Ï Türkmenistanyň Prezidenti ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 709
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň “Kawasaki Hewi Indastriz Ltd” kompaniýasynyň senagat we düzümleýin taslamalar boýunça Prezidenti Eiži Inoueni, şeýle hem şu kompaniýanyň Direktorlar geňeşiniň agzasy Toşikazu Haýaşini hem-de “Sojis Korporeýşn” kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Baş direktory Tasuýa Konony kabul etdi.

Myhmanlar ýüzbe-ýüz duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy mukaddes Oraza aýy bilen gutladylar hem-de tutuş türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler. Bellenilişi ýaly, Ýaponiýada milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurduň rowaçlygynyň, häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygyň hatyrasyna yzygiderli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň barşyna uly üns berilýär.

Söhbetdeşligiň işjeň bölegine geçmezden ozal, uzak ýyllaryň dowamynda “Kawasaki” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bolup işlän, onuň senagat we düzümleýin taslamalaryna jogap berýän jenap Toşikazu Haýaşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy kompaniýanyň baştutany wezipesine geçen hanym Eiži Inoue bilen tanyşdyrdy.

Işjeň häsiýetde geçen duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhmanlar köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler we taraplaryň senagat ähmiýetli möhüm desgalaryň gurluşygy boýunça täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýändigini mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda, “Kawasakiniň” wekilleri Marydaky karbamid öndürýän zawodyň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylyşy barada hasabat berip, ähli işleriň ozal tassyklanan möhletlere laýyklykda alnyp barylýandygyny aýtdy. Häzir bu taslamany durmuşa geçirmek işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

--- Biziň ýurdumyz dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, şol sanda “Kawasaki Hewi Indastriz Ltd” kompaniýasy bilen özara peýdaly we köp ugurly hyzmatdaşlyk etmek üçin açykdyr we biz sizden hyzmatdaşlyk babatda gelip gowuşýan tekliplere seretmäge taýýardyrys-- diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şeýle hem milli Liderimiz işewürlere ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça giň möçberli meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ägirt uly goşant goşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

--- Biz kompaniýamyzyň özüni ygtybarly hem-de borjuna wepaly hyzmatdaş hökmünde tanadandygyna busanýarys. “Sojis” firmasy bilen bilelikde biz geljekde hem Türkmenistanda häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasiýalary hödürlemek isleýäris --- diýip bellemek bilen, jenap Eiži Inoue alyp barýan işlerinde hemmetaraplaýyn kömek-goldaw berilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, iri işewür toparlaryň wekilleri Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan täze tekliplerini we birnäçe möhüm ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge bolan isleglerini beýan etdiler.

Ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşyklary ýola goýmaga bolan işjeň çemeleşmelerine hem-de olaryň gazanýan anyk netijelerine ýokary baha berip, milli Liderimiz häzirki döwürde öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary önümçilige giňden ornaşdyrýan Türkmenistanyň öz tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini özüne çekmäge hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini belledi hem-de Ýaponiýanyň bütin dünýäde meşhur kompaniýalarynyň ýeterlik tejribeleriniň bardygyna şübhelenmeýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhmanlar hoşlaşanlarynda, birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, işjeň gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine we özara gyzyklanmalara eýe bolup durýan täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.