Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 738
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Döwlet Baştutanymyz her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde biziň ýurdumyzda Türkmen gawunynyň baýramçylygynyň giňden bellenilýändigini aýdyp, biziň edermen daýhanlarymyz sahawatly türkmen topragyndan pagtanyň, bugdaýyň, dürli ir-iýmişleriň we miweleriň bol hasylyny öndürmek ugrunda gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekýärler diýip belledi. Olar bereketli topragymyzyň behişdi miweleri saýylýan datly gawun-garpyzlarymyzy ýetişdirmekde uly üstünlikler gazanýarlar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz daýhanlarymyzyň irginsiz, yhlasly zähmeti bilen, ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesiniň ekerançylygyň döwrebap usullary bilen utgaşdyrylyp, ýurdumyzda dünýä belli türkmen gawunlarynyň ösdürilip ýetişdirilýändigini aýtdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan örän gadymy döwürlerden bäri datly gawunlaryň watany hasaplanypdyr. Behişdi gawunlarymyz halkymyzyň milli mirasydyr, rysgal-bereketli saçaklarymyzyň iň arzyly nygmatlaryň biri diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Biz geljekde hem oba hojalygyny ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, oba zähmetkeşleriniň, şol sanda bakjaçy daýhanlaryň yhlasly we netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri dörederis diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ýere ýyganananlary we tutuş halkymyzy ýurdumyzda dabaraly bellenilip geçilýän Türkmen gawunynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn, size we mähriban halkyma berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez rysgal-döwlet, zähmetsöýer daýhanlara bolsa, ýurdumyzda türkmen gawunlarynyň täze saýlama görnüşlerini döretmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw edýärin diýip belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ministrler Kabinetiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy, söwda we dokma senagaty pudagyna gözegçilik edýän H.Muhammedowa söz berdi. Ol öz hasabatynda milletiň Lideriniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem dokma senagatynyň kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmak, söwda we hyzmatlar kärhanalarynyň ulgamyny giňeltmek, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow

dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselesini gozgap, häzirki zaman usullaryny we tilsimatlaryny işjeň ornaşdyrmagyň, ähli degişli meseleleri çözmäge jogapkärçilikli toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini, munuň bolsa öz nobatynda, bu ulgamyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň netijeliligini artdyrmakda halkara işewür gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň, ýurdumyzda önüm öndürijileriň harytlarynyň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmagyň, olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmagyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ählumumy ykdysady meýilleri we dünýä bazarynyň meselelerini öwrenmegiň derwaýysdygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Söwda-senagat edarasynyň harytlary tanyşdyrmak bilen baglanyşykly alyp barýan işine aýratyn ünsi çekip, ýurdumyzyň Mejlisiniň ýakynda bolan maslahatynda Türkmenistanyň Halkara sergileri hakyndaky Konwensiýa goşulmagy hakynda kabul eden Kararynyň derwaýysdygyny belledi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň gazanan üstünliklerini we ýeten derejesini daşary ýurtlarda beýan etmek üçin oňaýly mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dokma pudagyny, ýurdumyzyň önümçilik söwda ulgamyny ösdürmek, harytlaryň we hyzmatlaryň esasy görnüşlerine bolan bahalara berk gözegçiligi amala aşyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň alyp barýan işi barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň kanunuçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde milli parlamentiň deputatlary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň we milli Liderimiziň başlangyjy bilen hukuk ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň jähetinde kanun taslamalary taýýarlamak boýunça maksada laýyk işler alnyp barylýar. Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy şu aýda ýurdumyzda geçiriljek Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna göwnejaý taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada aýtdy.

Milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan maksada laýyk işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň ýurdumyzyň yzygiderli ösüşiniň, ähli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şertidigini aýtdy. Şu jähetden kanunçykaryjylyk we parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy ulgamynda iň öňdebaryjy halkara tejribeleriniň öwrenilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz parlamentara gatnaşyklarynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň maliýe, salgyt we statistika guramalary, şeýle hem bank edaralary tarapyndan bu ulgamlarda döwlet ösüş maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle hem wise-premýer “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň merkezi edarasynyň düzümini kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, halkara standartlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy we ulgamdaky öňdebaryjy tejribäniň peýdalanylmagy milli maliýe-bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde esasy ugur bolup durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ussat hünärmenleriň taýýarlanylyşyny kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň standartlaşdyryş ulgamynyň işini kämilleşdirmek barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz bu ugruň milli ykdysady strategiýanyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamanyň taslamasyny makullap, degişli Karara gol çekdi we onda görkezilen düzgünnamalaryň ýerine ýetirilmegi babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasatdaky ugrunyň yzygiderli ýagdaýda amala aşyrylmagyna degişli meseleler boýunça hasabat berip, şu ýylyň awgustynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şonda Aşgabatda saparyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleriniň geçiriljekdigi, şol gepleşikleriň netijeleri boýunça soňky ýyllarda sazlaşykly ösdürilýän we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklary deňlige, özara hormat goýulmagyna we netijeli hyzmatdaşlyga mahsus ýörelgeler esasynda guraýandygyny belläp, ählumumy parahatçylyk, abadançylyk we ösüş ugrundaky netijeli halkara gatnaşyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçiriljek türmen-täjik gepleşiklerine degişli meselä ünsi çekip, şol gepleşikleriň Türkmenistanyň we Täjigistanyň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän özara peýdaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýetli täze ädime öwrüljekdigini nygtady. Milletiň Lideri dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde ygtybarly binýat bolup durýan döwletara gatnaşyklarynyň däp boýunça, dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga mahsus häsiýete eýedigini belläp, ýakyn goňşular bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasat boýunça strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän düzümleriniň işi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň netijeleri barada aýtdy, şol iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary medeniýete degişli hyzmatdaşlygyň meseleleri, şu ugurda toplanan tejribäni alyşmak we täze tehnologiýalary öwrenmek boýunça birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler. Hususan-da, Hytaýyň iri medeniýet merkezlerine baryp gören türkmen hünärmenleri sahnada oýunlaryň, şol sanda buzuň üstündäki, suwdaky şowhunly tomaşalaryň, baýramçylyk dabaralarynyň we köpçülikleýin çäreleriň guralyşy we geçirilişi, bularyň çeperçilik taýdan bezelişi we tehniki serişdeler bilen üpjün edilişi, şekilleri göni aragatnaşyk arkaly görkezmegiň tehnologiýalary bilen jikme-jik tanyşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljekde-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesiniň ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine, medeniýet we maglumatlar boýunça halkara ulgamyna goşulyşan giňişligiň döredilmegine gönükdirilen täze we anyk başlangyçlarda öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Milletiň Lideri döwrebap tehnologiýalary medeniýete degişli işlere giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, medeniýet ulgamyndaky işgärleriň başarnyklaryny we hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyny höweslendirmek arkaly, olaryň döredijilik babatdaky mümkinçiliklerini artdyrmagyň döwrüň bildirýän berk talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bizde baýramçylyklary giň gerim bilen geçirmekde baý tejribäniň toplanandygyny, ýöne bu işde-de täze, häzirki döwre mahsus çözgütleri gözläp tapmagyň möhümdigini hem-de şol çözgütleriň ýurdumyzy medeni taýdan ösdürmek, köpçülikleýin medeni-bilim işini kämilleşdirmek, türkmen ýaşlarynyň döredijilik babatdaky işjeňligini, milli mirasy öwrenmegini, ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagyny höweslendirmek bilen bagly maksatlara ýetilmegine gönükdirilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, medeniýetiň döwlet syýasatynda wajyp ähmiýete eýe bolan gumanitar ugurdygyny we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürilmegine degerli ýardam berýändigini aýdyp, wise-premýere şu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny munlan beýläk-de ösdürmek, medeniýet edaralarynyň bilim we terbiýeçilik ulgamy bilen özara arkalaşykly hereket etmegini gazanmak, şeýle hem geçiriljek baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramak boýunça tabşyryklary berdi.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş edip, ýakynda döwlet Baştutanymyzyň degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren maslahatynda kesgitlän wezipelerini göz öňünde tutmak arkaly “2012-2016-nj ýyllarda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berip, hususan-da, pagta ýygymyna taýýarlyk görülmeginiň esasan tamamlanandygyny aýtdy. Tehniki enjamlar taýýar edilip goýuldy, daýhan hojalyklary defoliantlar bilen üpjün edildi, “Ak altyn” pagta söwda kärhanasynyň düzümleri pagta hasylynyň kabul edilmegine hem-de kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň geçirilmegine doly taýýarlandylar.

Bellenilen iş tertibine laýyklykda welaýatlarda güýzlük gallanyň ekişine taýýarlyk görülýär. Mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin ot-iýmleri taýýarlamak işler dowam edýär.

Şeýle hem Türkmen gawunynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri barada aýdyldy, däp boýunça şol çäreler paýtagtymyzda we welaýatlarda dabaraly ýagdaýda guralar.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow indiki oba hojalyk işleriniň—pagta ýygymynyň we güýzlük gallany ekmegiň şu pudakda öňde durýan wezipeleri çözmegiň ýolunda nobatdaky anyk ädime öwrüljekdigini belläp, oba senagat toplumynyň ýolbaşçylaryny bu ugurda bellenilen ähli meýilnamalaryň göwnejaý ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçly etdi.

Milletiň Lideri häzirki wagtda pudagyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň has kämil we döwrebap tehnikalarynyň ýüzlerçesini özünde jemleýän tehniki toplumyndan netijeli peýdalanmagyň möhümdigini nygtady. Şunda ähli tehnika gurat ýagdaýda we bökdençsiz işledilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz indiki ýylyň hasylynyň düýbüni mäkäm tutmak üçin güýzlük bugdaý ekmek boýunça ýakyn wagtda başlanjak işler barada aýdyp, tohumlaryň hiline, oba hojalyk ekinlerini her bir welaýatyň ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak arkaly ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usulyýetleriniň giňden ornaşdyrylmagyna degişli meselelere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna eýermek, şeýle hem bugdaý ekişiniň bellenilen möhletde geçirilmegini guramagyň zerurdygyny ýene bir ýola belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ekerançylarymyzyň, bakjaçylarymyzyň baýramçylygy hasaplanýan Türkmen gawunynyň gününiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tabşyrdy, daýhanlaryň yhlasly zähmet çekmegi we köp asyrlyk ýörelgelere eýermegi netijesinde gadymy türkmen topragynda tutuş dünýäde meşhur bolan bu datly önümler ösdürilip ýetişdirilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynyň işi, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şunda gurulýan we ýakyn wagtda ulanmaga beriljek möhüm ähmiýetli binalarda we desgalarda işleriň barşy, şeýle hem Lebap we Mary welaýatlaryna iş saparynyň netijeleri barada aýdyldy.

Hasabat bermegiň barşynda, wise-premýer Mary we Lebap welaýatlarynda täze kuwwatly elektrik geçirijileri gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy barada jikme-jik hasabat berdi. Şonda häzirki wagtda ýurdumyzyň şu welaýatlarynda, şol sanda Amyderýanyň sag kenarynda täze elektrik geçiriji ulgamlaryň gurulýandygy we şonuň netijesinde geljekde uly möçberli önümçilik desgalarynyň ählisiniň elektrik energiýasy bilen üpjün ediljekdigi bellenildi. Galyberse-de, elektrik energiýasynyň eksporta ugradylýan möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik dörär.

Şeýle hem ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň ählisinde işler ýokary hilli berjaý edilýär we olaryň şertnamalarda görkezilen möhletlerde ulanmaga berilmegine berk gözegçilik edilýär. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda öz kompaniýalarymyzyň uly orny eýeläp ugramagy begendirijidir.

Wise-premýer welaýatlarda durmuş-medeni maksatly desgalary gurmagyň barşy barada hasabat berip, welaýatlaryň çäklerinde özgertmeleriň milli maksatnamasyny amala aşyrmak arkaly, ýerlerde sport mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň gurlandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany Lebap we Mary welaýatlarynda ýokary kuwwatly elektrik energiýasyny geçirijileriň, beketleriň toplumynyň gurluşygynyň, şeýle hem hereket edýän beketleriň durkunyň täzelenmeginiň elektroenergetika pudagy we tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin uly ähmiýete eýedigigini belläp, bularyň welaýatlary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etjekdigini hem-de daşary ýurtlara ugradylýan türkmen elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi, munuň özi Türkmenistanyň daşary-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam berer.

Şeýle hem döwlet Baştutany welaýatlarda täze binalary gurmagyň ýagdaýy, hususan-da, Amyderýanyň sag kenaryndaky senagat desgalaryň düzüminiň üstüni ýetirjek hem-de döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna ýardam berjek Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçeisnde kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag magdanlaryny baýlaşdyrýan toplumy gurmak boýunça alnyp barylýan işler bilen jik-jik gyzyklandy hem-de işleriň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatda senagat desgalary gurmak bilen birlikde, ulag ulgamyna degişli desgalaryň düzümini döretmek, welaýaty mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan gaz geçirijleri gurmak boýunça işleriň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri welaýatlarda ýollaryň we köprüleriň ýokary derejede gurulmagyny üpjün etmegiň, olary göwnejaý ýagdaýda ulanmagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň sebit we halkara ulag geçelgelerine işjeň ýagdaýda goşulýandygyny nygtap, ulag gatnawlaryny, şol sanda awtomobil ulgamyndaky gatnawlary kämilleşdirmekde bar bolan ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak bilen bagly wezipäni öňde goýdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynda Atamyrat-Kerkiçi köprüsiniň gurluşygyna aýratyn üns berip, Türkmenistanyň çäginde, şeýle hem halkara derejesindäki ugurlarda awtoulag gatnawlarynyň ykdysady taýdan netijeliligini artdyrmakda şu desganyň möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany köpriniň ýokary derejede göwnejaý ulanylmagyny üpjün etmek we awtoulag ýollarynyň ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, innowasion we ýokary tehnologiki çözgütleriň, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň, ylmy oý-pikirleriň we tehniki ösüşiň gazananlarynyň ugur ediniljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk senagatynyň ileri tutulýan häsiýete eýedigini belläp, täze binalaryň türkmen şäherleriniň we obalarynyň keşbini has-da bezejekdigini, şuňa degişli taslamalaryň amala aşyrylmagynyň milli ykdysadyýetiň hem-de munuň üçin zerur bolan ähli düzümleriň has-da sazlaşykly ösdürilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini belledi. Döwlet Baştutany 2020-njy ýyla çenli döwürde obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň möhüm ähmiýetlidigini aýratyn belledi. Bu milli maksatnama laýyklykda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giň gerime eýe boldy.



Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow

gözegçilik edýän ulgamlarynda—ýangyç-energetika toplumynda, himiýa we balyk senagatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabat bermegiň barşynda Mary welaýatynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz käninde alnyp barylýan işleriň depginlerini artdyrmak maksady bilen görülýän çäreler, şeýle hem nebithimiýa senagatynyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirmek üçin niýetlenen täze, has köp möçberdäki maýa goýumly taslamalar, şol sanda polietilen öndürýän zawody gurmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda uglewodorod çig malynyň ýurdumyzyň çäginde açylan täze, iri ýataklarynyň senagat derejesinde ulanmaga berilmegini çaltlandyrmagyň möhümdigini belläp, şu ugurdaky taslamalary bellenilen möhletlerde amala aşyrmagyň türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ýetirilýän möçberlerini has-da artdyrmak, şeýle hem ýangyjyň eksporta iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa etmek boýunça strategiki meýilnamalary bilen şertlendirilendigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz nebiti we gazy gaýtadan işleýän pudaklara degişli kärhanalary mundan beýläk-de tehniki taýdan täzeden üpjün etmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sarp edijileri tarapyndan uly isleg bildirilýän önümleriň giň toplumyny işläp taýýarlaýan täze önümçilikleriň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna özlerine tabşyrylan taslamalary bellenilen möhletlerde we has ýokary hilli derejede amala aşyrmak hem-de desgalaryň üstünlikli we uzak möhletleýin ulanylmagyny kepillendirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagadýy we pudakda birnäçe möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer sement we mineral dökünlerini daşamak üçin ýük wagonlarynyň 300-sini, şeýle hem nebit önümlerine niýetlenen wagonlaryň bolsa 200-sini satyn almak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşalýan ýükleriň mukdaryny artdyrmak ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir diýip belläp, döwletimiziň demir ýol ulaglary düzüminiň kärhanalarynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna uly üns berýändigini we şunda hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri wise-premýer R.Seýitkulyýewe demir ýol ulgamynyň hereket edýän tehniki parkynyň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň “Demir ýol ulaglary ministrligi üçin sement, mineral dökünlerini we nebit önümlerini daşamak üçin ýöriteleşdirilen ýük wagonlaryny satyn almak hakyndaky” Karara gol çekip, häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzüminiň emele gelmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdasdy taýdan üstünlikli ösüşinde we özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde möhüm ähmiýetli ugurlaryň biri bolup durýar diýip belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny we milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary dowam edýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 20-si girizilýär, şeýle hem şu okuw ýylynda 5 müň 766 talyp kabul ediler. Munuň özi geçen ýyldakydan 711 talyp köpdür. Ýurdumyzyň orta hünärment okuw mekdeplerinde bolsa 5 müň 775 okuwçy kabul ediler.

Şeýle hem wise-premýer çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini guramagyň meseleleri babatda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýyl Gökderede 13 sany, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bolsa 2 sany, ýurdumyzyň welaýatlarynda 46 çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri hereket edýär. Şeýle hem mekdepleriň ýanynda 850-den gowrak dynç alyş meýdançalary guruldy. Umuman alanyňda, şu ýylyň dowamynda tomusky dynç alyş möwsüminde tutuş ýurdumyz boýunça 139 müňden gowrak çagalaryň doly derejede dynç almaklary üçin ähli şertler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryň ýurdumyzyň durmuşynda ileri tutulýan ugurlarydygyny bellemek bilen, bu ulgamlardaky milli maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, uly möçberli özgertmeleriň birnäçesiniň durmuşa geçirilýändigini aýratyn belläp, milli Liderimiz onuň çäklerinde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň möhüm orny eýeleýändigini nygtady. Döwletimiz mundan beýläk-de ylym we bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede döwrebap bilim almagyna ägirt uly üns berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilmegini şertlendirer. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünärment okuw mekdeplerine giriş synaglarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini doly üpjün etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Tomusky dynç alyş möwsümine degişli mesele barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň işjeň we netijeli dynç almagy üçin bar bolan ähli mümkinçilikleriň doly derejede peýdalanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda ýurdumyzyň sport desgalaryny, medeni ojaklary we beýleki serişdeleri netijeli ulanmak barada anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýaş türkmenistanlylaryň wagtyny peýdaly geçirmegi we göwnejaý dynç almagy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyryp, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde we beýleki ýerlerde arassaçylyk düzgünleriniň we howpsuzlyk talaplarynyň berk berjaý edilmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ynanylan ugurdaky işleriň ýagdaýy boýunça hasabat berdi. Şonda ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, şu ugurda amala aşyrylýan hem-de pudagyň önümçilik binýadanyň artdyrylmagyna we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen uly möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow

ýangyç-energetika toplumynyň senagat desgalarynyň düzüminiň düýpgöter döwrebaplaşdyrylmagyna, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan we gaýtadan işlenýän möçberleriniň artdyrylmagyna, türkmen energiýa serişdeleriniň eksport üçin niýetlenen ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegine gönükdirilen milli energetika strategiýasyny yzygiderli amala aşyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, öňde goýlan wezipeleriň ählisiniň gijikdirilmän berjaý edilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri şu ugurda, şol sanda pudaklaýyn maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, ýangyç-energetika toplumynda ýokary netijeli, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, öňdebaryjy halkara kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleriň utgaşdyrylyp alnyp barylmagyny dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.