Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň on bäşinji maslahaty geçirildi. Onda täze kanun taslamalaryň we kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryň birnäçesine seredildi. Şu gezekki maslahata girizilen meseleleriň derwaýysdygy nazarda tutulyp, oňa gatnaşmak üçin degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Maslahatyň barşynda ýurtda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, milli ykdysadyýetimizi, ylmy we medeniýeti ýokary götermek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek milli parlamentarileriň öňünde durýan derwaýys wezipeleriň hzatarynda görkezildi. Şu jähetden türkmen halky tarapyndan taryhda işlenip taýýarlanan demokratik gymmatlyklary, häzirki döwrüň talaplaryny we umumy ykrar edilen halkara-hukuk tejribesini nazara almak bilen, ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny yzgiderli kämilleşdirýän Mejlisiň kanun çykaryjylyk ugruna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösmegini şertlendirýär.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň deputatlaryň öňünde goýan wezipelerinden ugur alnyp, milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça maksatlaýyn meýilnamalaryň esasy ugurlaryna laýyklykda täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda bellenilişi ýaly, maslahatda hödürlenen ähli resminamalar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we degişli halkara hukuk kadalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.
Şu günki maslahatyň çäklerinde Mejlisiň deputatlarynyň garamagyna “Ösümlik dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlendi. Onda ösümlik dünýäsiniň netijeli goralmagyny, rejeli peýdalanmagyny we baýlaşdyrylmagyny üpjün etmek üçin hukuk binýat esaslandyrylýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio-20” maslahatynda çykyş etmek bilen, biziň ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işjeň başlagyçlary we teklipleri öňe sürdi. Bu döredijilikli başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa we seslenmä eýe boldy. Munuň özi olaryň adamzadyň geljegine dahylly bolan meseleleri çözmegiň jähedinde örän derwaýysdygynyň we zerurdygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň biologik dürlüligini goramak üçin zerur şerteriň döredilmegine gönükdirilen kanunçylyk namasynyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň ekologiýa ulgamynyň we biosferanyň durnuklylygynyň üpjün edilmegine, häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine daşky gurşawy gorap saklamak hem-de ony has-da gowulandyrmak işine ägirt uly goşandy bolar diýip, Mejlisiň deputatlary öz çykyşlarynda bellediler.
Milli parlamentiň şu günki maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylan ugurlaryň ýene biriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ileri tutulýan maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyk gelýän oňyn içerki we daşarky syýasaty bilen baglanyşyklydygyny bellemeli. Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşyp, şeýle hem ýokary ynsanperwerlikli maksatlary we gymmatlyklary ykrar edip, biziň ýurdumyz bu ugurda köp sanly halkara hukuk ylalaşyklaryna we konwensiýalaryna, şol sanda BMG-niň “Bosgunlar hakyndaky” Konwensiýasyna gatnaşýar.
Soňky ýyllarda milli kanunçylygy halkara hukuk namalarynyň esasy düzgünlerine utgaşdyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Munuň özi Türkmenistanda bosgunlaryň hukuk düzgünlerini sazlaýan hem-de olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän pugta kanunçylyk binýadynyň kemala gelmegini şertlendirdi. Raýatlygy bolmadyk şahsyýetleriň meseleleriniň çözülmegini nazara alanyňda, milli Liderimiziň bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek türkmen döwletiniň halkara ynsanperwer guramalary bilen ýola goýýan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýlelikde, “Bosgunlar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny işlenip taýýarlandy we Mejlisiň deputatlarynyň garamagyna hödürlendi. Täze kanunçylyk taslamasynda daşary ýurtly raýatlary we raýatlygy bolmadyk bosgunlary biziň ýurdumyzyň çäklerinde ykrar etmegiň düzgünleri kesgitlendi, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, umumy ykrar edilen halkara hukugynyň esaslaryna we kadalaryna laýyklykda kanuny hukuklarynyň we bähbitleriniň ykdysady, durmuşy we hukuk kepillikleri ýola goýuldy.
Şeýle hem Mejlisiň maslahatyna gatnaşyjylar soňky ýyllarda milli Liderimiziň ýadawsyz tagallasy netijesinde döwlet syýasatynyň düzüm bölegine hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm ugruna öwrülen we ýurdumyzda güýçli depginlerde ösýän şypahana-dynç alyş işi ulgamyndaky milli kanunçylygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Biziň ýurdumyzda dürli görnüşli bejerijilik ukybyna eýe bolan täsin serişdeleriň ägirt köp mukdarynyň bolmagy köp taraply şypahana-dynç alyş ulgamynyň döredilmegine mümkinçilik berdi.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen üstünikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman sagaldyş düzümi kemala gelýär. Täze lukmançylyk edaralary, şypahana-dynç alyş we syýahatçylyk ulgamlary, sagaldyş merkezleri, sanatoriler we enjamlaşdyrylyşy hem-de hyzmatlarynyň görnüşleri boýunça dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän saglyk öýleri gurlup, ulanmaga berilýär.
Şypahana işini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen milli parlamentariler tarapyndan “Şypahana işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlandy. Ol döwlet syýasatynyň ugurlaryny kesgitleýär we tebigy bejeriji serişdeleri, tebigatyň bejeriş-sagaldyş künjeklerini we biziň ýurdumyzyň çägindäki şypahanalary öwrenmek, peýdalanmak, ösdürmek we goramak babatdaky gatnaşyklary sazlaşdyrýar. Bu kanun taslamasynyň kabul edilmegi şypahana-dynç alyş toplumyny dolandyrmagyň netijeli ulgamynyň döredilmegini, saglygy goraýşyň bu möhüm ugrunyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, şeýle hem şypahana-dynç alyş işini kämilleşdirmek üçin hukuk binýadynyň üstüniň ýetirilmegini şertlendirer.
Şeýle hem şu gezekki maslahatyň gün tertibine “Sala salşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy girizildi. Ol türkmen jemgyýetini ösdürmegiň demokratik esaslaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň jähedinde saýlawlary geçirmekde soňky ýyllarda toplanan tejribäni nazara almak arkaly işlenip taýýarlandy. Deputatlaryň bir agyzdan goldamagy netijesinde kabul edilen bu kanunçylyk nama türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilen saýlamaga bolan hukugyny mundan beýläk-de üpjün etmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem maslahatyň barşynda başga-da birnäçe kanunçylyk resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ýarag hakynda” “Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky” Kodeksine goşmaça girizmek hakynda” Salgytlar hakynda” “Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Önümleriň we hyzmatlaryň sertifikaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary bar.
Türkmen döwletiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylygynda alyp barýan daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda dünýäniň ähli ýurtlary we iri halkara düzümleri, şol sanda BMG we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ýörelgesi durýar. Şu jähetden Mejlisiň şu gezekki maslahatynda “Serhetüsti suw akarlaryny we halkara kölleri goramak we ulanmak boýunça Konwensiýa goşulmak hakynda “, “Raýatsyzlygy azaltmak hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Halkara sergileri hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankyny döretmek hakynda Ylalaşygyň 1-nji we 18-nji maddalaryna girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary tassyklamak hakynda”, “Raýat we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi hakynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlsiniň Kararlarynyň taslamalarynyň hem bardygy aýratyn ähmiýetlidir.
Mejlisiň nobatdaky, on bäşinji maslahatynyň jemleri boýunça milli parlamentariler ýokarda agzalan täze kanunçylyk taslamalaryny biragyzdan goldadylar we kabul etdiler. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, şu günki seredilen resminamalar Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer we ony pugtalandyrar, şeýle hem halkyň abadançylygyny, türkmen döwletiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň rowaçlygyny şertlendirer.