Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen Hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň Hemişelik wekili hanym Jasinta Barrinsi kabul etdi.
Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman Türkmenistanyň Prezidentine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munyň mähirli salamyny we hatyny gowşurdy, ol ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollady. BMG-niň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, hanym Jasinta Barrins biziň ýurdumyzyň sebitleýin we dünýä möçberinde abadançylyk hem-de rowaçlyk maksatlaryna gabat gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine işjeň çemeleşýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany ýokary we jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen gatnaşyklaryň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Şol syýasat oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ählumumy bähbidiň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanandyr. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretaryna mähirli salamyny iberip, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejä we okgunly ösüşe eýe bolandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Dürli ugurlarda durmuşa üstünlikli geçirilen we häzir geçirilýän bilelikdäki möhüm taslamalar we maksatnamalar onuň aýdyň netijesi bolup durýar.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy ugurlaryň ençemesini öz içine alýan hem-de soňky döwürde täze derejä we many-mazmuna eýe bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda Bitarap Türkmenistanyň sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge gönükdirilen döredijilikli syýasatynyň eýeleýän orny bellenildi. Şunda myhman türkmen döwletiniň Baştutanynyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden, şeýle hem ýakynda Rio-de-Žaneýroda geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda beýan eden halkara başlangyçlarynyň möhümdigini aýratyn nygtady. Şonda tutuş adamzady tolgundyrýan meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamakda Türkmenistanyň işjeň nukdaýnazary ýene-de öz tassyklanmasyna eýe boldy.
Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi hakynda pikir alyşmagyň barşynda biziň ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli özgertmeler netijesinde munuň üçin oňaýly mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Şol özgertmeler döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ygtybarly esasy döredip, däbe öwrülen hyzmatdaşlyga täze itergi berdi.
Hanym Jasinta Barrins Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz gezeginde bilelikdäki işleriň uly tejribesine we geljegine daýanýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.
Türkmen döwletiniň Baştutany we BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hoşlaşanlarynda biziň ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky startegiki häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.