Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 870
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi, şeýle hem geljekde olaryň öňünde durýan ilkinji nobatdaky möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Milli Liderimiz mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar öz gezeginde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol ýurdumyzda amala aşyrylýan harby özgertmeleri ilerletmegiň barşy, şeýle hem häzirki zaman türkmen jemgyýetinde durmuş – jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, ministrlik tarapyndan şu ýylyň 7 aýynda görlen anyk çäreler, şeýle hem Belent Serkerdebaşymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we ministrligiň düzümini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,

Milli howpsuzlyk ministrliginiň alyp barýan işlerine ýurdumyzyň jemgyýetçilik ösüşini berkarar etmekde möhüm ornuň degişlidigini nygtady, asudalygyň, abadançylygyň, halkymyzyň mundan beýläk-de jebisliginiň pugtalanmagy ýurduň rowaçlygynyň baş kepilidir, bu bolsa ösüş ýoly bilen üstünlikli hem-de okgunly öňe gitmegi şertlendirýär diýip belledi. Bu ministrigiň üstüne ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň gyşarnyksyz ýokarlandyrylmagynyň hökmany şerti bolup durýan amatly jemgyýetçilik –syýasy ýagdaýy üpjün etmäge takyk we hemmetaraplaýyn gözegçilik etmek wezipesi ýüklenendir.

Ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki ýagdaý hakynda hasabat berdi we Döwlet Baştutanymyza mähriban Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak ýaly örän jogapkärçilikli wezipäni ýerine ýetirýän serhet goşunlarynyň düzümlerinde watansöýüjilik ýörelgelerini has-da pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimizi hasabaty diňläp, M.Yslamowy başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy – Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýewe söz berdi.

Ol neşeleriň bikanun dolanyşygyna we olaryň ýaýradylmagyna garşy göreşmek boýunça milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan syýasatyň çäklerinde alnyp barylýan işler we bu ugurda gazanylan netijeler barada hasabat berdi.

Tutuş adamzada çynlakaý howp salýan bu nägehan belanyň düýp-teýkary bilen soňuna çykmak boýunça gullugyň öňünde durýan wezipeleriň oňyn çözülmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz ilatyň arasynda düşündiriş we öňüni alyş işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz A.Garaýewi Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyp, ony Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy - Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň bolelin, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, jemgyýetimiziň mizemez esasy bolan maşgala ojaklarynyň mäkämligini, watansöýüji, sagdyn we berk bedenli ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň adyny üýtgedip, ony Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy diýip atlandyrmak hakyndaky Permana hem gol çekdi. Bu gullugyň başlygy wezipesine podpolkownik A.Osmanow bellenildi.

Soňra çykyş eden goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna Goranmak ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda düýpli harby özgertmeleri amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Ýurdumyzyň goranyş ukybyny milli goşunymyzyň kuwwatyny artdyrmak we ony kämilleşdirmek arkaly has-da pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz birnäçe möhüm ugurlary, ilkinji nobatda bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny, türkmen halkynyň rahat we döredijilikli durmuşyny goramak maksady bilen, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, şeýle hem Watanymyzyň goragçylary üçin ýokary derejeli gulluk hem-de dynç alyş şertlerini döretmek ýaly wezipeleri özünde jemleýän harby özgertmeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunçylygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan gözegçilik işleri bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi.

Döwletimizde we jemgyýetimizde kanunçylygyň hem-de tertip-düzgüniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek maksady bilen, prokuratura edaralarynyň alyp barýan işleriniň wajypdygy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz döwlet edaralarynyň we hususy düzümleriň işine mundan beýläk-de yzygiderli gözegçilik etmek we her bir işe örän jogapkärçilikli çemeleşmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow özüne ynanylan ulgamda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, jemgyýetçilik tertip-düzgünini pugta berjaý etmek, jenaýatçylygyň we düzgün bozmalaryň derejesini peseltmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň içinde oňaýly jemgyýetçilik düzgünini üpjün etmegi, raýatlaryň kanuny hukuklaryny goramagy baş maksat edinýän Içeri işler ministrliginiň durmuşa geçirýän işleriniň aýratyn ähmiýete eýedigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ministre özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işine yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky institutynyň okuw we ylmy işleri boýunça prorektory wezipesine G.Tugurow bellendi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ony täze döwrüň we umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kazyýet ulgamynyň işgärleriniň öňünde durýan wezipeleriň örän jogapkärlidigini belledi we işgärleri seçip almak we ýerli-ýerinde goýmak bilen baglanyşykly meselelere mundan beýläk-de yzygiderli üns bermek barada anyk tabşyryklary berdi. Adamlaryň ykbalyna dahylly iş alyp barýan kazy diýen belent derejä diňe kanunlaryň rüstemligini ykrar edip, ak ýürekli we zandy halal adamlar mynasyp bolmalydyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, hukuk ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem Türkmenistanyň Adalat ministrligi üçin gurulýan edara binasynda gurluşyk işleriniň gidişi barada Türkmenistanyň adalat ministri M.Garryýew hasabat berdi.

Soňky ýyllarda uly möçberli işleriň ýerine ýetirilendigini bellemek bilen, hormatly Prezildentimiz hereket edýän kanunçylygy düýpli seljerip we ony mundan beýläk-de kämilleşdirmek, täze kanunlary işläp taýýarlamak boýunça teklipleri girizmegi tabşyrdy. Munuň özi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet ösüşiniň möhüm wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam berer diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek barada döwletimiziň birsyhly alada etjekdigini aýratyn nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýewe söz berildi. Ol özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň serhedinden geçýän ähli ýüklere gözegçilik etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döwrebap täze edara binasynyň gurluşygynda işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygy, desganyň öz wagtynda gurlup gutarylmagy üçin ähli zerur çäreleriň durmuşa geçirilýändigi hakynda hem habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda ýurdumyzyň serhetlerinden geçýän ýük akymlarynyň möçberleriniň artýandygyny belläp, gullugyň işgärleriniň iki tarapa hem geçýän ýüklere bolan gümrük gözegçiligini göwnejaý alyp barmagy barada anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň diňe goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyny durmuşa geçirmek arkaly mundan buýana-da harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, olaryň maşgalalary üçin has amatly gulluk hem-de ýaşaýyş şertleriniň döredilmegine möhüm ähmiýet beriljekdigini belledi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow öz çykyşynda şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Biziň ýurdumyza gelýän daşary ýurtly raýatlary hasaba almak boýunça örän jogapkärli wezipäni amala aşyrýan migrasiýa gullugynyň işine baha bermek bilen, döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň geljekki ugurlary kesgitlenen mejlisi tamamlap, bu ýere ýygnananlary şahsy düzümiň arasynda terbiýeçilik işlerini yzygiderli alyp barmak, gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem olara ynanylan düzümlerdäki ýagdaýy has-da gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi boýunça bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde oňyn şertleri üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara we ähli şahsy düzümleriň işgärlerine bagt, abadançylyk, kanunçylygy we tertip-düzgüni pugtalandyrmak ýaly ýeňil bolmadyk, asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.