Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk hem-de söwda we dokma senagaty toplumlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri we milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudaklarynyň öňünde durýan derwaýys wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň oba hojalyk ministri R.Bazarow özüniň hasabatyny geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, häzirki döwürde alnyp barylýan işler baradaky hasabatdan başlady. Ol “Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny 2012-2016-njy ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ylmy tohumçylyk işiniň, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşlyrmak bilen baglanyşyly meseleleriň, bugdaýyň we pagtanyň täze sortlaryny döretmegiň meseleleri hakynda habar berdi.
Ministr häzirki döwürde bugdaý ekişi üçin sürüm we tohum taýýarlamak işleriniň ýokary derejede hem-de öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek babatda “Türkmenobahyzmat” we “Türkmengallaönümleri” assosiasiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýörite toparlaryň döredilendigini, olaryň ýurdumyzyň welaýatlarynda degişli işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýändiklerini, şeýlelikde, häzire çenli ýurdumyzda galla ekiljek meýdanlaryň 509 müň gektardan gowrak meýdanda sürüm geçirilendigini habar berdi.
Mundan başga-da, R.Bazarow ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrligiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugynyň “Türkmenýertasalama” institutynyň garamagyndaky Toprak öwreniş ekspedisiýasy tarapyndan ekerançylyk meýdanlarynda toprak-barlag işleriniň yzygiderli geçirilýändigini, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda ministrlik boýunça maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň ähli düzümleriniň we bölümleriniň işini utgaşdyrmak, oba senagat toplumynyň dürli ugurlaryndaky işleriň ýagdaýlaryny seljermek, eger-de haýsydyr bir kemçilik ýüze çyksa, onuň aradan aýrylmagy ugrunda zerur çäreleri durmuşa geçirmek işleri bilen meşgullanýan Oba hojalyk ministrligine birnäçe çynlakaý bellikleri aýtdy.
Ýurtda oba hojalyk önümleriniň görnüşlerini we önümçilik möçberlerini artdyrmak döwletimiziň oba hojalyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ylmy taýdan ykrar edilen usullary giňden ornaşdyrmak, ekinleri her welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara almak arkaly ekmek ýaly usullaryň örän derwaýysdygyny nygtady.
Esasy oba hojalyk ekinleri bolan däne we pagta barada aýdanymyzda, bu ekinleriň hasyllygy ýurdumyzyň aýry-aýry sebitlerinde örän pes, şeýle ýagdaý, esasan ekerançylyk ýerleriniň gurlyşygynyň we medeniýetiniň pesdigi, topragyň şorlaşmagy, agrotehniki çäreleriň talaba laýyk geçirilmeýändigi, tohumlaryň hiliniň ýaramazdygy sebäpdi ýüze çykýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňra milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň ünsüni ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň öňünde durýan birnäçe anyk wezipelere çekdi.
Ministrlik ilkinji nobatda ilatymyzy özümizbe öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek üçin oba hojalyk önüm öndürijilerini ýokary hilli suw, toprak we howa şertlerimize çydamly tohumlar bilen üpjün etmeli, bulardan başga-da suwarymly yerleri netijeli peýdalanmak, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny giňden ornaşdyrmak boýunça hem teklipleri taýýarlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Häzirki döwürde ministlrligiň öňde durýan wezipeleri talaba laýyk ýerine ýetirip bilmeýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz pudakda birnäçe kemçilikleriň bardygyny, işleriň göwnejaý guralmaýandygyny aýdyp, ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyny gowulandyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin ýurdumyzyň suw hojalyk minsitri S.Taganowa söz berdi. Ol düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy we onuň önümçilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy pudagyň öňünde durýan wezipeleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär diýip söze başlady.
Kaka etrabyndaky Gozgançaý derýasynyň ugrunda göwrümi 5,2 million kub metr bolan sil-suw howdanynda we onuň ýanynda göwrümi 500 müň kub metr bolan arassa agyz suw howdanynyda, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda göwrümi 20,5 million kub metr bolan täze suw howdanynda alnyp barylýan gurluşyk işleri hakynda habar bermek bilen, ministr bu desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi howdanlaryň golaýyndaky obalary arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge hem-de ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam berer diýip aýtdy.
Şeýle hem S.Taganow häzirki döwürde Mary welaýatynda “Zähmet-Türkmengala” abzal ýabynda suw göteriji beketleriň gurulýandygyny, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşygynyň barşynda bu ugurda suwuň akymyny sazlaýjynyň, şeýle hem Türkmen kölüne barýan şor suw akabalarynyň ugrunda täze köprüleri gurmak boýunça degişli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini habar berdi.
Oba hojalyk pudagyny, tutuşlygyna alnanda bolsa milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde Suw hojalygy ministrligine möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudagyň işinde käbir kemçilikleriň bardygyny aýtdy.
Ministrlik tarapyndan şorlaşan ýerleri dikeltmek, sebitlerde ýerleriň medeniýetini ýokarlanlyrmak boýunça işleriň depgininiň pesdigini belläp, döwlet Baştutanymyz suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, ilatyň arassa agyz suwy bilen doly üpjün edilmegi, suw howdanlarynyň gurluşugynyň depginiň ýokarlandyrylmgy, suwuň ulanylyşyna gözegçiligiň güýçlendirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany häzirki döwürde ýurdumyzda ekinleri suwarmagyň damjalaýyn we sepeleme usullarynyň giňden ýola goýulmagyny, ähli tehnikalaryň netijeli we rejeli ulanylmagyny, şeýle hem, suw hojalyk pudagy üçin gurluşyk materiallaryny we gurnama önümlerini öndürýän kärhanalaryň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak boýunça zerur işleriň geçirilmegini Suw hojalyk ministrliginiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem milletiň Lideri ýurdumyzyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamada göz öňünde tutulan suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy boýunça netijenamalaryň öz wagtynda we talaba laýyk berilmegini gazanmagyň zerurdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti suw serişdeleriniň möwsümleýin we köp ýyllyk akymynyň derejesini ýokarlandyrmak üçin hereket edip gelýän suw howdanlarynyň durkuny täzelemeli, şeýle hem täze suw howdanlaryny gurmaly diýip belledi.
Döwlet Batutany suw hojalyk ministri S.Taganowa ýüzlenip, täze bellenen ýolbaşçy hökmünde Suw hojalyk ministrliginiň işini düýbünden täzeçe guramagy tabşyrdy hem-de gerek bolsa, döwletimiz tarapyndan bu işleri ýerine ýetirmek üçin zerur kömegiň berijekdigini aýtdy.
Maslahat Türkmenistanyň tebigaty goramak ministri B.Annabaýramowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol raýatlaryň, döwlet we hususy edaralaryň, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň tebigaty goramak baradaky kanunçylygyň talaplaryny doly berjaý etmekleri üçin ministrlik tarapyndan alnyp barylýan işleriň güýçlendirilendigini, suwuň we topragyň hapalanmagynda daşky gurşawa ýetirilýän zyýany kesgitlemegiň halkara talaplaryna laýyk gelýän usullarynyň işlenip taýýarlanandygyny we olaryň şu ýylyň 2-nji martyndan güýje girizilendigini habar berdi.
Ministr öz hasabatynda şu ýylyň başyndan bäri daşky gurşawy goramak boýunça kärhanalarda geçirilen barlaglaryň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 130 göterim, daşary ýurt kompaniýalarynda bolsa iki esse ýokarlanandygyny, Türkmenistanda nebit we gaz geçirijileriň ulanylyşynyň, olarda alnyp barylýan bejeriş-abatlaýyş işleriniň, nebit dökülmelerini ýüze çykarmak wezipeleriniň berk gözegçilikde saklanýandygyny aýtdy.
Şeýle hem B.Annabaýramow ýurdumyzy bagy-bossandyga öwürmek boýunça ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirmegini üpjün etmek maksady bilen, pürli we ýaprakly agaçlaryň bir wagtda 250 müň düýp nahallaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýän ştilhanalaly tohumçylyk merkezleriniň döredilendigini belläp, ýurtda ýaýbaňlandyrylan ekologiýa syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginiň durnukly ösüş syýasaty we ýer togalagynyň ekoulgamlaryny goramak işi bilen sazlaşykly alnyp barylýandygyny hem-de olaryň halkara derejesinde ykrar edilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşky gurşawyň ýagdaýyna göwnejaý gözegçilik edilmeýändigini, ekilen baglara idegiň pes derejede baýryndygyny, aýry-aýry ýerleriň zaýalanmagyna ýol berilýändigini, minsitrlikde bag nahallarynyň, gülleriň ýeterlik derejede ýetişdirilmeýändigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz goraghanalaryň işlerinde hem birnäçe kemçilikleriň bardygyny, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çalt ýetişýän baglary ekmek işiniň haýal barýandygyny aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawy goramak boýunça ykdysady usullaryň netijeli ulanylmagyny ýola goýmagy tabşyrdy. Hususan-da, bu ýerde daşky gurşawa ýetirilýän zyýany doly kesgitlemek maksady bilen, howa, şeýle hem biologiki köpdürlülige ýetirilýän zyýanyň öwezini dolmagyň usullaryny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak, şeýle hem bu ugurda toplumlaýyn çäreleri geçirmek barada gürrüň gidýär.
Türkmenistanyň Prezidenti şu wezipeleri berjaý etmek maksady bilen, ministr B.Annabaýramowa gysga möhletlerde anyk işleri geçirmegi tabşyrdy hem-de şol işler boýunça degişli netije çykaryljakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň oba hojalyk toplumynyň işine bagyşlanan maslahatyň barşynda “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň başlygy Ç.Çarlyýewiň hem hasabaty diňlenildi. Ol öz gezeginde häzirki günlerde ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda her günde 4 müň 50-den gowrak traktoryň işledilýändiginiň we olaryň güýji bilen her günde 19,6 müň gektar ýerde hatarara bejergisiniň geçirilýändigini, güýzlük bugdaý ekiljek ýerlerde 1 müň 250-den gowrak sürüm traktorlaryň işledilip, her günde 10,5 müň gektar meýdanda sürüm geçirilýändigini habar berdi.
Häzirki döwürde pagta ýygym möwsümini işlejek kombaýnlary abatlamak işleriniň alnyp barylýandygyny şu güne çenli möwsümde işledilmegi meýilleşdirilýän 570 kombaýnyň 253-siniň abatlanandygyny belläp, Ç.Çarlyýew satyn alynýan kämil oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary aýawly saklamak maksady bilen etrap “Obahyzmat” önümçilik birleşikleriniň köpüsinde üsti ýapyk bassyrlmalaryň gurluşygynyň tamamlanandygyny, galan etraplarda hem olaryň gurluşygynyň güýçli depginlerde alnyp barylýandygyny aýtdy.
Oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan mehanizmleşdirilen hyzmatlary ýokary hilli ýerine ýetirmek, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny netijeli ulanmak, olary aýawly saklamak babatda öňümizde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýteirmek üçin ähli zerur çäreleri görjekdiklerini aýdyp, hasabatyny jemledi.
Türkmenistanyň Prezidenti çykyşy diňläp, Assosiasiýanyň işinde birnäçe kemçiliklere ýol berlendigini hem-de bu Assosiasiýa ýerleri sürmekden başlap, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we doly ýygnap almaga çenli işleri öz içine alýan örän köp zat baglydygyny aýtdy.
Türkmen Lideri döwletimiziň oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin örän köp serişdeleri goýberýändigini we satyn alnan gymmat bahaly tehnikalaryň netijeli ulanylmalydygyny belläp, geçen ýylyň möwsüminde pagta ýygýan kombaýnlaryň güýjünden ýerlikli peýdalanylmandygyny
Soňra döwlet Baştutanymyz gürrüňini dowam edip, ýygym möwsüminde kombaýnlaryň doly güýjünde işledilmeýändigini, tehnikalary möwsüme taýýarlamak işleriniň pesdigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz assosiasyýanyň kärhanalarynyň önümçilik binýadyny kämilleşdirmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işlerini yzygiderli ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milletiň Lideri häzirki döwürde Assosiasiýanyň öňündäki wezipeler barada aýdyp, daşary ýurtlarda öndürilýän oba hojalyk tehnikalarynyň haýsy görnüşleriniň ýurdumyzyň toprak we howa şertleri üçin has amatlydygyny düýpli seljermegiň zerurdygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti tehnikalary we olar üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak meselesine ylmy esasda çemeleşip, esaslandyrylan teklipleriň berilmelidigini nygtady.
Soňra “Türkmenmallary” assosiasiýasynyň başlygy D.Myratberdiýew häzirki döwürde öri meýdanlaryny suwlulandyrmak işleriniň yzygiderli alnyp barylýandygyny bellemek bilen, täze guýylaryň 11-siniň gazylandygyny we 48 guýynyň durkunyň täzelenendigini, şeýlelikde şu ýylyň dowamynda 18 täze guýynyň gazyljakdygy we olaryň 83-siniň durkunyň täzelenjekdigini, 12 kilometr uzynlygy bolan suw geçirijileriň abatlanjykdygyny habar berdi.
Ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna laýyklykda, assosiýasiýanyň ulgamynda et önümlerini öndürýän kärhanalaryň 4-sini, et we ýumurtga önümçilikli guşçulyk toplumlarynyň 3-sini, süýt önümlerini öndürýän kärhanalarynyň ikisini 2012-2013-nji ýyllaryň dowamynda gurmak meýilleşdirildi, häzirki döwürde bu ugurda yglan edilen halkara bäsleşiginiň netijesinde ýerli gurluşyk kärhanalarynyň ikisi ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda we Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda guş etini we ýumurtga önüdrýän guşçulyk toplumlary gurlar diýip, D.Myratberdiýew belledi.
Maldarçylyk hojalyklarynda işine ussat we kärini söýýän kärendeçi çopan toparlary döredilýär. Şeýle hem bu babatda guramaçylyk işleri alnyp barylýar diýip bellemek bilen, assosiasiýasynyň başlygy häzirki döwürde mallar üçin gerek bolan ot-iým gorlary döredilýär, şeýle hem kärendeçilere suwarymly ýerleri berkitmek boýunça häkimlikler bilen degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri göwnejaý ýerine ýetirmekde birnäçe kemçilikleriň bardygyny belledi. Assosiasiýa boýunça geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda şu ýylyň birinji ýarymynda öndürilen önümiň möçberleriniň peselendigini belläp, hormatly Prezidentimiz pudagyň bergileriniň möçberiniň bolsa artandygyny aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz pudakda maýa goýumlaryny özleşdirmek işleriniň talaba laýyk alnyp barylmaýandygyny aýdyp, ulgamyň önümçilik kärhanalarynyň gurluşygynyň depgininiň pesdigine ünsi çekdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz öri meýdanlaryny suwlulandyrmak, mallaryň baş sanyny artdyrmak, ot-iým binýadynyny kadaly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri tizleşdirmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz assosiasiýanyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýtmak bilen, ilkinji nobatda mallaryň tohumçylyak-seçgi işlerini talaba laýyk ýola goýmalydygyny, gara mallaryň, dowarlaryň, düýeleriň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak üçin zerur çäreleri görmelidigini, ýurtda et, süýt we ýumurtga öndürýän täze kärhanalary gurmalydygyny, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmelidigini belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli hojalyklarda saklanýan mallara we guşlara weterinar hyzmatlaryny etmek we olaryň derman serişdeleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talaba laýyk guramak barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň başlygy Ý.Çaryýew alnyp barylýan işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Ol zähmetsöýer kärendeçileriň tutanýerli zähmeti bilen ýygnalan galla hasylynyň aýawly saklanylyşy, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý ekişine görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň “2012-nji ýylda Türkmenistanda şaly öndürmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda 18,3 müň gektar meýdanda ekilen şala agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edilýär. “Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň” çäklerinde ýurdumyzda täze galla önümleri kärhanalaryny gurmak we hereket edýänleriniň durkuny döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem Ý.Çaryýew Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesiniň “Semena Stawropoliýa” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti firmasy bilen 1 müň tonna täze bugdaý sortlarynyň tohumyny almak boýunça degişli işleriň geçirilýändigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýyň tohumçylygyny gowulandyrmakda birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Mundan başga-da “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynda düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmek işleriniň pesdigini, düzüme degişli dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň haýal alnyp barylýandygyny aýdyp, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ýürdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmek üçin assosiasiýanyň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaly, bugdaýyň ýokary hasyl berýän, gurakçylyga we şorlaşma çydamly görnüşlerini döretmek boýunça zerur işleri alyp barmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň başlygy W.Weliýewe özüne ynanylan pudakda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat bermek üçin söz berdi. Ol Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasyny ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işläp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek, içerki bazarda azyk hartylarynyň bolçulygyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada jikme-jik hasabat berdi. Assosiasiýanyň täze önümçilik kärhanalaryny gurmak we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek maksady bilen gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi 2012-2016-njy ýyllarda 391,1 million manada barabar bolar.
Şu döwürde Ahal welaýatynyň Kaka şäherçesindäki süýt önümlerini öndürýän kärhanasynyň, Tejen şäherindäki ösümlik ýagy kärhanasynyň durky täzeleniler, Ruhabat etrabyndaky ýyladyşhananyň, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda maldarçylyk toplumynyň, Köneürgenç şäherinde süýt önümlerini öndürýän kärhananyň, Mary welaýatynyň Serhetabat şäherçesinde et önümlerini öndürýän kärhananyň gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berler. Şu işleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde assosiasiýa boýunça öndürilýän harytlyk önümleriň möçberi 39,3 göterim artar we goşmaça iş orunlarynyň 458-siniň döredilmegine mümkinçilik berer. Hasabatda bellenilişi ýaly, täze işe girizilmegi meýilleşdirilýän kärhanalarda mundan ozal ýurdumyzda öndürilmedik täze önümleriň önümçiligi ýola goýlar, olaryň ählisi ýerli çig mallary netijeli ulanmagyň esasynda öndüriler we dünýä ülňüleriniň talaplaryna doly laýyk geler.
Milli Liderimiz assosiasiýanyň işinde kemçilikleriň az däldigini belläp, pudagyň kärhanalarynda geçen alty aýda meýilleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň doly özleşdirilmändigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz pudagy degişli desgalaryň gurluşygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde azyk önümçiligi boýunça gurulýan kärhanalarda depgininiň pesdigini belledi.
Assosiasiýanyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin, täze süýji-köke fabriklerini, et-süýt önümlerini öndürýän kärhanalary, önümleri zaýasyz saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlary, doly mehanizmleşdirilen we awtomatlaşdyrylan maldarçylyk toplumlaryny gurmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şeýle hem önümi gaýtadan işleýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, olaryň durkuny täzelemek, ýag senagatynyň kärhanalarynda pagtanyň übtügini öndürmek boýunça hem zerur işleri geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
“Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy H.Annamyradow öz hasabatyna şu günler konserniniň garamagyndaky pagta kabul ediş harmanhanalarda we pagta arassalaýjy kärhanalarda täze hasyly kabul etmäge görülýän taýýarlyk işleri baradaky habardan başlady. Şu ýyl ýetişdirilen bol pagta hasylyny bökdençsiz kabul etmek üçin Lebap welaýatynyň Sakar, Ahal welaýatynyň Baharly, Altyn asyr etraplarynda konserniň öz serişdeleriniň hasabyna täze pagta kabul ediş harmanhanalary we pagta arassalaýjy kärhanalarda taýýar pagta önümlerini talabalaýyk saklamak üçin birnäçe ýapyk ammarlar ulanmaga berler. 2011-nji ýylda ýurdumyz boýunça ýygnalan 1 million 100 müň tonna golaý pagta hasylyndan pagta süýüminiň 324 müň tonnasy öndürildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Lebap welaýatynyň Garabekewül etraplarynda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen pagta arassalaýjy kärhanalary gurlar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň işinde hem köp sanly kemçilikleriň bardygyny, ýurdumyzda gowaçanyň her gektaryndan alynýan hasylyň pes bolmagynda galýandygyny belledi. Şeýle hem gowaçanyň tohumçylyk goruny täzelemek işi haýal alnyp barylýar, bu ugurda oba hojalyk işgärleri, alymlar, Pagtaçylyk ylmy-barlag instituty bilen bilelikde zerur işler geçirilmeýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Mundan başga-da, öndürilen pagta hasylyny ýerlemek işleriniň hem alnyp barylýandygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz dünýä bazaryny öwrenip, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýerlemek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem pagtanyň gaýtadan işlenişiniň mukdaryny artdyrmak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Häzirki döwürde pagta arassalaýjy kärhanalaryň köpüsiniň durkuny täzelemeli, olaryň täzelerini gurmaly, konserniň işini talaba laýyk guramak üçin, ilkinji nobatda gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Şeýle hem Köneürgenç we Garabekewül etraplarynda ýylda her biri 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän kärhanany gurmak, Görogly we Beýik Türkmenbaşy etraplarynda hereket edýän pagta arassalaýjy kärhanalarda täze önümçilik bölümlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy we konserniň işinde bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi tabşyrdy.
Soňra “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Oraznazarow hasabat berilýän döwürde durmuşa geçirilen işler barada çykyş etdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gadymdan gelýän milli atşynaslyk sungatyny ösdürmek, milli baýlygymyz bolan tohum atlarymyzyň nusgalaryny gorap saklamak, ylmy esasda oýlanyşykly seçgi tohumçylyk işlerini ýokarlandyrmak, behişdi bedewlerimiziň syn sypatyny has-da kämilleşdirmek we dünýädäki şöhratyny öňküden-de artdyrmak atşynaslarymyzyň mukaddes borjuna öwrüldi.
Ýurdumyzyň atçylyk pudagyny geljekde has-da ösdürmek maksady bilen, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda ýomut tohum atlaryny köpeltmek maksady bilen, ýöriteleşdirilen athana, şeýle hem Ruhabat etrabynda 600 başa niýetlenen athana gurlar. Birleşik boýunça şu ýylyň iýul aýynda 2 million 911,5 müň manatlyk iş ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 109,4 göterim ösüş gazanyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, birleşigiň hünärmenleriniň öňünde durýan esasy wezipe behişdi bedewlerimiziň bize gelip ýeten nurana keşbini has-da kämilleşdirmekden, ahalteke atlarynyň gadymy nesil-şejere ugurlaryny giňeltmekden, täze nesil ugurlaryny ýüze çykarmakdan, tohum atlarymyzyň gan arassalygyny goramakdan ybaratdyr. Şeýle hem birleşikde şu günler ýurdumyzda saklanylýan tohum atlary dünýä talaplaryna laýyk gelýän nusgadaky pasport bilen üpjün etmek we atlary elektron bellige hasaba almak işleriniň alnyp barylýandygy we şu güne çenli atlaryň 512-siniň çiplenilip, 284 baş atyň täze pasport bilen hasaba alnandygy habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudakda işeriň talaba laýyk guralmaýandygyny, birleşigiň maliýe ýagdaýyny gowulanlyrmak işleriň haýal alnyp barylýandygyny, maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça birnäçe kemçilikleriň bardygyny belledi. Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň tohumyny anyk kesgitlemek, atlary ot-iým we beýleki zerur önümler bilen üpjün etmek işleriň alnyp barylýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz birleşigiň girdejili işlemegini ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, ahalteke we ýomut tohum atlarynyň baş sanyny artdyrmak, şol wezipä laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde 44 baş ene tohum ýomut atlary üçin athanananyň hem-de Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda 600 baş ahalteke tohum atlary üçin athananyň gurluşygyna girişmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap aýlawlaryň gurlandygyny, olary aýawly saklap, aýlawlarda halkara ölçeglerine laýyklykda at çapyşyklaryny we atçylyk sporty boýunça beýleki ýaryşlary geçirmelidigini, şeýle hem birleşigiň işinde bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, işleri talaba laýyk ýola goýmalydygyny tabşyrdy.
Ilkinji bolupAhal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow hasabat bilen çykyş edip, welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda uly möçberli maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde welaýatda berjaý edilýän işleriň barşy barada aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň pagtanyň, dänäniň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak, obalardaky ilatyň maddy hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda zerur çäreleriň görülýändigi bellenildi.
Häkim ýetip gelýän pagta ýygymyna degişli meselelere geçip, welaýat boýunça 120 müň gektar ýere gowaça ekilendigini hem-de şol ýerlerden “ak altynyň” 213 müň tonnasynyň ýygnalmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Häzirki wagta çenli pagta meýdanlarynda degişli agrotehniki çäreleri berjaý etmegiň tamamlaýjy tapgyry başlandy. Zyýanly mör-möjeklere garşy göreşde biologik usulyň has netijelidigi göz öňünde tutulyp, welaýatda biolaboratoriýalaryň sany 23-den 52 çenli artdyryldy. Munuň özi meýdanlarda himiki serişdeleriň ulanylýan möçberlerini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berdi. Alymlaryň maslahatlaryna laýyklykda, ekologik taýdan arassa usul beýleki oba hojalyk ekinlerine zyýan berýän mör—möjeklere garşy göreşmekde hem giňden ulanylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda her gektaryň hasyllylygynyň pes bolmagynda galýandygyny, sebitde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň haýal alnyp barylýandygyny, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygynyň pesdigini belledi.
Häzirki döwürde welaýatyň öňünde durýan wezipeler barada aýdylanda bolsa, ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmek, şu maksat bilen gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamasyny düzüp, gurluşyk işlerine ýerli we daşary ýurtly kärhanalary çekmek maksady bilen bäsleşikleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Welaýatyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, täze gurulmaly desgalar üçin ýer bölekleriniň wagtynda bölnüp berilmegini berk gözegçilikde saklamaly diýip bellemek bilen, milli Liderimiz welaýatda mallar üçin garyndyly ot-iýmleri öndürmegi ýola goýmagyň, ekerançylykda we maldarçylykda tohumçylyk-seçgi işlerini talaba laýyk alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde goýberilen kemçilikleri gysga wagtda düzetmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çykyş edip, welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Häkim şu ýylda ýygnalan dänäniň aýawly saklanmagyna hem-de güýzlük bugdaýyň ekişine taýarlyk görülmegine degişli meseleler barada durup geçip, hususan-da welaýatda 2012-nji ýyldaky hasyly göwnejaý we ýitgisiz saklamak üçin ähli zerur çäreleriň görlendigini aýtdy. Bereketiň we Etregiň kabul ediş nokatlarynda toplanan bugdaý elewatorlara we bassyrmalaryň aşagyna daşaldy.
Şeýle hem häkim indiki möwsümde welaýatda 80 müň gektar ýere bugdaý ekmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Häzirki wagta çenli 33 695 gektar ýerde sürüm işleri geçirildi., 1603 gektar ýer tekizlendi, 6131 gektar ýerde fosfor dökünleri bilen iýmitlendirildi. Häzirki döwre çenli däne ekişini geçirmek üçin ekiş tehnikasynyň 63 sanysy taýýarlandy we galan tehnikany abatlamak dowam etdirilýär. Ekerançylyk ýerleriniň suwarylmagyny gowulandymak maksady bilen, içerki suwaryş ulgamlarny arassalamak bilen baglyi işler alnyp barylýar.
Häkim S.Satlykow welaýatda pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berip, pagta meýdanlarynda jemleýji agrotehniki çäreleriň berjaý edilýändigini, meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işiniň dolulygyna tamamlanandygyny, ösüş suwuny tutmak we gowaçanyň ujuny çyrpmak işiniň dowam etdirilýändigini belledi. Pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek üçin tehnikany taýýarlamak boýunça zerur işer alnyp barylýar.
Welaýatyň maldarçylyk pudagy baradaky hasabatda gara we ownuk mallaryň, düýeleriň we guşlaryň baş sanynyň, şeýle hem maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň artýandygyny görkezýän sanlar aýdyldy.
Döwlet Baştunumyz Balkan welaýatynda ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek işlerinde kemçiliklere ýol berilýändigini belläp, sebitde medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň haýal alnyp barylýandygyny, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek işleriniň pesdigini, inženerçilik ulgamyny çekmäge ýeterlik üns berilmeýändigini belledi we işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz welaýatyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýtmak bilen, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama laýyklykda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň işini çaltlandyrmak, desgalaryň bellenen möhletlerinde we ýokary hill gurulmagyny ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidenimiz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça goýberilen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi tabşyrdy.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew häzirki wagtda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri milli maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda alyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ol şeýle hem welaýatyň ekin meýdanlarynda degişli çäreleriň geçirilişi, hususan-da, gowaçalara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilişi barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň alty aýynyň ykdysady görkezijileri welaýatyň ykdysadyýetiniň durnukly we okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende welaýatyň senagat kärhanalarynda oňyn ösüş depgini gazanyldy we 100,1 göterime barabar boldy. Ýerli býujetiň girdeji bölegi 100,2 göterime, çykdajy bölegi 98,2 göterime deň boldy.
Demirgazyk welaýatyň ýolbaşçysy ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýdyp, geljek ýylyň hasyly üçin 180 müň gektar ýere bugdaý ekiljekdigini we güýzlük ekişi öz wagtynda geçirmek üçin kuwwatly oba hojalyk tehnikasynyň doly taýýar edilendigini habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça işeriň haýal alnyp barylýandygyny, desgalary gurmakda kemçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilişine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, medeni-durmuş maksatly desgalary bellenen möhletlerde gurup ulanmaga bermek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştatanymyz welaýatda ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzüdip, işleri talaba laýyk guramak barada anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty dowam edip, Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowyň hasabatyny diňledi. Ol döwlet Baştutnamyzyň ozal beren tabyşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi, hususan-da, ýurdumyzyň iri oba hojalyk we senagat sebitleriniň biriniň ýolbaşçysy oba hojalygyndaky işleriň ýagdaýy, täze tarp ýerleri özleşdirmek we oba hojalyk dolanyşygyna girizmek hem-de pagta ýygymyny öz wagtynda geçirmek, geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük galla ekişine ýerleri taýýarlamak işleri barada habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow welaýatda ýaşaýjylaryň ýaşaýyş jaýlaryny edinmekleri üçin ýeňillikli karzlary bermek babatda zerur şertleri döretmek boýunça ähli çäreleriň görülýändigini habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda käbir ugurlar boýunça alnyp barylýan işlerde kemçiliklere ýol berilýändigini belläp, sebitde medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak, inženerçilik ulgamyndaky işleriň ýagdaýyny gowulandyrmak, welaýatda Gündogar bazaryny gurmak boýunça zerur çäreleri görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Häzirki döwürde welaýatyň öňünde köp sanly möhüm wezipeleriň durýandygyny, sebitiň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda täze desgalary gurmak boýunça zerur işleri alyp barmalydygyny, mallar üçin garyndyly ot-iýmleri ýeterlik möçberde taýýarlamalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda sazlaşykly işleriň üpjün edilmegini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça dowam eden kemçilikleri çalt düzetmek boýunça ähli zerur çäreleri görmelidigini belledi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň makroykdysady görkezijileri, welaýatda desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Ýanwar-iýun aýlarynda welaýat boýunça salgytlaryň ähli görnüşlerini tölemek baradaky meýilnama 138,6 göterim möçberinde berjaý edildi.
Şeýle hem häkim "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy" boýunça göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişi barada aýtdy. Häkimiň bellemegine görä, Mary welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamada göz öňünde tutulan işleriň meýilnamasy 47 göterim möçberinde ýerine ýetirildi.
Hasabatyň çäklerinde indiki ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin, bugdaý ekilşine taýýarlyk görmek, gant şugundyrynyň hasylyny ýgnamagyň barşy barada hem aýdyldy. Şeýle hem häkim ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilengeçirilýän işler hem-de suw gorlaryny rejeli ulanmak we bu ulgamda täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak üçin amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, tutuş welaýat boýunça ekinlerden pes hasyl alnandygyny, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde birnäçe kemçiliklere ýol berlendigini belledi. Mundan başga-da welaýatda dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň haýal alnyp barylýandygyny, şu ýyl sebitiň pile we däne taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmändigini aýtdy we bu kemçilikleriň gaýtalanmazlygy ugrunda çäreleri görmegi tabşyrdy.
Welaýatyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, welaýatda mallary ýyly we dok gyşlatmak maksady bilen mallar üçin garyndyly ot-iýmleri taýýarlamak, ekerançylykda we maldarçylykda tohumçylyk-seçgi işlerini talaba laýyk guramak barada anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde gurulmaly köp sanly medeni-durmuş maksatly täze desgalary öz wagtynda we ýokary hilli ulanmaga bermek babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, bar bolan kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmelidigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýewe söz berildi. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän ministrligi tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri berjaý edilen işler barada hasabat berdi. Çykyşda ýurdumyzda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, haryt dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli ýagdaýda artdyrylýandygy, haryt bolçulygyny hem-de içerki bazary ýokary hilli we dürli görnüşdäki önümler bilen üpjün etmek boýunça meýilleşdirilen işleriň alnyp barylýndygy aýdyldy.
Çykyşda 2012-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ministrligiň kärhanalary boýunça haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň 1 milliard 440 million 900 müň manada barabar bolup, meýilnamanyň 143 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigi, 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 114, 3 göterim möberinde ösüş depgininiň gazanylandygy bellenildi. Şu döwürde ministrligiň garamagyndaky kärhanalar tarapyndan öndürilen önümleriň umumy möçberi 133 million 200 müň manat bolup, şu görkeziji boýunça meýilnama 112,9 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini—102,9 göterime barabar bolar.
Milli Liderimiz tarapyndan berlen tabşyryklara laýyklykda dükanlarda, bazarlarda tertip-düzgüni üpjün etmek, arassaçylygy saklamak, teklip edilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de ilatyň ýokary hilli harytlar babatda bildirýän islegini kanagatlandyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işinde hem köp sanly kemçilikleriň bardygyny belläp, binäçe desgalary gurmak we durkuny täzelemek işleriniň haýal alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz pudakda Türkmenistanyň daşary ýurtlarda söwda wekilhanalaryny açmak bilen baglanyşykly işleri göwnejaý alyp barmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Häzirki döwürde ministrligiň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, milli Liderimiz söwda nokatlarynda plastiki kartlar arkaly elektron nagt däl hasalaşyklary ornaşdyrmagy ýola goýmak, ýöriteleşdirilen ammarlaryň durkuny täzelemek, içerki bazarda haryt bolçulygyny döretmek, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak hakynda aýdyp, bu işleri talaba laýyk ýola goýmagy tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň dokma senagaty ministri A.Babaýewa çykyş edip, ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmegiň, hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň hem-de täze häzirki zaman dokma toplumlaryny gurmagyň meseleleri boýunça hasabat berdi.
Hasabatda ýanwar-iýul aýlarynda täze önümçilik desgalarynyň gurluşygynyň alnyp barylmagy we ozal bar bolanlaryň durkunyň täzelenmegi netijesinde 450 million manat möçberinde maýa goýumlary özleşdirildi.. Ruhabat etrabynda dokma we boýag fabriklerinden ybarat toplumyň gurluşygy güýçli depgin bilen alnyp barylýar, Aşgabatdaky dokma toplumynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygyna badalga berildi. Seýdi şäherinde nah ýüplük öndürmek üçin niýetlenen pagta egriji fabrigi gurmak, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde şonuň ýaly kärhananyň durkuny täzelemek we täzeden enjamlaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda pagta egriji fabrigiň gurluşygyna girişildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda. Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi açyldy. Şu okuw ýylyndan başlap, bu ýerde pudak üçin zerur ugurlaryň 9-sy boýunça orta düzüme degişli hünärmenler taýýarlanylar.
Döwlet Baştutanymyz dokma pudagynyň işinde köp sanly kemçilikleriň bardygyny, ministrligiň aýry-aýry kärhanalarynyň ýitgili işleýändigini belläp, dokma kärhanalarynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek, harytlary ýerlemek gullugyny ösdürmek boýunça degerli işleriň alnyp barylmandygyny nygtady.
Ministrligiň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň enjamlaryny täzelemek, dokma toplumlarynyň doly önümçilik kuwwatynda işlemegini gazanmak, ministrligiň hasabyna gelip gowuşýan daşary ýurt pullaryndaky serişdeleri artdyrmak işinde birnäçe kemçiliklere ýol berlendigini aýtdy hem-de A.Babaýewany eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz dokma senagaty ministri wezipesine S.Batyrowy belläp, ony dokma senagaty ministriniň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak baradaky Permanlara gol çekdi.
Soňra “Türkmenhaly” Döwlet paýdarlar korporasiýasynyň başlygy O.Işangulyýewa halyçylyk pudagynyň ösüş depginleri, bu pudagyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, dünýäde türkmen halylaryny wagyz etmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Şonda döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde, haryt önümçiliginiň hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän taýýar önümleriň eksport edilen möçberlerini artdyrmakda oňyn ýagdaýyň saklanýandygy bellenildi. Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda pudakda haryt önümçiliginiň mukdary jemi 19 million 215 müň manada barabar boldy. Korporasiýanyň düzümine goşulýan kärhanalaryň ählisi tarapyndan 25 müň 255 inedördül metr haly önümleri dokaldy.
Pudagyň önümçilik düzümini ösdürmek yzygideri ýagdaýda dowam etdirilýär. Hususan-da, şu ýylyň oktýabrynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesinde täze halyçylyk önümhanasyny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň işinde hem birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz korporasiýanyň kärhanalarynyň ammarlarynda taýýar önümleriň galyndylarynyň köpelendigini, haly öndürmekde esasy çig mal bolan saryja goýunlaryň ýüňüni senagat taýdan gaýtadan işlemek boýunça täze kärhanalary gurmak babatda teklipleriň taýýarlanmaýandygyny aýdyp, bu işleri talaba layk ýola goýmak barada anyk tabşyryklary berdi we pudagyň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi.
Döwlet Baştutanymyz haly önümleriniň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak, ýokary hilli haly önümleriniň görnüşlerini köpeltmek, Marynyň ýüňi ilkinji işleýän kärhanasynyň durkuny täzelelmek, degişli ministrlikler bilen bilelikde pudagyň işgärleriniň zähmet haklaryny ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere seretmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Ş.Meredowa söz berildi. Ol şu düzümiň guramaçylyk meseleleri, söwda işi boýunça hasabat berdi. Şeýle hem biržasynyň ýolbaşçysy birža geleşiklerinde gazanylan şertnamalar barada habar berdi.
Hasabat döwründe 86 sany birža söwdalary geçirildi. Şol söwdalarda baglaşylan geleşikleriň sany 1209-a deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 232 sany geleşik artdy, ösüş depgini 123,7 göterime deň boldy. Baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy 8 milliard 778 million 100 müň manada deň bolup, ösüş depgini 109,8 göterime barabar boldy.
Hasaba alnan eksport şertnamalaryň umumy bahasy 5 milliard 393 million 100 müň manada deň bolup, ösüş depgini 125,1 göterime barabar boldy. Şol döwürde import şertnamalaryň bahasy 12 milliard 167 million 900 müň manada deň bolup, ösüş depgini 144,2 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işindäki säwlikler bilen baglanyşykly meselelere degip geçdi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri, ilkinji nobatda, biržanyň Düzgünnamasyna täzeden seretmegiň we ony şu günki günüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilýän harytlary biržanyň üsti bilen ýerlemek boýunça alnyp barylýan işleriň talaba laýyk däldigini aýdyp, wise-premýer A.Goçyýewe Biržanyň hereket edýän düzgünnamasyna laýyklykda geçirilýän söwdalardan gelip gowuşýan serişdelere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy we düzümiň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Biržada daşary ýurt harytlary barada maglumat binýadyny döretmeli, “Türkmeneksport” kärhanasynyň işini talaba laýyk ýola goýmaly, mundan başga-da ýurdumyzda öndürilen harytlary ylalaşyk boýunça beýleki döwletleriň biržalarynyň söwdalaryna çykarmak mümkinçiligini öwrenmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy P.Taganow ýurdumyzda geçirilýän dürli ýöriteleşdirilen halkara sergileri, şol sanda ýurdumyzyň hususy telekeçileriniň önümleriniň däbe öwrülen sergisi, şeýle hem türkmen wekiliýetleriniň dünýä ähmiýetli daşary ýurt sergilerine, hususan-da, Ýosu şäherinde geçirilen “EKSPO--2012” sergisine gatnaşyşy barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Söwda-senagat edarasynyň geçirjek çäreleri barada habar berildi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň 7 aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan 11 million 379 müň manatlyk hyzmatlary ýerine ýetirildi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 105,1 göterime barabar boldy. Şol döwürde bu edara tarapyndan sergileriň 11-si, maslahatlaryň 17-si, şol sanda işewürler maslahatlary guraldy. Şol çäreler biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirildi. Geçirilen çärelere 50-ä golaý ýurtdan 1800-e golaý kompaniýa gatnaşdy. Olaryň köpüsi bilen täze işjeň gatnaşyklar ýola goýuldy. Mundan başga-da, Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda daşary ýurt döwletleriniň 5-siniň sergisi geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, söwda-senagat edarasynyň alyp barýan işini yzygiderli kämilleşdirmek, şu ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulýan ähli sergileri we maslahatlary ýokary derejede, guramaçylykly geçirmegini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň önümçilik pudaklaryny, öz harytlarymyzy we önüm lerimizi dünýä tanatmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de güýçlendirmeli we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmeli diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew bu jemgyýetçilik guramasynyň şu ýylyň 7 aýyndaky işi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda telekeçilik işine, telekeçilige degişli başlangyçlara aýratyn üns berip, netijeli goldaw berilýändigi üçin hoşallyk bildirip, şu ýylyň 20-njy iýulynda kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara ýeňillikli karzlary bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen ýörite Kararyň munuň aýdyň subutnamalarynyň biri bolup durýandygyny hem-de bu Kararyň ýurdumyzyň işewürlerini çäksiz begendirendigini aýtdy.
Soňra bu birleşmäniň başlygy milli ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça kiçi we orta telekeçiligiň gazananlaryna şaýatlyk edýän anyk maglumatlary mysal hökmünde görkezdi. Şonda 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan 500-den gowrak gurluşyk desgalarynda iş alnyp barylmagynyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi, häzirki wagtda şolardan medeni durmuş maksatly desgalaryň 34-si gurlup ulanmaga berildi.
Häzirki wagtda tohymçylyk boýunça alnyp barylýan we oňaýly netije berýän işler, dürli gurluşyk materiallarynyň, şeýle hem dokma, himiýa, halyçylyk we beýleki pudaklara degişli önümleriň öndürilmegi, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegine ýardam berýän innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda telekeçiligiň gazananlarynyň hatarynda görkezilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýeti ösdürmekde hususy ulgama möhüm ähmiýetli ornuň degişlidigini ýene-de bir gezek belläp, döwletiň orta we kiçi telekeçilige giňden goldaw berýändigini we geljekde-de goldaw berjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutany gurluşyk pudagynda telekeçilieriň ýokary netijeleri gazanýandygyny belläp, olaryň ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryndaky, hususan-da, oba hojalyk ulgamyndaky işlere gatnaşygyna ünsi çekdi.
Milletiň Lideri sözüni dowam edip, birleşmäniň esasy wezipeleriniň biriniň oba hojalygyndaky kärendeçilik gatnaşyklaryna goşulyşmakdan hem-de bu pudaga hususy telekeçiligi ornaşdyrmakdan ybarat bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany telekeçileriň oba hojalygynda öz kärhanalaryny işjeňlik bilen döretmek, fermalary gurmak arkaly, Prezidentiň oba hojalygyny ösdürmek baradaky maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna önjeýli goşant goşmalydygyny belledi.
Mundan başga-da hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň partiýasyny döretmek we onuň gurultaýyny geçirmek bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi we bu partiýanyň bellenen tertipde hasaba alynmagy boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti maslahatyň netijelerini jemläp, ýurdumyzyň oba hojalyk hem-de söwda we dokma senagaty toplumlaryna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýurdumyzyň halk hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleri çaltlandyrmak üçin bu ulgamlarda bar bolan ylmy-tehniki mümkinçiliklerden hem-de dünýä boýunça toplanan tejribeden has netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.
Iş maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşanlaryň ählisini berk jan saglyk we üstünlikleri gazanmagy arzuw edip, bu gün pudagyň ýolbaşçylarynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň ýurdumyzyň oba hojalyk hem-de söwda we dokma senagaty toplumlarynyň has-da sazlaşykly ösdürilmegine, diýmek, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ykdysady taýdan rowaçlanmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.