Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 685
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, birnäçe ministrlikleriň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, pagta ýygymyna görülýän taýýarlygyň barşy, şeýle hem ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilişi hem-de täze gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow bilen söhbetdeş boldy. Wise-premýer häzirki wagtda ýurdumyzda geçirilýän oba hojalyk işleri, şol sanda güýzlük galla ekişine we pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy hakynda hasabat berdi. Şeýle hem “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysyny gurmagyň çäklerinde bina edilýän desgalarda işleriň ýagdaýy hem-de Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny, tebigaty goramak babatda beýleki toplumlaýyn maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy hakynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” atly halkara maslahatynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti biziň ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny we tekliplerini beýan etdi. Bu döredijilikli başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giňden makullamagyna we goldawyna eýe boldy, bu bolsa olaryň adamzadyň geljegi bilen bagly bolan meseleler babatda möhümdigine we zerurdygyna şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, şol başlangyçlary amala aşyrmagyň çäklerinde Aral deňziniň zolagynda ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen taslama işlenip taýýarlanyldy. Ol Daşoguz welaýatynda, Sarygamyş kölüniň gündogarynda ýerleşýän Bötendag belentliginiň töweregindäki 20 müň gektar ýere gandym, sazak, ojar, çerkez ýaly çöl ösümliklerini we ýaprakly agaçlary ekmek boýunça işleriň uly möçberiniň geçirilmegini göz öňünde tutýar, olar Aral tarapdan öwüsýän güýçli ýelleriň öňüni beklär we şolardan gorar, çölleşmek we topragyň şorlamagyna garşy göreş alyp barmaga kömek eder.

Iri tokaý zolagynyň döredilmegi bu sebitde ekologiýa ýagdaýyna amatly täsir eder. Bu ýerde howany gowulandyrmaga, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen baýlaşdyrmaga, guşlaryň ýerli görnüşleri üçin amatly şertleri döretmäge ýardam eder. Mundan başga hem täze öri meýdanlary peýda bolar, munuň özi oba hojalygyny has işjeň ösdürmäge şert döreder.

Taslamany Araly halas etmegiň halkara gaznasy bilen bilelikde amala aşyrmak meýilleşdirilýär, onuň işine Türkmenistan hem işjeň gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuşlygyna alnanda hödürlenen taslamany makullap, Türkmenistanyň bütin adamzat üçin möhüm bolan ekologiýa meselelerini çözmek babatda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge ýardam etjek halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işi dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň aýratyn belleýşi ýaly, tebigaty goramak baradaky halkara konwensiýalarynyň birnäçesine goşulmak bilen Türkmenistan öz üstüne kabul eden ähli borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Mysal üçin, Aralyň töweregindäki çäklerde we, hususan-da, Daşoguz welaýatynda ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak üçin onlarça million dollar gönükdirildi, bu ýerde iri maýa goýum taslamalarynyň toplumy, şol sanda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek, şeýle hem ýerleriň meliorasiýasy, olary ýerasty suwlardan arassalamak boýunça taslamalar durmuşa geçirildi. Biz geljekde-de bu meselä ilkinji nobatda üns bereris diýip, türkmen Lideri aýtdy hem-de Aral krizisiniň zyýanly netijelerini ýeňip geçmek boýunça çäreleriň maksatnamalaryny hakykatda durmuşa geçirmek baradaky işleri işjeňleşdirmegi ýene-de bir gezek talap etdi.

Daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri aýawly hem-de rejeli peýdalanmak we tutuşlygyna alnanda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm tarapydyr diýip, hormatly Prezidentimiz milli tebigaty goraýyş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň BMG-e tarapyndan jar edilen durnukly ösüşiň giň möçberli maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz suwarymly ekerançylygyň ýagdaýyny düýpli gowulandyrjak, topragyň şorlaşmagy we gurakçylyk bilen baglanyşykly köp meseleleri çözjek özboluşly gidrotehniki toplum bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň desgalaryny gurmak boýunça işleriň depginlerini üpjün etmegi hem talap etdi. Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, öz möçberi boýunça deňsiz-taýsyz bolan bu taslamanyň Türkmenistan, ähli Orta Aziýa üçin örän möhüm, ägirt uly ähmiýeti bardyr. Onuň durmuşa geçirilmegi biziň ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri hem-de sepgitleri açmak bilen bir hatarda tutuş sebitiň ekologiýasyna amatly täsir eder.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ulgamyny ösdürmegiň döwlet strategiýasy hakynda söz açyp, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan, ýerli toprak-howa şertlerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny giňden ornaşdyrmak ýaly meseleleriň möhümdigini aýratyn belledi, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmak şol strategiýanyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar.

Soňra wideoşekilli maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda – nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we balyk hojalygynda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ikinji mejlisine gatnaşmak üçin 25-28-nji iýulda Hytaýyň paýtagty Pekine bolan iş saparynyň jemleri, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny gurmagyň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalaryň birnäçesiniň ilerleýşi hakynda aýtdy.

Hususan-da, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ikinji mejlisiniň işine Türkmenistanyň we Hytaýyň birnäçe döwlet we işewür düzümleriniň, şol sanda iki ýurduň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşylarynyň we wekilleriniň gatnaşandygy bellenildi.

Hytaý tarapyndan komitete HHR-iň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Wan Sişan ýolbaşçylyk etdi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Hu Szintao we ähli hytaý halkyna iberen mähirli salymy we iň gowy arzuwlary ýetirildi.

Öz gezeginde HHR-yň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Wan Sişan türkmen döwletiniň Baştutanyna HHR-iň Başlygy Hu Szintaonyň iň gowy arzuwlaryny ýollap, Hytaýyň Hökümetiniň we halkynyň çalt depginler bilen ösýän Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi.

Mejlisiň gün tertibi ileri tutulýan ulgamlarda, ozaly bilen söwda-ykdysay, energetika we gumanitar ulgamlarynda, döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýagdaýyna we geljegine degişli meseleleriň ençemesi girizildi. Pikir alyşmagyň barşynda soňky iki ýylda edilen işleriň jemleri, şol sanda ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň hem-de Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 2010-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen birinji mejlisiniň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary ilerletmek boýunça işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Görnetin işjeňleşen hyzmatdaşlygyň netijeliligi barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar, hususan-da, 2012-nji ýylyň bäş aýynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde iki esse artandygyny bellediler.

Gepleşikleriň barşynda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri, şol sanda türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberini bir ýylda 65 milliard kub metre çenli artdyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar özara bähbitlilik ýörelgelerinde netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini belläp, şu gezekki mejlisiň köpugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, bilelikdäki ykdysady taslamalary amala aşyrmaga, tejribe we häzirki zaman tehnologiýalary alyşmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi. Türkmenistanyň hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň arasyndaky gazanylan Tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga laýyklykda, HHR-iň Hökümeti tarapyndan Türkmenistana muzdsyz grant bermek göz öňünde tutulýar.

Işewür ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň energetika we gumanitar kiçi komitetleriniň aýratyn mejlisleri geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary şeýle hem Hytaýyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuyşklary geçirdiler. Olaryň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki gatnaşyklaryň meýilnamalary anyklandy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, HHR bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar durýar diýip belledi. Biziň ýurdumyz dünýäniň bu iri döwleti bilen köp ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Türkmenistan we Hytaý biri-birini strategik hyzmatdaşlar hasaplap, özara gatnaşyklarynyň tejribesini we kuwwatyny artdyrýarlar hem-de ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda bilelikdäki taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar.

Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk Hytaý bilen köp ugurly döwletara gatnaşyklarynda aýratyn orun eýeleýär. Bu bolsa iki dostlukly ýurduň ykdysady bähbitlerine gabat gelmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, durmuş-ykdysady ösüşini berkitmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar. Bu möhüm ugurda köpýyllyk hyzmatdaşlygy dowam etmäge özara çalşylýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz HHR-iň Türkmenistanyň tebigy gazyna we baý serişdeler gorlaryna isleginiň artýandygyny nazara almak bilen, şunda ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady. Biziň ýurdumyz öz energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça strategiýany gyşarnyksyz durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran şu saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklar iki dostlukly ýurduň we halklaryň arasynda özara düşünişmegiň we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nobatdaky gezek tassyklady diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň türkmen kenaryny dünýä derejesindäki şypahana öwürjek "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işlerine ünsi çekip, bu ýerde amala aşyrylýan işleriň möhletini we hilini hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi. Häzir Awazada gurulýan syýahatçylyk, sport, medeni-dynç alyş maksatly ähli desgalar we binalar 2013-nji ýylyň tomsunyň başyna çenli ulanmaga tabşyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdyýewa söz berdi. Ol ýerlerde möhüm durmuş meselelerini çözmekde, şol sanda adamlaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmakda deputatlaryň alyp barýan işleri hakynda habar berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy, hususan-da, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesinde we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Babadurmaz şäherçesinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna gabatlap, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň gurluşynynyň barşy barada aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlarynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary we ilat bilen jemgyýeti demokratiýalaşdyrmagy mundan beýläk-de ilerletmekde, döwletimiziň durmuş syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda netijeli gatnaşyklarynyň möhüm orun eýeleýändigini belläp, bu işlere geljekde hem uly ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. Parlamentariler wakalaryň jümmüşinde bolup, öz saýlawçylarynyň bähbitlerini gorap, wajyp meseleleriň gaýragoýulmasyz çözülmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam etmelidir we öz saýlawçylary bilen hemişe ýakyn aragatnaşykda bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýewi çagyrdy. Ol gözegçilik edýän ulaglar we aragatnaşyk toplumlarynyň pudaklarynda geçirilen işler hakynda hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyza döwrüň talaplaryna laýyklykda demir ýol, howa, awtomobil we ulaglaryň beýleki görnüşleriniň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan ulag ulgamlarynyň şaha ýaýradan sebitleýin düzümlerini kemala getirmäge işjeň gatnaşýar diýip belledi. Munuň özi ýurtlaryň ägirt uly ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmäge we tutuşlygyna alnanda, sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşe ýardam eder. Bu babatda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli ulag we aragatnaşyk pudaklaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyna aýratyn üns berdi, şol pudaklar iň oňat halkara ülňülerine laýyk işlemelidir.

Milli Liderimiz tutuşlygyna alnanda milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmek üçin bu pudaklarynyň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ulgamlarda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda aragatnaşygy we teleulgamlary toplumlaýyn ösdürmek meselelerine durup geçmek bilen, bu ulgamlaryň işini mundan beýläk-de kämillşdirmäge hem-de onuň ähli düzümleriniň işleriniň ýokary hilini üpjün etmäge üns berdi, şol meselelere Türkmenistanda ägirt uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz şol ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de talap edilýän ýokary hili gazanmagyň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekip, degişli meseleleri çözmegi doly derejede pugta gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Soňra göni aragatnaşyga çagyrylan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ileri tutulýan ugurlarda gözegçilik edýän ulgamlarynyň işi hakyndaky habar bilen çykyş edip, şol sanda Türkmenistanda derman senagatyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar barada habary aýtdy.

Bu maksatnama laýyklykda ata Watanymyzda önümçilik desgalarynyň täzeleri gurlar we işläp gelýänleriniň durky täzelener, munuň özi pudagy düýpli diwersifikasiýalaşdyrmaga, ilaty ýokary hilli lukmançylyk maksatly serişdeler bilen üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.

Häzirki pursatda Aşgabatda infuzion erginleri öndürýän zawodyň gurluşygynyň, “Saglyk” derman kärhanasynyň durkuny täzelemek we onuň täze önümçilik desgasyny gurmak çalt depginlerde alnyp barylýar. Ýene-de desgalaryň birnäçesini, hususan-da, Abadan şäherinde zyýansyzlandyryjy erginleri, Daşoguz şäherinde bir gezek ulanylýan ýelmenýän ýapgy bolan zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini, Berzeňňide minerallaşdyrylan bejeriş suwlaryny öndürýän kärhanalary gurmak hem –de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar. Balkanabat welaýatynda ýene-de iki kärhana: Bereket etrabynda bir gezek ulanylýan ýod taýajygy bolan ýod önümçilik kärhanasy we Jebel şäherçesinde bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhana gurlar.

Bu kärhanalaryň işe girizilmegi ilatyň we saglygy goraýyş edaralarynyň derman hem-de lukmançylyk serişdelerine bolan isleglerini has doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Mundan başga hem şol önümleriň daşarky bazara çykarylyşynyň möçberiniň artmagy bilen ýurdumyzyň walýuta girdejileri köpeler, munuň özi Türkmenistanyň derman senagaty pudagynyň düşewüntliligini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam berer. Milletiň Lideri hasabaty diňläp, ýurdumyzyň derman senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, täze strategiki ähmiýetli derman serişdeleriniň öndürilmegini özleşdirmek, bu ulgamyň ylmy-tehniki we innowasion mümkinçiliklerini ösdürmek, onuň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ugra gönükdirilmegi we eksport kuwwatynyň artmagy derman senagatyny ösdürmek babatda döwlet syýasatynyň esasy wezipeleri bolup durýar diýip belledi. Biz geljekde-de bu pudagyň täze desgalaryny gurmaga we işläp gelýän desgalarynyň durkuny täzelemäge uly üns bereris, munuň özi ony hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga, ýurdumyzyň derman senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ep-esli pugtalandyrmaga we ilaty özümizde öndürilen ýokary hilli derman serişdeleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ýurdumyzyň derman senagatynyň kuwwatlyklarynyň ýokarlandyrylmagy we ýerli çig maldan derman hem-de beýleki lukmançylyk serişdelerini öndürmegiň möçberleriniň artdyrylmagy bilen baglanyşykly milletiň Lideri wise-premýere Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşigi üçin täze derman ammaryny gurmak baradaky meseläni işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Ýurdumyzyň lsaglygy goraýyş maksatly serişdelerini, şeýle hem daşarky bazara niýetlenen dermanlary we lukmançylyk enjamlaryny saklamak üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ülňülerine laýyk gelýän zerur şertleri döretmek maksady bilen şol ammary ýörite enjamlar we degişli tehnika bilen üpjün etmek zerurdyr diýip, milletiň Lideri gozgalan meseleleriň çözülmegini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasowy çagyrdy, ol özüne ynanylan işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu pudakda düzgün-nyzamyň gowşadylandygy sebäpli nägilelik bildirdi hem-de ministre berk käýinç yglan etdi we haýal etmän ýagdaýy günübirin düzetmek barada möhüm görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowany çagyryp, onuň gözegçilik edýän ulgamlarynda bellenilen meýilnamalaryň ilerleýşi we işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Wise-premýer hormatly Prezidentimize medeniýet edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzyň habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça geçirilýän işler we görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda medeniýet edaralarynyň işleri bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz ýerlerde medeni-köpçülikleýin işlerini geçirmegiň derejesiniň pesdigini belläp, wise-premýerden ýurdumyzyň ähli etraplarynda we şäherlerinde kitaphanalaryň, muzeýleriň, medeni merkezleriň we beýleki medeniýet edaralarynyň işini işjeňleşdirmek üçin yzygiderli çäreleri görmegi talap edip, olaryň işini many-mazmun taýdan baýlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň welaýatlarynda geljek ýyldan başlap Milli medeniýetiň hepdeligini geçirmek bilen bagly meseleleri hemmetaraplaýyn öwrenmek we degişli teklipleri taýýarlamak barada görkezme berip, bu babatda hökümet Baştutanynyň orunbasaryna anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, mazmunly we gyzykly medeni çäreleri öz içine alýan hakyky türkmen toýy görnüşinde guraljak bu hepdelik 2013-nji ýylyň iýun aýynda Balkan welaýatynda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda badalga alar, bu umumymilli çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine we berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiziň dabaralanmagynyň ajaýyp baýramçylygyna öwrülmegini üpjün etmäge şu günlerden ykjam taýýarlyk görülmelidir.

Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Ol Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk we häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem welaýatda medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy, olaryň ulanylmaga tabşyrylmaly möhletleri we hili barada hem hormatly Prezidentimize habar berildi.

Milli Liderimiz pagta ýygymyna taýýarlyk işiniň guramaçylyk meselelerine we ony öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmäge aýratyn üns berip, bar bolan oba hojalyk tehnikasyny netijeli peýdalanmak, “ak altynyň” hasylyny dolulygyna soňky hanasyna çenli ýygnamagy üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi . Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde gowaçalara ideg etmek işiniň agrotehniki kadalara laýyk gelmegine yzygiderli gözegçiligiň zerurdygyny hem belledi. Türkmenistanyň Prezidenti kabul edilen Milli maksatnama laýyklykda welaýatda durmuş ulgamynyň işiniň sazlaşykly ýola goýulmagyny, şeýle hem mekdepleri täze okuw ýylyna taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçilik edilmelidigini belledi.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk, şeýle hem sebitde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy barada hasabat berdi. Mundan başga hem, ol Milli maksatnama laýyklykda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, şeýle hem mekdepleri täze okuw ýylyna taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, hususan-da, pagta ýygymyny ýokary derejede guramaga, şeýle hem welaýatda gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik amala aşyrmaga degişli meseleler boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Öz nobatynda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda, şol sanda pagta ýygymyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde oba hojalyk tehnikasyny taýýarlyk hataryna çykarmak, hasyl ýygnamagy bökdençsiz geçirmegi üpjün etjek degişli toparlary döretmek boýunça görülýän çäreler hakynda döwlet Baştutanyna göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ähli oba hojalyk işleriniň sazlşykly guralmagynyň möhümdigi hakynda söz açyp, pagta ýygym möwsümini öz wagtynda geçirmek we hasylyň göwnejaý saklanmagyny üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga hem milletiň Lideri kabul edilen Milli maksatnama laýyklykda welaýatyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny görkezip, bu babatda, şeýle hem başlanmagyna az wagt galan täze okuw ýylyna welaýatyň mekdeplerini taýýarlamak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýaynyň häkimi Ý.Ýaýylow maslahatda hasabat bilen çykyş etdi. Ol welaýatda oba hojalyk işleriniň barşy, pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk we ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýyl lebaply pagtaçylar 120 müň gektarda “ak altynyň” bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Gowaçalaryň ujuny çyrpmak, suwarmak, hatarara bejergisini geçirmek, goşmaça iýmitlendirmek işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Şeýle hem hakim welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy, sebitiň durmuş ulgamynyň derejesini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, hususan-da, pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işlerini göwnejaý üpjün etmek we ýygnalan pagta hasylynyň talabalaýyk saklanmagy, ýitgilere ýol bermezlik üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň ilatyny arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýetip gelýän täze okuw ýyly barada söh açyp, welaýatyň ähli mekdeplerini oňa göwnejaý taýýarlamak barada görkezme berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowy çagyrdy. Häkim özüniň hasabatynda welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri, hususan-da, Murgap jülgesinde zähmetsöýer kärendeçi daýhanlaryň tutanýerli zähmeti netijesinde gowaça ekilen 165 müň gektar meýdanda ak altynyň bol hasylyny almaga garaşylýandygy hakynda hasabat berdi. Häkim pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berip, gymmatly tehniki ekine nobatdaky üçünji suwy tutmagyň geçirilişi hakynda, bellenilen kadalara berk laýyklyklda ýerine ýetirilýän beýleki agrotehniki çäreler hakynda hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda oba hojalyk pudagy boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň zerurdygyny belläp, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek, ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany mekdepleri täze okuw ýylyna haýýarlamak boýunça degişli görkezmeleri hem berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn nygtaýşy ýaly, welaýatyň ýolbaşçy düzüminiň etraplarda ýygy-ýygydan bolup, oba Milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoşekilli aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak we adamlaryň durmuşy üçin häzirki zaman, amatly şäher gurşawyny kemala getirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheri ähli görkezijiler boýunça ýurdumyzyň paýtagtynyň derejesine kybap gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz şäheri abadanlaşdyrmak, bu ugurda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak bilen bagly ähli meseleleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Aşgabady ösdürmegiň ekologik ugruna ünsi çekip, paýtagtymyzy bagy-bossanlyga büremek, bu ýerde täze seýilgähleri we dynç alyş zolaklaryny döretmek boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu barada gürrüňini dowam edip, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli ýerlerinde nusga alarlyk arassaçylygyň we tertibiň höküm sürmelidigini, sanitar düzgün-kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmelidigini belläp, ähli degişli jemagat hojalyklarynyň we tehniki gulluklarynyň takyk işlemegini üpjün etmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleleri gozgap, täze ýaşaýyş jaý toplumlary, dürli maksatly beýleki desgalar gurlanda, olaryň hemmesiniň türkmen paýtagtynyň okgunly özgerýän binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşmagyny nazara almagyň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň barşynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine awgustyň birinji on günlüginde biziň ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Türkiýä Respublikasyna boljak iş saparyna degişli, hususan-da, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmäge, şeýle hem Türkmenistan üçin uly iş tejribesi we önümleri gyzyklanma döredýän kärhanalara baryp görmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz geçirilen çuňňur söhbetdeşligiň jemini jemläp, Garaşsyz we hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan buýana-da gowulandyrmaga, türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge ýardam eder diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine işde we olaryň öňünde goýlan möhüm hem-de jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.