Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň howa ulgamynyň düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagy, şol sanda türkmen paýtagtynda täze Halkara howa menzilini, Türkmenabatda täze howa menziliniň toplumyny gurmagy, şeýle hem Daşogzuň howa menzilinde täze desgalaryň birnäçesini bina etmegi göz öňünde tutýan taslamalar bilen tanyşdy. Bu taslamalar meşhur daşary ýurt kompaniýalary – Türkiýäniň “Polimeks” we “Belda” kompaniýalary hem-de Ukrainanyň “Altkom” maliýe-senagat toparynyň jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti tarapyndan taýýarlanyldy we milli Liderimiziň garamagyna hödürlendi.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasy esasy pudaklaryň biri hökmünde ýokary depginler bilen ösýär. Ýurdumyzyň howa ulaglarynyň işgärleri “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirip, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça tabşyryklara üstünlikli hötde gelýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň ulgamlaryny gyşarnyksyz ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak hakynda yzygiderli alada etmegi netijesinde häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary”döwlet milli gullugynyň uçarlarynyň üsti dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden alnan soňky nesildäki uçarlaryň we dikuçarlaryň hasabyna ýetirilýär.
Häzirki wagtda milli howa gullugynyň hasabynda bu bütindünýä kysymyndaky uçarlaryň -- “Boing-757”, “Boing-737” we “Boing –717” uçarlarynyň 19-sy bar. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy” durmuşa geçirilýän döwründe bu kysymdaky howa uçarlarynyň sany 39-a ýetiriler.
Türkmenistanyň howa gämileriniň hut şu kysymlaryny seçip almagy halkara, sebitleýin we içerki uçar ugurlarynda olary iş ýüzünde peýdalanmagyň ýurdumyzda toplanan oňyn tejribesi bilen şertlenendir, munuň özi ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň kuwwatlydygyna şaýatlyk edýär.
Milli ykdysadyýetimiziň häzirki zaman ösüş meýilleri, raýatlaryň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy täze halkara uçar ugurlarynyň açylmagyny talap edýär, “Türkmenhowaýollary” milli döwlet gullugynyň tehniki taýdan üpjünçiligi we häzirki zaman howa uçarlary arkaly maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy muňa mümkinçilik berýär.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi, şol ýerde çyzgylar bilen maketler we planşetler goýuldy hem-de taslamalaryň tanyşdyrylyş çäresi guraldy. Bu ýerde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A.Goçyýew, A.Ýegeleýew we R.Seýitkulyýew, şeýle hem ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.
Mälim bolşy ýaly, şaha ýaýradan häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmek ýurdumyzyň öňdebaryjy durmuş-ykdysady ösüşiniň hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagy maksat edinen Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň ýurdumyz aýratyn amatly geografiki ýagdaýda hem-de Gündogary we Günbatary, Demirgazygy hem-de Günortany birleşdirýän gatnaw ýollarynyň strategiki çatrygynda ýerleşmek bilen, üstaşyr geçirmegiň ägirt uly kuwwatyna eýedir, Türkmenistan berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şol mümkinçiligi doly derejede durmuşa geçirmäge çalyşýar.
Ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny kämilleşdirmek hem-de düzümlerini täzelemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ulag ulgamyny ösdürmegiň toplumlaýyn strategiýasynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýar, oňa içerki ugurlarda hem, halkara ugurlarynda hem ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda möhüm orun degişlidir. Biziň ýurdumyzda bu ugurda anyk, yzygiderli çäreler görülýär. Mysal üçin, 2009-njy ýylda Mary şäheriniň howa menziliniň çäklerinde gurlan täze howa menzili toplumy, 2010-njy ýylda bolsa Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara howa menzili açyldy.
Häzirki tanyşdyrylyş çäresine hödürlenen hem-de bu babatda iň täze tehnologiýalaryň we öňdebaryjy gazanylanlaryň esasynda amala aşyrylan taslamalary işläp taýýarlamak hem bu özgertmeler meýilnamalary bilen şertlenendir. Olaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň täze Halkara howa menzilini gurmak baradaky taslama bar. Ol biziň ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy tarapyndan taýýarlandy. Döwlet Baştutanymyzyň öň aýdan maslahatlaryny we tekliplerini nazara almak bilen, işlenip taýýarlanylan türkmen paýtagtynyň täze howa menziliniň taslamasy bilen milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy bu kompaniýanyň ýolbaşçysy Erol Tabanja tanyşdyrdy.
Paýtagtymyzdaky täze guruljak howa menzili toplumy sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr. Taslama üç sany terminalyň – ýolagçy, VIP, şeýle hem ýük terminallarynyň, uzynlygy 3800 metr bolan täze emeli uçuş-gonuş zolagynyň, ugrukdyryş ýodajyklarynyň, durulýan ýerleriň hem-de howa gämileri üçin perronyň, howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňleriniň gurluşygyny özünde jemleýär. Mundan başga hem ulanylýan emeli uçuş-gonuş zolagynyň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.
Toplumyň çäklerinde dürli desgalaryň birnäçesi, şol sanda dolandyryş binalary, hususan-da, “Türkmenistan” howa ulaglary kärhanasynyň binasy, tehniki we beýleki ýöriteleşdirilen gulluklar, merkezleşdirilen ýangyç guýujy beket we başgalar ýerleşer. Bu ýerde awiasiýa üçin işgärleri taýýarlaýan mekdep, lukmançylyk hem-de sport-sagaldyş merkezleri, üstaşyr geçýän ýolagçylar üçin 200 orunlyk myhmanhana, üsti ýapyk awtoduralga ýerleşer. Taslamada ähli zerur inžener-tehniki we sowma ulag ulgamlary hem göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen üns berip we jikme-jik tanşyp, ony düzenlere anyk bellikleriň we maslahatlaryň birnäçesini aýtmak bilen, paýtagtymyzyň täze howa menzili iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmelidir hem-de ähli ölçegleri boýunça ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidir diýip nygtady. Howa menziliniň toplumynyň binagärlik keşbi barada aýdylanda bolsa, bu ýerde özboluşly çözgütleriň, öňdebaryjy meýilleriň, innowasion tehnologiýalaryň hem-de milli binagärligiň parçalarynyň sazlaşykly utgaşmagy öz beýanyny tapmalydyr.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan amala aşyrylýan halkara howa gatnawlarynyň çägi ep-esli giňeldi. Şol ugurlar dürli ýurtlary we yklymlary gurşap almak bilen, dostlugyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň hakyky köprülerine öwrüldi. Mahlasy, Türkmenistanyň esasy “howa derwezesi” bolup durýan Aşgabadyň howa menzili sebitleýin we halkara ähmiýetli möhüm ulag çatrygynyň derejesini mäkäm eýeledi, munuň özi taslamanyň her bir bölegini örän çynlakaý oýlanyşmagyň zerurdygy bilen şertlenendir. Elbetde, täze howa menzili toplumynda ýolagçylar üçin doly amatlylyklar we hyzmat etmegiň ýokary derejesi üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn nygtamak bilen, işgärleriň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli degişli şertleriň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny hem belledi.
Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda amala aşyrylýan giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmaga döredilýän mümkinçilik üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz kompaniýasyna bildirilýän belent ynamy ödemek üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrman işlejekdiklerine ynandyrdy.
Soňra milli Liderimiz Ukrainanyň “Altkom” maliýe-senagat toparynyň jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti tarapyndan taýýarlanan Türkmenabat şäherinde geçirijilik ukyby sagatda 500 ýolagça barabar bolan täze howa menzili toplumynyň gurluşygynyň taslamasyna garady. Ony “Altkom” maliýe-senagat toparynyň jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko döwlet Baştutanymyza hödürledi. Bu kompaniýanyň bu ugurda düýpli tejribesiniň bardygyny belläp geçmek gerek. Hususan-da, onuň düzümine girýän “Altkom” ýol gurluşygy” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet Ukrainanyň iri senagat we işewür merkezi bolan Doneskide halkara howa menzilini üstünlikli gurdy. Ýeri gelende aýtsak, kompaniýa Türkmenistanda ulag-aragşatnaşyk ulgamynyň ýene-de bir möhüm düzümleýin desgasynyň—Amyderýanyň üstünden çekilýän Atamyrat-Kerkiçi awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň hem baş potratçysy bolup durýar.
Ukrain hyzmatdaşlary tarapyndan işlenip taýýarlanan taslama häzirki zaman ýolagçy, VIP we ýük terminallaryny, uzynlygy 3800 metr bolan emeli uçuş-gonuş zolagyny, ugrukdyryjy ýodajyklary, howa gämileri üçin duralgalary we perrony, howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňlerini, beýleki degişli desgalaryň birnäçesini, şol sanda dürli gulluklaryň binalaryny we howa menziliniň binasyny gurmagy özünde jemleýär. Toplumyň çäklerinde lukmançylyk merkezi, naharhana, 100 orunlyk myhmanhana, üsti ýapyk awtomobil duralgasy hem ýerleşer. Howa menzilinde ähli zerur durmuş-üpjünçilik ulgamlary we sowma inženerçilik hem-de ulag ulgamlary göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz ukrain hyzmatdaşlary tarapyndan hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, olar barada birnäçe teklipleri we bellikleri aýtdy. “Altkom” maliýe-senagat toparynyň jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Aleksandr Tislenko milli Liderimiziň gymmatly maslahatlarynyň amala aşyryljakdygyny ynandyryp, öz işlerine has-da jogapkärçilik duýgusy bilen çemeleşjekdiklerine söz berdi.
Tanyşdyrylyş çäresiniň barşynda döwlet Baştutanymyz Daşoguz şäherinde
howa menzilini döwrebaplaşdyrmaga degişli taslamalar bilen hem tanyşdy, ony “Belda” türk kompaniýasynyň hünärmenleri taýýarladylar. Ony bu kompaniýanyň ýolbaşçysy Battal Kara hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.
Taslama 3800 metr uzynlygy bolan emeli uçuş-gonuş zolagyny, ugrukdyryjy ýodajyklary, howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňlerini, howa gämileri üçin goýulýan ýerleri gurmagy, häzirki ulanylýan perronyň durkuny täzelemegi we ony giňeltmegi, merkezleşdirilen ýangyç gujujy beketleri, tehniki hem-de gulluk maksatly beýleki birnäçe desgalary, inženerçilik we sowma ulgamlary gurmagy göz öňünde tutýar.
Türkmenistanyň Prezidenti ukrain we türk hyzmatdaşlary tarapyndan hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyz bu meseläni dowam edip, şular ýaly desgalaryň taslamasy düzülen we gurlan mahaly olaryň bitirýän işlerine mahsus bolan ähli aýratynlyklaryň hem-de ýagdaýlaryň nazara alynmagynyň, öňdebaryjy inžener-tehniki pikirden, innowasion tehnologiýalardan we iň oňat dünýä tejribesinden ugur almagyň zerurdygyny ýene-de bir ýola nygtady. Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň dolandyryş merkezindäki howa menzilleri ähli häzirki zaman talaplaryna we halkara ülňülerine, şol sanda uçuşlaryň howpsuzlygyny we ýolagçylara hyzmat etmegiň ýokary derejesini üpjün etmäge laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunda milli Liderimiz şol desgalardaky ähli taslama we gurluşyk işleri birkemsiz we berk ýagdaýda bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmelidir diýip, aýratyn belledi.
Öz nobatynda “Belda” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Battal Kara ynam bildirendigi üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň ähli teklipleriniň, bellikleriniň we maslahatlarynyň hökman nazara alynjakdygyny ynandyrdy. Ol Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge özleriniň ýokary derejede gyzyklanýandyklaryny nygtap, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerini hem-de öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşjekdiklerini aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz pederlerimiziň “Ýolagçy ýolda ýagşy” diýen pähimini mysal getirip, paýtagtymyzyň halkara howa menziline gelýän we gidýän ýolagçylar üçin hiç hili bökdençlikleriň bolmaly däldigine, munuň üçin ähli amatlyklaryň döredilmelidigine ünsi çekip, tanyşdyrylyş çäresine gatnaşýan wise-premýer A.Ýegeleýewe bu ýerde awtomobil ýollarynyň düzümini halkara kadalaryna laýyk gelýän derejede düýpli kämilleşdirmek, şol sanda, ýol aýrytlaryny, sowma ýollaryny, ýerasty geçelgeleri we beýleki degişli desgalary, suw we elektrik geçirijileri, lagym ulgamlaryny gurmak maksady bilen, degişli zerur çäreleri görmek barada anyk tabşyryk berdi.
Bu ýerde görkezilen taslamalar bilen tanyşdyrylyş dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz howa menziliniň binasynda ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň şu günki dabara gatnaşýan ýolbaşçylary bilen bilelikde iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu ýere ýygnananlara ýüzlenip aýdyşy ýaly, islendik ugurda geçirilýän işler ilkinji nobatda halkyň abadançylygyny, edilýän hyzmatyň ýokary hilini üpjün edilmäge gönükdirilen, ýurdumyzda ýaýbaňlanan uly möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň maksatlaryna laýyk gelmelidir. Milletiň Lideri munuň özi paýtagtymyzyň howa menziliniň täze binasynyň meýilleşdirilen gurluşygyna hem degişlidir diýip belläp, bu taslamany durmuşa geçirmekde iň öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanmak zerurdyr, toplumyň binagärlik keşbinde bolsa milli binagärligiň däpleriniň we bu ulgamda häzirki zaman gazananlarynyň sazlaşykly utgaşmasy bolmalydyr diýip nygtady.
Mundan başga-da, şu desgada işler geçirilen mahaly ownuk zatlara çenli ähli zatlaryň eserdeň oýlanyşylmalydygyny we gurluşygyň ýokary hili bilen bir hatarda ýolagçylara hyzmat etmegiň ýokary derejesini, olaryň amatlylygyny we howpsuzlygyny howa menziliniň jaýlarynyň abadanlaşdyrylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady.
Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz täze howa menzili toplumynyň ähli gulluklarynyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy, ol ýurdumyzyň baş şäheriniň bezegi hem-de türkmen myhmansöýerliginiň nyşany bolmalydyr. Şonuň üçin hem degişli düzümleriň eýýäm häzirki wagtda her bir meseläni nazara alyp, iş meýilnamalaryny oýlanyşykly düzmäge girişmekleri gerekdir diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Howa menzilinden paýtagtymyza gidýän ýoluň gatnawynyň umumy gatnawa päsgel bermezligi üçin zerur bolan çäreler görülmelidir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Uçar menzilleriniň işiniň howanyň ýagdaýyna berk baglanyşyklydygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde ýurdumyzyň gidrometereologiýa gullugynyň işini ýola goýmak barada hem birnäçe görkezmeleri berdi.
Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz gönüden-göni ýurdumyzyň baş howa menziliniň işi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, bu ýerde içerki hem-de halkara howa ugurlarynyň sazlaşykly ýola goýulmalydygyny, üstaşyr geçýän uçarlaryň hem-de ýük uçarlarynyň päsgelçiliksiz uçuş-gonuş hereketini amala aşyrmagy üçin ähli zerur bolan çäreleriň görülmelidigini aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, her bir uçar menzili şäheriň howa derwezesi hasaplanýar. Hut şeýle bolan soň hem uçar menziline gelen her bir myhmanyň ýa-da öz raýatlarymyzyň bu erde ýola goýlan hyzmatlardan hoşal bolmagy gullugyň işiniň esasyny düzýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti edilýän hyzmatlar myhmansöýerligiň iň oňat däplerine laýyk gelmelidir hem-de şunuň bilen halkara ülňülerine doly gabat gelmelidir diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz maslahaty tamamlap, oňa gatnaşan ýolbaşçylaryň hemmesine paýtagtymyzyň täze howa menzili gurmak bilen baglanyşykly işleri utgaşdyryp alyp barmaklary barada anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda howa ulagynyň ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň we Gurluşyk ministrliginiň ýolbaşçylaryna Aşgabatda we Türkmenabatda täze howa menzili toplumlarynyň, şeýle hem Daşogzuň howa menzilinde düzümleýin desgalaryň gurluşygyny ähli zerur gurluşyk materiallary bilen üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz geljekki desgalaryň hemmesiniň halkara ülňüleriniň ähli ölçeglerine laýyk gelmelidigini nygtap, Türkmenistanyň “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygyna degişli görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň ýolbaşçylaryna täze desgalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmegiň meselelerini çözmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz degişli konsorsiumy döretmegi tabşyryp, bu taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegi üpjün etmegi onuň wezipesi hökmünde kesgitledi. Milli Liderimiz maslahaty tamamlap, ähli taslama we gurluşyk işleriniň oňat hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin hem-de tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny we onuň düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýan toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin berk gözegçiligiň zerurdygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ozalky şäher aeroportunyň ýerleşen ýeri bolan we häzirki döwürde awtoterminal hökmünde ulanylýan menzile geldi. Bu ýerde “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazow döwlet Baştutanymyza gullukda häzirki döwürde alnyp barylýan işler hakynda, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça, şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde howa menzillerini döwrebaplaşdyrmak barada görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde gullugyň tehniki parkynyň üstüniň yzygiderli ýetirilýändigi, 2013-nji ýylda onuň ygtyýaryna täze “Boing” kysymly üç sany kämil uçaryň gelip gowuşjakdygy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň maddy-enjamalýyn binýadynyň mundan beýläk-de berkidilmegi, onuň tehniki parkynyň üstüniň ýetirilmegi ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän täze menziliň dünýä derejesindäki iň öňdebaryjy tehnika bilen üpjün edilmelidigini belläp, howa menzilingiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, şeýle ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we sanawuny giňeltmek boýunça çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny hem görkezdi. Mundan başga hem milli Liderimiz howa menziliniň binalar toplumynyň bezeg işlerine aýratyn üns berilmelidigini aýtdy.
Şunuň bilen bir hatarda işläp gelýän terminaly abadanlaşdyprmak, şeýle hem welaýatlaryndaky bar bolan howa menzilleriniň ählisiniň durkuny täzelenmek, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmak boýunça we ilkinji nobatda ýolagçylara hyzmat etmegiň ýokary hilimni üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, olara işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.