“Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuna laýyklykda we “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, kiçi we orta telekeçilige degişli taraplaryň önümçilik, innowasiýa hem-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak we olaryň önümçiligi ösdürmek, täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň banklaryna kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara önümleri öndürmek, işleri hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla, dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli möhlete ýyllyk 5 göterim bilen karzlary bermäge ygtyýar berildi.
“Aşgabat-Türkmenbaşy” awtomobil ýolunyň “Arçman-Türkmenbaşy” böleginiň ugrunda 62 köpriniň;
“Aşgabat-Mary” awtomobil ýolunyň “Änew-Mary” böleginiň ugrunda 16 köprüniň taslamasyny düzmek we olary gurmak işlerini ýerine ýetirmek üçin buýrujy we baş potratçy bolup çykyş etmäge borçly edildi.
Desgalary 2014-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli doly taýýar edip, ulanmaga tabşyrmak bellenildi.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk önümleri öndürijileriň ýerden ýokary hasyl almak ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak hem-de 2012-nji ýylyň pagta ýygym möwsüminde pagta ýygýan kombaýnlaryň bökdençsiz we ýokary öndürijilikli işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Oba hojalygyna önümçilik-enjamlaýyn hyzmat etmek baradaky paýdarlar jemgyýetleriniň “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasyna “John Deere” we “Case” kysymly pagta ýygýan kombaýnlar üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada Kipr Respublikasynyň “IP Сonsult (International) Ltd.” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
* * *
"Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna" laýyklykda ýurdumyzyň ýol ulgamyny ösdürmek hem-de dünýäniň ösen tehnologiýalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 21-nji maýynda çykaran 8626-njy kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni 78 sany awtomobil köprüsiniň, şol sanda:
“Aşgabat-Türkmenbaşy” awtomobil ýolunyň “Arçman-Türkmenbaşy” böleginiň ugrunda 62 köpriniň;
“Aşgabat-Mary” awtomobil ýolunyň “Änew-Mary” böleginiň ugrunda 16 köprüniň taslamasyny düzmek we olary gurmak işlerini ýerine ýetirmek üçin buýrujy we baş potratçy bolup çykyş etmäge borçly edildi.
Desgalary 2014-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli doly taýýar edip, ulanmaga tabşyrmak bellenildi.
* * *
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylarynyň düzümi tassyklanyldy.
* * *
Hökümet aragatnaşyk ulgamynyň ygtybarly we ýokary hilli işlemegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine Hökümet aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin IP torly aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak we gurnamak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Siemens Enterprise Communications GmbH & Co. KG.” kompaniýasy bilen şertnamany Ministrligiň we onuň tabynlygyndaky edara-kärhanalaryň öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
* * *
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulaglar pudagyny has-da ösdürmek, “Türkmenistanyň Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny” we “Türkmenbaşy halkara deňiz portuny hem-de Türkmen deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasyny” ýerine ýetirmek hem-de Türkmen deňiz söwda floty müdirliginiň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna ýük awtoulaglaryny daşaýan we ýolagçylary gatnadýan “RO-PAX” görnüşli iki sany gämini gurduryp, satyn almak barada Horwatiýa Respublikasynyň “ULJANIK Brodogradiliste d.d.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
* * *
Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen bölegi döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.