiýa bilen durnukly hem-de ygtybarly üpjün etmek we tutuş ýurduň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmek babatdaky täze tekliplerini mälim etdi.
Soňra “Çalyk Holding” kompaniýalar toplumynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy paýtagtymyzyň energiýa üpjünçiligini has-da gowulandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen taslamalary hödürledi. Türkmen paýtagtynyň elektroenergetiki düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly taslamalaryň tanyşdyrylyşyna ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew, Türkmenistanyň energetika ministri M. Artykow we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş. Durdylyýew gatnaşdy. Türkiýeli işewür Türkmenistanyň taryhynda iň iri energotaslamany durmuşa geçirmegiň tehniki aýratynlyklary we meýilnamalary barada gürrüň berdi.
Bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi okgunly ösýän paýtagtymyzyň onýyllyklaryň dowamynda ygtybarly we bökdençsiz energiýa üpjünçiligini kepillendirär. Taslamanyň durmuşa geçiriliş möhleti bäş ýyl bolup, ol üç tapgyrda amala aşyrylar. Gurulmagy meýilleşdirilýän podstansiýalaryň 27-siniň hemmesi bir bitewi elektroulgama birikdiriler.
Aşgabatda täze dolandyryş merkezi taslamanyň birinji tapgyrynda bina ediler. Onuň ikinji tapgyrynda bolsa täze merkez paýtagtymyzyň energiýa ulgamyny doly möçberde dolandyrmagy amala aşyrar. Bu iri taslamany “Çalyk Holding” kompaniýasy bilen bilelikde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileri bolan “Schneider Electric”, “Siemens”, “General Electric” we “ABB” (Eebibi) ýaly kompaniýalary ýerine ýtirerler. Olar täze energoulgama zerur bolan enjamlary getirerler we olary oturtmak hem-de gurnama işlerini, şeýle hem degişli hünärmenleri taýýarlamagy amala aşyrarlar.
Hormatly Prezidentimiz energiýa üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyny göz öňünde tutýan taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, olar amala aşyrylanda ulgamyň dürli howa şertlerine garamazdan, energiýa üpjünçiliginiň durnukly bolmalydygyny, taslamalarda dünýäniň iň öňdebaryjy gazananlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny hem-de olaryň ylmy nukdaýnazardan esaslandyrylmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ahmet Çalyga hem-de taslamalaryň tanyşdyrylyşyna gatnaşýan degişli ýolbaşçylarar bu işlere innowasion tehnologiýalaryň hem-de iň kämil enjamlaryň giňden ornaşdyrylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki zaman jsen energetika ulgamynyň döredilmegi tutuş halk hojalyk toplumynyň üstünlikli ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar, onuň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda ýurdumyz dünýäniň öňdebaryjy tejribesini önümçilige işjeň çekýär.
Milli Liderimiz dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bu taslamalar durmuşa geçirilende durmuş ulgamynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işi göz öňünde tutulmaldydyr, şeýle hem paýtagtymyzda lagym ulgamyny, köpri gurmak işlerini alyp barýan kompaniýalaryň işi bilen bu ulgama degişli elektrik, gaz we suw geçirijiler bilen utgaşykly alnyp barylmalydyr diýip belledi.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyz taslamanyň gurluşykçylary ulgam üçin zerur bolan kabelleri çekeninde, “Interbudmontaž” kompaniýasynyň gurýan lagymlaryndan peýdalanylsa maksada laýyk boljakdygyny belledi we olaryň ýerli häkimlikler bilen ýygjam gatnaşykda bolup, şäher gulluklary bilen özara gatnaşyklaryň ylalaşylan meýilnamasy esasynda işlemeklerini tabşyrdy. Munuň özi işleriň toplumlaýyn häsiýetde alnyp barylmagyny we gurulýan desgalaryň ýokary hilini üpjjün eder diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylarar ugurdaş düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem Ahmet Çalyk milli Liderimizi göz öňünde tutulýan energotaslamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly berlen tabşyryklary doly ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy we kompaniýa ynanylan taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň baý ykdysady we serişdeler kuwwaty daşary ýurtly maýa goýujylar üçin has amatly şertleriň döredilmegi netijesinde birnäçe ugurlar, esasan-da saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm desgalarynyň gurluşygyny alyp barmak boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Türkiýeli işewür pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi geljek hepdede ýetip gelýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen gutlady we döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan hem-de kämil saglygy goraýyş ulgamynyň döredilmegine, ilata berilýän lukmançylyk kömeginiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde uly üstünlikler arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, adamlar hakyndaky alada anyk durmuş ugra gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasyny düzdi we şeýle bolmagynda galýar diýip aýtdy. Ýurdumyzda soňky ýyllaryň dowamynda bina edilen döwrebap lukmançylyk merkezleri we iri durmuş-medeni ähmiýetli desgalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle desgalaryň gurluşygyna Türkiýäniň köp sanly kompaniýalarynyň, şol sanda “Çalyk Holding” kompaniýasynyň işjeň gatnaşýandygy duşuşykda bellenildi.
Milli Liderimiziň belliklerini we tekliplerini üns berip diňlemek bilen, Ahmet Çalyk özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparynyň ähli berlen tabşyryklary uly hormat bilen ýerine ýetirjekdigine we öz tarapyndan berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryna ýetilmeginde ähli zerur bolan tagallalary etjekdigine ynandyrdy.