Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 833
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda 2012-nji ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp we onuň gün tertibini yglan edip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe hasabat bermek üçin söz berdi. Ol şu ýylyň ýedi aýynda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri barada jikme-jik hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijileriniň seljermesi halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly hem-de depginli ösüşine aýdyň şaýatlyk edýär. Ýokary görkezijileriň gazanylmagy maliýe-ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça görülýän hem-de türkmen döwletiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegini we halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagy maksat edinýän toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etdi.

Mysal üçin, senagat we gurluşyk ulgamlarynda, ulag hem-de aragatnaşyk pudaklarynda, oba hojalygy babatda, şeýle hem söwda-da we hyzmatlar ulgamynda gazanylan ýokary netijeleriň hasabyna şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi bellenilýär.

2011-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 2012-nji ýylyň ýedi aýynda elektrik energiýasyny, tebigy gazy, nebiti, benzini, dizel ýangyjyny, kerosini, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, ýody, plasmassalary we aýna süýümli turbalary, armaturalary, sementi, dokma we trikotaž önümlerini, balyk önümlerini, mineral suwlary hem-de alkogolsyz içgileri, uny we başga önümleri öndürmegiň möçberleri artdy.

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda bölek-söwda haryt dolanyşygynyň ösüş depginleri geçen ýylyň şol döwrüne garanyňda 15,1 göterim artdy. 2012-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 1,5 esse ýokarlandy. Ilata edilýän tölegli hyzmatlar boýunça görkeziji 2011-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 14,8 göterim köp boldy.

Döwlet býujetine salgytlaryň ähli görnüşlerini tölemek boýunça meýilnama doly möçberinde ýerine ýetirildi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 125,6 göterim, çykdajy bölegi bolsa 94,4 göterim ýerine ýetirildi.

Wise-premýer harytlaryň we hyzmatlaryň eksportundan ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň hasabyna daşary ýurt serişdeleriniň gelip gowuşmagy barada aýdyp, tutuşlygyna alnanda, bu görkeziji boýunça meýilnamanyň 139,7 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi, munuň özi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 44,6 göterim köp boldy.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna laýyklykda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler hakynda hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýedi aýda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerinden kanagatlanýandygyny beýan etdi we milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüş depginlerini saklap galmak maksady bilen, ähli pudaklaryň utgaşykly işini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milletiň Lideri bu babatda maliýe-ykdysady ulgamyň edaralaryna uly orun berilýändigini nygtady we wise-premýere bellenilen ähli meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli çäreleri görmek barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz milli standartlaşdyryş ulgamynyň biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegi tehniki taýdan düzgünleşdirmegiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýändigini nygtap, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň öňünde durýan esasy maksatlara we wezipelere ünsi çekdi. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ulgamy dolandyrmakda täze usullary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigi hakynda aýdyp, “Türkmenistanyň standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy, söwda we dokma senagaty toplumyna gözegçilik edýän H.Muhammedowa söz berdi.

Hasabatda ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary peýdalanmak arkaly bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini köpeltmek esasynda içerki bazaryň islegini doly kanagatlandyrmak hem-de daşarky bazarlara eksporty artdyrmak wezipelerini çözmäge gönükdirilen “Türkmenistanyň dokma senagaty we söwda toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasy” jikme-jik beýan edildi. Bu maksatnamany tassyklamak baradaky Kararyň taslamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlendi.

Bellenilişi ýaly, bu maksatnama "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň" hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” düzüm bölegi bolup, onda ýurdumyzda dokma senagatynyň we söwda toplumynyň sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilen işleri ýerine ýetirmek üçin topluma degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we guramalaryň ýörite çäreleri kesgitlenildi.

Hususan-da, maksatnamada dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli harytlary öndürmek we hyzmatlary etmek, içerki sarp ediş bazaryny şol harytlar bilen doldurmak, taýýar dokma we haly önümleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak, edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy özara bähbitli ugurlar boýunça ösdürmek we pugtalandyrmak, şol sanda sergileri, halkara maslahatlaryny we ýarmarkalary geçirmek arkaly gatnaşyklary berkitmek meýilleşdirilýär. Maksatnamada şeýle hem dünýäniň biržalary bilen aragatnaşygy ýola goýmak barada çäreleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, hususy telekeçiligiň öndürýän harytlaryny geljekde eksporta gönükdirmek we importy çalyşýan häzirki zaman önümçiligini döretmek wezipeleri kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanyň dokma senagatynyň ýokary hilli, dünýä bazarynda isleg bildirilýän matalary hem-de taýýar önümleri öndürýändigini belledi. Ýöne biz senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak we matalaryň täze görnüşleriniň çykarylyşyny özleşdirmek, alyjylar bilen işjeň gatnaşyklaryň çägini giňeltmek hem-de önümçiligi dolandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek arkaly täze sepgitleri eýelemelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Häzirki wagtda bu toplum okgunly ösdürilýär, iri maýa goýum taslamalary durmaşa geçirilýär, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde hereket edýän kärhanalaryň durky täzelenýär we döwrebap kärhanalar gurulýar. Munuň özi welaýatlaryň, etraplaryň we obalaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini täze derejä çykarmaga ýardam edýär. Dökma önümçiligi üçin zerur düzümleri ösdürmek bilen birlikde ilaty iş bilen üpjün etmek meseleleri hem çözülýär.

Hormatly Prezidentimiz bular barada aýdyp, degişli pudaklaýyn maksatnamanyň kabul edilmegi we onda göz öňünde tutulan çäreleriň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen bu giň möçberleýin işler toplumlaýyn häsiýete eýe bolar, ýurdumyzyň söwda we dokma toplumlarynyň ägirt uly kuwwatyny has-da netijeli durmuşa geçirmäge, Türkmenistanyň senagaty taýdan okgunly ösýän döwlet hökmünde bütin dünýäde eýeleýän ornuny berkitmäge itergi berer diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň dokma senagaty we söwda toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekip, Türkmenistanyň eksport we maýa goýum kuwwatyny artdyrmak üçin halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri bu maksatnamany durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ýeňil senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak barada anyk tabşyryklary berip, bellenen meýilnamalary tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa parlamentiň gündelik kanun çykaryjylyk işi we IV çagyrylyş Türkmenistanyň Mejlisiniň 15-nji maslahatyny 2012-nji ýylyň 4-nji awgustynda geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda habar berdi. Maslahatyň gün tertibiniň türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratizasiýalaşdyrmagy, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hemme ýerde giňden ýaýbaňlandyrylan uly möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagy maksat edinýän kanunçylyk taslamalarynyň hem-de kadalaşdyryjy hukuknamalaryň birnäçesine garamagy özünde jemleýändigi bellenip geçildi.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, häzirki tapgyrda döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň örän möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri milli parlamentiň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, pudaklaýyn edaralar, jemgyýetçilik we halkara guramalary bilen bilelikde mundan beýläk-de işini işjeňleşdirmäge ünsi çekdi.



Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,

daşary işler ministri R.Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-russiýa toparynyň 30-31-nji iýulda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen altynjy mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösýän depgini bellenildi, iki ýurduň arasyndaky söwda-haryt dolanyşygynyň artmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Mysal üçin, geçen ýylda 2010-njy ýyla garanyňda bu görkeziji 34 göterimden gowrak artdy. 2012-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanňyda 41,5 göterim ýokarlandy. Häzirki wagtda Türkmenistanda Russiýa tarapynyň gatnaşmagy bilen kärhanalaryň 186-synyň we maýa goýum taslamalarynyň 206-synyň bellige alnandygy hem bellenildi.

Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy bilelikdäki Hökümetara toparyň 6-njy mejlisiniň jemleri barada çykyş edip, şonda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýynyň we geljeginiň, öň gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça geçirilen işleriň netijeleriniň, şeýle hem ileri tutulýan ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi. Söwda-ykdysady pudak, ýangyç-energetika toplumy, elektrik energetikasy, maşyngurluşyk, beýleki pudaklaryň birnäçesi şol ugurlaryň hatarlarynda kesgitlenildi. Şunda Russiýanyň kompaniýalarynyň ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Mejlisde ulag-aragatnaşyk ulgamynda, şol sanda deňiz, howa we awtomobil ulagy babatda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň anyk ugurlaryna, şeýle hem degişli şertnamalaýyn –hukuk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine hem garaldy.

Mundan başga hem netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, tejribe we tehnologiýalary alyşmagyň, obasenagat toplumy we balyk hojalygy ugry boýunça hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçilikleri, şeýle hem gidrometeorologiýa babatda özara gatnaşyklaryň geljegi gyzyklanyp pikir alyşmagyň meselesi boldy.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň işewürlik toparlarynyň we telekeçileriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek baradaky pikir aýtdylar. Bu babatda şu ýylyň güýzünde Aşgabatda boljak GDA gatnaşyjy ýurtlaryň halkyň sarp edýän harytlarynyň sergisiniň hem-de Türkmenistanyň we Russiýanyň IV ykdysady maslahatynyň ähmiýeti bellenildi. Geljek ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda Russiýanyň haryt öndürijileriniň sergisini we bilelikdäki işewürlik geňeşiniň mejlisini geçirmek hakynda hem ylalaşyk gazanyldy.

Gumanitar we ylmy-tehniki ulgamda özara gatnaşyklary hem-de hususan-da, bilim, ylym we medeniýet babatda däp bolan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy. Duşuşygyň çäklerinde soňky ýyllarda täze hile we mazmuna eýe bolan sebitleýin türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meselelerine hem garaldy.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. Taraplaryň ylalaşygyna laýyklykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-russiýa toparynyň geljekki 7-nji mejlisi 2013-nji ýylyň ikinji ýarymynda bolar.

Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna 9-10-njy awgustda bellenilen hem-de Türkiýäniň iri şäherleriniň ikisine—Stambula we Izmire baryp görülmegini göz öňünde tutýan iş saparynyň maksatnamasy hakynda hem hasabat berdi. Saparyň çäklerinde ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleriniň boljakdygy, şol gepleşikleriň barşynda taraplaryň hoşniýetli erk-islegine hem-de netijeli, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy bellenildi.

“Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň meseleler hakyndaky” Kararyň taslamasy baradaky habar hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we türkmen-russiýa gatnaşyklaryna degişli meseläniň üstünde durup, döwletara gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini nygtamak bilen, biziň ýurdumyzyň iri strategiki hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýan Russiýa Federasiýasy bilen dostluk we doly möçberli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna Türkmenistanyň üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady. Bu babatda milletiň Lideri söwda-ykdysady ulgamynda özara peýdaly gatnaşyklary, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky däp bolan medeni-gumanitar gatnaşyklary okgunly giňeltmäge ýardam etjek bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu barada söz açyp, gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ählisiniň yzygiderli iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Munuň özi hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiliklerini göwnejaý ýagdaýda işe girizmäge ýardam berer, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açar.

Soňra milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň meselesine ünsi çekip, häzirki eýýamda türkmen-türk gatnaşyklarynyň mynasyp dowam etdirilýändigini belledi. Şol gatnaşyklaryň taryhy köp asyrlaryň jümmüşinden gözbaşyny alýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy we täze mazmuna eýe boldy. Muňa iki ýurduň we halklaryň dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny geljekde-de pugtalandyrmagy, ugurlaryň giň topary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hormat goýmak we ynanyşmak, uzak möhletlilik hem-de özara peýdalylyk ýörelgelerine esaslanan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň örän amatly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge ynam bildirdi we öňde boljak sapara taýýarlyk görmäge degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň meseleler hakyndaky” Karara gol çekip, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitleri üçin oňyn halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy hem-de giňeltmegi maksat edinen biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen okyjylary tanyşdyrmak babatda bu neşiriň ähmiýetini belledi.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow her ýyl awgustyň ikinji ýekşenbesinde bellenip geçilýän Türkmen gawunynyň baýramyna bagyşlanylan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gawunyň hormatyna geçirilýän özboluşly baýramçylyk barada söz açyp, türkmen gawunlarynyň hemişe türkmen saçaklarynyň iň arzyly tagamlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi. Biziň ýurdumyzda gawun milli baýlyk hökmünde ykrar edildi we ata-babalarymyzyň ekerançylyk däplerini mynasyp dowam edýän daýhanlaryň başarnygynyň hem-de zähmetsöýerliginiň nyşany bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň bakjaçylygynyň köpasyrlyk şöhratyny aýap saklamagyň hem-de baýlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, türkmen seçgiçi-bakjaçylarynyň gawunyň täze sortlaryny döretmek ugrunda alyp barýan işlerinde ýene-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna we öz ähli güýçlerini hem-de ukyplaryny sarp edip, oba hojalygyny düýpli özgertmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.



Hormatly Prezidentimiz daýhanlarymyzyň netijeli we döredijilikli zähmet çekip, bereketli türkmen topragyndan ýokary hasyl alyp we bolelinlikde ýaşamagy üçin döwletimiziň geljekde-de ähli şertleri döretjekdigini aýdyp, Türkmen gawunynyň gününi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynda, şol sanda gurluşyk ulgamynda, elektroenergetikada şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi boýunça 2012-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgininiň 115,3 göterime barabar bolandygy bellenildi. Ýurdumyzyň Senagat ministrligi boýunça bolsa bu görkeziji 107,7 göterime deň boldy. Hususan-da, sementiň öndürilişinde 125,1 göterim, sozulan metalyň öndürilişinde 132,7 göterim, magdan däl materiallaryň öndürilişinde 108,9 göterim ösüş gazanyldy.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 118,2 göterime, ýurdumyzyň elektrik stansiýalarynda elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini bolsa 107,1 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy minitsrligi boýunça 2012-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda hojalyk hasaplaşygyndaky edaralaryň ýerine ýetiren işleriniň meýilnamasy 125,8 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 120 göterim ösüş gazanyldy.

Aşgabat şäheri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen serişdeleriň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 147,1 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk senagatyny ösdürmegiň işjeň depginlerini kanagatlanmak bilen belläp, ýurdumyzda, hususan-da, Aşgabat şäherinde amala aşyrylýan giň möçberli gurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň ýokary depginini saklap galmagyň möhümdigini nygtady.

Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň kärhanalary barha işjeň gatnaşýarlar. Olar ýokary netijeli häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, işleriň ýokary derejede bolmagyny üpjün etmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biziň ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ýokary hili we öz möhletinde ulanylmaga berilmegi Türkmenistanda işleýän gurluşyk kompaniýalaryň ählisine bildirilýän esasy talapdyr diýip, milletiň Lideri belledi.

Döwlet Baştutanymyz elektrik energetikasynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini belläp, ýurdumyzyň energetika syýasaty Türkmenistanyň senagatynyň, oba hojalygynyň, durmuş ulgamynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga, şeýle hem daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendir diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri welaýatlarda elektrik üpjünçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, energetika desgalarynyň ençemesiniň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak, önümçilige energiýany tygşytlaýan daşary ýurt tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi. Bularyň ählisi elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň ýokary derejesini gazanmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän nebitgaz ulgamynda, himiýa pudagynda we balyk hojalygynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer şu ýylyň ýedi aýynda nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgininiň 106,7 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgininiň 112,1 göterime deň bolandygyny belledi. Şunda daşary ýurtlara ugradylan tebigy gazyň möçberiniň ösüş depgini 116,1 göterime barabar boldy.

Burawlaýyş işleriniň möçberi 16,6 göterim artdy. Nebit önümlerini öndürmekde hem ýokary netijeler gazanyldy. Hususan-da, benzinleriň öndürilişiniň ösüş depgini 106,8 göterime, dizel ýangyjynyň ösüş depgini

102, 5 göterime, polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgini 110,7 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 125,1 göterime, çalgy ýaglaryň öndürilişiniň ösüş depgini 112,7 göterime barabar boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe fosfor dökünleriniň öndürilişiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,2 göterim artdy, tehniki ýoduň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 3,5 göterim ýokarlandy.

Ruhabadyň turba zawody hem önümleriň çykarylyşynyň möçberlerini yzygiderli artdyrýar. Bu ýerde önümçiligiň möçberiniň ösüş depgini 121,9 göterime barabar boldy. Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça hem önümleriň öndürilişi artdy.

Tutuş nebitgaz toplumy boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça özleşdirilen maýa goýum serişdeleriniň ösüş depgini 74,7 göterim ýokarlandy.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer Aşgabat şäheriniň Ankara köçesiniň ugrunda nebitgaz toplumynyň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we sport merkezini gurmak üçin “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt kompaniýalarynyň taýýarlan taslamalarynyň hem-de täjirçilik teklipleriniň öwrenilişi, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Hazaryň kenarynda dürli maksatly täze desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Munuň özi deňiz şypahanasynda bir wagtda dynç alýan adamlaryň sanyny 7 müňe çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, iri düzümleýin taslamalara, şol sanda täze ýangyç ýataklaryny özleşdirmek, energetika desgalaryny gurmak, şeýle hem nebithimiýa kärhanalaryny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak baradaky taslamalara daşary ýurt maýalaryny çekmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri öňdebaryjy tejribä, döwrebap tehniki we tehnologiki mümkinçiliklere eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy tapgyrlaýyn giňeltmegiň möhümdigini nygtady.

Himiýa senagatynyň we balyk hojalygynyň öňünde hem anyk wezipeler goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak meseleleri barada durup geçip, Hazaryň kenarynda dünýä derejesindäki täze şypahana zolagyny döretmekde hil babatda halkara ülňüleri, hyzmatlaryň ýokary derejesi esasy görkezijiler bolmalydyr diýip nygtady. Biziň maksadymyz türkmenistanlylar, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar üçin dynç almak we saglygyny berkitmek babatda örän amatly şertleri döretmekden ybaratdyr diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň kenarynda gurulýan täze desgalaryň gurluşyk işleriniň möhletlerini hem-de hilini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şypahana zolagyny bagy-bossanlyga öwürmäge aýratyn üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulaglar we aragatnaşyk pudaklarynda 2012-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda işleriň barşy we birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi.

Bellenip geçilişi ýaly, awtomobil, demir ýol we howa ulaglarynyň kärhanalarynda esasy görkezijileriň oňyn ösüş depginleri gazanyldy. Hususan-da, demir ýol pudagynda ýük dolanyşygynyň ösüş depgininiň 107 göterim, ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlaryň ösüş depgininiň bolsa 110,5 göterim bolandygy habar berildi. Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça şular ýaly görkezijiler degişlilikde 101,8 we 100,6 göterime, Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugy boýunça bolsa 116,1 we 117,7 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe aragatnaşyk ulgamynda telefon nokatlaryny oturtmak boýunça meýilnama iki esse artyk ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu möhüm pudaklaryň sazlaşykly hem-de netijeli işini üpjün etmek üçin geljekde-de uly tagallalar etmegiň zerurdygyny nygtady, munuň özi ýurdumyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşiniň aýrylmaz tarapy bolup durýar.

Milletiň Lideri ulag ulgamynyň mümkinçiliklerini depginli artdyrmakda deňiz gatnawlarynyň artýan ornuny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz möhüm wezipeleriň birnäçesini, şol sanda Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmagy we onuň durkuny täzelemegi, milli söwda deňiz flotuny mundan beýläk-de ösdürmegi, ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmagy, olary daşamagyň çäklerini giňeltmegi belledi. Şol wezipeler bu gulluga degişli desgalaryň durkuny täzelemekden, ýurdumyzyň Söwda flotuny döretmek boýunça işleri talabalaýyk ýola goýmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti döwletimiziň ähli ulag pudaklarynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmaga iri maýa goýumlaryny goýberýändigini nygtap, ulaglaryň suw, awtomobil, demir ýol we howa görnüşlerinde hyzmat etmegiň ýokary hilini üpjün etmegiň möhümdigini hem belledi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň işininiň döwrüň talaplaryna laýyk guralmalydygyny nygtady.

Soňra milletiň Lideri tomus paslynyň dowam edýän şu döwründe demir ýol ulaglarynda ýolagçylaryň ýol peteklerine bolan artýan isleglerini kanagatlandyrmakda käbir kemçiliklere ýol berilýändigine wise-premýeriň ünsüni çekip, ýolagçylara edilýän hyzmatyň medeniýetini we hilini ýokarlandyrmak meselelerini birjik-de ünsden düşürilmeli däldigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň içinde demir ýol ulaglary boýunça ýolagçy gatnatmakda bar bolan säwlikleriň ählisini aradan aýryp, olaryň islendik ugra bolan gatnawlarynda bar bolan kemçilikleri ýakyn günlerde düzetmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulaglar we aragatnaşyk ýaly milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksadyna eýerip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini belläp, iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň, netijeli enjamlaryň we iň täze tehnikanyň giňden ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtady. Bu ulgamlarda iň oňat tejribäni we dünýäde gazanylanlary peýdalanmak ulag ulgamynyň kärhanalarynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, hyzmat etmegiň we olaryň işiniň düşewüntliliginiň derejesini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda Internet ulgamyny, telefon we ykjam aragatnaşygy depginli ösdürmäge ýardam etmelidir diýip, milletiň Lideri nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň, ylmy we bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet durmuş syýasatyny we milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň jemleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, geçen ýedi aýda işe girizilen desgalar hakynda habar aýdyldy. Mysal üçin, Bilim ministrliginiň ugry boýunça umumy bilim berýän mekdepleriň bäşisi, çagalar baglarynyň on ikisi, bir müň orunlyk çagalar – sagaldyş merkezi, şeýle hem Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze binalar toplumy, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ugry boýunça-- Berzeňňide ylmy-şypahana bölüminiň, kardiologiki ylmy-kliniki merkezli hassahananyň täze binalary, Aşgabat şäherinde häzirki zaman ýaşaýyş jaýy we Saglyk öýi, “Mollagara” şypahanasynyň täze binalar toplumy ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda “Saglyk” kärhanasynyň durkuny täzelemek we onuň täze önümçilik desgalaryny gurmak dowam edýär, Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gaýragoýulmasyz Tiz kömek merkezleriniň, şeýle hem kardiologiki ylmy-kliniki merkezli hassahananyň täze binalarynyň hem-de “Daşoguz” şypahanasynyň gurluşygy başlandy.

Hasabatda ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerini maddy-enjamlaýyn üpjün etmäge hem-de türkmen hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan okuw we ylmy edebiýatlary neşir etmäge aýratyn üns berildi. Hususan-da, hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň 152-si çap etmäge taýýarlanyldy, olaryň 76-sy eýýäm neşir edildi.

Bellenip geçilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde giriş synaglary dowam edýär. Şu ýyl raýatlaryň 5766-sy ýokary okuw mekdeplerine we 5765-si Türkmenistanyň orta hünärment okuw mekdeplerine talyplyga kabul ediler.

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde çykyşlary üstünlikli boldy. Şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary halkara olimpiadalaryň 19-syna gatnaşdylar. Şonda 99 medala mynasyp boldular. Medallaryň altysy Russiýada, Belarusda we Eýranda geçirilen olimpiadalara gatnaşan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gazanan netijesidir. Türkmen türgenleriniň dünýä we Aziýa ýaryşlaryna gatnaşmagy hem üstünlikli boldy, olar altyn medallaryň 54-sine, kümüş medallaryň 67-sine we bürünç medallaryň 70-sine mynasyp boldular.

Gumanitar hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň çäklerinde Türkmenistanda halkara ylmy maslahatlarynyň 7-si, sergileriň 2-si, ylmy ekspedisiýa we halkara çagalar festiwaly geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bilim, ýaşlary terbiýelemek, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ýaly jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň durmuşynda ileri tutulýan ugurlar hemişe durmuş ugruna gönükdirilen syýasaty ýöredýän hem-de adamlaryň mynasyp durmuş şertlerini üpjün etmegi, olaryň mümkinçiliklerini we ukyplaryny açmagy maksat edinýän döwletimiziň üns merkezinde boljakdygyny nygtady.

Milletiň Lideri wise-premýer tarapyndan gözegçilik edilýän ulgamlarda desgalaryň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamagy, şeýle hem ylmy-bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerini okuw-usulyýet edebiýaty bilen üpjün etmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegi, şol sanda bu ugurda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen has giňden özara gatnaşyk etmegiň hasabyna ykrar edilmegi boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny hem belledi.

Soňra garamagyndaky edaralaryň işi hakynda hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew çykyş etdi. Wise-premýer Türkmenistan–Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy boýunça Tehniki iş toparynyň nobatdaky mejlisi barada hem hasabat berdi. Şol mejlis türkmen paýtagtynda geçirilýär. Bellenip geçilişi ýaly, mejlise bu iri transmilli taslama gatnaşyjy dört ýurduň ählisiniň wekilleri, şeýle hem Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) wekilleri gatnaşýarlar. Gün tertibine girizilen esasy meseleleriň hatarynda esasy halkara nebitgaz kompaniýalaryny we maliýe düzümlerini konsorsiuma çekmek maksady bilen Singapur, Nýu-Ýork, London şäherlerinde işewürlik tapgyrlaryny guramak bellenilýär. Ol gaz geçirijiniň gurluşygyny we geljekde ulanylmagyny üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň barşynda ýokarda görkezilen duşuşyklara we tanyşdyrylyş çärelerine gatnaşmak üçin çagyryljak kompaniýalaryň sanawyna garaldy, şeýle hem ozal gazanylan, bilelikdäki işi işjeňleşdirmegi maksat edinýän ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça beýleki meseleleriň birnäçesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu möhüm sebitleýin taslamanyň çalt durmuşa geçirilmeginiň gaz geçiriji ugurlary diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýän döwlet ýangyç-energetika strategiýasynyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda durýandygyny belledi. Dünýäniň dürli sebitleriniň iri işewür we maliýe merkezlerinde işewürlik tapgyrlarynyň geçirilmegi Türkmenistan - Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmaga iri maýadarlary çekmäge ýardam eder we bu taslama bilen dünýä jemgyýetçiliginiň giňden tanyşmagy üçin amatly şertleri döreder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Milletiň Lideri wise-premýere ýüzlenip, bu çäräni zerur derejede guramak hem-de ony ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli çäreleri görmek barada görkezme berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ähli pudaklaryň depginli ösüşine we tutuşlygyna alnanda milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginlerine, döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilişine şaýatlyk edýän şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, jemi içerki önümiň möçberleri 11 göterimden gowrak artdy we onuň möçberleriniň mundan beýläk hem artmagyna garaşylýar. Döwlet Baştutany senagat pudagynyň jemi önümçiliginiň ösüş depgininiň 140 göterime golaýdygynyň örän möhümdigini aýratyn belledi. Gurluşyk pudagynda hem işler ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Bu pudakda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 118,4 göterim ösüş gazanyldy. Şeýle hem ulag we aragatnaşyk toplumynda, beýleki pudaklarda işler güýçli depginler bilen alnyp barylýar.

Öňküsi ýaly Döwlet býujetiniň girdejili bölegi çykdajyly böleginden has-da ýokary bolmagynda galýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberleriniň artyşy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 138,1 göterim ýokarydyr. Zähmet haklarynyň möçberleri 111 göterim artdy. Göz öňünde tutulan ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, dükanlar, beýleki binalar we desgalar bellenen möhletlerde gurlup, ulanmaga berildi diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Emma, görkezijileriň möçberiniň ýokarydygyna garamazdan, biz şu ýyly ýokary sepgitlere ýetip, oňat netijeleri gazanyp jemlemek üçin mundan beýläk-de köp işleri durmuşa geçirmelidiris, ýokary depginler bilen işlemegi dowam etmelidiris we ynamly öňe gitmelidiris diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet Baştutanynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, şu ýylyň ahyryna çenli geçiriljek halkara çäreleriniň maksatnamasyna taýýarlyk görmek we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşmaga, şeýle hem ähli gyzyklanýan ýurtlar bilen deňhukukly hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýän Türkmenistanyň daşary syýasat doktrynasyna laýyklykda göz öňünde tutulýan saparlara hem-de duşuşyklara düýpli taýýarlanmak barada görkezme berdi.

Öz nobatynda oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň öňünde ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny doly we öz wagtynda ýygnamak, geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaýyň ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça wezipe goýuldy. Ekiljek bugdaýyň tohumynyň hiline, pagta ýygýan we bugdaý ekýän tehnikalaryň möwsüme doly taýýar edilmegine aýratyn üns bermeli.

Döwlet Baştutanymyz “Awaza’ milli syýahatçylyk zolagynyň işi baradaky meselelerine geçip, wise-premýer B.Hojamuhammedowa bu ulgamda bar bolan säwlikleriň birnäçesini görkezdi. Biziň bu zolakda köp sanly myhmanhanalary gurandygymyza garamazdan, olarda bir aý öňünden hem boş ýerleri tapyp bolmaýar. Bu bir tarapdan gowy, sebäbi «Awazanyň» meşhurlygy barha artýar. Bu zolakda dynç almak üçin daşary ýurtlardan hem köp adam gelýär. Ýöne, beýleki bir tarapdan, bu bizden adamlaryň talaba laýyk, oňat dynç alyp bilmekleri üçin dynç alyş merkezleriniň we dürli attraksionlaryň gurluşygyny has-da çaltlandyrmagy talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biz, elbetde, bu zolakda geljek ýylyň tomus möwsümine çenli ýene-de 20-ä golaý iri desganyň gurluşygyny tamamlap, olary ulanmaga bermegi göz öňünde tutýarys. Ýöne bu entek ýeterlik däl. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny has-da giňeltmek boýunça mundan beýläk-de uly işleri alyp barmalydyrys diýip, milletiň Lideri nygtady.

Şeýle hem milli Liderimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalara, sagaldyş-dynç alyş merkezlerine we beýleki köpçülikleýin binalara hyzmat edýän gulluklaryň işgärleri üçin ýörite ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdyp, bu meseläni oňyn çözmek babatda wise-premýere görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe ýüzlenip, täze okuw ýylyna çenli ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde abatlaýyş işlerini doly tamamlamagy, gurluşygy alnyp barylýan mekdeplerde we çagalar baglarynda işleriň depginini has-da güýçlendirip, olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu mesele Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň ählisine hem degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Wise-premýer A.Ýegeleýewe öz nobatynda häkimliklerde, Jemagat hojalygy ministrliginde we Energetika ministrliginde gyş möwsümine taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçiligi üpjün etmek barada tabşyryk berildi. Adamlaryň gyş möwsüminde ýylylyk we elektrik energiýasy bilen doly üpjün edilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmeli diýip, milletiň Lideri nygtady.

Mejlisde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy we degişli çözgütler kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, ýygnananlara berk jan saglyk we abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.