Ï Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

view-icon 576
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Helmut-Wolfgang Bretti kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini aýratyn nygtap, Germaniýanyň Prezidenti Ýoahim Gaukyň we Germaniýanyň federal-kansleri Angela Merkeliň hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Sazlaşykly ösýän we oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamlly gadam urýan Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň GFR-iň we tutuşlygyna alnanda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we dostlukly ýurduň ýolbaşçy düzümine özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Şeýle hem Türkmenistan deňhuklylyk we birek-birege hormat goýmak hem-de özara peýdaly esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Germaniýanyň ÝB başlyklyk eden döwründe Ýewropa Bileleşiginiň Orta Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça ýörite strategiýany işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürendigi we bu babatda işjeň orny eýeländigi üçin ýene bir ýola minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşugyň barşynda ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, öňi bilen bolsa abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada bolan pikir alyşmalaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz we GFR-iň ilçisi türkmen-german gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda ýeten derejesini kanagatlanma bilen bellediler we taraplaryň iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdiler.

Ilçi köpýyllyk hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini we onuň giňeldilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ägirt uyl üns berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işjeň syýasaty netijesinde özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilendigini nygtady. Hut türkmen Lideriniň başlangyjy netijesinde syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi soňky ýyllarda dürli pudaklarda birnäçe möhüm bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini şertlendirdi diýip, myhman belledi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman iki ýurduň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine bolan ikitaraplaýyn meýilleri tassyklap, ýangyç-energetika toplumyny, söwda-ykdysady ulgamy, ulag, şäher gurluşyk, obasenagat toplumlaryny we başga-da birnäçe ugurlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezdiler. Şeýle hem gumanitar ulgamdaky, hususan-da, ylym, medeniýet we bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky, şeýle hem sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň we olaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmeginiň möhümdigi bellenildi we munuň özi dünýäniň ähli ýurdunda sazlaşykly ösüşiň möhüm ugry hasaplanylýandygy aýdyldy.

GFR-iň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň baştutany jenap Helmut-Wolfgang Brett ýüzbe-ýüz duşuşyga döredilen mümkinçilik üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize işinde üstünlik arzuw etdi. Şeýle hem diplomat öz gezeginde milli Liderimizi iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegini ugur edinýän tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.