Türkmenistanyň Prezidenti Awazada täze myhmanhananyň açylyş we gämi gurluşyk taslamasynyň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana düzüminiň täze desgasynyň-“Bereket” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desga Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy boýunça bina edildi.
Awazada kaşaň dynç alyş merkezleriniň ýene-de biriniň ulanmaga berilmegi Hazaryň kenarynda täze desgalaryň açylyş dabaralaryny dowam etdi. Şu ýyl şol dabaralar “Şapak” kottejler toplumynyň açylmagyndan başlandy. Bu ýerde ulanmaga berilýän her bir täze desga türkmen topragynyň bu gözel künjegini dünýä derejesindäki ajaýyp şypahana dürdänesine öwürýär. Ynha, ýurdumyzda ilkinji Milli syýahatçylyk zolagynyň taryhynda ýene-de bir nobatdaky waka. Bu taryh biziň gözümiziň alnynda bolup geçýär we onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary şöhlelenýär. Bu syýasat bolsa türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, olaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin iň gowy şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Ýanaşyk ýerleri baýramçylyk lybasyna beslenen täze “Bereket” myhmanhanasynyň özboluşly binagärlik toplumy Awazanyň böleginde peýda boldy. Häzir gurluşykçylar, taslamaçylar we inženerler kenarýaka zolagyny işjeň özleşdirýän. Myhmanhananyň ak mermere beslenen belent binasynyň keşbi gäminiň ýelkenine meňzäp, 120 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän binalar toplumy uzaklardan synlanyňda ýüzüp barýan ägirt uly gämini ýadyňa salýar.
Şu gün ir bilen bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi, ähli ýerlerde aýdymlar we sazlar ýaňlandy. Dabara gatnaşyjylar-hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, ýaşlar, şeýle hem daşary ýurtly işewür toparlarynyň wekilleri, lukmançylyk babatda daşary ýurtly hünärmenler we biziň ýurdumyzyň beýleki myhmanlary milli Liderimiziň gelerine garaşyp durlar.
“Bereket” myhmanhanasynyň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdança hormatly Prezidentimiziň awtoulagy gelip durýar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanyna ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Milletiň Liderini welaýatyň hormatly ýaşululary garşylaýarlar, olar watandaşlarymyz, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak hakynda işjeň alada edýändigi, milli ykdysadyýetimizi öňdebaryjy sepgitlere ýetirmek üçin ägirt uly tagallalar görýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine çäksiz hoşallyk bildirdiler. Ýaşulular berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzda bolup geçýän ägirt uly oňyn özgertmeler hakynda söz açyp, döwlet Baştutanynyň möhüm başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtadylar, şol başlangyçlar bütin ýurdumyzda häzirki zaman senagat önümçilikleriniň we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ägirt uly sanatoriýa-şypahana toplumynyň uly möçberli gurluşygynda hem öz beýanyny tapdy, şol toplum isleg bildirýänleriň hemmesine ýerli tebigy serişdeleriň, günüň hem-de deňiz suwunyň özboluşly bejeriş mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşulular bilen salamlaşyp, olaryň özlerini duýuşy, saglyklary bilen gyzyklandy, obalardaky işleriň ýagdaýy barada sorady. Döwlet Baştutanynyň ýaşulular bilen söhbetdeşlikde belleýşi ýaly, Hazar deňziniň kenarynda eýýäm syýahatçylyk düzüminiň häzirki zaman desgalarynyň birnäçesi guruldy hem-de işleýär, ony biz geljekde-de işjeň ösdüreris.
“Awazanyň” döredilmeginiň esasy maksady ýurdumyzyň özboluşly tebigy deňiz ýakasynyň ägirt uly dikeldiş mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekden, türkmenistanlylar üçin dynç almagyň has oňaýly şertlerini üpjün etmekden ybaratdyr, sebäbi adamlar, olaryň abadançylygy we saglygy hakyndaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şol bir wagtyň özünde türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy dünýä derejesindäki sagaldyş edarasyna hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüler, munuň özi turuwbaşda bu iri möçberli taslamada beýan etdi.
Mundan başga hem bütin ýurdumyzyň şypahana düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, işläp gelýän şypahanalarynyň we meşhur sagaldyş edaralarynyň düýpli durkuny täzelemek boýunça çäreler görülýär. Ertir biz durky täzelenen we täze ýörite enjamlar bilen üpjün edilen Mollagara şypahanasyny dabaraly ýagdaýda açarys we ulanmaga bereris, şol ýerde raýatlaryň saglygyny bejermek we berkitmek üçin iň gowy şertler döredildi diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdirdi.
Milletiň Lideri söhbetdeşlikde obany ösdürmek meselelerine ýene-de gaýdyp gelmek bilen oba ilatynyň hajatlary, şol ýerlerde suw, elektrik energiýasy, gaz bilen üpjünçiligiň näderejede oňat gurulandygy, ýaşlaryň iş bilen nähili üpjün edilendigi hakynda jikme-jik sorady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmagyň döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlary boljakdygyny belläp, ýakyn wagtlarda Balkan welaýatynda Ýaşulularyň nobatdaky maslahatynyň boljakdygyny ýatlatdy, şol maslahatda halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbitlerini gozgaýan möhüm meselelere garalar. Şonuň üçin hem hormatly ýaşulalar maslahata eýýäm hazärki wagtdan düýpli taýýarlanyp başlaň diýip, milletiň Lideri aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti biziň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak, milli däp-dessurlarymyzy we urp-adatlarymyzy gorap saklamak şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek boýunça geçirilýän işlerde ýaşulularyň ähmiýetli ornuny belläp, Watanymyzy ösdürmäge goşýan goşantlary üçin olara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutany mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen hem ýaşululary mähirli gutlady we olaryň okan aýat-töwürleriniň ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň we bol-elinligiň hatyrasyna gudraty güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi. Soňra milletiň Lideri hemmeleri “Awazada” ýene-de bir şypahana desgasynyň açylyşy mynasybetli dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary, meşhur aýdym-saz toparlary, aýdymçylar, sazandalar we tansçylar şanly waka mynasybetli öz joşgunly döredijilik sowgatlaryny-eziz Watanymyzyň üstünliklerini wasp edýän tanslaryny we aýdymlaryny taýýarlapdyr. Häzirki döwri wasp edýän aýdym bilen ýerine ýetirilen joşgunly halk tansy häzirki dabara aýdyň öwüşgin gaýtdy. Oňaýly myhmanhana toplumynda ýaňlanan bu aýdymyň gadymy, öçmejek owazlary, tansyň gadymy öwüşginleri milli däpleriň häzirki anyk ýagdaýlar bilen ruhubelent goşulyşmagy boldy, şonda türkmenistanlylar ajaýyp sagaldyş edaralarynda dynç almaga we dünýä derejesindäki syýahatçylyk we dikeldiş hyzmatlarynyň giň görnüşlerinden peýdalanmaga ähli mümkinçilikleri aldylar. Döwlet Baştutany ajaýyp çykyşlary üçin artistlere minnetdarlyk bildirip, myhmanhananyň baş girelgesine tarap ugraýar.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň dostlukly elçarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär.
Tutuşlygyna alnanda Awazada söwda-dokma senagaty toplumynyň işgärleri üçin gurlan täze desga umumy binagärlik we şypahana düzümi bilen birleşen belent binalaryň üçüsinden - A, B we D bloklaryndan ybaratdyr.
250 orunlyk “Bereket” myhmanhanasynda 138 otag bolup, olaryň 38-si bir orunlyk, 76-sy iki orunlyk, 20-si lýuks we 4-si ýokary wezipeli myhmanlar üçin niýetlenendir. Mundan başga-da bu ýerde restoran, 3 sany kafe, barlar, supermarket, dükanlar, şeýle hem çagalar üçin oýun oýnalýan otaglar bolup, bu ýerde körpeler wagtyny örän gyzykly geçirerler, olara oňat gözegçilik ediler. Gowy dynç alar ýaly, çagalar we ulular üçin açyk we ýapyk howuzlar, fitnes zallar we açyk howada sport meýdançalary göz öňünde tutuldy. Bu ýerde şeýle hem bilýard we kino zallary, sauna we gündogar hammamy bar. Elbetde, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk otagy hem göz öňünde tutuldy.
Myhmanhananyň örän amatly otaglary oňaýly mebel bilen üpjün edilipdir hem-de häzirki zaman durmuş we hyzmat ulgamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Otaglaryň häzirki zaman bezelişi bu ýere gelýänleriň göwnünden turjakdygy gürrüňsizdir. Ajaýyp türkmen halylary, haly düşekleri, žiwopis eserleri, şeýle hem ajaýyp fotopanno muňa kaşaň goşundy bolup hyzmat edýär, şol fotopannoda türkmen tebigatynyň täsin görnüşleri beýan edilipdir. Olar biziň Watanymyzyň giň meýdanlarynyň we sähralarynyň, dag jülgeleriniň hem-de çeşmeleriniň ajaýyplygyny beýan edip, jaýyň keşbine aýratyn görk berýär, şonda türkmen tebigatynyň özboluşly görnüşleri beýan edilendir.
Döwlet Baştutany myhmanhananyň binalarynyň birine geçip we sekizinji gata çykyp, täze dynç alyş merkeziniň abadanlaşdyrylmagy hem onuň işiniň aýratynlyklary bilen tanyşmaga başlady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alýanlar üçin ähli şertler döredilen myhmanhana otaglaryny gözden geçirdi.
Milletiň Lideri “Bereket” myhmanhanasynyň ýokary derejesine laýyk gelýän oňaýly otaglarynyň bezegine, owadan mebeller bilen üpjün edilmegine we yşyklandyrylyşyna ýokary baha berip, bu ýerde dynç alýanlara iň oňat dünýä ülňülerine laýyk gelýän oňaýlylygyň mynasyp derejesiniň üpjün edilendigini kanagatlanmak bilen belledi. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýerden görünýän deňziň we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň täze gurulýan desgalarynyň ajaýyp keşbine hem mynasyp baha berdi.
Soňra milletiň Lideri ýene-de birinji gata düşüp, bloklary birleşdirýän gallereýa boýunça geçip beýleki binada boldy, şol ýerde 5-6-njy gatlarda ýerleşen we belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenilen ajaýyp myhmanhana otaglary bilen tanyşdy. Bu iki derejedäki otaglar häzirki zaman tehniki yşyklandyryş bilen şowly utgaşýan bir kemsiz bezelen, her biriniň meýdany 240 inedördül metr bolan myhmanhana otaglarydyr. Şol binanyň 2-nji,3-nji we 4-nji gatlarynda VIP-otaglar ýerleşýär, olaryň her biri 119 inedördül metre golaý meýdany eýeleýär.
Döwlet Baştutany myhmanhananyň içerki otaglaryny gözden geçirmegi tamamlap, onuň binasyndan daşary çykdy we töwereginiň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
Soňra milletiň Lideri myhmanhananyň merkezi eýwanyna geçdi, şol ýerde dabaraly ýagdaýda Hormatly myhmanlaryň kitabyna ýadygärlik ýazgysyny ýazdy.
Türkmenistanyň Prezidenti täze myhmanhana üstünlikli işlemekligi arzuw edip, “Bereket” myhmanhanasynyň “Awazanyň” täze keşbine ýene-de bir äşgär öwüşgin berendigini nygtady, onuň özboluşly binagärlik toplumy bezegçileriň, täzeçil çözgütleri, öňdebaryjy inžener-tehniki pikir hem-de ähli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň birkemsiz hili we elbetde, hyzmatlaryň dynç alýanlara hödürlenilýän giň görnüşleri hem-de hyzmat etmegiň ýokary derejesi sazlaşykly utgaşýar.
Dabara tamamlanandan soň milletiň Lideri oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy hem-de asyrlardan bäri dowam edip gelýän milli däpleri hem-de hakyky myhmansöýerlik görkezmegi häzirki zaman derejesinde üpjün edýän, “Awazanyň” ajaýyp ýerleriniň ýene-de biri bolan “Bereket” myhmanhanasyndan ugrady.
*** Bir näçe wagtdan soň Serdar myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda parom gämisini gurmak boýunça taslamanyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Ol Horwatiýanyň “Uljanik” gämi gurluşyk kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan guraldy. Hususan-da, dünýä belli bu kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň başlygy Anton Braýkowiç, şeýle hem marketing, söwda boýunça direktorlary we beýleki ýolbaşçylary Awaza geldiler.
Bu kompaniýanyň öndürýän ýük ýolagçy gämileriniň mümkinçilikleri we tehniki häsiýetnamalary türkmen döwletiniň Baştutanynyň garamagyna hödürlendi.
Pula şäherinde ýerleşýän “Uljanik” gämi gurluşyk kompaniýasy eýýäm 150 ýyldan gowrak bäri hereket edýär. Ol deňiz senagatynyň häzirki zaman hajatlaryny kanagatlandyrýan gämileriň dürli görnüşlerini taslamak we gurmak boýunça ägirt uly tejribä eýedir. Mysal üçin, soňky 30 ýylyň dowamynda Hazar gämiçiligi üçin parom gämileriniň üçüsi guruldy.
Şu gün garalan taslama “RO-PAХ” görnüşli ýük ýolagçy gämisi bilen tanyşdyrdy. Onuň uzynlygy 155 metre golaý, ini 17,5 metre, 2 х 3060 kW esasy hereketlendirijileriniň kuwwatlygynda tizligi sagatda 32 kilometre barabardyr. Gämi ýolagçylary gatnatmak, ýükleri, awtoulaglary we beýleki tigirli tehnikany daşamak üçin niýetlenendir. Mysal üçin, gämi bir wagtyň özünde ýük awtoulaglarynyň 53-sini we 200 adamy öz bortuna alyp bilýär. Ýolagçylar üçin bu ýerde dükanlar, restoran, barlar we beýleki hyzmatlar göz öňünde tutulandyr.
Gäminiň taslamasy horwat hünärmenleri tarapyndan biziň howa şertlerimiz nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy, ony dolandyrmak hem-de işgärler we ýolagçylar üçin oňaýly şertler babatda aýratyn üns berildi. Gämide goşa kaýutalaryň 36-sy we uçar oturgyçlarynyň 170-si, gäminiň deňizde çaýkanmagyna gözegçilik ulgamy we howpsuzlygyň ýokary ülňüleri göz öňünde tutulypdyr.
Kompaniýanyň wekilleri gämini gurmagyň şertleri, geljekki gäminiň tehniki häsiýetnamalary hakynda jikme-jik gürrüň berdiler. Şol häsiýetnamalar dünýäniň gämi gurluşygynyň öňdebaryjy tehniki we tehnologik çözgütlerine gabat gelmelidir. Çykyş edenler şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gäminiň taslamasynyň, enjamlarynyň we ykdysady taýdan maksada laýyklygy we ekologik howpsuzlygy bilen bagly sowallaryna jogap berdiler. Mysal üçin, bu gäminiň artykmaçlyklarynyň hatarynda ýangyjyň tygşytly sarp edilmegi we daşky gurşaw üçin zyýanly galyndylaryň peselmegi ýaly artykmaçlyklar bar.
Milletiň Lideri hödürlenen taslamany makullap, çykyş edenlere tanyşdyryş dabarasy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny gurmagyň taslamasyny mundan beýläk-de amala aşyrmak, şeýle hem Balkan welaýatynyň we tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýetini täze derejä çykarmagyň wezipelerini nazara almak bilen, deňiz gatnawlaryny we deňiz flotyny ösdürmek ýaly biziň ýurdumyz üçin geljegi uly bolan ugurda Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Tanyşdyryş çäresi tamamlanandan soň döwlet Baştutany dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
Şu gün agşam "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze “Bereket” myhmanhanasynyň açylmagy hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň sungat ussatlary uly konsert programmasy bilen çykyş etdiler.

* * *