Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 895
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Milli parlamentiň Baştutany ýurdumyzda alnyp barylýan demokratik we oňyn özgertmeleriň kanunçylyga laýyk durmuşa geçirilmegini üpjün etmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň şu ýylyň 4-nji awgustynda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky 15-nji maslahatynyň gün tertibine girizilen meseleler hakynda aýtdy. Bellenilişi ýaly, onuň barşynda täze kanunlaryň we kadalaşdyryş-hukuk namalarynyň taslamalaryna, hususan-da, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Şypahana işi hakynda”, “Bosgunlar hakynda”, “Sala salşyklar hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryna, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine, Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, “Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanun taslamalaryna serediler.

Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan döwletimiziň we jemgyýetimiziň täze taryhy eýýamda durmuş-ykdysady ösüşiniň meseleleriniň oňyn çözülmegine gönükdirilen işiniň möhümdigini bellemek bilen, parlamentiň we onuň düzümleriniň täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamakda jemgyýetçilik guramalary we gyzyklanma bildirýän pudaklar bilen hemişe aragatnaşykda bolmagynyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň döwlet syýasatyny we ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli maksatnamalary hem-de oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijeli guraly bolup durýandygyny belledi we deputatlaryň ünsüni parlamentiň işiniň möhüm ugurlaryna çekdi. Şol işler türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, raýat edaralarynyň berkidilmegine we jemgyýetde demokratik gymmatlyklaryň berkarar edilmegine gönükdirilendir. Mejlisiň halkara derejesinde alyp barýan wajyp çäreleri Türkmenistanyň daşary syýasat ulgamyndaky halk wekilçiliginiň aýratyn görnüşidir diýip nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz milli ugurlary we gyzyklanmalary hem-de olaryň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilýändigini nazara almak arkaly halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de ýurdumyzda hukuk, demokratik, ykdysady we innowasion ugurlary ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek bu işiň kesgitleýji ýagdaýydyr diýip belledi. Şu jähtden Mejlisiň pudaklaýyn edaralar bilen bilelikdäki işiniň möhümdigini nygtap, deputatlaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan milli özgertmeleriň öňe ilerlemegine ýardam etjek ähli gazanylanlaryň doly derejede netijeli peýdalanmaklarynyň wajypdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, deputatlaryň täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini ilata düşündirmek boýunça ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen yzygiderli gatnaşyklary saklamagynyň möhümdigini belledi. Berkarar döwletimiziň ägirt uly özgertmelerinde demokratik hukuk döwletiň ideologik we ahlak esaslarynyň, onuň durmuş-ykdysady kuwwatynyň ösüşi jemgyýetiň serişdeleriniň herekete getirilişiniň derejesine baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we parlamentarilere düşündiriş işlerini giňden geçirmek, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen geçirmek, elýeterli maglumatlarda we anyk mysallarda täze kanunlaryň, resminamalaryň mazmunyny aýdyň we takyk beýan edip, olaryň ähmiýetini adamlara ýetirmegi maslahat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabat bilen çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy, şeýle hem dokma senagatyna we söwda ulgamyna gözegçilik edýän H.Muhammedowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň bazarlarynyň haryt bilen üpjünçiliginiň ýagdaýy we ilat üçin ilkinji nobatda zerur bolan önümleriň nyrhlary barada hasabat berdi. Mundan başga-da, “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasyna saryja goýnunyň ýazlyk ýüňüni daşarky bazarlara ýerlemäge ygtyýar bermek hakyndaky Buýrugyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sarp ediş bazaryny doldurmak meselesine degip geçmek bilen, harytlaryň we önümleriň hiline, olaryň nyrhlaryna berk gözegçilik etmegi hem-de söwda we hyzmatlar kärhanalarynyň hem-de guramalarynyň işiniň netijeliligini mungdan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmek, bazarlarda azyk harytlarynyň bolçulygyny we olaryň nyrhlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmek barada wise-premýere tabşyryk berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň eksport we maýa goýum kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin halkara söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.Ýurdumyzyň harytlaryny daşarky bazarlara ugratmak, olaryň görnüşlerini giňeltmek üçin oýlanyşykly strategiýanyň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz degişli Buýruga gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň dokma senagatynyň kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, olary artdyrmak we tutuşlygyna alnanda, döwletimiziň önümçilik-söwda ulgamyny ösdürmek, harytlaryň we hyzmatldaryň esasy görnüşlerine bahalaryň derejesine berk gözegçilik etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Goçyýew ýurdumyzyň maliýe we bank edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de şolaryň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabat bermegiň barşynda wise-premýer “2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanda ätiýaçlandyrmak işini ösdürmegiň döwlet maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ätiýaçlandyryş edarasyny, ýapyk görnüşdäki paýdarlar jemgyýetini esaslandyrmak boýunça işleriň alnyp barlýandygyny aýtdy. Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary täze düzümiň döredilmeginiň ätiýaçlandyrmak işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine ýardam berjekdigini belläp, ätiýaçlandyryş edarasynyň üstüne ýükleniljek wezipeler hem-de we onuň tertipnamasyna görä bellenilen maýa goýumlarynyň çeşmeleri barada jikme-jik hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bazar ykdysadyýetine geçmegiň şeritlerinde ätiýaçlandyrylyşyň hojalykdaky we telekeçilikdäki işjeňligi, maýa goýumlarynyň täze ugurlara gönüdürilmegini höweslendirmekde wajyp ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygyny hem-de dolanyşyk serişdeleriniň ep-esli möçberiniň ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna gönükdirilmeginiň we şeýlelikde, önümçülikdäki işiň tapgyrynyň arasynyň üzülmeginiň öňüni almaga ýardam berýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ätiýaçlandyryşyň hususy we edara görnüşindäki taraplary töwekgelçiliklerden goramagyň netijeli guraly hökmünde durmuşda möhüm ähmiýete eýedigini hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine uzak möhletleýin içerki maýa goýumlarynyň çeşmesi bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmegiň, şol sanda ätiýaçlandyryş boýunça bazaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, umuman, aýdylan teklibi oňlady hem-de degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow DIM tarapyndan geçirilýän işler barada hasabat berip, awgustyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada aýtdy. Şeýle hem Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň awgust aýynyň ikinji ýarymynda Türkmenistana boljak resmi sapary barada habar berildi. Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy şeýle hem öňümizdäki aýyň ahyrynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň boljakdygyny aýtdy. Şol ýerde, Tähranda Goşulyşmazlyk hereketiniň sammiti geçiriler.

Hasabatyň çäklerinde halkara derejesinde göz öňünde tutulýan çäreleriň, hususan-da, 2012-nji ýylda ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen bagly halkara derejesindäki çäreleriň maksatnamasy barada hem aýdyldy.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasyna geçiriljek iş saparyna ünsi çekdi hem-de däbe öwrülen doganlyk-dostluk esasynda guralýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürülýändigini we häzirki wagtda şol gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä ýetirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň möhüm ähmiýete eýedigini hem-de şolaryň doganlyk iki döwletiň we halklaryň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürülmegine gönükdürilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň DIM-niň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky wezipeler barada durup geçip, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatdaky netijeli ugruna gyşarnyksyz eýerýändigini, şol ugruň döwletara derejesinde, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürülmegine gönükdürilendigini aýtdy. Şu jähtden döwlet Baştutanymyz awgust aýynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleriniň, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasyna boljak saparyň ähmiýetini belledi, öňümizdäki aýda Eýranyň paýtagty Goşulyşmazlyk hereketiniň sammitini kabul eder. Hormatly Prezidentimiz bu gürrüňi dowam edip, halkara derejeli, şol sanda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde tutulýan halkara derejeli çäreleriň ählisiniň guramaçylyk taýdan göwnejaý geçirilmeginiň üpjin edilmelidigini aýdyp, bu barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň maliýe ministri D.Sadykow öz hasabatynda şu ýylyň 24-26-njy iýulynda Duşenbe şäherinde geçirilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-täjik toparynyň 4-nji mejlisiniň netijeleri hakynda habar berdi. Duşuşygyň barşynda toparyň üçünji mejlisiniň çözgütlerini ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen anyk ugurlar we çäreler kesgitlenildi. Söwda-ykdysady pudagy, elektroenergetika, dokma we ýeňil senagat, oba hojalygy, ulag ulgamy ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle hem saglygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi diýip, ministr öz çykyşynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda gadymy dostluk däplerine, birek-birege düşünişmek we ynanyşmak esaslaryna daýanýan türkmen-täjik gatnaşyklary ýokary göterilişe eýe boldy diýip belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdurmekde bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, munuň özi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady, söwda we gumanitar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Tutuşlygyna alnanda, bilelikdäki toparyň mejlisiniň jemlerine kanagatlanma bildirmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň maliýe ministrine gazanylan ylalaşyklaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we durmuş-medeni maksatly desgalaryň birnäçesiniň açylyşynyň maksatnamasy barada hasabat berdi. Şol aýda Oraza baýramy, Türkmen gawunynyň baýramy giňden bellenilip geçiler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde boljak baýramçylyklaryň we desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli guraljak dabaralaryň türkmen jemgyýetiniň sazlaşykly ösüşinde, ýurdumyzda türkmen halkynyň bähbidiniň we abadançylygynyň hatyrasyna durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellenilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Şu gün Beýik Britaniýanyň paýtagtynda XXX tomusky Olimpiýa oýunlaryna badalga berilýändigine ünsi çekip, türkmen döwletiniň Baştutany oňa tutuş dünýäniň türgenleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gatnaşýandygyny belledi we ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde, şol sanda sport neşirlerinde we sport teleýaýlymynda bu ägirt uly şanly wakanyň, esasan-da, onda türkmen türgenleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bäsleşikleriň giňden beýan edilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýerler B.Nurmyradowa we S.Toýlyýewe bu meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak, şeýle hem köpçülikleýin bedenterbiýe- sport hem-de sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Türkmen ýaşlarynyň Olimpiýa oýunlaryna bolan ýokary gyzyklanmalaryny nazara almak bilen, ýaşlaryň sport oýunlaryna, şol sanda halkara derejesindäki bäsleşiklere bolan höwesleriniň amala aşmagy üçin ähli zerur bolan serişdeleriň herekete girizilmeginiň derwaýysdygyny belledi we munuň özi sportuň ýokary ösüşini şertlendirer diýip aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda türgenleri taýýarlamak üçin ajaýyp binýat döredildi. Olarda ýokary derejeli sport bäsleşiklerine gatnaşmaga taýýarlyk üçin ähli zerur şertler bar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweşjeň sungat boýunça V Aziýa oýunlaryna häzirki döwürden taýýarlyk görmegiň, şeýle ýaryşlary guramak babatdaky öňde baryjy terjibeleri we onuň mahabatyny guramagyň usullaryny öwrenmegiň möhümdigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Ýazmyradow obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, welaýatlarda pagta ýygymyna we güýzlük dänäniň ekişine taýýarlyk görlüşiniň güýçli depgin bilen alnyp barylýandygy bellenildi. Maldarçylyk pudagynda ot-iýmleriň zerur bolan gorlary taýýarlanylýar, agyllar abatlanýar.

Şeýle hem “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasy tarapyndan tohumlyk bugdaýy we şalyny satyn almak bilen baglanyşykly işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möhüm ähmiýetli oba hojalyk işleriniň-pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň guramaçylykly we oňaýly möhletlerde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de tutuş obasenagat toplumynyň işiniň netijeliliginiň esasan hut şulara bagly bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidenti şunuň ýaly wajyp ähmiýetli işlerde ownuk zatlaryň ýokdugyny, çünki ahyrky netijäniň oba hojalyk işleriniň takyk guralmagyna, zerur agrotehniki çäreleriň ählisiniň bellenilen möhletlerde geçirilmegine, ýokary hilli tohumlaryň göwnejaý saýlanyp alynmagyna bagly bolup durýandygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häzirki wagtda gurulýan ýa-da ýakyn geljekde ulanmaga beriljek möhüm desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Wise-premýer Aşgabat şäherinde Köşi ýaşaýyş jaý toplumynda 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de bäşisini, bir sany mekdebi we iki sany çagalar bagyny gurmak boýunça görlen çäreler barada hem aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň köp ugurly ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak wezipeleri senagat, medeni-durmuş maksatly täze desgalary hem-de kaşaň ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň giň möçberli maksatnamasynyň esasyny düzýär diýip belledi. Şol maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde türkmen şäherleriniň we obalarynyň keşbi düýpli özgerýär, häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümi döredilýär.

Milletiň Lideri şähergurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmek, hususan-da, ýaşaýyş jaýlaryny we bilim edaralaryny gurmak meselelerine täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtap, gurulýan we indi guruljak desgalaryň binagärlerine hem-de taslamalaryny düzüjilere bildirilýän esasy talap şol desgalaryň ygtybarlylygy we maksadalaýyklylygy, şeýle hem olaryň binagärlik keşbiniň özboluşlylygy bilen tapawutlanmalydyr diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz “Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, çagalar baglaryny we mekdebi gurmak hakyndaky” Karara gol çekip, häzirki zaman paýtagtymyzyň keşbine ünsi çekdi. Aşgabadyň binagärlik keşbi we gözelligi ýurdumyzyň baş şäheriniň ýokary derejesine, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna doly kybap gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri paýtagtymyzda gurulýan desgalarda işleriň hiline aýratyn talap bildiriljekdigini ýene-de bir gezek nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda amala aşyrylýan işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer “Demirgazyk-Günorta” halkara demir ýolunyň Türkmenistanyň çäklerindäki böleginiň gurluşygynda we onuň ugrunda gurulýan desgalarda alnyp barylýan işler, şeýle hem Daşoguz howa menzilinde uçuş-gonuş zolagyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýoluny gurmak baradaky taslamanyň halkara ähmiýetini belledi. Bu demir ýol Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda ygtybarly ulag geçelgesi bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli demir ýol ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek meselesine ünsi çekip, täze demir ýollaryň gurluşyk işleriniň hiline we depginine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini nygtady.

Milletiň Lideri bu mesele bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmekde ulag ulgamynyň ähmiýetini belledi we ýurdumyzyň çäginde, şeýle hem halkara ulag ugurlaryny okgunly ösdürmek babatda howa gatnawlarynyň ornunyň artýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Daşoguz şäheriniň howa menzilinde uçuş-gonuş zolagyny gurmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Milletiň Lideri munuň özi ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini ep-esli giňelder we howa arkaly ýük daşamak hem-de ýolagçylary gatnatmak işinde hyzmat etmegiň derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyny üpjün eder diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda ekologiýa meselesiniň möhüm ugurlaryna, şol sanda dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, milli, sebitleýin we ählumumy möçberde durnukly ösüşiň ugurlary bilen baglanyşykly bolan şeýle meseleler dünýä boýunça derwaýys häsiýete eýe bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bütin dünýäde howanyň üýtgemeginiň edýän täsiri we onuň adamlaryň durmuş şertlerine bolan zyýany artýar. Şunuň ýaly meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak häzirki döwürde halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öz tarapyndan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça dünýä bileleşiginiň umumy tagallalaryna mynasyp goşant goşýandygyny we şu maksat bilen anyk, yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýändigini nygtady.

Şu günki mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz biziň ýurdumyzda howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň Kabul edilmegi döwletiň önümçilik işiniň ähli esasy pudaklaryny ekologiýa howpsuzlygynyň ölçeglerine laýyk getirmäge tapgyrlaýyn geçirilmegini aňladýar diýip belledi. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň BMG-niň belent münberinden öňe süren birnäçe halkara başlangyçlary şeýle hem şu ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda beýan edilen teklipler biziň ýurdumyzyň ekologiýa meselelerine we daşky gurşawyň goraglylygyna çynlakaý we örän jogapkärli çemeleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tebigy hadysalaryň öňüni almak we onuň ýetiren zyýanlaryny aradan aýyrmak boýunça sazlaşykly işläp taýýarlamalaryň zerurdygyny belledi we häzirki döwürde islendik ýurt üçin möhüm bolup durýan bu işiň örän oýlanyşykly ýola goýulmalydygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, geçen hepdede paýtagtymyzda güýçli çabga ýagmagy zerarly şeýle ýagdaý ýüze çykdy.

Döwlet Baştutanymyz şu mesele mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy Ý.Muhammetkulyýewiň şu günki mejlise çagyrylandygyny aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýakynda paýtagtymyzda güýçli ýel turup, çabga ýagmagy sebäpli, dörän ýagdaý barada we geçirilen işler hakynda hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň mejlisine goranmak ministriniň orunbasary -- Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy Ý.Muhammetkulyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň çagyrylandygyny aýtdy.

Goranmak ministriniň orunbasary – Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy Ý.Muhammetkulyýew paýtagtymyzda ýetirilen zyýany aradan aýyrmak maksady bilen, degişli toplumlaýyn çäreleriň geçirilendigini, şol sanda tebigy hadysa zerarly şäher düzüminiň zyýan çeken desgalarynyň ulanyş ýagdaýyna getirilendigini habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda tomsuna, adatça, yssy we gurak howanyň bolýandygyna garamazdan, 20-nji iýulda Aşgabatda çagbaly ýagyş ýagdy.

Paýtagtymyzyň günorta künjegindäki şaýollaryň ugry bilen güýçli suw akymlary emele geldi. Onuň netijesinde birnäçe edara binalarynyň we beýleki desgalaryň, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerine sil suwlary geçdi. Çabganyň güýçlenmegi bilen paýtagtymyzda tebigy hadysanyň zyýanlaryny aradan aýyrmak boýunça ýörite işler amala aşyrylyp başlandy. Ilkinji nobatda raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, dörän ýagdaý barada Aşgabat şäher häkimligi, Energetika ministrligi we “Türkmengaz” döwlet konserni habardar edildi. Olar ýüze çykan ýagdaý boýunça degişli çäreleri gördüler.

Ý.Muhammetkulyýewiň habar berşi ýaly, dörän ýagdaý barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goranyşy baradaky döwlet toparyna habar berildi. Ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň şahsy düzümi dolulygyna taýýarlyk hataryna çykaryldy. Paýtagtymyzyň tebigy betbagtçylykdan has zyýan çeken künjeklerinde dikeldiş-halas ediş işlerini amala aşyrmak boýunça toparlar döredildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şunuň ýaly tebigy hadysalardan soň, biz indi degişli netije çykaryp, geljekde şeýle hadysalar ýüze çykanda olaryň ýetirip biljek zyýanly netijeleriniň, şol sanda binalara we desgalara zeper ýetirmeginiň öňüni almak üçin, anyk çäreleri görmeli diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda goýberilen kemçilikleri düzetmelidiris, şeýle hem, biz geljekde şunuň ýaly tebigy hadysalary öňünden biljek bolmalydyrys we bu ugurda zerur işleri geçirmelidiris diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri wise-premýer A.Ýegeleýewe degişli hünärmenlerden we alymlardan ybarat ýörite topary döretmegi soňky 100 ýylyň dowamynda bolup geçen howanyň ýagdaýyny, tebigy hadysalary düýpli seljermegi tabşyrdy. Bu işleriň geçirilmegi bize tebigy hadysalary öňünden bilmäge, olara taýýar bolmaga mümkinçilik berer. Munuň bolsa, şeýle hadysalaryň ýetirip biljek zyýanynyň öňüni almakda örän uly ähmiýeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu topar bolup geçen hadysa sebäpli, zeper ýeten ähli binalary we desgalary barlap çykmalydyr hem-de geljekde şeýle hadysalaryň ýetirip biljek zyýanynyň öňüni almak maksady bilen, zerur çäreleri geçirmek barada teklipleri işläp taýýarlamalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Milletiň Lideri wise-prmýer R.Seýitkulyýewe ýüzlenip, eger gerek bolsa, zerur bolan tehnikalary almak, şol sanda Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi üçin gerek bolan tehnikalary satyn almak meselesine hem seretmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu gürrüňi dowam edip, häzirki wagtda şäherde binalary we desgalary gurýan kärhanalaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň şunuň ýaly hadysalaryň ýüze çykmagyna aýratyn üns bermegini gazanmagyň möhümdigini nygtady. Olar köpgatly belent binalaryň aşagynda ýerleşýän ýerasty jaýlaryň we ulag jaýlarynyň suw basmagynyň öňüni almak üçin, öz gurýan desgalarynyň taslamalaryna häzirden zerur bolan düzedişleri girizmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri gurluşyk işleri tamamlanan binalary we desgalary kabul etmek üçin döredilen ýörite toparlara hem sil suwlaryndan gorag serişdeleri we desgalary göz öňünde tutulmadyk binalary kabul etmegi düýbünden gadagan edýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewe Ukrainanyň «Interbudmontaž» kompaniýasynyň paýtagtymyzda gurýan ýerasty zeýkeş – aragatnaşyk ötüginiň gurluşyk işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Ol döwlet durmuş syýasatynyň hem-de ylmy, bilimi, saglygy goraýşy we syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer 11-15-nji sentýabr aralygynda Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň kompýuter taslamalary boýunça IV halkara bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda halkara çagalar festiwalyny geçirmäge taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini nygtap, şu ileri tutulýan ugurlarda milli maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz mekdep okuwçylarynyň kompýuter taslamalary boýunça halkara bäsleşigini geçirmek meselesi barada durup geçmek bilen, okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, maglumat-aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýalaryny ösdürmäge, bu ulgamda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen, ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim syýasaty jähtinden onuň uly ähmiýete eýedigini belledi. Milletiň Lideri bu bäsleşigiň tejribe alyşmaga we daşary ýurtlardan oňa gatnaşmaga gelenleri ýaş türkmen hünärmenleriniň işläp taýýarlanmalary bilen tanyşdyrmaga ýardam etjekdigini nygtap, degişli resminama gol çekdi we bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýyl geçirilýän “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde geçiriljek halkara çagalar festiwaly barada aýdyp, bu çäräni guramaga örän jogapkärli çemeleşmegi talap etdi. Bu festiwal biziň halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däpleriniň beýanyna, dostlugyň we çagalar döredijiliginiň hakyky baýramçylygyna öwrülmelidir. Bu çäre şeýle hem dürli ýurtlardan geljek çagalara özleriniň täze dostlaryny tapmaga we şunlukda, halklaryň we döwletleriň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda halkara çagalar festiwalyny geçirmek hakyndaky” Karara gol çekip, myhmanlary we foruma gatnaşyjylary ýokary derejede garşylamak üçin iň oňat şertleriň döredilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň ýakyn geljekde ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda milli bilimi belent derejelere çykarmak ileri tutulýan orny eýeleýär. Milli Liderimiziň bu wajyp meseläniň mydama üns mekrezinde bolmagy tötänden däldir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimize häzirki zaman bilimli, ýokary ahlakly, işewür, özbaşdak çözgütleri kabul edip bilýän, başlangyçlary görkezmäge ukyply, netijeliligi bilen tapawutlanýan, bilim we hünär babatda täze belentliklere çykmaga ukyply, ýurdumyzyň ykbaly, onuň durmuş-ykdasady taýdan gülläp ösmegi üçin jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan adamlar gerek. Şu maksat bilen hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny halkara ülňülerine laýyk getirmegiň meselelerini jikme-jik öwrenmegiň üstünde işlemek hem-de degişli teklipleri taýýarlamak barada hökümet Baştutanynyň orunbasaryna tabşyryk berdi.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý. Kakaýew çykyş edip, 2010-njy ýylyň dekabrynda “Türkmenistan – Owganystan – Pakistan - Hindistan” (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen duşuşygynyň barşynda gol çekilen hökümetara ylalaşyklaryna laýyklykda şu taslama boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagta çenli TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça Ýolbaşçy komitetiň mejlisleriniň 15-niň we şu taslamanyň Tehniki iş toparynyň mejlisleriniň 17-niň geçirilendigi, şolarda gaz geçirijini bu taslama gatnaşýan ýurtlarynyň çäklerinden geçirmek bilen bagly meselelere garalýandygy bellenildi.

Hususan-da, Ýolbaşçy komitetiň şu ýylyň maýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen 15-nji mejlisinde tebigy gazy satyn almak-satmak hakynda degişli pudak edaralarynyň arasynda şertnamalaryň baglaşylmagyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de Pakistanyň we Hindistanyň kompaniýalarynyň arasynda Ylalaşyklara, şeýle hem gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Şeýlelikde, taslamanyň maliýeleşdirilmegine hem-de geljekki gaz gejirijiniň gurluşygyny we ulanylmagyny üpjün etjek konsorsiumyň döredilmegine degişli meseleleri çözmek üçin zerur bolan hukuk binýady döredildi.

Şu maksat bilen, biznes-tury guramak – esasy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň we maliýa institutlaryny taslama gatnaşmaga çekmek üçin, olaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň tapgyryny geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Günorta –Gündogar Aziýanyň, Amerikanyň, Ýewropanyň iri işewürlik we maliýe merkezleri diýilip hasaplanylýan Singapur, Nýu-Ýork we Londan şäherlerinde TOPH gaz geçirijisine degişli taslama bilen tanyşdyrylyş çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Biznes-tury şu ýylyň sentýabrynda-oktýabrynda, 18-20 güniň dowamynda geçirmek bellenilýär, oňa Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň we Aziýanyň ösüş bankynyň, şeýle hem Türkmenistanyň wekilleri gatnaşarlar. Şu bankyň hünärmenleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň energetika babatdaky kuwwaty, “Türkmengaz” döwlet konserni, uzynlygy 1735 kilometre barabar bolan TOPH transmilli gaz geçirijisiniň tehniki häsiýetnamalary, şol taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde baglaşyljak şertnamalaryň we ylalaşyklaryň söwda bilen bagly taraplary barada zerur maglumatlar taýýarlandy.

Umuman, göz öňünde tutulan biznes-tur dünýä jemgyýetçiligini, şol sanda daşary ýurtlaryň iri kompaniýalaryny we maýadarlary bu uly möçberli taslama bilen tanyşdyrmaga ýardam berer hem-de onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin oňaýly şertleri döreder.

Şu ýylyň awgustynda Aşgabat şäherinde, biznes-tura taýýarlyk görmegiň çäklerinde, “Türkmenistan – Owganystan – Pakistan - Hindistan” (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy boýunça Tehniki iş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, dünýäniň beýleki döwletleri we işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň energetiki syýasatynyň möhüm ähmiýetli jäheti bolup durýandygyny hem-de däp boýunça ýurdumyzyň şol hyzmatdaşlygy hoşniýetlilige we özara bähbitlilige mahsus ýörelgelere görä guraýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri türkmen ýangyç serişdelerini dünýäde önümleriň ýerlenilýän bazarlaryna ýetirmegiň ulgamyny döretmek, Türkmenistanyň energetika howpsuzlygynyň täze ähli umumy ulgamyny döretmek boýunça halkara başlangyçlaryny mundan beýlek-de öňe sürmek barada ilkinji nobatdaky wezipelere ýygnananlaryň ünsüni çekdi.

Şu jähetden, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan - Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça uly möçberli taslamanyň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gaz gejiriji 30 milliard kub metrden gowrak türkmen tebigy gazynyň Günorta –Gündogar Aziýa ýurtlaryna uzak möhletleriň dowamynda iberilmegini üpjün eder. Galyberse-de, munuň özi TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna degişli taslama gatnaşýan ähli ýurtlaryň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de has möhüm tarapy, sebitde parahatçylygyň, durnuklulygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Hökümetiň Mejlisinde şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meselelerine seredildi, degişli resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.