Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 864
Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Serdar” myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri we möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalary girizildi. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutamynyz mejlisi açyp, ýygnananlary, olaryň üsti bilen watandaşlarymyzyň ählisini mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen mähirli gutlady. Siziň mukaddes Oraza aýynda ýurdumyzyň asudalygy, halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, eziz Watanymyzyň rowaçlygy üçin etjek ähli doga-dilegleriňiz, namaz-orazaňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, mübärek Oraza aýynyň her bir güni ýaşgy niýetlerden, asylly we sogap işlerden, haýyr-sahawatdan doly bolsun diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň durmuşynda ýene-de bir ajaýyp baýramlaryň biri—Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Täze taryhy eýýamda—berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz bu ajaýyp baýramçylygy giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ony dünýä derejesine çykarmak boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Biz bu ulgamy ösdürmek üçin ýörite «Saglyk» döwlet maksatnamasyny kabul etdik diýip, milletiň Lideri belledi.

Şu Maksatnama laýyklykda döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize giňden ornaşdyrmak, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek, umuman ösen, ygtybarly milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek boýunça köp işler durmuşa geçirildi we häzirki döwürde hem bu işler netijeli dowam etdirilýär. Geçen döwürde paýtagtymyzda, welaýat we etrap merkezlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, iň kämil, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen köp sanly häzirki zaman saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar we şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, ulanmaga berildi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ýurdumyzda ynsan saglygyna howp salýan aýry-aýry keseller doly ýok edildi. Giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde milli lukmançylygyň hukuk binýady pugtalandyryldy. Saglygy goraýyş ulgamynyň esasy ugurlaryny we wezipelerini kadalaşdyrýan ençeme möhüm resminamalar kabul edildi. Biz geljekde hem kabul eden Döwlet maksatnamalarymyzyň çäklerinde halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has ýokary derejelere ýetirmek, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, umuman, ýurdumyzda ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça yzygiderli işleri amala aşyrarys diýip, döwlet Baştutatymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary we olaryň üsti bilen türkmen halkyny, ýadawsyz zähmet çekýän saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini berkarar Watanymyzda giňden bellenýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olaryň ählisine berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, halkymyza ak ýürekden hyzmat edýän saglygy goraýyş işgärlerine bolsa, ynsan saglygyny goramak ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol özüne ynanylan düzümlerdäki işleriň ýagdaýy we olaryň işiniň netijeligini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Ahal welaýatynyň Abadan şäherinde gurlan nah-egirme kärhanasynyň 2-nji tapgyrynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, iň häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bu täze iri önümçiligiň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň dokma pudagynyň senagat düzümini mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, onuň eksport kuwwatyny artdyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzda uly geljegi bolan dokma senagatynyň ösdürilmeginiň milli ykdysady strategiýany durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtap, täze desganyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy. Milletiň Lideri döwletiň geljekde hem pudagy döwrebaplyşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn we çig mal binýadyny pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berjekdigini belläp, çykarylan ýokary hilli dokma önümleriniň görnüşlerini köpeltmek we möçberlerini artdyrmak boýunça işleri yzygiderli alyr barmagyň möhümdigini aýtdy. Şunda alyjylaryň isleglerinden we dünýä bazaryndaky ýagdaýdan ugur alynmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek babatda milli parlamentiň işi, deputatlaryň ýerlerde geçirýän işleri hakynda, şeýle hem aýry-aýry okruglar boýunça Mejlisiň deputatlarynyň we geňeş agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk hakynda habar berdi. Öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmegiň barşynda şäherleriň we etraplaryň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň çäklerinde Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 6100-siniň döredilendigi bellenildi. Okruglaryň çäklerinde saýlaw uçastoklarynyň 1779-sy döredildi. Uçastok saýlaw toparlary hem düzüldi, saýlawçylaryň sanawlary takyklanyldy. Jemgyýetçilik guramalary hem-de birleşikleri, şeýle hem raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenen dürli pudaklaryň işgärleri saýlaw toparlarynyň düzümine girdi. Häzirki wagtda geňeş agzalygyna we iki saýlaw okrugy – Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 26-njy hem-de Mary şäheriniň 99-njy saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlaryna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy we olary bellige almak dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, häzirki tapgyrda döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtady. Milletiň Lideri öňde boljak saýlaw möwsümini guramagyň meselelerine ünsi çekip, saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça ähli işleriň kanunçylyga berk laýyklykda geçirilmelidigini, saýlawçylara dalaşgärleriň syýasy, işewürlik we şahsy häsiýetlerini erkin we hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak, olaryň saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamalaryna baha bermek hukugynyň berilmelidigini nygtady. Bu ugurda işleriň göwnejaý guralmagy saýlawçylara halk ynamyna iň mynasyp dalaşgärleri seçip almaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew özüne ynanylan düzümlerdäki işleriň ýagdaýy we maliýe-ykdysady hem-de bank ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem 2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň, hususan-da, ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmegiň çäklerinde geçirilýän işler barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmegiň häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň hatarynda durýandygyny belläp, kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak hem-de höweslendirmek boýunça maksadalaýyk işleriň geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy. Bu ugurda döwlet derejesinde ädilen ädimleriň netijesinde häzirki wagtda türkmen telekeçileri dürli önümleri öndürýän täze kärhanalary döredýärler, gazanan serişdelerini öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmaga esaslanýan önümçilige gönükdirýärler, täze pudaklarda üstünlikli işleýärler. Hususy telekeçiligiň ösdürilmegi durmuş häsiýetli meseleleri çözmäge hem ýardam edýär, ilkinji nobatda, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär diýip, milletiň Lideri belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky” kararyň taslamasyny, makullap, oňa gol çekdi we wise-premýere bu resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça habar bermek bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 16-njy iýulda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde geçirilen 12-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, işewür, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we geljek üçin mümkinçilikler babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary girizildi. Bilelikdäki Hökümetara toparyň mejlisiniň işiniň çäklerinde türkmen-eýran işewürler maslahaty hem geçirildi. Onuň barşynda Eýranyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we döwletara türkmen-eýran gatnaşyklarynyň däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetini belläp, iki ýurduň arasynda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we hoşniýetli erk-islegiň ýörelgelerinde guralýan netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjek ady agzalan toparyň işiniň ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutany Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlaryna ünsi çekip, biziň ýurdumyz milli bähbitlere, şeýle hem ählumumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna gabat gelýän parahat söýüjilik, açyklyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydyr diýip belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, şol sanda şu ýylyň 21-nji iýulynda Mary şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşagyna agza döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, Mary şäheri 2012-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty diýen derejä eýe boldy. Bellenilişi ýaly, konsertiň maksatnamasyna myhmanlaryň, şeýle hem Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýändigini, halklaryň arasyndaky özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigini, biziň ýurdumyzyň halkara medeni hyzmatdaşlyk ulgamyna işjeň gatnaşmagyny üpjün edýändigini, Türkmenistanyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagyna itergi berýändigini nygtap, Mary şäheriniň 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda Türkmenistanda geçirilýän çäreleriň ählisiniň, şol sanda şu konsertiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet we sungat ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine ünsi çekip hem-de bu ulgamyň wekilleriniň täze taryhy eýýamyň ideologiýasyny, milli medeniýetiň gazanan üstünliklerini wagyz etmekde, jemgyýetiň ahlak keşbini kemala getirmekde we ösüp gelýän nesli ruhubelentlik ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde aýratyn orun eýeleýändigini nygtap, ýurdumyzyň söz ussatlary, ýazyjy-şahyrlar, sahna eserlerini we kinofilmleri döredýän dramaturglar, oýunlary sahnalaşdyrýan we kinofilmleri goýýan režissýorlar bilen alnyp barylýan işleriň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. Olar ýurdumyzda häzirki döwürde amala aşyrylýan möhüm özgertmeleriň jümmüşinde bolmak bilen, kämil eserleri döretmelidirler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri ýurdumyzyň döredijilik işgärlerini ajaýyp eserleri, şol sanda edebi we sazly, teatr sahnalaryny, goşgulary şeýle hem ýaşlarymyzda watançylyk duýgusyny has-da ösdürýän we olary Watana wepalylyk ruhynda terbiýeleýän eserleri döretmäge ruhlandyryp biljek derwaýys meseleler barada durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz sungat eserlerini döretmäge ruhlandyrýan gymmatlyklar hökmünde ýurdumyzyň milli guwanjyna, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen ajaýyp bedewlerimizi, özboluşly gözel tebagytymyzy, mähriban Watanymyzy hem-de berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly wakalaryny mysal getirdi.

Häzirki döwürde biz her aýda diýen ýaly iri desgalary açyp, ulanmaga berýäris, ägirt uly taslamalary durmuşa geçirýäris. Bolup geçýän şunuň ýaly köp sanly ýatdan çykmajak taryhy wakalara bagyşlap, ýokary hilli, ajaýyp eserleri döretmäge ähli mümkinçilikler bar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýerden bu işi berk gözegçilikde saklamagy, döredijilik işgärleri bilen ýygy-ýygydan duşuşyp durmagy, häzirki döwürde nähili eserleriň zerurdygyny, medeniýet we sungat babatda ýöredýän ideologiýamyzyň we alyp barýan syýasatymyzyň öňünde duran möhüm wezipeleri adamlara giňden düşündirmegi tabşyrdy.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi. Ol möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda gowaçalara ideg etmek, pagta ýygym möwsümine taýýarlyk görmek, şeýle hem ýerleri güýzlük bugdaý ekişine taýýarlamak hakynda hasabat berdi.

“Jon Dir” we “Keýs” kysymly pagta ýygýan kombaýnlar üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakyndaky” Kararyň taslamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösüşiň hil taýdan täze sepgitlerine ýetirmegi maksat edinen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, mehanizatorlaryň ygtyýaryna gelip gowuşýan täze häzirki zaman tehnikasyny netijeli ulanmaga degişli meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Milletiň Lideri geljekki hasylyň düýbüni tutýan möwsümleýin meýdan işleriniň aýratyn möhümdigini belläp, pagta ýygym möwsüminiň we güýzlük däne ekişiniň guralyşynyň strategiýasyny öz wagtynda we eserdeň oýlanmak babatda oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna tabşyryk berdi. Türkmenistanyň Prezidenti bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen anyk wezipeleri kesgitläp, daýhan hojalyklaryny tohum materiallary bilen doly möçberde we ýokary hilde üpjün etmegiň möhümdigini aýratyn görkezdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada hasabat berdi. Häzirki wagtda gurulýan ýa-da ýakyn geljekde ulanmaga beriljek möhüm desgalarda işleriň barşy barada habar berildi. Hususan-da, wise-premýer awtomobil ýollarynyň ugrunda guruljak köprüleriň taslamasyny düzmek we olary gurmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Köp sanly desgalaryň gurluşygynyň ýokary depgini we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ep-esli pugtalanmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmak ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň esasynda özümiziň gurluşyk materiallarymyzyň çykaralyşyny mundan beýläk-de artdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek meseleleri barada durup geçip, Aşgabatda ýollaryň we köprüleriň gurluşygynyň ýokary hilini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň sebitleýin we halkara ulag geçelgelerini netijeli ulanýandygyna ünsi çekip, ulag gatnawlaryny, şol sanda awtomobil ulaglary ulgamyndaky gatnawlary ösdürmekde bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly wezipäni goýdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awtomobil ýollarynyň ugrunda guruljak köprüleriň taslamasyny düzmek we olary gurmak hakyndaky” Karara gol çekip, gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň Türkmenistanyň içerki ýollarynda,şeýle hem halkara ýollarynda awtomobil gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedigini nygtady. Milletiň Lideriniň gol çeken şu Kararyna laýyklykda Türkmenistanda 78 köpri, şol sanda Aşgabat-Türkmenbaşy ugrunda 62 köpri, Aşgabat-Mary ugrunda 16 köpri gurlar. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz köprüleriň ýokary derejede ulanylmagyny we awtomobil ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen innowasion we ýokary tehnologiýaly çözgütleri, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary, ylmyň iň soňky gazananlaryny ulanmagyň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän nebitgaz toplumy, himiýa senagaty we balyk hojalygy pudaklarynda geçirilýän işler, şeýle hem 19-njy iýulda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady komitetleriniň nobatdaky bilelikdäki mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna «Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylarynyň düzümini tassyklamak hakyndaky» kararyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli energetika strategiýasyny amala aşyrmagyň meselelerinde durup geçmek bilen, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny berkitmek, ýurdumyzyň çäginde açylan täze uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan tiz özleşdirmek, şol sanda daşary ýurt maýalaryny çekmegiň hasabyna özleşdirmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri doly derejede ulanmak gerek diýip belledi. Bu babatda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna degişli işleri alyp barmagyň uly tejribesine, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan dünýäniň abraýly nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ilatly ýerlerini tebigy gaz bilen üpjün etmäge degişli meseleler pudagyň ýolbaşçylarynyň aýratyn gözegçiliginde bolmalydyr.

Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady komitetleriniň nobatdaky bilelikdäki mejlisiniň netijeleri baradaky hasabaty jemläp, döwlet Baştutany täze öwüşgine eýe bolan özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin häzir oňaýly mümkinçilikler açylýar diýip belledi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem «Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylarynyň düzümini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekip, strategik häsiýete eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde bu guramanyň eýeleýän ornuny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda hökümet aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak we gurnamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletiň ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamlarynyň ähli kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga uly üns berýändigini belledi. Olaryň öňünde ilata ýokary hilli hyzmat etmek wezipesi durýar. Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman tehnikasyndan we enjamlaryndan netijeli hem-de rejeli peýdalanmagy üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.

Hususan-da, milletiň Lideri häzirki wagtda Internetiň we aragatnaşygyň häzirki zaman tehnologiýalarynyň her bir raýaty üçin elýeterli bolmagy babatda Türkmenistanda ähli şertleriň döredilýändigini, telekommunikasiýalary okgunly ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu iş täze ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Siemens Enterprise Communications GmbH & Co.KG” kompaniýasy bilen hökümet aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak we gurnamak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän degişli resminama gol çekdi.

Soňra hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Ol döwlet durmuş syýasatyny we ylymy, bilimi, saglygy goraýyşy, sporty hem-de syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy hakynda hasabat berdi. Wise-premýer 21-nji iýulda täzelenen Mollagara şypahanasynyň açylyşyna taýýarlyk görlüşi hakynda hem habar berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda şypahanada işläp gelýän desgalaryň düýpli durky täzelendi we täze bejeriş binalary guruldy, şonuň netijesinde bu ýerde dünýä derejesindäki tutuş şypahana şäherçesi peýda boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ýaly ulgamlaryň ýurdumyzyň durmuşynda ileri tutulýan ähmiýetiniň bardygyny nygtap, bu ileri tutulýan ugurlarda milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen baglanyşykly ähli meselelere uly üns bermegi talap etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti durky täzelenen Mollagara şypahanasynyň açylyşyna degişli meselä geçip, birnäçe keselleri bejermek üçin baý tebigy serişdelere eýe bolan bu özboluşly şypahana häzirki wagtda düýpli özgerdildi diýip belledi. Bütindünýä meşhur sagaldyş edarasynyň giňeldilmegi, onuň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi türkmenistanlylaryň şypahana bejerişine bolan hajatlaryny has doly kanagatlandyrmaga we bu ýere daşary ýurtly myhmanlaryň köp sanlysyny çekmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutany bellemek bilen täzelenen şypahana toplumynyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň türkmen bölegini döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.

Milli Liderimiz 2013-njy ýylda ulanmaga beriljek Stomatologiýa merkezini orta hünär bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen 2012-nji yýlyda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebine talyplary kabul etmegiň sanyny köpeltmek, ýagny diş ussaçylygy hünärine 10 adam kabul etmek baradaky teklibi makullady.

Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda Horwatiýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň netijeleri hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “ULJANIK” (Pula ş., Horwatiýa) gämi gurluşyk zawodynyň “RO-PAX” kysymly ýolagçy-awtoulag gämilerini gurmak boýunça iş tejribesi bilen tanyşmak we gepleşikleri geçirmek iş saparynyň maksady boldy.

Döwletimiz ýurdumyzy durmuş-ykydsady taýdan ösdürmegiň giň gerimli toplumlaýyn maksatnamalaryny amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýän deňiz we derýa ulaglary pudagyny döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berýär diýip, milli Liderimiz degişli düzümi mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň söwda we ýolagçy flotuny kemala getirmek boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Horwatiýa Respublikasynyň gämi gurluşyk zawodynyň önümleriniň “Serdar” myhmanhanasynyň eýwanynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynyň netijesi hökmünde bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi oňlaýandygyny äşgär etdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulaglar pudagyny has-da ösdürmek, Türkmen deňiz söwda floty müdirliginiň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna ýük awtoulaglaryny daşaýan we ýolagçylary gatnadýan “RO-PAX” görnüşli iki sany gämini gurduryp, satyn almak barada Horwatiýa Respublikasynyň “ULJANIK” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar bermek hakyndaky Karara gol çekdi.

Hökümetiň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine garaldy we degişli çözgütler kabul edildi. Milletiň Lideri mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk we abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.