Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Stambulyň howa menzili bolan iki dostlukly ýurduň baýdaklary bilen bezelen “Atatürk” howa menziline gondy.
Bu ýere belent mertebeli türkmen myhmanyny garşylamak üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül geldi. Türkiýäniň baştutany türkmen Liderini mähirli, doganlarça mübärekleýär. Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýan, Stambul welaýatynyň gubernatory Huseýin Awni Mutlu, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ş. Mutewellioglu we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşylaýarlar.
Stambulyň halkara howa menzilinde türk habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleriniň ýygnanmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna saparyna uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.
Iki dostlukly döwletleriň baştutanlary haly düşelen ýodajyk bilen özlerine garaşýan awtoulaga tarap ugraýarlar.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni howa menzilinden çykyp, Stambul şäheriniň “Ambarly” deňiz portuna tarap ugraýar.
“Ambarly” portunyň dolandyryş binasynyň baş girelgesiniň öňünde iki ýurduň Prezidentlerini portuň Direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Mehmet Hakan Genç we portuň beýleki ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar.
Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül lifte tarap ugraýarlar we binanyň ikinji gatyna çykýarlar. Bu ýerde ýerleşýän mejlisler zalynda “Ambarly” deňiz portunyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary, türk tarapynyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkiýe Respublikasynyň ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Suat Haýri Aka öz çykyşynda iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşmagy onuň özi üçin we ähli kärdeşleri üçin uly hormatdygyny belläp, türk hyzmatdaşlaryň möhüm ugurlaryň birnäçesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Deňiz döwleti hökmünde biziň ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmek we deňiz söwda flotuny döretmek, şeýle hem port-hyzmat ediş ulgamy ösdürmek babatda Türkmenistanyň ileri tutýan döwlet ugurlaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi uly bolup durýanlygy bellenildi.
Portuň düzümi, gurluşy we işiniň dürli ugurlary—hyzmatlardan başlap işgärleri taýýarlamak meselelerine çenli jikme-jik maglumatlar berildi.
Uly mümkinçiliklere we oňyn özgertmelere eýe bolan ýurt hökmünde bütin dünýäde ykrar edilen Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolmak türk kompaniýalary üçin uly hormat bolup durýandygyny bellemek bilen, dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy geljekde hem hyzmatdaşlyk meselelerine örän jogapkärli çemeleşjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül çykyş etdi. Belent mertebeli myhmany we ähli türkmen dostlaryny ýene bir gezek mähirli mübäreklemek bilen, Türkiýäniň Prezidenti ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk we halkara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmäniň bardygyny belledi. Geljekde-de hyzmatdaşlyk etmäge uly höwesiň bardygyny kanagatlanmak bilen belläp, Prezident Abdulla Gül taraplaryň ikisiniň hem ozal gazanylan ylalaşyklary we öz üstlerine alan borçnamalaryny ýerine ýetirmekde üstünlikli işleýändigini we munuň taraplaryň dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge isleginiň iň gowy subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.
Türkmenistanda öňden bäri işleýän türkiýeli işewürlere berilýän goldaw üçin türkmen kärdeşine tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, Türkiýäniň baştutany öz ýurdunyň işewürleriniň gurply we ygtybarly hyzmatdaş bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Işewür pikir alyşmak häsiýetine eýe bolan dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti mähirli garşylandyklary we myhmansöýerlik görkezendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň işjeňleşýändigini kanagatlanmak bilen nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçilikleri taraplaryň bähbitlerine we häzirki ýagdaýlara laýyk gelýän doly möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin örän amatly şertleri döredýär. Türkmenistan doganlyk Türkiýäni ygtybarly işewür hyzmatdaşy hasaplaýar hem-de bu netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň esasynda geljekde-de ösdürmegi maksat edinýär diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, sebitiň iri üstaşyr merkezi hökmünde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň häzir uly orun eýeleýändigini aýratyn bellemek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Portuň geçirijilik kuwwatyny tiz artdyrmak üçin ony has-da döwrebaplaşdyrmak, täzeden enjamlaşdyrmak, dürli maksatly täze terminallary gurmak göz öňünde tutulýar. Şunda olaryň tehniki we tehnologik taýdan üpjünçiliginiň ýokary derejesi Hazaryň ekologik abadançylygynyň kepili bolup hyzmat eder.
Çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistany gadym döwürlerde hem “Ýedi ýoluň çatrygy” diýip atlandyrypdyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ine, bu gün Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman halkara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän biziň ýurdumyz sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň we durnukly ösüşiniň bähbitlerine gabat gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, ulag ulgamynda öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaga çalyşýar.
Dünýäniň aragatnaşyk giňişliginiň doly hukukly agzasy hökmünde biziň ýurdumyz häzir dünýäniň onlarça döwletleriniň üstünlikli peýdalanýan ygtybarly ulag geçelgesini üpjün edýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoly gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň – Transaziýa demir ýolunyň altyn halkasyna öwrüldi. Ol Eýranyň, Türkiýäniň, Ýakyn we Uzak Gündogaryň ulag ýollaryna çykmak üçin gysga ugry açdy diýip, türkmen Lideri belledi.
Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda özboluşly köprä öwrüljek, gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesi hem halkara aragatnaşyk ulgamyny üstünlikli ösdürmek üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Gadymy taryhy, özboluşly medeniýeti we ajaýyp tebigaty bolan Türkmenistan syýahatçylyk ulgamynda hem ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Hazaryň kenarynda döredilýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýetini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ýerde dürli dynç alyş merkezleriniň gurulmagynyň, syýahatçylyk ulgamynyň esasyny düzýän myhmanhana işiniň kämilleşdirilmeginiň maksada laýyklygyny esaslandyrdy. Günbatarsyndaky türkmen tebigatynyň bu ajaýyp künjegi halkara şypahana derejesine eýe boldy.
Milli Liderimiz öz çykyşyny jemlemek bilen, Türkmenistanyň telekeçiler we belli kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny belläp, munuň üçin biziň ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigini, şol sanda kanunçylyk derejesinde döredilýändigini belledi. Türkmenistanyň okgunly ösüş depginlerini, şeýle hem ýylsaýyn berkeýän türkmen-türk gatnaşyklaryny nazara almak bilen, iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygynyň has-da netijeli boljakdygyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Dabara tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Abdulla Gülüň ulag kerweni “Ambarly” portunda ýerleşýän Marport konteýner terminalyna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlar hem-de olaryň ýanyndaky resmi wekiliýetleriň agzalary üçin port düzüminiň tanyşdyryş gözden geçirilişi guraldy.
Bu ýerde, ýörite enjamlaşdyrylan meýdançada portuň önümçilik kuwwatlyklary we iş ýörelgeleri hakynda aýdyň düşünje berýän planşetler we shemalar oturdyldy.
“Ambarly” porty Mermer deňziniň demirgazyk kenarynda, Stambulyň günorta-günbatarynda ýerleşýär.
Portuň gurluşygy Stambulyň Zeýtinburun etrabynda ilatyň tiz artmagy bilen baglylykda birnäçe terminaly bir bitewi dolanlyrmak maksady bilen, 1989-njy ýylda gurup başlamak bellenilýär. 1992-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Ulag ministrligi porty dolandyrýan we düzümini saklaýan gurama hökmünde ALTAS Ambarly Liman Tesisleri Tiсaret As /“Ambarly” portunyň hyzmatlar söwda kompaniýasy ALTAS/ esaslandyrdy. Ol durnukly bäsdeşlige ukyplylygy saklamak üçin terminallaryň ýedisiniň üznüksiz işlemegini kepillendirýär.
1998-nji ýylda söwdanyň möçberleriniň artmagy, türk ykdysadyýetiniň
liberallaşdyrylmagy we uly ýükli söwda gämilerini kabul etmek zerurlygy bilen baglylykda konteýnerli ýük daşaýan gämilere hyzmat etmek üçin porty giňeltmek we dewrebaplaşdyrmak hakynda karar kabul edildi.
“Ambarly” portunyň esasy terminalynyň meýdany 170 müň inedördül metre, onuň sygymlylygy bir ýylda şertli birligiň 600 müňüsine deňdir. Terminalda 165 söwda nokady bar. Konteýner stansiýasy 10 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. Pirsiň uzynlygy 800 metre, suwunyň çuňlygy 14,5 metre barabardyr.
Port bilen tanyşlykdan soň Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň surata düşmek dabarasy boldy.
Soňra Prezident Abdulla Gül türkmen Liderini ajaýyp Bosfor aýlagy boýunça gezelenç etmäge çagyrdy. Ajaýyp gämide gezelenç doganlyk Türkmenistana we onuň Liderine bolan çuňňur hormatyň nyşany hökmünde guraldy.
Gezelençde döwlet Baştutanynyň ýanynda iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalary boldular. Şeýlelikde, bu gezelenç port bilen tanyşlygyň özboluşly resmi däl dowamyna öwrüldi.
30 kilometrlik aýlag Ýewropany we Aziýany ikä bölýär we Mermer hem-de Gara deňizlerini birleşdirýär. Onuň giňligi 660 metrden 4500 metre çenli uzalyp gidýär. Çuňlugy birnäçe ýüz metre baryp ýetýär.
Gara we Mermer deňizleriniň arasyndaky uzyn we dar suw geçelgesi islendik howada hem ajaýypdyr. Bu örän çylşyrymly deňiz ýollarynyň biridir we onuň içi gije-gündiziň dowamynda okean gämilerinden, paromlaryndan, “deňiz awtobuslaryndan”, gezelenç gaýyklaryndan we gämilerden doly bolýar /onuň içinden her ýylda ähli görnüşdäki iri gämileriň 80 müňden gowragy geçýär/.
Ýeňil gäminiň bortundan ajaýyp görnüş açylýar. Geçmişiň we häzirki döwrüň täsin utgaşmasy göze ilýär: aýlagyň ugrunda ýerleşen häzirki zaman myhmanhanalar, agaçdan gurlan willalar, mermer örtülen köşkler, daş fortlary, balykçylaryň öýleri bilen gezekleşip gelýär.
Bu ýerde hyzmat etmegiň ýokary derejesi bolan myhmanhanalar, oňat dynç almagyň we wagtyňy geçirmegiň ösen ulgamy, amatly howa ýagdaýy we elbetde, baý tahyry miras hem-de özboluşly tebigat dünýä syýahatçylyk işewürligini özüne çekýär. Stambulyň gadymy ýadygärlikleriniň sany boýunça yklymyň esasy medeni baýlyklarynyň biridir. Şäheriň taryhy merkeziniň binagärliginde dürli mekdepleriň – rim, wizantiýa, osman mekdepleriniň parçalary utgaşýar.
Bosfor köprüsi ululygy bilen haýran galdyrýar, dünýäde iň uly asma köprüleriň biri bolan bu köpri Ýewropa we Aziýa yklymlaryny birleşdirýär. Iki yklymy baglanyşdyrýan beýleki köpri soltan Fatih Mehmediň adyny göterýär.
Ajaýyp Beýlerbei köşgi köpriniň aňyrsynda aýlawyň kiçi aziýa kenarynda ýerleşýär. Köşgüň aňyrsyndaky belent Çamlyja depesi Stambulyň ýokary nokady bolup durýar. Depäniň üstünden şäheriň ajaýyp keşbi, onuň ajaýyp baglary we seýilgähleri açylýar.
Duwatepe depesinden (Ýewropa tarapy) köpriniň haýran galdyryjy keşbi açylýar. Depäniň aşagynda öz çigildemleri bilen şöhrat gazanan Emilgan seýilgähi ýerleşýär. Ýewropa tarapynda, Tarabiýa aýlagynda gämiler üçin duralgalar ýerleşýär.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül Bosfor boýunça syýahat eden mahaly türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem-de geljegi hakynda söhbedi dowam etdirip, iki ýurduň däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge çalyşýandyklaryny nygtadylar, şol gatnaşyklar häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar. Syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin aýratyn mesele bolmagy doly kanunalaýyk ýagdaýdyr.
Kuwwatly şypahana düzümlerini kemala getirmekde Türkiýäniň tejribesi Türkmenistan üçin, ilkinji nobatda bu babatda öňdebaryjy üstünilklere we iň ýokary ülňülere ugur alan “Awaza” milli syýahzatçylyk zolagyny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek babatda uly gyzyklanma döredýär. Türkiýäniň Prezidenti Hazaryň kenarynda halkara syýahatçylyk şypahanasynyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti üçin bu örän geljegi uly pudakda tagallalary birleşdirmek örän netijeli bolup durýar diýip belledi.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Preidentleri deňiz syýahatyny tamamlanlaryndan soň belent mertebeli türkmen myhmany üçin bellenilen “Çiragan Palas” naýbaşy myhmanhanasynda ýerleşen kabulhana tarap ugradylar.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag kerweni Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň “Tarabýa” kabulhanasyna tarap ugrady.
Bu ýerde, mejlisler zalynda ikiçäk ýagdaýda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler boldy.
Türkiýäniň Prezidenti türk topragynda Türkmenistanyň Prezidentini – öz hoşniýetli dostuny we doganyny, ýurduň Liderini ýene-de kabul edýändigine şatdygyny nygtady. Türkmen halky bilen türk halkyny köp asyrlyk umumy taryh, asyrlardan bäri dowam edip gelýän ruhy we medeni ýakynlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar mynasyp dowam etdirilýär, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklara mahsus bolan ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesi muňa şaýatlyk edýär.
Biz doganlyk türkmen halkynyň gazanan üstünliklerine guwanýarys, ol öz milli Lideriniň ýolbaşçylygynda öňdebaryjy özgertmeler ýolunda ägirt uly üstünlikler gazandy diýip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti aýtdy. Häzirki zaman Türkmenistan depginli ösýän döwletdir, ýurtda durmuşyň ähli ugurlarynda giň möçberli maksatnamalar we iri taslamalar durmuşa geçirilýär, olar Türkiede gyzgyn goldawa eýe bolýar. Türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda dürli pudaklarda, hususan-da, syýahatçylyk pudagynda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmagyna biz tüýs ýürekden buýsanýarys diýip, Prezident Abdulla Gül Türkiýäniň iri işewürliginiň wekilleriniň şol gatnaşyklary, şol sanda maýa goýumlary ulgamynda giňeltmäge taýýardygyny belledi.
Iki doganlyk ýurduň ýürekdeş hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, döwrüň hem-de öňdebaryjy özgertmeleriň ruhunda ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga yzygiderli çalyşmagy netijesinde türmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesi gazanyldy diýip, öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidenti nygtap geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara işewür toparlarynyň wekilleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, häzirki wagtda ýurdumyzda işewurligi üstünlikli ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini – milli kanunçylygyň kämilleşdirilýändigini, maýa goýum işiniň höweslendirilýändigini belledi. Elbetde, ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, amatly geografiki ýagdaýy munuň üçin örän giň mümkinçilikleri açýar.
Dostluk, ynanyşmak we oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Iki ýurduň Liderleri duşuşyk tamamlanandan soň Türkmenistanyň we Türkiýäniň täze mümkinçilikleri we häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryny nazara almak bilen, deňlik, ikitaraplaýyn hormat goýmak we özara peýdalylyk ýörelgelerinde doly möçberli döwletara gatnaşyklary dowam etmäge taýýardygyny tassykladylar. Prezidentler taraplaryň umumy pikirlerine görä ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek barada aýdyp, türkmen-türk gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegi hökmünde gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň ähmiýetini hem aýratyn nygtadylar.
Şu gün şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda bolýan hökümet wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanynyň tabşyrmagy boýunça Stambulda öz türk kärdeşleri bilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň tapgyryny geçirdiler. Şonda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri, şeýle hem möhüm ugurlaryň birnäçesinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti resmi agzaçar naharyny berdi.
Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti sapar mahaly özi üçin bellenilen kabulhanasyna ugrady.
Türkmen Lideriniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.