Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky (kabulhanasy Moskwada ýerleşýän) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Huan Karlos Kreklerden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlametiň ýolbaşçysy diplomaty hormatly Prezidentimiziň adyndan bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn, öňi bilen iri halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan doly möçberli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Argentinanyň Doly ygtyýarly wekili hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we özüniň milli Lideriniň ýolbaşçylygynda ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan tutuş türkmen halkyna aýdan mähirli sözlerini ýetirdi.
Duşuşygyň barşynda myhman ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyna we ählumumy ykrar edilmegine mynasyp bolmagyny şertlendiren Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy, şeýle hem oňa berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baş ýörelgesi bolan milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň barşy barada habar berildi.
Uzakmöhletleýin, özara peýdaly esasda ýola goýulýan türkmen-argentin hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalaryň barşynda taraplar birnäçe möhüm ugurlar, şol sanda ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, oba hojalygy, azyk we himiýa senagaty ýaly ugurlar boýunça özara gyzyklanmalaryň bardygyny bellediler. Dostlukly ýurtlaryň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyny şertlendirýän gumanitar gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýar diýip, söhbetdeşler bellediler.
Parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we kanun çykaryjylyk ulgamdaky gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de kämilleşdirmegiň meseleleri duşuşygyň esasyny düzdi. Bu meselä Türkmenistan we Argentinada aýratyn ähmiýet berýärler diýlip bellenildi.
Hoşlaşanlarynda diplomat Mejlisiň Başlygyny iki ýurduň milli bähbitlerini we olaryň özara bähbitli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan isleglerini nazara almak bilen ýola goýulýan köptaraply gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
***
Şeýle hem Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Ol ýerde döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlary we özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň birnäçe meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.
Saparyň barşynda Argentinanyň Doly ygtyýarly wekili we onuň ýanynda bolýan toparyň agzalary türkmen paýtagtynyň muzeýleriniň gymmatlyklary hem-de Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşdylar.