Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiini kabul etdi

view-icon 627
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň wezipesinde işini tamamlaýan jenap Pýer Moreli we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň wezipesine täze bellenilen hanym Patrisiýa Flory kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, myhmanlar türkmen döwletiniň Baştutanyna Ýewropanyň ýurtlarynyň möhüm ugurlaryň köpüsinde bilelikdäki taslamalaryň birnäçesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen berkidilen Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga çäksiz gyzyklanma bildirýändigini beýan eden Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Žoze Manuel Barrozudan gutlag sözlerini we iň gowy arzuwlary ýetirdiler.

Milletiň Lideri soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ÝB-niň gatnaşyklarynyň durnukly ösüş depgininiň saklanýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Bu gatnaşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyndan özara peýdaly gatnaşyklaryň amala aşyrylmagy giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir we şeýle bolmagynda galýar.

Duşuşugyň barşynda birnäçe esasy ugurlarda, ilkinji nobatda Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti üçin strategik bolan ýangyç-energetika toplumynda köpýyllyk netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň ýollary hakynda pikir alşyldy. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Häzir biz iri möçberli energetika taslamalaryna, şol sanda iri nebitgaz ýataklaryny gözläp tapmak we senagat taýdan özleşdirmek boýunça taslamalara ägirt uly serişdeleri goýýarys diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýagdaýyň Türkmenistanyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny berk we gyşarnyksyz berjaý etmeginiň, şeýlelikde täze iri möçberli energetika taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň özboluşly kepili bolup durýandygyny belledi.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenen ýörite wekili hanym Patrisiýa Flor türkmen Lideriniň ýöredýän iri möçberli özgertmeler syýasatyna ýokary baha berip, möhüm ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda ilkinji nobatda, syýasy, ykdysady, gumanitar we ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge Ýewropa Bileleşiginiň agzalary bolan ýurtlaryň hemmetaraplaýyn gyzyklanýandygyny nygtady. Biziň ýurdumyzda geçirilýän demokratik özgertmeleri we Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan kanunçylyk ulgamyndaky özgertmeleri nazara almak bilen hukuk ulgamynda özara gatnaşyklary gyşarnyksyz giňeltmegiň möhümdigi hem bellenildi.

Milletiň Lideri wezipä bellenmegi bilen hanym Patrisiýa Flory ýene-de bir gezek gutlap hem-de asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, öňden gelýän hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini hem-de ugurlaryny agtarmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny nygtady, şol hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna yzygiderli geçirilýän bilelikdäki mejlisler we işewürlik maslahatlary, şeýle hem milli we sebitleýin ähmiýetli bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmek gönüden-göni hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhmanlar hoşlaşanlarynda deňhukukly, özara bähbitli esasda guralýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

* * *
Şu gün hanym Partisiýa Flor we jenap Pýer Morel ýurdumyzyň Hökümetinde, Daşary işler ministrliginde we Mejlisinde, käbir ministrliklerinde we edaralarynda hem kabul edildi. Şonda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.