Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemlenýän günlerinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda gazanylýan uly üstünlikleri, ýetilen sepgitleri, türkmen halkynyň şöhrata beslenen geçmişini, baý medeni mirasyny, däp-dessurlaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek, şeýle hem ýaş zehinleri ýüze çykarmak, dünýä ýurtlarynyň çagalarynyň arasynda dost-doganlygy berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Balkan welaýatynyň häkimligine 2012-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda aýdym-saz boýunça halkara çagalar festiwalyny geçirmek tabşyryldy we ony geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy. Halkara çagalar festiwalynyň ýeňijilerini festiwalyň I, II, III derejeli diplomlary we degişlilikde 3000, 2000, 1000 amerikan dollary möçberde pul baýraklary bilen sylaglamak bellenildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi halkara çagalar festiwalyny geçirmegiň Tertibini işläp taýýarlamaga we bellenen tertipde tassyklamaga borçly edildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ekilýän bugdaýyň ilkinji tohumçylygyny gowulandyrmak we sort çalşygyny geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Galla önümleri baradaky “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasyna Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesiniň “Semena Stawropolýa” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti firmasy bilen 1000 tonna tohumlyk bugdaýy satyn almak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Köşi köçesiniň günbatar tarapynda 4 gatly 5 sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň, häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan 160 orunlyk 2 sany çagalar bagynyň we 600 orunlyk mekdebiň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada, şol sanda:
“Ussat” golçur kärhanasy bilen 160 orunlyk çagalar bagyny gurmak barada şertnamany;
Degişli daşary ýurt kompaniýalary bilen 5 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 160 orunlyk çagalar bagyny we 600 orunlyk mekdebi gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Işlere 2012-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we binalary 2014-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesillerimizi ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn edip ýetişdirmek, okuwçylaryň kompýuter tilsimatlary boýunça başarnygyny ösdürmek, zehinli çagalaryň ylymda we bilimde gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmak, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş nesilleriniň we dünýä ýurtlarynyň çagalarynyň dost-doganlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligine 2012-nji ýylyň 11-15-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň kompýuter taslamalary boýunça IV Halkara bäsleşigini geçirmek tabşyryldy we şu bäsleşigi geçirmek baradaky guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.
* * *