Ï Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 669
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Turki ben Haled ben Faýsal Al-Haşry kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ilçi türkmen Liderine Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Abdalla ben Abdel Aziz Al–Saudyň mähirli salamyny we hatyny ýetirdi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberip, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edipdir.

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyna öz salamyny we gutlaglaryny ýollap, dostlugyň we netijeli hyzmatdaşlygyň iň gowy däplerinde ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Munuň özi taraplaryň hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini umumy bähbidiň hatyrasyna amala aşyrmaga üýtgewsiz islegini tassyklaýar.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşylygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşdylar. Bu gatnaşyklar ähli ugurlarda – söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-gumanitar ulgamlarynda üstünlikli ösdürilýär. Saud Arabystanynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmäge we giňeltmäge ymtylýandygyny belläp, ilçi öz ýurdunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän parahat söýüjilikli döredijilikli syýasatyna ýokary baha berýärler we goldaýarlar diýip nygtady. Bu syýasat bitarap türkmen döwletiniň okgunly ösmegini we halkara abraýynyň artmagyny şertlendirdi.

Saud Arabystany Patyşalygy bilen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerinde guralan hyzmatdaşlygyň işewür gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hoşlaşanlarynda mizemez dostluk gatnaşyklary we özara erk-isleg bilen berkidilen döwletara gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine has-da berkidiljekdigine we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.