Mizemez dostluk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iki günlük iş sapary başlanýar. Onuň barşynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler we türkmen hökümet wekiliýetiniň Türkiýäniň möhüm syýahatçylyk, medeni, söwda we senagat merkezleri bolan Stambul we Izmir şäherlerine baryp görmegi meýilleşdirildi.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň çakylygy boýunça döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň dowamynda nobatdaky ikinji sapary taraplaryň täze taryhy eýýamda birnäçe möhüm ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribeleri bilen berkidilen köp asyrlyk dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ikitaraplaýyn erkiň netijesinde sazlaşykly ösýän döwletara gatnaşyklarynyň netijelliligi köp derejede iki doganlyk hem-de umumy taryhy we medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşýan halklaryň ruhy bitewüligi özara düşünişmegiň ýokary derejesini alamatlandyrýar.
Türkmenistan we Türkiýe gadymdan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlydyklaryny beýan etmek bilen, häzirki döwürde döwletara gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga, ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatlyklaryny, şeýle hem milli ykdysadyýetleriň has-da ösdürilmegini nazarda tutup, işjeň we netijeli häsiýet bermäge uly gyzyklanma bildirýär.
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda soňky ýyllarda has-da işjeň häsiýete eýe bolan söwda-ykdysady we gumanitar gatnaşyklaryň ýola goýulmagy döwletara, hökümetara we pudagara derejesinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy özara peýdaly hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa edilmegine ikitaraplaýyn meýilleri aýdyň tassyk edýär.
Hyzmatdaşlygyň netijeli hem-de okgunly ösmegi üçin giň mümikinçilikleri döreden ylalaşyklaryň we baglaşylan şertnamalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy yzygiderli artýar we dürli pudaklarda birnäçe bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.
Syýahatçylyk ulgamy türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurtlaryň ikisi-de bu ulgamyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürde syýahatçylyk ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iň bir geljegi uly ugry hasaplanylýar. Bir tarapdan Türkiýäniň ösen syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny döretmekde baý tejribesini we milli Liderimiziň başlangyjy bilen Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda kemala gelen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek babatdaky başlangyjyny nazara almak bilen, bu ýerde daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkiýäniň birnäçe kompaniýalarynyň bu künjekde taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygyny bellemeli.
Taraplaryň ykrar etmegine görä, döwrebap ulag düzümini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerinde, hususan-da, Ýewraziýa yklymynyň möhüm ulag geçelgesi hasaplanylýan deňiz menzillerini döwrebaplaşdyrmak we olary tekhniki taýdan enjamlaşdyrmak hyzmatdaşlygyň derwaýys ugrudyr. Mälim bolşy ýaly, gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Türkmenistanda türkmen-türk umumybilim mekdepleri, “Başkent” bilim merkezi, Halkara türkmen-türk uniwersiteti üstünlikli hereket edýär. Ylym we medeni gatnaşyklaryň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär. Türkiýeli alymlar Türkmenistanda geçirilýän ylmy çärelere, pudaklaýyn maslahatlara işjeň gatnaşýarlar. Medeniýet günleri, bilelikdäki konsertler we iki halkyň amaly-haşam sungatynyň sergileri yzygiderli guralýar.
Şu gezek türkmen wekiliýetiniň hataryna ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň uly toparynyň goşulandygyny bellemek gerek. Olar türkiýeli tomaşaçylara öz sungatlaryny görkezerler.
Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar, ynanyşmak, deňlik we özara gyzyklanmalary nazara almak esasynda ýola goýulýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlener.
Ýygjam we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini ugur edinýän iki ýurduň meýilleriniň we garaýyşlarynyň halkara syýasatynyň köp meseleleri babatda ýakyndygyny bellemeli. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýä şu gün başlanýan saparynyň üstünlikli boljakdygyny alamatlandyrýar. Bu saparyň türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki taryhy döwründe hil taýdan täze mümkinçilikleri açjakdygy şübhesizdir.