Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins bilen duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar we maksatnamalar bilen tanyşdyryldy.
Bellenilişi ýaly, dünýäniň ähli döwletleri we esasy halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy edaralary bilen däbe öwrülen netijeli gatnaşyklaryň ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary pikir alyşmalaryň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. Şol guramalar bilen bilelikde dürli ulgamlarda möhüm taslamalaryň ençemesi amala aşyryldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanmak bilen belläp, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar we hyzmatdaşlygyň geljegini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekili şeýle hem Mejlisiň düzümi we kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy. Nygtalyşy ýaly, milli kanunçylygy Türkmenistanyň gatnaşýan halkara konwensiýalarynyň we ylalaşyklarynyň talaplaryna laýyk getirmek döwlet Baştutanymyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugrudyr. Hanym Jasinta Barrins türkmen deputatlarynyň geçirýän işiniň ähmiýetini belläp, hukuk ulgamynda özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtady.