Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Žoze Manuel Barrozunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Milli Liderimiz we Ýewropa Komissiýasynyň baştutany birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebitleýin syýasatyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatalaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentini ýakynda bolup geçen doglan güni bilen gutlady we milli Liderimize iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy taraplaryň deňhukukly we özara peýdaly esasda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklap, soňky ýyllarda şeýle gatnaşyklaryň täze hile we mazmuna eýe bolup, has-da işjeňleşendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Žoze Manuel Barrozu Ýewropa Bileleşigi Türkmenistany örän jogapkärli hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde görýändigini we biziň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga deňeçer çemeleşmelere esaslanýan işjeň daşary syýasat ugruny goldaýandygyny nygtady.
Ýewropa ugry Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir we şeýle bolmagynda galýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşigi, şeýle hem ÝB agza ýurtlar bilen özara gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz onlarça taslamalary durmuşa geçiren we häzirki döwürde dürli ugurlar boýunça birnäçe bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirýän ÝB bilen däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmäge türkmen tarapynyň taýýardygyny belledi.
Gürrüňdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň birnäçe ileri tutulýan ugurlarynda, hususan-da, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy durnukly ösüş üçin zerur şertleri döretmek işindäki taglallalary birleşdirmek bellenildi. Şu jähetden jenap Žoze Manuel Barrozu biziň ýurdumyzyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýändigini belledi we Türkmenistanyň işjeň başlangyçlary we tutuşlygyna alnanda ýurduň dörediji syýasaty munuň aýdyň subutnamasydyr diýip aýtdy.
ÝB agza ýurtlaryň energiýa göterijilere bolan yzygiderli ösýän isleglerini we Türkmenistanyň köp ugurly turbogeçiriji düzümiň döredilmegini ugur edinýän we özüniň energiýa göterijilerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa etmek babatda durmuşa geçirýän strategiýasyny nazara almak bilen, ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri gürrüňdeşligiň özenini düzdi. Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Ýewropada bu öňden görüjilikli strategiýa, şeýle hem türkmen Lideriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän energiýa howpsuzlygynyň ählumumy ulgamyny kemala getirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ägirt uly uglewodorod mümkinçiliklerine eýe bolmak bilen, Türkmenistan bu tebigy baýlyklaryň dünýä jemgyýetçiliginiň gullugyna gönükdirilmegi ugrunda çalyşýar we bu babatda anyk, yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Biziň ýurdumyz bu pudakda birnäçe iri taslamalary öňe sürýär, häzirki döwürde ýeterlik tejribe toplanyldy we Türkmenistan daşary ýurtly, şol sanda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Şu jähetden telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň halkara energetika giňişligindäki hyzmatdaşlygynyň ygtybarly we pugta hukuk esaslaryny kemala getirmek boýunça bilelikdäki işiň dowam etdirilmeginiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda ÝB-niň Türkmenistan bilen ýangyç-energetika toplumyndaky özara peýdaly gatnaşyklaryny giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigi tassyklandy.
Söhbetdeşler energetiki hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri öňe ilerletmek işinde bilelikdäki tagallalaryň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda energiýa göterijileriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly hem-de durnukly ugradylmagyny üpjün etmäge gönükldirilen täze halkara hukuk guralyny işläp taýýarlamak boýunça bilermenler toparynyň döredilmeginiň zerurdygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, bu gürrüň durnukly ösüş meseleleri jähetinde hormatly Prezidentimiziň “Rio-20” Bütindünýä forumynda eden çykyşynyň merkezinde boldy.
Türkmen energiýa göterijileriň Ýewropa ugruny üpjün edýän guralyň işlenip taýýarlanylmagyna ikitaraplaýyn taýýarlygyň bardygy Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy jenap Žoze Manuel Barrozuwyň geçen ýylyň başynda Türkmenistana bolan resmi sapary mahalynda tassyk edildi. Hususan-da, bu ulgamdaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we şertlerini kesgitlemäge gönükdirilen pugta hukuk binýadynyň döredilmeginiň zerurdygy hakyndaky ylalaşyk gazanyldy. Şu maksat bilen ýokary derejedäki iş topary döredildi. Onuň düzümine ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň: önüm öndürijiniň, üstaşyr geçirijiniň we sarp edijiniň hökümetleriniň resmi wekilleri girizildi. Häzirki döwre çenli bu toparyň çäklerinde gepleşikleriň birnäçe tapgyry geçirildi.
Şunuň bilen baglylykda, telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň şu ýylyň sentýabrynda ýokarda agzalan iş toparynyň nobatdaky mejlisini Aşgabatda geçirmek baradaky teklibini oňlady.
Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hormatly Prezidentimizi özi üçin islendik amatly pursatda Brýussel şäherine sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhzleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Žoze Manuel Barrozu hoşlaşanlarynda taraplaryň özara gyzyklanmalara we ählumumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny ýene bir ýola tassyk etdiler.