Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň kosmos ylmy we tehnikasy korporasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň kosmos ylmy we tehnikasy korporasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 705
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň kosmos ylmy we tehnikasy korporasiýasynyň ýolbaşçysyny jenap Ma Sinžuny kabul etdi.

Myhmansöýerlik we ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin myhman tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, tutuş türkmen halkyna özüniň döredijlilikli zähmeti bilen gülläp ösýän döwletiň barha kuwwatlanmagyna ýardam berýän hormatly Prezidentiň ýolbaşçylygynda parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk Hytaýdan gelýän dostlarymyzy hem-de hyzmatdaşlarymyzy Türkmenistanda görmäge şatdygyny aýtdy we bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde birnäçe milli hem-de halkara ähmiýetli bilelikdäki möhüm taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi.

Erkin we netijeli geçen duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman birnäçe möhüm ugurlar, ilkinji nobatda bolsa ösdürilmegine iki tarapyň hem uly ähmiýet berýän kosmos ulgamynda özara gatnaşyklaryň birnäçe ugurlarynyň mümkinçiliklerini jikme-jik maslahatlaşdylar.

Kosmos äleminiň bimöçber mümkinçiliklerini özleşdirmek we ony giňden peýdalanmak häzirki döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýiýp, milli Liderimiz belledi we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny hem-de işläp taýýarlamalaryny önümçilige giňden ornaşdyrýan Türkmenistanyň kosmos älemini parahatçylykly ýol bilen peýdalanmak boýunça umumy ykrar edilen meýilnamalaryna laýyklykda, netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň kosmos ylmy we tehnikasy korporasiýasy bilen geçen ýylyň maýynda döredilen we ýeriň töweregindäki orbitalara gözegçilik etmek, hemra aragatnaşygyny ýola goýmak, kosmos giňişligi bilen baglanyşykly ylmy barlaglary alyp barmak, şeýle hem Türkmenistanyň häzirki döwürde döredilýän emeli hemrasyny dolandyrmak boýunça wezipeleri ýerine ýetirmek tabşyrylan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagynyň derwaýysdygy bellenildi.

Kosmos boýunça ägirt uly tejribesi bolan hytaýly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň örän uly geljeginiň bardygyny bellemek bilen, milli Liderimiziň türkmen tarapynyň bu ulgam boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçlikleri baradaky tekliplere garamaga we olary jikme-jik öwrenmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaýyň kosmos ylmy we tehnikasy korporasiýasynyň ýolbaşçysy jenap Ma Sinžu birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbitlerine hemmetaraplaýyn laýyk gelýän köpýyllyk türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.