Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri jenap Anifah Amany kabul etdi.
Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we durnuklylyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny ýollan, Malaýziýanyň Patyşasynyň we premýer-ministriniň mähirli salamyny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, jenap Anifah Aman döwlet Baştutanyny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutlady we Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk hem-de ýurduň mundan beýläk-de ösüşine we abadançylygyna gönükdirilen köp ugurly işinde üstünlikler arzuw etdi.
--Malaýziýanyň hökümeti we halky bütin dünýäde uly abraýy bolan Bitarap Türkmenistan bilen gatnaşyklary tüýs ýürekden sarpalaýar—diýip, jenap Anifah Aman ýakynda Türkmenistanda işläp başlan Malaýziýanyň ilçisiniň işi soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönüden-göni ýardam eder diýip ynam bildirdi. Bu babatda myhman Aşgabatda Malaýziýanyň Ilçihanasynyň açylmagynyň ähmiýetini hem belledi.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny ýollap, türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň gazanylan ýokary derejesini kanagatlanmak bilen nygtap, hyzmatdaşlar hökmünde iri halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki döwürde ýüze çykýan ýiti meseleleri çözmekde özlerini ygtybarly hem-de borçlaryna wepaly görkezen iki ýurduň netijeli gatnaşyklaryny dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň dowam etdirilmegi hem-he bar bolan ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyny we bilelikdäki möhüm taslamalaryň birnäçesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen berkidilen, hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesini nazara almak bilen mundan beýläk-de özara gatnaşyklaryň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Şunda jenap Anifah Aman Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dekabrynda Malaýziýa bolan döwlet saparynyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berendigini nygtady.
Döwlet Baştutany we myhman möhüm ugurlaryň birnäçesinde, ilkinji nobatda strategiki ýangyç-energetika toplumynda üstünlikli ösdürilýän köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taraplaryň gyzyklanma bildirýändigini beýan edip, Türkmenistanyň Malaýziýanyň iri “Petronas” kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň mysaly bolup hyzmat edýär diýip nygtadylar, şol kompaniýa Hazaryň türkmen ýalpaklygynda uglewodorodlaryň gözlegini we çykarylmagyny amala aşyrýar hem-de biziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga ýardam edýär.
Myhman ýurtda işleýän kompaniýalara berilýän işjeň goldaw we uly kömek üçin çäksiz hoşallyk bildirip, milli we halkara ähmiýetli geljegi uly taslamalara mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga Malaýziýanyň işewür toparlarynyň uly gyzyklanma bildirýändigini hem-de hemmataraplaýyn taýýardygyny beýan etdi. Malaýziýanyň ýokary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy malaýziýa tarapynyň telekeçilik ugry boýunça işewür gatnaşyklary işjeň ösdürmegi maksat edinýändigini hem aýdyp, milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny goldamak boýunça Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasaty netijesinde türkmen telekeçileriniň ýurduň içeri bazarynda öz ornuny ep-esli pugtalandyrandyklaryny belledi.
Milletiň Lideri we Malaýziýanyň DIM-niň baştutany söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüş depginine ýokary baha berip, däp boýunça döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýan medeni-gumanitar ulgamda gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigini hem nygtadylar. Döwlet Baştutany we myhman soňky ýyllarda Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli hünärler boýunça türkmen ýaş ýigitleriniň we gyzlarynyň okaýandygyny belläp, ylym-bilim beriş ulgamynda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek baradaky pikiri aýtdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň daşary işler ministri hoşlaşanlarynda, birek-birege özara hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerini we ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen uzak möhletli esasda guralýan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Zulkefli bin Mohd Nur gatnaşdy.
Şu gün Malaýziýanyň DIM-niň baştutany we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şonda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry boýunça gyzyklanyp pikir alyşmak dowam etdirildi.

* * *