Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Zulkefli bin Mohd Nury kabul etdi. Ol türkmen döwletiniň Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşmaga wagt tapandygy we özara söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň iki ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şu ýyl boljak 20 ýyllygy bilen gutlan hem-de deňhukuklylyk we özara peýdalylyk nukdaýnazaryndan guralýan oňyn türkmen-malaýziýa gatnaşyklaryny okgunly ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýän Patyşasynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Malaýziýada türkmen Lideriniň alyp barýan parahat söýüjilikli syýasatyna hem-de parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy abadançylygyň berkidilmegine gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler we tutuşlygyna goldaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny ýollap, Türkmenistanyň Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlary, hususan-da, dünýäniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň biri hökmünde ykrar edilen Malaýziýa bilen dostlukly gatnaşyklary we köp ugurly hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany Aşgabatda edarasy bolan Türkmenistandaky ilçihananyň birinji ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli guralýar.
Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda iki ýurduň özara üsti ýetirilýän milli ykdysadyýetlerini, şeýle hem olaryň uly serişdelerini we ykdysady kuwwatyny nazara almak bilen, uly mümkinçiliklere eýe bolan türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça düýpli pikir alşyldy.
Geçen ýyllaryň içinde döwletara gatnaşyklarynyň ýokary ösüş depgininiň saklanýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, milli Liderimiz we Malaýziýanyň doly ygtyýarly wekili özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän dürli derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ýygjamlaşandygyny aýratyn bellediler. Özara bähbitleriň esasy ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlary görkezildi. Türkmenistan we Malaýziýa bu pudaklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýärler. Birmeňzeş pikire görä, iki dostlukly ýurduň halklarynyň has-da ýakynldaşmagyna ýardam edýän däbe öwrülen medeni-gumanitar gatnaşyklaryny berkitmek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry bolmagynda galýar.
Mähirli kabul edenligi we Duşuşygyň çäklerinde özara gyzyklanma döredýän meseleleriň uly topary boýunça netijeli pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyzy netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Bu gatnaşyklar Türkmenistanyň we Malaýziýanyň milli bähbitlerini we wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan islegini nazara almak bilen guralýar.
Taraplaryň däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga özara isleg bildirýändigini tassyklap, Türkmenistanyň Prezidenti we malaýziýaly ilçi iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbitlerine gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.