Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 770
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Oraza aýy bilen gutladylar we Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň doganlyuk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Gürrüňdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül deňhukukly, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, özara peýdaly we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň Liderleri Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň dostluk we netijeli hyhzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, häzirki döwrüň talaplaryny we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin açylýan täze mümkinçilikleri hasaba almak bilen, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül türkmen we türk halklarynyň taryhy, ruhy we medeni umumylygynyň pugta binýadyna daýanýan işjeň döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha bermek bilen, türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler we köp sanly durmuşa geçirilen we häzirki döwürde dürli pudaklarda alnyp barylýan bilelikdäki taslamalar onuň aýdyň netijesidir diýip nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz köp sanly türk kompaniýalary öňdebaryjy tehnologiýalyry we innowasiýalary işjeň ulanmak arkaly, biziň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar we Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşine öz goşantlaryny goşýarlar diýip belledi.

Prezident Abdulla Gül Türkiýäniň halky doganlyk Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda gazanýan uly üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýylyň awgust aýynyň başynda Türkiýe Respublitkasyna sapar bilen gelip görmäge çagyrdy. Şunlukda, dostlukly döwletiň Baştutany Türkiýede türkmen Liderine türk halkynyň uly dosty hökmünde ruhubelentlik we sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny aýratyn nygtady.

Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Şeýle hem telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri hoşlaşanlarynda birek-biregi umumyadamzat ruhy gymmatlyklaryny, ahlak tämizligini, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi alamatlandyrýan mukaddes Oraza aýy bilen gutladylar we däp bolan netijeli türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de iki ýurduň we halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik Türkiýe tarapynyň başlangyjy boýunça boldy.