Ï Türkmenistanyň Prezidenti maslahat geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti maslahat geçirdi

view-icon 795
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk hem-de gurluşyk, energetika we senagat toplumlarynyň, maliýe-ykdysady ulgamynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bu möhüm pudaklarynyň öňünde goýan derwaýys meseleleri, olaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň käbiri, birnäçe ministrlikleriň pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň gün tertibine geçmek bilen, ýurdumyzyň Baş prokuraturasy tarapyndan birnäçe ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarda seljerme işleriniň geçirilendigi, şolaryň netijesinde bolsa birnäçe düzümleriň ýolbaşçylarynyň ýol beren kemçilikleriniň ýüze çykarylandygyny habar berdi.

Hasabat bilen çykyş eden Türkmenistanyň Baş prokurory Ý. Ýazmyradow, hususan-da, ýurdumyzyň “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynda geçirilen barlaglaryň netijeleri hakynda hasabat berdi. Barlag mahalynda Türkmenistanyň çäginde ýurdumyzyň ulag ýollaryny ulanyş boýunça ykrar edilen kadalardan ýük göterijiligi ýokary geçýän agyr ýük awtomobillerini ulanmaga ygtyýar berýän resminamalary bermek boýunça hereket edýän kanunçylyk namalarynyň bozulan ýagdaýlarynyň üsti açyldy diýip, Ý.Ýazmyradow belledi. Hususan-da, ol tehniki häsiýetleri boýunça biziň ýurdumyzyň tebigy şertlerine gabat gelmeýän, hereketlendirijisiniň sesi ýokary, şeýle hem ulagy saklaýjy ulgamda we nowasynyň gurluşynda kemçilikleri bolan agyr ýük göteriji awtoulaglaryň köp sanlysyna “Türkmennstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan näsazlyklary ýüze çykarmaga niýetlenen enjamlary ulanmazdan, diňe daşyndan serediş usuly bilen, laýyklyk güwänamalarynyň berlendigi anyklanyldy.

Şeýle hem ýurdumyza getirilýän agyr ýük göteriji awtoulaglary gümrük taýdan resmileşdirmekde we olary ulanmakda hereket edýän kadalaryň berjaý edilmeýändigi anyklandy diýip bellemek bilen, prokuror ýurdumyza getirilýän we eksport edilýän harytlaryň hemmesiniň hökman sertifiksiýa edilmäge degişlidigi görkezilen hem bolsa, häzirki wagta çenli Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynda hasapda duran 4330 sany agyr ýük göterýän “Howo” awtoulaglaryň 1855-sine “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet standartyna gabat gelýändigi barada laýyklyk sertifikatynyň berlendiginiň ýüze çykarylandygyny habar berdi.

Хäzirki gürrüňi edilýän “Howo” kysymly ýük awtoulaglarynyň göterýän ýüküniň bir okuna düşýän agramynyň 10 tonnadan ýokary bolmagy gatnaw ýollarynyň tiz zaýalanmagyna getirýär. Şeýlelikde, Aşgabat şäherinde we esasy ýollarda bu ulaglaryň ulanylmagynyň maksada laýyk däldigi baradaky çözgüdi şertlendirýär diýip, Ý. Ýazmyradow sözüni dowam etdi.

Iň esasy bolsa, barlagyň dowamynda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet standartlaryna gabat gelýändigi barada laýyklyk sertifikaty berlen agyr ýük göterýän awtoulaglaryň ulanylmagynda 2008-nji ýyldan häzirki döwre çenli 160 ýol-ulag hadysalarynyň bolandygy gynandyrýan wakadyr diýip, Baş prokuror belledi.

Şeýlelikde, ýollarymyzda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek, olaryň uzak wagtlap abat ýagdaýda saklanmagyny gazanmak maksady bilen, ýük awtoulaglarynyň her bir okuna 10 tonnadan ýokary agram düşmeýän, ygtybarlylygy we tehniki görkezijileri boýunça halkara ülňülerine gabat gelýän ulaglaryň görnüşleriniň ulanylmagyny maksada laýyk hasaplaýarys diýip, Baş prokuror sözüni jemledi.

Hormatly Prezidentimiz şunuň bilen baglylykda, ýokarda görkezilen düýpli kemçilikler üçin “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň başlygy N.Orazowy we onuň orunbasary Ö.Ataýewi eýeleýän wezipelerinden boşatdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradowa gullugyň işinde ýüze çykarylan kemçilikleri düýpli seljerip, günäkär adamlara kanuna laýyklykda berk çäre görmegi tabşyrdy.

“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň başlygy wezipesine A.Täçmämmedow bellenildi. Ol Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Döwlet Baştutanymyz oňa gullukda işleri talabalaýyk ýola goýmak we gullugyň işini sazlaşykly alyp barmak üçin ähli wezipeleri gyssagly çözmegi we şunuň ýaly kemçilikleriň gaýtalanmagyna ýol bermezligi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen çözgütler boýunça degişli resminamalara gol çekip, bar bolan kemçilikleri düzetmek we gullugyň işini sazlaşykly ýola goýmak boýunça gyssagly çäreleri görmek boýunça netijeli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Goçyýewe ýüzlenip, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin nägilelik bildirdi we ýüze çykarylan kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi hem-de işleri degişli derejede ýola goýmagy talap etdi. Şu maksat bilen döwlet Baştutanmyz wise-premýere degişli ýolbaşçylaryň hem-de pudagyň işgärleri bilen maslahat geçirip, bu aýdylanlardan netije çykarmagy, şunuň ýaly kemçilikleriň gaýtalanmazlygy üçin zerur bolan çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin maslahata gatnaşyjylara söz berdi.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I. Mulikow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginde we onuň düzümlerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ýollardaky tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň işine geçirilen barlaglaryň netijeleri hakynda hasabat berildi.

Ministr häzirki wagtda ýurdumyzyň gurluşyk işlerinde ulanylýan ýük awtoulaglarynyň 98 müňden gowragynyň hasaba alnandygyny, şolaryň 4330-synyň “Howo” kysymly has agyr ýük göterýän awtoulaglardygyny belledi we bu görnüşdäki agyr ýük awtoulaglarynyň 3412-siniň hususy eýeçilige, 744-siniň döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalara we 170-siniň bolsa daşary ýurt firmalaryna degişlidigini aýtdy.

Şeýle hem barlagyň barşynda ulaglara öndüriji kärhana tarapyndan kesgitlenen möçberden artyk ýük ýüklemek maksady bilen, bildirilýän talaplaryň gödek bozulýandygy, olaryň nowasy goşmaça enjamlaşdyrylyp, artyk ýük ýüklenýändigi ýüze çykaryldy, şeýlelikde bolsa ulagyň oklaryna düşýän agram deň derejede bolman, onuň sazlaýjy enjamlarynda näsazlyk döredýär, ýollaryň tiz hatardan çykmagyna getirýär we ýol hereketine howp salýar diýip, I.Mulikow sözüni dowam etdi.

2012-nji ýylyň dowamynda geçirilen degişli barlag işleriniň netijesinde, ygtyýarnamalary bolmazdan ýük çekmek işini amala aşyran raýatlaryň 468-siniň ýüze çykarylandygyny, şeýle hem salgyt töleýjiler hökmünde olary hasaba goýmak boýunça birnäçe işleriň amala aşyrylandygyny ministr belledi.

Biziň howa şertlerimizde we ýollarymyzda ulanylyş kadasyna gabat gelmeýän, tehniki ýagdaýy pes bolan agyr ýük göterýän awtoulaglaryň Türkmenistana getirilip ulanylmagyna beýleki degişli düzümler bilen bilelikde Içeri işler ministrliginiň ýörite düzümleri deň derejede jogapkärçilik çekýär. Şu ýagdaýlary nazarda tutup, her okuna 10 tonnadan agyr ýük düşýän ulaglary esasy gara ýollara çykarman, daş känlerinde işletmegi teklip edýäris diýip, I.Mulikow sözüni jemledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň işinde birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ministrligiň ýolbaşçysy S. Berkeliýewe ýüzlenip, awtoulaglary kärhanalarynyň işinde düzgün-tertibiň ýokdygyny, olaryň ilata edýän hyzmatynyň bildirilýän talapllara laýyk gelmeýändigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz Ministrligiň garamagyndaky kärhanalaryň sürüjileriniň ýol hereketiniň kadalaryny bozýandygyny, awtobuslary ýokary tizlik bilen sürýändiklerini, gabat gelen ýerde durýandyklaryny, arakesmede, kähalatlarda bolsa iş wagty hem sürýän awtobuslary bilen öz öýlerine gidýändiklerini, bu bolsa ýol-ulag hadysalarynyň köpelmegine getirýändigini aýtdy.

Aşgabatda we welaýat merkezlerinde awtobuslaryň kadaly gatnamaýandygy sebäpli duralgalarda köp sanly ýolagçyla ýygnanýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýolagçylary hasaba almagyň bitewi bir tertibiniň ýokdygyny, hiç kim gatnaw petekleriniň berilmegine, awtobuslaryň sürüjileriniň işine gözegçilik etmeýändigini, sürüjileriň bolsa ýolagçylardan alynýan ýol töleginiň möçberi barada hiç kime hasabat bermeýändiklerini we düşen girdejiden diňe bir bölegini döwlete tabşyrýandyklaryny belledi. Etraplardaky ýagdaý bolsa has-da ýaramaz, bu bolsa raýatlarmyzda ýolagçy awtoulaglarynyň gatnawyna we işleýşine köp sanly nägilelikleri döredýär, ýük daşamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp hem oturmaly däl diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ministrlikde ýük daşamak boýunça alnyp barylýan işlerde köp sanly artdyryp ýazmalara ýol berilýär, şeýle hem ýokarda aýdylan kemçilikler bilen bir hatarda, awtoulaglaryň ulanylyşyna degişli gözegçilik üpjün edilmeýär. Döwletimiz soňky döwürde ministrlik üçin köp sanly täze ýolagçy we ýük awtoulaglaryny, şol sanda taksileri satyn alyp berdi, ýöne bu awtoulaglara eýeçilik gözi bilen garalmaýar, olara ýaramaz hyzmat edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Soňra döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam etmek bilen,ýurduimyzyň awtomobil ulaglary ministri S. Berkeliýewe ýüzlenip, düzümiň häzire çenli ýekeje awtomenzili hem gurmandygy, indi bir ýyl bäri bolsa, Aşgabatda täze awtomenzili gurmak meselesini çözüp bilmeýändigini aýtdy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz S. Berkeliýewe ozal hem iki gezek berk käýinç berlendigini, ýöne onuň bu ýagdaýdan degişli netije çykarmandygyny aýtdy we işde ýol beren kemçilikleri üçin S. Berkeliýewi ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministri wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz awtomobil ulaglary ministriniň wezipesini wagtldaýyn ýerine ýetirmegi M. Gurbandurdyýewiň üstüne ýüklenýändigini aýdyp, ony Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz M.Aýdogdyýewi Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministriniň orunbasary wezipesine belledi.

Soňra Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri B.Annameredowa söz berildi. Ol ýolagçy we ýük gatnatmagyň möçberlerini artdyrmak, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem pudagyň tehniki parkyny, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz “Ulag-aragatnaşyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyna” laýyklykda demirýolçularyň öňünde durýan wezipeler anyk kesgitlenildi diýip, sözüni dowam etdi.

Şu jähtden döwlet Baştutanymyz pudagyň ýolbaşçylaryna birnäçe tankydy bellikleri, hususan-da, täze polat ýollarynyň gurluşygynyň hili, olaryň birnäçe ýerlerde degişli talaplary ödemeýändigi bilen baglanyşykly birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda köp sanly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar, şol gurluşyklara zerur bolan materiallary öz wagtynda eltmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şu maksat bilen demir ýol ulaglarynyň peýdalanylmagy has netijeli bolar, ýöne ulag we gurluşyk pudaklarynyň arasynda sazlaşykly işiň ýola goýulmandygy, şeýle hem ýük wagonlaryň we teplowozlaryň ýetmezçilik edýänligi sebäpli, gurluşyklar üçin niýetlenen ýükler uly göwrümli ýük awtoulaglary bilen daşalýar, bu bolsa biziň esasy ýollarymyzyň zaýalanmagyna getirýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary R.Seýitkulyýewe, A.Ýegeleýewe, demir ýol ulaglary ministri B.Annameredowa ýüzlenip, olaryň gözegçilik edýän pudaklarynda, şol sanda ýük gatnatmak boýunça bar bolan kuwwatlyklary has netijeli peýdalanmak babatda anyk çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

“Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu transmilli demir ýolunyň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak, bu ýerde alnyp barylýan işleriň halkara ülňülerine doly laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň işläp başlamagy bilen zerur boljak ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işlerine häzirden girişmegiň zerurdygyny nygtady.

Demir ýol ulaglarynda ýolagçylara edilýän hyzmatyň medeniýetini we hilini ýokarlandyrmagyň meselelerine aýratyn ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda bar bolan kemçilikleri gysga wagtda düzetmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Maslahat Deňiz we derýa ulgalary döwlet gullugynyň başlygy M.Mütdikowyň ýolagçylary gatnatmagyň we halk hojalyk ýüklerini daşamagyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem Türkmennbaşydaky deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdirildi.

Milletiň Lideri Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigini belläp, Türkmenbaşydaky deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak, bu gulluga degişldi desgalaryň durkuny täzelemek, ýurdumyzyň Deňiz söwda flotuny döretmek boýunça işleriň haýal depginler bilen alnyp barylýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti şol wezipeleriň hökmany suratda berjaý edilmegini çaltlandyrmak maksady bilen, anyk işleri geçirmegi tabşyrdy, şonda suw ulaglary arkaly ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak, syýahatçylyk işini ýola goýmak we hyzmatlary guramak hem-de munuň üçin halkara derejeli gämileri satyn almak göz öňünde tutulýar.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazow howa ulaglarynyň gatnawlaryna degişli ulgamdaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, bu pudagy mundan beýläk-de ösdürmek, raýat awiasiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, tehniki parkynyň üstüni ýetirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow raýat awiasiýasynyň milli gullugynyň howa ulaglary arkaly ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça bar bolan islegleri kanagatlandyrmak üçin entek köp işleriň berjaý edilmelidigini aýdyp, bu gullugyň ýolbaşçylarynyň “Türkmenhowaýollarynyň” işinde bar bolan meseleleriň çözülmegini uzaga çekdirýändigine ünsi çekdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Türkmenabat we Daşoguz şäherleriniň howa menziliniň durkuny täzemek boýunça işleriň haýal alnyp barylýandygy, Aşgabat şäherinde täze howa menzilini gurmak bilen bagly meseleleriniň çözülmän gelinýändigini aýdyp, bu pudak üçin zerur bolan, dürli ugurlar boýunça işlejek hünärmenleri taýýarlamak meselesine hem aýratyn üns berilmegini talap etdi.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda ýolagçylara awiapetekleri ýerlemekde hem köp sanly kemçiliklere ýol berilýändigini tankytlap, ýolagçylaryň awiapetekleri bilen doly üpjün edilmeýändiginiň sebäplerini düýpli seljermegi tabşyrdy. Awiapetekleri satyn almaga uly isleg bildirilýändigine garamazdan, aýry-aýry ugurlar boýunça uçuşlary ýerine ýetirýän uçarlaryň ýolagçylardan doldurylman gatnadylýandygy barada maglumatlar bar. Şunuň bilen baglylykda,Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýolbaşçysyndan bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi talap etdi hem-de işler talaba laýyk ýola goýulmasa, onuň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy duýduryldy.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory Ý. Ýazmyradow ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrliginde geçirilen seljerme işleriniň netijeleri we onuň barşynda ýüze çykarylan birnäçe kemçilikler, hususan-da, düzümiň maliýe ulgamyndaky düzgün bozulmalary hakynda hasabat berdi.

Maslahatyň barşynda, Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri B. Öwezow ministrlikde pudagyň telekommuniýasiýa sygymyny artdyrmaga, öýjükli aragatnaşygyň hyzmatynyň hilini we derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Baş prokuroryň çykyşyndan görnüşi ýaly, pudagyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekge bökdençlik döredýän birnäçe kemçilikleriň we düzgün bozmalaryň bardygyny belledi. Eger-de, işgärler düzgüni bozýan bolsalar, onda ministrligiň işiniň pesdigini aňladýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin A.Muhammedowy ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz aragatnaşyk ministri B. Öwezowa ýüzlenip, ýol berlen kemçilikleri tiz wagtda aradan aýyrmak we olary düzetmek hem-de pudagyň işini häzirki zamanyň talaplaryna laýyk ýola goýmak babatda anyk wezipeleriň durýandygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek üçin alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak zerurdyr we ähli taslamalary durmuşa geçirmegiň depginini ýokarlandyrmak üçin gaýragoýulmasyz çäreler görülmeldir.

Ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiliniň ýaramazdygyna , esasan-da, öýjükli aragatnaşygyň derejesiniň pesdigine ünsi çekip, milli Liderimiz internet-aragatnaşygy ulgamynyň ösüşiniň depgininiň örän pesdigini aýtdy. Ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň işini degişli derejede ýola goýmak maksady bilen hormatly Prezidentimiz pudagyň tehniki binýadyny iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we netijeli hem-de ygtybarly döwrebap enjamlary peýdalanmagyň hasabyna döwrebaplaşdyrmagy has-da işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň başlygy B. Hallyýew komitetiň düzümine girýän ýerlerdäki bölümleriň işini kämilleşdirmek we olary utgaşdyrmak, düzümiň syn ediş ulgamyny ösdürmek, degişli maglumatlary ýygnamak we işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde 13-nji tapgyrda guruljak desgalaryň hatarynda Gidrometeorologiýa baradaky milli komitet üçin hem täze edara binasyny gurmagyň meýilleşdirilýändigini, şunuň bilen baglylykda edara binany gurmak üçin halkara bäsleşigini yglan etmelidigini belledi.Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň gidrometeorologlary üçin gullugyň işiniň düýpli gowulandyrylmagyny üpjün etjek täze enjamlary satyn almak boýunça döwlet meýilnamalary hakynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň meteorologiýa ýagdaýlary we çaklamalary hakyndaky doly we anyk maglumatlar bilen öz wagtynda hem-de ygtybarly üpjün edilmeginiň derwaýysdygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň başlygyna ýurdumyzyň ähli sebitleri, hususan-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýerleşýän ýeri bolan Hazaryň kenar ýakasy boýunça berilýän howa maglumatlarynyň hilini ýokarlandyrmak babatda zerur çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Soňra “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy P. Meredow döwlet Baştutanymyza ozal bar bolan ýollary döwrebaplaşdyrmak we täze ulag ýollaryny, köprüleri gurmak, ýol gurlyşygy ulgamyna iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň işinde birnäçe kemçilikleriň, çözülmedik meseleleriň bardygyny belläp, konserne ýakynda bellenilen ýolbaşçynyň öňünde ýurdumyzyň ýol hojalygyny ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça birnäçe wezipeleri goýdy. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat—Türkmenbaşy Aşgabat—Mary, Mary—Farap, Aşgabat—Daşoguz ýaly esasy halkara ulag ýollarynyň düşegini betondan gurmagy göz öňünde tutmagy tabşyrdy we biziň yssy howamyza gara ýollarň çydamaýandygyny belledi.

Mundan başga-da, milli Liderimiziň ozal hem belläp geçişi ýaly, ýurdumyzyň esasy ýollaryndan bellenen möçberden artyk ýük ýüklenen uly göwrümli awtoulaglaryň gatnaýandygyny, bu bolsa ýollaryň çalt zaýalanmagyna getirýändigini, şonuň üçin esasy ýollarymyzy gurimagy bu ugurda baý tejribesi bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň çekilmegini, konserniň bolsa şäherlerdäki, welaýatlardaky we etraplardaky ýollary gurmak bilen meşgullanmalydygyny aýtdy.

Biziň ýurdumyzyň ulag ýollary ýokary hilli, halkara ölçeglerine doly laýyk geler ýaly gurulmalydyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maksatnamadan gelip çykýan we konserniň öňünde durýan wezipeleri anyk kesgitleýän iş meýilnamasynyň düzülmelidigini belledi we döwletimiziň konserne maliýe kömegini berjekdigini aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri A. Ýagşymämmedow ministrlik tarapyndan alnyp barylýan işler, hususan-da, Aşgabat şäheri boýunça düzümiň öňünde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bu ministrligiň we oňa degişli düzümleriň, gulluklaryň işiniň sazlaşykly guralmagynyň möhümdigini nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň degişli inženerçilik-tehniki düzüminiň bökdençsiz işiniň üpjün edilmeginde bu gulluklara örän uly jogapkärçiligiň degişlidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň hem-de ilatly ýerleriniň abadançylygyny hemmetaraplaýyn üpjün etmegiň gaýragoýulmasyz meseleleriniň üstünde durup geçip, arassaçylyk kadalarynyň gyşarnyksyz hem-de pugta berjaý edilmelidigine aýratyn ünsi çekdi.

Şu jähetden döwlet Baştutanymyz wise-premýer A. Ýegeleýewe, jemagat hojalygy ministri A. Ýagşymämmedowa we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş. Durdylyýewe ýüzlenip, paýtagtymyzyň köp ýerlerinde arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmeýändigini, şunuň ýaly ýagdaýyň ýurdumyzyň beýleki şäher, etrap merkezlerinde hem bardygyny belläp, ýerlerde degişli kadalaryň üpjün edilmegini, zir-zibilleriň wagtynda ýygnalmagyna gözegçiligiň güýçlendirilmegini, şeýle hem ýollaryň ýokary derejede saklanmagy ugrunda ähli çäreleriň görülmelidigini talap etdi.

Şunuň bilen birlikde, Köpetdag şaýolunyň ugrunda ekilen baglara degişli derejede ideg edilmeýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz baglaryň suwarylyşynda kemçiliklere ýol berlendigini, şeýlelikde bolsa birnäçe baglaryň gurandygyny belledi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň içeri işler ministri I. Mulikowa ýüzlenip, Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory bilen bilelikde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärlerini tä kiçi gözegçiden başlap, serkerdä çenli taýýarlamak bilen bagly meseleleri öwrenmegi we şunuň bilen baglylykda bu gulluk üçin ýokary hünärli gullukçylary taýýarlamak üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi boýunça wezipeleri çözmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň gurluşyk ministri J. Baýramow ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşy, şeýle hem gurluşyk pudagynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak babatda alnyp barylýan işler, şol sanda ýerli çig mallardan gurluşyk materiallaryny taýýarlamagyň önümçiligi hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gurluşyk ministrliginiň öňünde durýan wezipeleriň derwaýysdygyny ýene bir ýola belläp, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin birnäçe netijeli çäreleriň amala aşyrylmagyna ähli tagallalaryň gönükdirilmelidigini aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gürrüň ýokary hünärli işgärleriň ýetmezçiligi, pudagyň kärhanalarynyň tehniki taýdan ýeterlik üpjün edilmeýändigi, iň esasysy bolsa, ýurdumyzyň kärhanalarynyň diňe bir ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna däl, eýsem, beýleki möhüm desgalary gurmaga işjeň gatnaşmagyny üpjün edýän jikme-jik oýlanyşykly syýasatyň, anyk meýilnamanyň ýoklugy barada barýar.

Döwlet Baştutanymyz ministrligiň düzüminde gurluşygyň hiline gözegçilik etmek boýunça hereket edýän müdirligiň işini degişli derejede ýola goýmagy talap etdi. Mälim bolşy ýaly, bu müdirlik binagärlik talaplarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmalydyr we bar bolan kemçilikleri ýüze çykarmalydyr hem-de olary düzetmek üçin degişli çäreleri alyp barmalydyr.

Gurluşyk pudagyndaky işleriň ýagdaýyna seljerme geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hususy telekeçilik düzüminiň barha ösýän ornuny kanagatlanma bilen nygtady we hususyýetçileriň dürli ähmiýetli birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygyna gatnaşýandygyny, owadan we özboluşly bezegli binalary gurýandygyny belledi.

Ýokarda aýdylanlary jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gurluşyk ministrliginiň öňünde durýan meseleleriň üstünlikli çözülmegini üpjün etmäge, şeýle hem biziň ýurdumyzyň daşynda hem işläp biljek firmalary we gurluşyk kärhanalaryny döretmäge gönükdirilen anyk meýilnamalary işläp taýýarlamak barada pudagyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz öz borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin gurluşyk ministri J.Baýramowa berk käýinç yglan etdi we ondan ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň dowamynda düzetmegi talap etdi.

Soňra Türkmenistanyň energetika ministri M.Artykow bu ministrlik tarapyndan alyp barylýan işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi, ol energetika pudagyny kämilleşdirmek, şol sanda elektrik geçirijileriň we transformator stansiýalarynyň durkuny täzelemek we gurmak, şeýle hem daşary ýurtlara eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektroenergetikanyň örän uly kuwwata eýedigi barada aýdyp, Türkmenistanyň dünýäde energiýa serişdelerine baý döwletleriň biri bolup durýandygyny we mälim bolşy ýaly, elektrik energşiýasyny öndürmegiň bütin dünýäde örän girdejili işdigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Senagat ministrliginde alnyp baryýlan işler barada bu düzümiň ýolbaşçysy B.Italmazow hasabat berdi. Ol pudagy toplumlaýyn ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, ministrligiň işini senagat kärhanalary bilen utgaşdyrmak boýunça dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu ministrlige ýurdumyzyň senagat ulgamyny ösüşiň täze derejesine çykarmak, hususy kärhanalaryň kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak, ýokary tölegli iş orunlarynyň sanyny artdyrmak, olarda ýokary bilimli, kämil hünärli işgärleriň işlemegini üpjün etmek bilen baglanyşykly uly wezipeleriň degişlidigini belledi. Munuň üçin bolsa bilelikdäki kärhanalaryň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň senagat ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça uly möçberli hem-de jogapkärli işlere üstünlik bilen hötde gelmäge ukyply ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda zerur çäreleri görülmelidigini tabşyrdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş. Durdylyýew paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri, şäheriň ulag-aragatnaşyk düzümini we beýleki durmuş üpjünçiligi ulgamlaryny gowulandyrmak hem-de paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmak we ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ak mermerli Aşgabadymyzyň şäher gurşawunda arassaçylyk we ekologiýa kadalarynyň berk berjaý edilişine jogapkär gulluklaryň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini talap edilýän derejede üpjün etmegi talap etdi. Hususana-da, paýtagtymyzyň köçelerinde, seýilgählerinde we tutuş çäginde arassaçylygyň berjaý edilmegi hökmany talapdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Ýöne gynansak-da, bu babatda birnäçe kemçiliklere ýol berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Milli Liderimiz ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň depginleriniň pesdigini belläp, onuň sebäbi paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň baş meýilnamasynyň ýokdugyndandyr diýip aýtdy. Aşgabatda birnäçe täze desgalar, binalar toplumy gurulýar, ýöne şol bir wagtda bar bolan beýleki desgalaryň saklanyş ýagdaýy ýaramaz, olar ulanyş gulluklarynyň üns merkezinden düşürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şäheriň edara ediş ulgamynda işleriň gowşak guralandygy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz şäher binalar toplumynyň 12-nji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça netijeli ädimleriň gerekdigine ünsi çekip, häkime Aşgabady gurmagyň nobatdaky 13-nji tapgyry boýunça anyk meýilnamany öz wagtynda taýýarlamagy we ony hödürlemegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, milli Liderimiz paýtagtymyzyň köne binalaryny döwrebaplaşdyrmagyň we olary ýykmagyň maksada laýykdygy hakyndaky esaslandyrylan teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Saglyk ýolunyň üstünde durup geçmek bilen, özüniň ýakynda ol ýerde bolandygyny we polisiýa işgärleriniň birini hem durmaly orunlarynda görmändigini we paýtagtymyzyň ilatynyň söýgüli ýeri bolan bu künjege gözegçilik edilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem bu desgangyň zerur bolan derejede seredilmeýändigine nägilelik bildirdi we ýagdaýy düzetmegi talap etdi.

Saglyk ýoluny arassa we kada laýyk saklamak üçin degişli tölegi alyp, onuň hususy telekeçilige bermek ýa-da şäher hojalyk müdirliginiň düzüminde Saglyk ýolunyň ulanyş ýagdaýyna jogap berýän ýörite gullugyny döretmek meselesiniň çözülmegini belledi. Hormatly Prezidentimiz A. Ýegelewe we Ş. Durdylyýewe bu meseläni öwrenip, öz tekliplerini hödürlemeklerini tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýol howpsuzlygy üçin döredilýän şertler, hususan-da, iri we köp gatnawly köçelerde pyýadalar üçin geçelgeleriň oýlanyşyksyz we ýeterlik bolmadyk ýagdaýda gurulýandygy babatda birnäçe bellikleri aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şäherde ýol berilýän kemçilikleri gysga wagtda düzetmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi Ş. Durdylyýewden talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz A. Ýegeleýewe görkezilen kemçilikleriň jähetinde ýagdaýy düzetmek boýunça alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, energetika we senagat toplumlarynyň, maliýe-ykdysady ulgamynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni iň ýokary talap bildirilýän täze ulag ýollarynyň gurluşygyna we ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Mejlisiň Başlygy A. Nurberdiýewa we wise-premýerler A. Ýegeleýewe, R. Seýtkulyýewe we A. Goçyýewe ýüzlenip, bu babatdaky öz tekliplerini, şeýle hem kanunçylyk namalarynyň ýa-da degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýollaryň göwnejaý saklanmagy bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdinde bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak üçin, agyr ýük göterýjn awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilmegi zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe pudak ýolbaşçylarynyň öňünde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi we onuň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň 9 aýyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň barşynda başga-da birnäçe möhüm meselelere degip geçmek bilen, degişli resminamalara gol çekdi we oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi hem-de olar bilen hoşlaşdy.