Türkmenistanyň Prezidenti meşhur şypahananyň täze binalarynyň toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Mollagara” şypahanasynyň täze binalarynyň toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Tebigatyň täsin galdyrýan künjeginde - irki döwürlerden bäri özüniň bejeriji häsýetleri bilen meşhur bolan Mollagara kölüniň ýanynda bu döwrebap toplumyň ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyga - Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp ulanmaga berilmegi uly ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, sagaldyş-şypahana ulgamy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzyň rowaçlygyna, türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýynyň ösdürilmegine gönükdürilen syýasatynda hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde ileri tutulýan ugurdyr.
Häzirki wagtda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň we beýleki iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde saglygy goramaga degişli döwrebap desgalaryň düzümi döredilýär. Saglygy goraýyşa degişli täze edaralaryň, bejeriş-şypahana we syýahatçylyk ugruna degişli binalar yzly-yzyna ulanmaga berilýär, olar üpjin edilişi we hödürlenýän hyzmatlaryň toplumy boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýär.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy munyň aýdyň mysalydyr, bu taslama laýyklykda Hazaryň kenar ýakasynda köp sanly ýokary derejeli bejeriş-şypahana bölümleri bolan myhmanhanalar, çagalar üçin sagaldyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin niýetlenilen kottejler, sport we medeni –dynç alyş maksatly desgalar guruldy we bularyň gurluşygy dowam etdirilýär.
Hut düýn şu ýerde nobatdaky täze bina ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýene-de bir kaşaň dynç alyş merkezi - “Bereket” myhmanhanasy açyldy. Deňziň ýakasyndaky şypahananyň görküni has-da artdyran bu ajaýyp toplum giň gerimli hem-de ýurdumyzyň ykdysady, syýahatçylyk taýdan örän uly kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagyna gönükdürilen taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy boýunça guruldy.
Ýeri gelende aýtsak, Balkan welaýatynyň çäklerinde howanyň dürli derejeli zolaklary we dürli görnüşdäki tebigy künjekler bar, bu welaýatda syýahatçylygy we şypahanalarda dynç alşy ösdürmek üçin örän uly mümkinçilikler bar. Uzboý derýasynyň gadymy hanasy günbatar welaýatyň esasy tebigy künjekleriniň biri hasaplanýar, gadymy döwürde şol hana arkaly Sarygamyş kölüniň we Amyderýanyň suwlary Hazar deňzine guýupdyr. Birnäçe asyrdan soňra, Uzboýuň guran hanalarynda şor we süýji suwly kölleriň düzümi emele gelipdir.
Şolardan iň ulusy bolan Mollagara köli Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinden 24 kilometr daşlykda, Jebel şäherçesiniň ýanynda ýerleşýär. Hut şu ýerde täsin galdyrýan özboluşly şypahana bar, ol köplenç halatda Ýakyn Gündogardaky meşhur Asuda deňiz bilen deňeşdirilýär. Şor suwly köl 105 kilometr aralyga uzalyp gidýär, ýylyň paslyna baglylykda, onuň ini 600 metrden başlap, 2,5 – 3 kilometre, çuňlugy bolsa 50 santimetrden 2 metre ýetýär. Bu ýerde suwa düşünmek isleýänlere ýüzmek hökman däl. Suwyň ýokary derejede minerallaşmagy ( bir metrnde 200-250 milligram) netijesinde, suwyň özi adamy suwuň ýüzünde saklaýar. Onuň ýene-de bir gyzykly aýratynlagy bar: ýylyň pasyllarynyň çalyşmagy bilen, Mollagara kölündäki suwuň himiki düzümi we reňki üýtgeýär- ýazyna goýy goňur, tomsuna solak gülgün, güýzüne melewşe, gyş döwründe mawy reňkde bolýar.
Köldäki gyrmançaly laý we şor suw ýokary derejede bejeriji häsiýete eýe bolup, onda köp möçberde hloridler we natriniň sulfatlary, magniý, demir, bromyň duzlary we beýleki minerallar bar, bular gadymy döwürlerden bäri ýerli ilat tarapyndan ulanylyp gelnipdir. Palçyk bilen bejeriji “Mollagara” şypahanasy ХХ asyryň başlarynda bejeriş edarasynyň derejesine eýe boldy. 1922-nji ýylda bu ýerde 300 orunlyk hem-de 3 ugur: daýanç-hereket ulgamy, nerw ulgamy we ginekologiýa boýunça keselleri bejermek bilen meşgullanýan sagaldyş merkezleri açyldy. 1998-nji ýylda şypahanada oňurga sütünine şikes ýetenler üçin bölüm guruldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň irki şypahanalaryň biri hasaplanýan “Mollagaranyň” keşbi düýpgöter özgerdi. Bu ýerde döwrebap binagärlige laýyklykda täze şypahana toplumy guruldy. Hakykatyna garanyňda, ol şypahana şäherjigi bolup durýar, bu ýerde iki, üç we alty gatly ýaşaýyş we bejeriş binalary, anyklaýyş we beýleki bölümler ýerleşýär. Ozalky binalaryň, suw, ýylylyk we elektrik energiýasy bilen üpjün edýän inženerçilik desgalaryň ulgamynyň hem durky düýpgöter täzelendi. Häzirki wagtda “Mollagara” şypahanasynda şol bir wagtyň özünde 815 adama, ýagny ozalka garanyňda 2,5 esse köp adama saglygyny bejertmäge we dikeltmäge oňaýly mümkinçilikler bar.
Irden bu ajaýyp saglyk merkeziniň çäginde baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürüp, aýdym-sazlar ýaňlandy. Şanly waka mynasybetli bu ýerde ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we daşary ýurtlardan gelen myhmanlar, şeýle hem welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň dikuçary “Mollagara” şypahanasynyň ýanyndaky meýdançada gonýar. Asylly däbe görä, milli lybasly gyzlar milletiň Liderine ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri mähirli garşylaýarlar, olar ýurdumyzda saglygy goraýşyň döwrebap ulgamynyň döredilmegine badalga beren türkmen Liderini Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň şu gün belleniýän hünär baýramçylygy hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 17 ýyllygy bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar.
Mälim bolşy ýaly, şol maksatnamanyň amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýjy täze hilli derejä we many-mazmuna eýe bolup, dünýäde öňdäki hatarlara çykdy. Ilata ilkinji lukmançylyk- sanitariýa kömegini bermek boýunça düýpli özgertmeler bolup geçdi, bejeriş edaralarynyň we anyklaýyş merkezleriniň işini kämilleşdirmek we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, maşgala lukmançylygyny we saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyny ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyryldy, munuň özi keselleriň öňüni almaga oňyn täsirini ýetirdi.
Lukmançylyga degişli täze desgalaryň gurulmagy, döwrebap tehnologiýalaryň, şol sanda telemedisinanyň işjeň ýagdaýda ornaşdyrylmagy, saglygy goraýyş edaralaryň ählisiniň dolulygyna kompýuterleşdirilmegi, lukmançylyk ylmyna maksada laýyk gelýän derejede goldaw berilmegi, ökde hünärmenleriň taýýarlanmagy- bularyň ählisi adamlaryň saglygyny berkitmek we goramak üçin örän oňaýly mümkiçilikleri döredýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça toplan oňyn tejribesi dünýä bileleşigi we esasy halkara guramalary, şol sanda BMG we onuň iri düzümleri – Bütündünýä Saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy (UNISEF) hem-de ýurdumyz bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýän beýleki guramalar tarapyndan giňden ykrar edildi.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine, lukmançylyk ylmynyň , şeýle hem bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ägirt uly goşant goşan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Umumyrussiýa jemgyýetçilik guramasynyň “Milletiň saglyk ligasy” diýen abraýly halkara baýragynyň - ýadygärlik medalyň gowşurylmagy munyň aýdyň subutnamasydyr. Ilatyň saglygyny goramak bilen baglanyşykly dürli bilim ulgamlarynyň hünärmenlerini, Russiýa Federasyýasynyň iri jemgyýetçilik we döwlet işgärlerini bir ýere jemleýän bu gurama işewürçilik düzümleriniň, Russiýanyň jemgyýetçilik we döwlet häkimiýetiniň guramalarynyň arasynda baglanyşdyryjy düzüm bolup durýar. Onuň işiniň esasy ugry durmuş ähmiýetli taslamalara, şol sanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagy edilmegine, ilatyň saglygynyň hem-de daşky gurşawyň goralmagyna goldaw bermekden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylanandygy hem-de milli senenamanyň şanly senesi mynasybetli aýdylan gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ilatyň saglygynyň raýatlaryň ýaşaýyşynyň derejesiniň, diýmek, ýurdumyzyň rowaçlygynyň möhüm görkezijileriniň biri bolandygyny we şeýle bolmagyna galýandygyny belledi. Milletiň Lideri geljekde-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan bu ugruna aýratyn üns beriljekdigini aýtdy.
Soňra döwlet Baştutany awtoulagda şypahananyň baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen ýerine gelýär. Ýaşlar “Hoş geldiňiz, “Mollagara”, Arkadag!” diýen sözler biren milletiň Liderini mähirli garşylaýarlar.
Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutany saglygy goraýyş we derman senagaty boýunça daşary ýurtly hünärmenler, dünýäniň iri ylmy-kliniki merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň, daşary ýurt kompnaiýalarynyň wekilleri türkmen Lideri bilen mähirli görüşdi, olar ýurdumyza şu günki dabara gatnaşmak üçin geldiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki wakanyň ähmiýeti barada aýdyp, “Mollagara” şypahanasynyň bejeriş taýdan örän oňat mümkinçiliklere eýedigini, bu ýerde birnäçe keselleri üstünlikli bejermek üçin tebigy ýagdaýlaryň ulanylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanyyz bu täsin galdyrýan şypahananyň gadymy döwürden bäri diňe bir türkmenistanlylaryň däl, dünýäniň ähli künjeklerinden bu ýere gelýän köp sanly adamlaryň arasynda giňden meşhur bolandygyny belledi. Şypahananyň täze, döwrebap toplumynyň gurulmagy bu ýerde bejeriş we sagaldyş babatda edilýän hyzmatlaryň gerimini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer.
Mälim bolşy ýaly, milletiň Lideriniň “Türkmenistan –melhemler mekany” atly kitaby ýerli tebigy çeşmeleriň bejeriş taýdan örän uly mümkinçilikleri esasynda şypahanalar ulgamyny ösdürmegiň meselelerine bagyşlanýar we şonda ýurdumyzyň halkara derejeli sagaldyş mekrezi hökmündäki kuwwaty we geljegi giňişleýin beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu kitapda türkmen topragynda entek açylmadyk we ylmy barlaglaryň geçirilmegini talap edýän bejeriji häsiýetli ýerleriň az däldigini belleýär. Milletiň Lideri şol baýlyklaryň ählisiniň halkymyzyň hyzmatyna gönükdirilýändigini aýdýar.
Ýokary derejeli hünärmen bolup köp ýyllaryň dowamynda milli saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden döwlet Baştutany bejeriji mineral çeşmeleriň peýdaly häsiýetleri barada täsirli gürrüň edip, birnäçe maslahatlary berdi, şol çeşmeleriň her biriniň suwy himiki düzümi boýunça tapawutlanyp, köp keselleri bejerip biler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tebigatyň adamalaryň saglygyny we güýç-kuwwatyny dikeltmäge ýardam berýän bu ajaýyp künjekleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy teklip edip, dabara gatnaşýan myhmanlary Türkmenistanyň döwrebap şypahanalaryna baryp görmegi teklip etdi. Häzirki wagtda şol ýerlerlde halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede saglygyňy bejermek we dynç almak üçin ähli şertler döredildi.
Milletiň Lideri döwletiň geljekde-de adamlaryň saglygynyň goralmagyna, türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilip amala aşyrylýan milli maksatnamalara laýyklykda durmuş maksatly şeýle desgalaryň gurulmagyna aýratyn üns berjekdigini belledi.
Daşary ýurtly myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy döwrebap şypahana-bejeriş toplumynyň açylmagy bilen gutlap, möhüm ähmiýetli çärelere gatnaşmaga çagyrylandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we döwletiň hem-de halkyň taryhynyň şonuň ýaly wakalardan düzülýändigini belläp, döwletiň täze, döwrebap nusgasyny esaslandyryjy hasaplanýan döwlet Baştutanyny “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 17 ýyllygynyň bellenilmegi bilen gutladylar. Bu maksatnama milletiň Lideriniň baştutanlygynda işlenip düzülip, saglygy goraýyş boýunça täze döwlet syýasatynyň amala aşyrylyp ugralmagyna badalga berdi.
Şu ýerde milletiň Liderini döredijilik toparlary özbolşuly aýdym sazly we tansly çykyş bilen garşyladylar.
Döwlet Baştutany merkezi binanyň öňündäki münbere tarap barýar. Türkmenistanyň Prezidenti dabara gatnaşyjylara we myhmanlara ýüzlenip, olary we tutuş türkmen halkyny şu gün bellenilýän milli baýramçylyk- Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, şeýle hem bütin dünýäde belli bolan “Mollagara” şypahanasynyň täze, döwrebap binalary toplumynyň açylmagy bilen gutlady.
Milletiň Lideri berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň «Sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň esasydyr» diýen ýörelgeden ugur alýandygymyzy we şoňa görä-de, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda ynsan saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini belledi.
Ata Watanymyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we bejermek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli, belent ruhly ýaş nesli kemala getirmek boýunça ähli zerur işler amala aşyrylýar. Şu maksat bilen «Saglyk» döwlet maksatnamasy kabul edildi. Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin Döwlet býujetinden goýberilýän maliýe serişdeleriniň möçberi ýyl-ýyldan artdyrylýar. Şu ýyl hem býujet serişdelerinden saglygy goraýyş ulgamyna 764,5 million manada golaý pul serişdesi goýberildi. Bu bolsa geçen ýyldakydan 72 million manat köpdür.
Ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini dünýä derejesine ýetirmekde, ilatymyzyň saglygyny berkitmekde, raýatlarymyzyň oňat dynç almagyny guramakda şypahanalaryň aýratyn ähmiýeti bar. Tebigy çeşmelere we melhem serişdelere bay ýurdumyzyň welaýatlarynda soňky 4-5 ýylyň içinde sagaldyş-dynç alyş ulgamynyň tutuş toplumy döredildi. Ahal welaýatynda Arçman we Ýyly suw, Mary welaýatynda Baýramaly, Lebap welaýatynda Farap hem-de Aşgabat şäherinde Berzeňňi şypahanalarynyň täze desgalary gurlup, olaryň öňki hereket edýän binalarynyň durky düýpli täzelenip, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Häzirki wagtda Daşoguz welaýatyndaky şypahananyň hem täze, döwrebap binasy gurulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbataryndaky Balkan welaýatynda ýerleşýän “Mollagara” şypahanasy hem birnäçe keselleri bejermekde, adamlaryň saglygyny berkitmekde dünýä meşhur şypahanalaryň biridir. Mollagaranyň şypa berijilik ähmiýeti ir döwürlerden bäri bellidir diýip belledi. Döwlet Baştutany bu ýeriň täsin aýratynlyklary, şeýle hem kesel bejerijilik güýji, rahatlandyryjy aýratynlygy hakynda, duzly suwuň geň galdyryjy täsiri barada halk içinde ýüzlerçe ýylyň dowamynda onlarça rowaýatlardyr gazallar düzülipdir diýip aýtdy. Şol rowaýatlaryň birinde aýdylyşyna görä, şu töwereklerde ýaşap geçen Gara atly çopanyň düýeleriniň agyr ýükden aýaklaryna şikes ýetipdir. Şikesden aýagy çişen düýeler Gün gyzanda bu ýerdäki kölüň duzly palçygyna çöküp oturypdyrlar. Uzak wagt geçmänkä düýeleriň aýaklarynyň çişi gaýdyşyp, olar sagalyp gidipdirler. Düýeleriniň çalt sagalandygyny gören çopan hem öz guragyryly aýaklary üçin şor suwy we palçygy ulanyp, dertden saplanypdyr. Şondan son, dürli kesellerden ejir çekýän adamlar bu ýerden öz dertlerine şypa gözläpdirler. Şe ýdip, gadymy Uzboýuň Hazar deňzine golaý akabasynyň ugrundaky köliiň şor suwly palçygy ýüzýyllyklaryň dowamynda bejeriş häsiýeti bilen adamlary özüne çekip gelipdir. Mollagara sözi hem şol Gara çopanyň adyndan gelip çykypdyr.
Döwlet Baştutany sözüni dowam edip, häzirki döwürde bu şypahananyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän, düýbünden täze, döwrebap binalarynyň gurulandygyny we öň ulanylyp gelýän binalarynyň durkunyň düýpli täzelenendigini aýtdy. Jemi 815 adama, şol sanda 170 maşgala niýetlenen bu şypahanada keselleri anyklaýyş, palçyk, şeýle hem suw bilen bejeriş merkezinden, çagalar bölüminden başga-da, suwasty owkalama, duzly suwly wannalar we duşlar, sowuk howa akymy, duzly we mineral howadan dem almak arkaly bejeriş bölümleri bar. Bu ýerde keselleri gyzdyrylan daşlar, Garagumuň gyzgyn çägesi we ozon gazy, ýurdumyzyň dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan erginler bilen bejermegiň täze we netijeli usullary hem giňden ulanylýar. Bu ýerdäki duzly kölüň kenarynda Gün şöhlesi bilen saglygy berkitmek we dynç almak üçin niýetlenen 300 orunlyk bölüm hem ýerleşýär.
Şypahanada saglyklaryny berkitmäge gelýän adamlaryň oňat dynç almaklary üçin hem zerur şertler döredildi. Bu ýerdäki täze açylan kitaphanada, internet-kafede, restoranda we dükanlarda, amfiteatrda, gözellik salonynda we beýleki medeni-durmuş maksatly otaglarda adamlara medeniýetli hyzmat ediler.
Şu gün “Mollagara” şypahanasynyň täze gurlan binalary bilen birlikde bu ýerde işlejek lukmanlar hem-de beýleki işgärler üçin niýetlenen köp öýli alty sany ýaşaýyş jaýy we beýleki desgalar hem ulanmaga berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mollagara şypahanasynyň häzirki döwrüň in kämil lukmançylyk enjamlary we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş bölümlerinde we otaglarynda öz işine ussat lukmanlaryň halkymyza ýokary hilli hyzmat etmekleri üçin ähli oňaýly şertleriň döredilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň şenbe we ýekşenbe günlerinde “Mollagarada” galyp, döwletimiziň hasabyna dynç alyp we öz saglygyny berkidip biljekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary we ýurdumyzyn ähli halkyny Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy, şeýle hem “Mollagara” şypahanasynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze gurlan binalar toplumynyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, bu meşhur şypahananyň işgärlerine ynsan saglygyny goramak ýaly jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Dabaraly pursat gelip ýetýär. Döwlet Baştutany şypahananyň merkezi binasynyň esasy girelgesiniň ýanyna gelýär. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpmagynda toý bagyny kesýär hem-de binanyň içine girýär. Bu ýerde milletiň Liderini ýaşlar gül desseleri bilen garşylaýarlar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti şypahanadaky adamlar üçin ähli oňaýly şertler döredilen dynç alyş otaglaryny, şeýle hem duzly we mineral howadan dem almak arkaly bejeriş, ozon bilen bejeriş, owkalama, suw bilen bejeriş boýunça ýöriteleşdirilen otaglary synlaýar.
Milletiň Lideri bu ýerde işleýän lukmanlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň özleri we ýüz tutup gelenler üçin döredilen şertler bilen jikme-jik gyzyklandy.
Ozal bellenilişi ýaly, bu ýerde Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Slowakiýanyň öňde baryjy önüm öndürijiliginiň lukmançylyk enjamlary goýuldy hem-de saglygy bejermek we dikeltmek, şeýle hem keselleri anyklamak boýunça hyzmatlaryň giň toplumyny berjaý etmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bu ýerde rentgen, endoskopiýa, ultrases arkaly barlamak, elektrokardiografiýa, kompýuter tomografiýasy we beýlekiler üçin niýetlenen enjamlar goýuldy. Terapewt, kardiolog, hirurg, trawmatolog, newropotolog, urolog, pediator ýaly hünärine ökde lukmanlardan maslahatlary almak bolar. Şeýle hem şypahanada iňňe arkaly bejerýän lukmanyň, stomatologyň, gulak-burun-bokurdak lukmanyň, bejeriş bedenterbiýesi üçin iş otaglary bar. Ýeri gelende aýtsak, lukmanlar gaýtadan ýörite taýýarlanyldy, şoňa görä-de, “Mollagarada” berjaý edilýän lukmançylyk hyzmatlary halkara ülňülerine laýyk gelmek bilen, dünýäde giňden belli bolan saglyk merkezlerindäki bejerişden pes däldir.
Galyberse-de, howa we balneofizioterapiýa arkaly, toplumlaýyn bejeriş bilen birlikde, fitoterapiýa degişli usullardan peýdalanylýar, şonda dermanlyk ösümlikleri ulanylýar, bular barada Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde jikme-jik beýan edilýär.
Şypahana bilen tanyşlygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow fitobara bardy, bu ýerde şypahana gelenleriň her birine bejeriji içgiler, çaý, sahawatly türkmen topragynda ösýän otlardan taýýarlanýan şerbetler hödürlenýär.
Döwlet Baştutany binanyň çykalgasyna tarap barýarka, eýwanda dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň el çarpmagynda, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri bu ajaýyp toplumyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de onuň işgärlerine işde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz “Mollagara” şypahanasyna dürli kysymly ýörüteleşdirilen awtoulaglaryň 13-sini sowgat berdi. Muňa jogap hökmünde lukmanlar milletiň Liderine saglygy goraýyş we bejeriş-şypahana ulgamynyň ösdürilmegine degişli meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de ata Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidi ugrundaky köp ugurly işinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler.
Şu ýerde, “Mollagara” şypahanasynyň binalarynyň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mollagara” şypahanasyndaky desgalaryň durkuny täzelemek we täze binalar gurmak boýunça taslamanyň amala aşyrylmagyna gatnaşan Türkiýäniň “Kotam Enterpaýzis LTD” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny- kompaniýanyň prezidenti jenap Muammer Agymy, wise- prezidenti hanym Seda Gengörüni we baş müdir Aly Riza Misilini kabul etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy hem-de dikuçarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky kabulhanasyna geldi. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäherinden Aşgabada gaýdyp geldi.