Ï Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutanyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutanyny kabul etdi

view-icon 651
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen baştutany, bu ýerde öz işine girişen jenap Iwo Petrowy kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin hoşallyk bildirip we Türkmenistanda ÝHHG wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary jenap Lamberto Zanýeriň hormatly Prezidentimize iberen mähirli sözlerini ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda alyp barýan asylly işinde üstünlik arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Lamberto Zanýere iň gowy arzuwlaryny aýdyp, ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen tagallalary utgaşdyrmak nukdaýnazaryndan örän netijeli we möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz biziň ýurdumyz iri halkara guramalary we düzümleri, şol sanda hyzmatdaşlygyň 20 ýylynyň dowamynda ýeterlik tejribe toplanylan ÝHHG bilen ýola goýulýan gatnaşyklara ägirt uly ähmiýet berýär diýip belledi.

Duşuşygyň barşynda parahatçylyk we howpsuzlyk jähedinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleler boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Iwo Petrowyň belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistan häzirki döwürde ÝHHG-niň sebit boýunça möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ÝHHG-niň Baş sekretarynyň arasynda birnäçe duşuşyklaryň bolmagy we şolaryň barşynda türkmen Lideriniň sebitleýin we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly maksatlaryň hem-de wezipeleriň jähedinde ÝHHG bilen özara gatnaşyklara degişli birnäçe netijeli teklipleri öňe sürmegi munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, myhman belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň dürli düzümleriniň hem-de ÝHHG-niň wekilleriniň toparlarynyň ýola goýulýan yzygiderli saparlary, olaryň biziň ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlaryna gatnaşmagy ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine ýardam edýär.

Biziň ýurdumyzyň tutuş Ýewraziýa geosyýasy giňişliginde birek-birege ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýagdaýynyň emele getirilmegine täze çemeleşmeleriň gözlegine hem-de dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ugurlaryna ygrarlydygyny tassyklamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna gabat gelýändigini nygtady. Ykdysady we durmuş, gumanitar hem-de beýleki ulgamlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezip, hormatly Prezildentimiz we ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň baştutany neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy halkara terrorçylyk we serhetüsti jenaýatçylyk ýaly döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmak babatda tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod serişdelerine baýdygyny bellemek bilen, ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýlelikde, biziň ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça birnäçe halkara teklipleri öňe sürendigi bellenildi. Munuň özi milli Liderimiziň energiýa serişdeleriniň eksport ugruny diwersifikasiýa etmek ýörelgesi ýaly energetika meseleleri boýunça gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýän ÝHHG-niň giň goldawyna mynasyp boldy.

Şeýle hem degişli döwlet dolandyryşynyň meseleleri, daşky gurşaw we suw serişdelerini dolandyrmak, şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi, ulag aragatnaşyklaryny ösdürmäge goldaw bermek babatdaky maglumatlaryň elýeterli bolmagyna tagalla etmek ýaly ugurlar boýunça taslamalar ykdysady we ekologiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň anyk mysallarydyr diýlip bellenildi.

Iwo Petrow özüniň täze wezipä bellenmeginiň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygyna gabat gelendigini aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyzy anyk syýasy hereketleriň jähedinde ÝHHG-niň ýörelgelerini we borçnamalaryny durmuşa geçirmekde netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilmegi üçin ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.