Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň “Kotam Enterpraýzis LTD” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň “Kotam Enterpraýzis LTD” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 668
Şu gün Balkan welaýatyna iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Mollagara” şypahanasynyň açylyş dabarasy tamamlandan soňra, şu ýerde “Kotam Enterpraýzis LTD” türk kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny – kompaniýanyň prezidenti jenap Muammer Agymy we wise-prezidenti hanym Seda Genguruny we baş müdir Aly Riza Misilini kabul etdi.

Myhmanlar duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanyna çuňňur hoşallyk bildirip, milletiň Liderini Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen gutladylar. Olar hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn gowulandyrmaga, iň gowy innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy ylmy işläp düzmeleri giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen möhüm milli maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Döwlet Baştutany türkmen tarapynyň esasy daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda dünýä belli “Kotam” türk kompaniýasynyň tejribesini işjeň ulanmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi. Bu kompaniýa Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolup, onuň bilen bilelikde soňky ýyllarda esasy ulgamlarda, şol sanda saglygy goraýyş we dokma senagatynda bilelikdäki möhüm taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy.

“Mollagara” şypahanasynyň ozalky binalarynyň durky täzelemek we täze binalar toplumyny gurmak boýunça maksatnamanyň amala aşyrylmagyna gatnaşan “Kotam Enterpraýzis LTD” türk kompaniýasynyň ýolbaşçylary hoşniýetli sözler we ýokary ynam bildirilýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, berkararlyk we bagtyýarlyk eýýamynda türkmen halkynyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna amala aşyrylýan belent maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmäge geljekde hem öz goşantlaryny goşmaga taýýardygyny aýtdylar.

Myhmanlar duşuşygyň çäklerinde milletiň Lideriniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we kompaniýa ynanylan taslamalaryň, şol sanda durmuş we önümçilik maksatly täze möhüm desgalary gurmak boýunça taslamalaryň ilerleýşi hakynda habar berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhmanlar hoşlaşanlarynda birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, özara gyzyklanmany we özara bähbidi nazara almak bilen guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mütewellioglu gatnaşdy.